saglyk

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş işgärlerine sowgatlar gowşurylar
19.07.2025 12:55
5.8k+

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş işgärlerine sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Beýik Britaniýada üç adamdan alnan DNK-den sekiz çaga dünýä indi
19.07.2025 06:36
9.2k+

Beýik Britaniýada üç adamdan alnan DNK-den sekiz çaga dünýä indi

Beýik Britaniýada nesil yzarlaýan agyr keseliň öňüni almak boýunça synag işleriniň çäklerinde üç adamyň DNK-synden sekiz sagdyn çaga dünýä indi. Lukmançylyk öňegidişligi barada Sky News we The Guardian habar berdi
Zebra balyklary alymlara adamda eşidişi nädip dikeltmelidigine düşünmäge kömek edýär
18.07.2025 12:10
3.3k+

Zebra balyklary alymlara adamda eşidişi nädip dikeltmelidigine düşünmäge kömek edýär

Amerikaly biologlar sesleriň kabul edilişine jogapkär duýgur öýjükleriň dikeldilmegine gözegçilik edýän genleri tapdylar. Bu adamlarda kerrewligi we kerligi bejermegiň usullaryny işläp düzmäge kömek edip biler diýip, Stouers lukmançylyk barlag institutynyň (SIMR) metbugat gullugy habar berdi
Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler
16.07.2025 06:16
3.4k+

Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler

Ýewropaly molekulýar biologlar organyň dokumalaryna netijeli ýapyşýan we çynlakaý zeper ýetmelerde onuň regenerasiýasyny çaltlaşdyrýan bagyr sütün  öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilişini işläp taýýarladylar. Bu açyş sirrozyň agyr görnüşlerinde bagyr transplantasiýasyna alternatiwa bolup biler diýip, Birmingem uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berdi
Adamyň derejesinde tagam duýup bilýän emeli dil döredildi
15.07.2025 12:19
3.9k+

Adamyň derejesinde tagam duýup bilýän emeli dil döredildi

Alymlar grafen oksidine we maşyn öwreniş algoritmlerine esaslanýan tagam duýuş datçiginiň täze neslini hödürlediler. Enjam adam duýgusyna ýakyn takyklyk bilen tagam duýmaga ukyply we agyzdaky şertleri gaýtalap, çygly gurşawda işläp bilýär diýip, Phys
ABŞ-dan Merck derman öndüriji ägirdi $10 mlrd-a Britaniýanyň Verona Pharma-syny satyn alýar
13.07.2025 18:32
6k+

ABŞ-dan Merck derman öndüriji ägirdi $10 mlrd-a Britaniýanyň Verona Pharma-syny satyn alýar

Amerikanyň Merck derman öndüriji kompaniýasy Britaniýanyň dem alyş ýollarynyň keselleriniň dermanlaryny öndüriji Verona Pharma-ny satyn alýar. Merkiň metbugat beýanatynda geleşigiň bahasynyň takmynan 10 milliard dollar töweregi boljakdygy habar berilýär
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi
12.07.2025 08:34
15k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi

Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi
Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy
11.07.2025 19:08
10k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar
Plastik gaplamalaryň 96%-i azyk önümlerini we içgileri mikroplastik bilen hapalaýar
11.07.2025 10:56
5k+

Plastik gaplamalaryň 96%-i azyk önümlerini we içgileri mikroplastik bilen hapalaýar

Iýmit senagatynda ulanylýan plastik gaplamalaryň tas hemmesi azyk önümlerine we içgilere mikroplastikleriň ýa-da nanoplastikleriň düşmegine sebäp bolýar. Şweýsariýaly we norwegiýaly gözlegçiler 103 ylmy işi seljerip, şu netijä geldiler diýip, «npj Science of Food» neşiri habar berýär
Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar
10.07.2025 11:09
8.6k+

Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady
Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar
09.07.2025 20:08
2.5k+

Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň
Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar
08.07.2025 17:33
3.6k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär
Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi
08.07.2025 10:34
3.4k+

Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir
Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy
06.07.2025 20:51
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi
06.07.2025 20:34
9.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B
Şweýsariýada geljekdäki ýitgileriň öňüni almak üçin mikrob saklaýjy enjam döredilýär
04.07.2025 18:30
3.7k+

Şweýsariýada geljekdäki ýitgileriň öňüni almak üçin mikrob saklaýjy enjam döredilýär

