Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
futbol
Baş sahypa
/
Habarlar
/
futbol
28.05.2025 20:33
13k+
Messi we Suares öz futbol klubuny döretdi
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi öz urugwaýly dosty we topardaşy Luis Suaresiň taslamasyna goşuldy. Olar bilelikde özleriniň futbol klubunyň döredilendigini habar berdi
28.05.2025 13:49
9.5k+
Raul “Realyň” ýaşlar toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy
Raul “Realyň” ýaşlar topary bolan “Kastilýanyň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi. 47 ýaşly hünärmen topara alty ýyl ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Kastilýa” 2019/20 möwsüminde UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy
28.05.2025 13:33
14k+
Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory, futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär
28.05.2025 13:26
7.4k+
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglanyşdy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Gol çekişmek dabarasy 26-njy maýda Doha şäherindäki Al Bidda binasynda ýerleşýän Katar Futbol Assosiasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi
28.05.2025 12:34
7.4k+
Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal katalon kluby bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär. 17 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder
28.05.2025 12:01
11k+
Ronaldu Pro-liganyň iň gowy bombardiri boldy, ýöne “Al-Nasr” bary-ýogy üçlükde
Saud Arabystanynyň çempionatynda 2024/25 möwsümi tamamlandy. Ýaryşyň iň gowy bombardiri “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Ol 30 oýunda 25 gol geçirdi. Snaýperleriň ýaryşynda ikinji orny 23 gol bilen “Al-Ahliden” Aýwan Toni eýeledi
25.05.2025 23:51
10k+
Habi Alonso resmi taýdan "Reala" bellenildi, "Baýerde" onuň ýerine Erik ten Hag geçdi
Habi Alonso Madridiň "Realynyň" täze baş tälimçisi boldy. 43 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Ol wezipesine 1-nji iýunda girişer. 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri Alonso Lewerkuzeniň "Baýer" toparynyň baş tälimçisi bolup işledi
25.05.2025 10:33
6.5k+
“PSŽ” taryhda 16-njy gezek Fransiýanyň Kubogynyň eýesi boldy
“PSŽ” Fransiýanyň Kubogynyň final oýnunda “Reýmsi” utdy. Duşuşyk “Stad de Frans” stadionynda geçirildi we Pariž toparynyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy we 19-njy minutlarda Bredli Barkolýa iki gol geçirdi
25.05.2025 10:22
5.7k+
Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy
“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi. Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy
24.05.2025 11:55
6.8k+
“Napoli” taryhynda dördünji gezek Italiýanyň çempiony boldy
Italiýanyň futbol boýunça çempionatynda soňky tapgyryň aýgytly oýunlary oýnaldy we olaryň netijesinde “Napoli” ýaryşyň ýeňijisi boldy. 38-nji tapgyrdan öň “Napoli” “Interden” bir utuk öňde barýardy. Anna güni toparlaryň ikisi-de jemleýji oýunlaryny oýnady
23.05.2025 12:39
6.1k+
“Barselona” Rafinýa bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” braziliýaly hüjümçi Rafinýa bilen şertnamanyň möhletiniň 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi. Öňki şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. “Zehin we oýna gowy düşünmek onuň doly güýjüni siňdirmek we her gün agyr işi ýerine ýetirmek ukyby bilen utgaşýar
23.05.2025 12:37
8.8k+
Modriç “Bernabeu” stadionynda “Real” üçin hoşlaşyk oýnuny geçirer
39 ýaşly horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň Madridiň “Realyny” terk edýändigini habar berdi. Ol bu barada sosial ulgamlarda ýerleşdiren hoşlaşyk hatynda aýtdy. “Realyň” gadyrly janköýerleri, wagt geldi
23.05.2025 12:31
14k+
Lionel Messi karýerasynda iň gowy görýän goluny aýtdy: ol ony kelle bilen saldy
“Barselonanyň” öňki hüjümçisi Lionel Messi 2008/2009 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finalynda “Mançester Ýunaýtediň” derwezesine kelle bilen salan goluny karýerasynda iň gowy görýän goly hasaplaýandygyny aýtdy
22.05.2025 23:58
5.9k+
FIFA täze transfer penjiresiniň açylmagyny tassyklady
ABŞ-da geçiriljek 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna klublary gatnaşýan FIFA-nyň 20 agza assosiasiýasynyň ählisi ýörite transfer penjiresiniň açylmagyny makullady. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär
22.05.2025 12:28
12k+
De Brýoýne “ManSiti” bilen hoşlaşdy: klub “Etihadyň” ýanynda onuň heýkelini oturdar
“Mançester Siti” häzirki möwsümiň ahyrynda kluby terk etjek toparyň kapitany, belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýneniň heýkelini oturdar. Heýkel “Etihad” stadionynyň girelgeleriniň birinde peýda bolar diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi
22.05.2025 12:01
7.2k+
“Tottenhem” “Mançester Ýunaýtedi” utup, soňky 41 ýylda ilkinji ýewrokubok baýragyny gazandy
Ýewropa ligasynyň finalynda “Tottenhem Hotspur” “Mançester Ýunaýtedi” 1:0 hasabynda utdy. Oýun Bilbaodaky (Ispaniýa) “San-Mames Barriýa” stadionynda geçirildi. Ýeňiş goluny 42-nji minutda Brennan Jonson girizdi
22.05.2025 11:55
6.9k+
“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hans-Diter Flik bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Ilkibaşdaky şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Täze şertlere görä, germaniýaly hünärmen bu wezipede 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli galar
21.05.2025 11:34
9.4k+
“PSŽ” Çempionlar ligasynyň finalyny “Park de Prens” stadionynda göni ýaýlymda görkezer
“Pari Sen-Žermen” Çempionlar ligasynyň “Inter” bilen final oýnuny göni ýaýlymda görkezer. Oýun Fransiýanyň häzirki çempionlarynyň öý stadiony bolan “Park de Prensde” ýaýlyma berler diýip, Pariž klubunyň resmi saýty habar berýär
20.05.2025 22:07
11k+
Lamin Ýamal täze möwsümden “Barselonada” 10-njy belgini alar
Lamin Ýamal täze möwsümden başlap, “Barselonada” meşhur onunjy belgide oýnar. Klubuň ýolbaşçylygy bu belgini ýaş futbolça 13-nji iýuldan soň, oýunçy 18 ýaşyna ýetenden soň bermek kararyna geldi diýip, X sosial ulgamynda Memorabilia1899 akkaunty habar berýär
20.05.2025 10:21
11k+
“Altyn top – 2025” baýragynyň gowşuryljak senesi we ýeri belli boldy
France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Parižde geçiriler. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär
19.05.2025 19:06
8k+
Di Mariýa “Benfikadan” gidýändigini habar berdi
“Benfikanyň” hüjümçisi Anhel Di Mariýa Lissabon klubunyň çempionatdaky şowsuzlygyna teswir berip, özüniň topardan gitjekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, aýgytly göreşde “bürgütler” çempionlygy “Sportinge” bermeli boldy
19.05.2025 14:54
6k+
“Galatasaraý” 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony boldy we bäşinji ýyldyzyny aldy
Stambulyň “Galatasaraý” futbol kluby 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony titulyny gazandy. Topar möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda birinji orny üpjün etdi. Türkiýäniň Superligasynyň 36-njy tapgyrynda “ýolbarslar” öz meýdançasynda “Bellona Kaýserispory” 3:0 hasabynda utdy
18.05.2025 23:05
7.1k+
Lew Ýaşin IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi
SSSR-iň milli ýygyndysynyň we Moskwanyň “Dinamosynyň” öňki derwezebany Lew Ýaşin Futbol taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi. IFFHS
18.05.2025 23:02
17k+
Messi IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy futbolçy saýlandy, Ronaldu üçlükde ýok
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi
18.05.2025 14:54
9.5k+
“Kristal Pelas” 120 ýylda ilkinji gezek Angliýanyň Kubogyny aldy, ol finalda “ManSitini” utdy
Londonyň “Kristal Pelas” futbol kluby finalda “Mançester Sitini” 1:0 hasabynda utup, Angliýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Oýun “Uembli” stadionynda geçirildi. Ýeke-täk goly 16-njy minutda “Kristal Pelasyň” ýarymgoragçysy Ebereçi Eze geçirdi
17.05.2025 19:42
4.4k+
Janni Infantino: FIFA-nyň girdejisi dört ýylda iki esse artyp, $13 mlrd boldy
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) girdejisi soňky dört ýylda 6,5 mlrd dollardan 13 mlrd dollara çenli artdy. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň Asunsýonda geçirilen 75-nji kongresinde eden çykyşynda habar berdi
17.05.2025 16:42
14k+
“Barselona” toý tutýar: ýeňiş ýörişi 670 müň adamy ýygnady
16-njy maýda agşam “Barselona” futbol kluby şäheriň köçeleri bilen çempionlyk ýörişini geçirdi. Oýunçylar we tälimçiler ştaby üsti açyk iki gatly awtobusda Kataloniýanyň paýtagtyna aýlandy. Ýöriş ýerli wagt bilen sagat 18:00-da başlady