Şweýsariýada Microbiota Vault Initiative - mikrob dürlüligini goramak üçin “mikrobiologik gämi” taslamasy durmuşa geçirilýär. Alymlary geljekde köp möhüm bakteriýalaryň adam bedeninden ýok bolup gitmeginiň mümkindigi alada goýýar
BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi
03.07.2025 14:22
2.9k+

BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr
Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler
02.07.2025 11:43
7.4k+

Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler

Nowosibirskli rus alymlary buýan kökünden tapylan madda - glisirin turşusyna esaslanýan birleşmäni işläp düzdüler we patentlediler. Ol çiş öýjüklerinde antibiotik doksorubisiniň ýygnanmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesinde köp sanly dermana durnuklylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler diýip, TASS habar berýär
Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär
01.07.2025 18:01
6.5k+

Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär

Çagalara howply ýokançlyklara garşy sanjym edilişiniň dünýä boýunça derejesi ösmegini bes etdi. Kä ýurtlarda bolsa, hatda aşaklap başlady. Bu barada The Lancet ylmy žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Bi-bi-si habar berýär
Gaýtadan işlenen plastik gormonal ulgam üçin zyýanly bolup çykdy
29.06.2025 13:10
6.4k+

Gaýtadan işlenen plastik gormonal ulgam üçin zyýanly bolup çykdy

Plastik çökgünligine çözgüt gözläp, köp ýurtlar soňky onlarça ýylyň dowamynda plastikleri gaýtadan işlemäge aýratyn üns berdiler. Emma täze barlaglar bu usulyň hem howpsuz däldigini görkezýär. Nemes alymlarynyň geçiren ylmy işi Journal of Hazardous Materials žurnalynda neşir edilip, gaýtadan işlenen plastigiň janly organizmlere ýaramaz täsir ýetirip bilýändigini görkezdi
ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy
28.06.2025 13:15
8.7k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy
ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy
27.06.2025 17:46
4k+

ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär. Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr
Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy
26.06.2025 14:32
7.6k+

Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy

Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar
Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi
26.06.2025 14:27
6.4k+

Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi

Awstraliýanyň we Ýewropanyň molekulýar biologlary süýji keseline we semizlige garşy, ganda glýukozanyň derejesini peseldýän we iýmit siňdiriş bilen bagly meseleleri ýa-da etiňi ýitirmek ýaly zyýanly täsirleri bolmazdan agramy azaldýan dermanlar toparyny döretdiler
Gwadelupaly zenanda ganyň täze topary ýüze çykaryldy
24.06.2025 10:30
8k+

Gwadelupaly zenanda ganyň täze topary ýüze çykaryldy

Gwadelupanyň ýaşaýjysy "Gwada negatiw" (Gwada negative) adyny alan täze gan toparly dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada Fransiýanyň Gan edarasynyň (EFS) hünärmenleri habar berdiler diýip, Medical Xpress ýazýar
Birnäçe ýurtda “kitaplar bilen bejergi” – biblioterapiýa giňden ýaýrap başlady
23.06.2025 12:41
2.7k+

Birnäçe ýurtda “kitaplar bilen bejergi” – biblioterapiýa giňden ýaýrap başlady

Beýik Britaniýada we başga-da birnäçe ýurtda biblioterapiýa – çeper eser okamak arkaly adamyň psihiki ýagdaýyny gowulandyrmak usuly giň gerime eýe bolýar. Bu barada Bi-bi-si ýazýar. Biblioterapiýa psihika oňyn täsir edip biljek kitaplary saýlamagy göz öňünde tutýar
Ispaniýada saç ekilmeginiň ornuny tutup biljek derman döretdiler
22.06.2025 19:28
8.4k+

Ispaniýada saç ekilmeginiň ornuny tutup biljek derman döretdiler

Ispaniýaly barlagçylar androgenetik alopesiýaly (erkek adamlaryň saçynyň dökülmegi bilen deň) laboratoriýa syçanlarynda tüý örtüginiň doly dikeldilmegini gazandylar. Bu üstünlik saç dökülmegine garşy täze dermanlar üçin esas bolup biler diýip, New-York Post ýazýar
DNK-ny dikeldýän we beýniniň garramagyny haýalladýan belok açyldy
21.06.2025 17:25
5.1k+