17.05.2025 13:22
10k+
Ronaldu yzygider üçünji ýyl iň köp gazanýan türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunda çykyş edýän portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu yzly-yzyna üçünji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan dünýäniň iň köp gazanýan türgeni diýlip ykrar edildi. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli onuň girdejisi 275 mln dollara ýetipdir
17.05.2025 00:24
6.7k+
HT Spor: Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder. Deslapky ylalaşyk gazanyldy
Tälimçi Žoze Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup biler. «HT Spor» neşiriniň habaryna görä, hünärmen Portugaliýanyň Futbol federasiýasy bilen deslapky ylalaşyga gelipdir. Iýun aýynyň başynda geçiriljek UEFA-nyň Milletler ligasynyň jemleýji duşuşyklaryndan soň, şertnama gol çekilmegine garaşylýar
16.05.2025 10:48
11k+
“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy
“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy. La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy
15.05.2025 21:50
13k+
AFK-nyň prezidenti «Arkadag» toparyny Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ilkinji kubogyny gazanan «Arkadag» futbol klubuny gutlady. Bu barada konfederasiýanyň metbugat gullugy habar berdi
15.05.2025 11:57
11k+
Messi gowy görýän gollarynyň birini sungat eserine öwrer. Ol auksionda satylar
Argentinaly futbolçy Lionel Messi öz gowy görýän goluny sungat eserine öwrer we ol haýyr-sahawat auksionynda satylar. Bu barada Independent habar berdi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi 22-nji maýda ähli gollarynyň arasyndan özi üçin iň gymmatly goluň haýsydygyny aýdar
13.05.2025 19:18
11k+
Salah, Mbappe ýa-da Lewandowski: “Altyn butsa” kim dalaş edýär?
Mohamed Salah, Kilian Mbappe, Robert Lewandowski we Garri Keýn ýewropa çempionatlarynyň iň gowy bombardirine berilýän “Altyn butsy” baýragy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar. Ýöne häzirki wagtda reýtingde birinji orny Lissabonyň “Sporting” klubunyň şwesiýaly hüjümçisi Wiktor Dýokereş eýeleýär
13.05.2025 11:41
9k+
Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi
Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi. Italiýaly hünärmen topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlar diýip, Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi
13.05.2025 08:17
19k+
Arkadag şäherinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony “Arkadag” FK-ny garşy almak dabarasy geçirildi
12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy
13.05.2025 08:12
19k+
“Arkadag” futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Arkadag” futbol toparynyň tälimçilerini we türgenlerini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen
12.05.2025 23:26
9.8k+
Fabrisio Romano: “Real” Habi Alonso bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy
Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi Habi Alonso Madridiň “Realy” bilen 2028-nji ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ispaniýaly hünärmen tomusda – 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň işe girişer
10.05.2025 22:27
6.3k+
FIFA 2031-nji ýyldan zenanlaryň dünýä çempionatynda toparlaryň sanyny 48-e ýetirer
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Geňeşi zenanlaryň dünýä çempionatyna gatnaşyjy milli toparlaryň sanyny 48-e ýetirmek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. Täze düzgün 2031-nji ýyldaky ýaryşdan hereket edip başlar
10.05.2025 22:13
10k+
“PSŽ” Çempionlar ligasynyň finaly üçin 600 işgärine mugt petek berer we ýol tölegini tölär
“Pari Sen-Žermeniň” prezidenti Nasser Al-Helaifi UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly üçin klubuň işgärlerine 600 mugt petek sowgat etdi. Bu barada TNT Sports neşiri habar berýär. Şeýle-de, Pariž klubunyň ýolbaşçysy Germaniýadaky oýna gitjek işgärleriň ählisiniň ýol tölegini tölär
10.05.2025 22:01
21k+
"Arkadag" futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy. Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy
«
1
…
20
21
22
…
76
»
«
1
…
17
18
19
20
21
22
23
24
25
…
76
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.