DNK-ny dikeldýän we beýniniň garramagyny haýalladýan belok açyldy

Makkuori uniwersitetiniň barlagçylary PDI belogynyň beýni öýjükleriniň ýadrolaryna aralaşyp, zeper ýeten DNK-ny bejerip biljekdigini ýüze çykardylar. Bu açyş Alsgeýmer we Parkinson ýaly newrodegeneratiw kesellere garşy göreşde kömek edip biler
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
21.06.2025 11:23
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy

20-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy
Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär
20.06.2025 18:35
2.6k+

Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär

Çernyşewskiý adyndaky Saratow milli barlag döwlet uniwersitetiniň (SDU) alymlary beýniniň bardasynda ýerleşýän meningeal limfa damarlarynyň (MLV) ýagtylyk bilen bejerilip bilinjekdigini subut etdiler. Fotostimulýasiýa toksinleriň çykarylyşyny gowulandyrýar we keselleriň ösüşini haýalladýar diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar
ABŞ-da nerw ulgamy bilen baglanyşygy dikeltmäge ukyply diş implanty döredildi
20.06.2025 18:04
2.2k+

ABŞ-da nerw ulgamy bilen baglanyşygy dikeltmäge ukyply diş implanty döredildi

Tafts uniwersitetiniň Stomatologiýa we lukmançylyk mekdebiniň alymlary diňe bir ýitirilen dişleriň ornuny tutman, eýsem sensor duýgurlygy dikeldýän diş implantynyň täze görnüşini döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar
Apple 2027-nji ýyla çenli sagatlara gandaky şekeriň derejesini ölçemek funksiýasyny goşar
20.06.2025 17:12
2.1k+

Apple 2027-nji ýyla çenli sagatlara gandaky şekeriň derejesini ölçemek funksiýasyny goşar

Apple 2027-nji ýyla çenli Apple Watch sagatlaryna ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesini ölçemek funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu barada GF Securities analitigi Jeff Pu salgylanyp, Appleinsider neşiri habar berýär
Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar
20.06.2025 10:47
3.9k+

Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar

Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamynda (NHS) fokusirlenen ultrasesiň (HIFU) kömegi bilen bagyr çişlerini bejermegiň täze usuly resmi taýdan tassyklandy. Bu tehnologiýa çişleri hirurgiýanyň, himioterapiýanyň ýa-da şöhläniň gatyşygy bolmazdan, ultrases tolkunlary bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär diýip, Medscape  neşiri ýazýar
Hytaýly alymlar doňuz düwünçeginde adam ýüregini ösdürip ýetişdirdiler
18.06.2025 10:22
4.5k+

Hytaýly alymlar doňuz düwünçeginde adam ýüregini ösdürip ýetişdirdiler

  Hytaýly alymlar doňuz düwünçekleriniň içinde kiçijik adam ýürekleriniň ösdürilendigini habar berdiler. Bu baradaky maglumatlar sütün öýjükleriniň barlagy boýunça halkara jemgyýetiniň mejlisinde hödürlendi diýip, Nature žurnaly ýazýar
Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek ganyň rak keseline garşy täze bejergi ulanylýar
17.06.2025 13:10
5.7k+

Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek ganyň rak keseline garşy täze bejergi ulanylýar

Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek ganyň rak keseliniň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri bolan köp sanly miýeloma üçin täze bejeriş usuly ulanylyp başlandy. Bu bejergi «troýa atyna» meňzeýär – derman zäherli öýjüklere aralaşyp, olary içinden ýok edýär diýip, «BBC» ýazýar
Russiýa Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentledi
17.06.2025 10:30
1.7k+

Russiýa Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentledi

Permiň milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) barlagçylary Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentlediler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi
Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar
16.06.2025 13:28
10k+

Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar

Parasetamol dünýäde iň köp ulanylýan agyryny aýryjy dermanlaryň biridir. Ony kellagyryda, gyzgyn galanda we beýleki agyrylarda ulanýarlar. Bu derman ilkinji gezek 1878-nji ýylda sintez edildi, ýöne alymlar onuň nähili işleýändigine indi doly düşünip bildiler diýip, IFL Science habar berýär
Deňiz hyýarlaryndaky şeker rak keseliniň ösüşi bilen bagly fermenti petikleýär
16.06.2025 13:11
5.3k+

Deňiz hyýarlaryndaky şeker rak keseliniň ösüşi bilen bagly fermenti petikleýär

Amerikaly alymlar deňiz hyýarlarynyň düzüminde rak öýjükleriniň ösüşine gatnaşýan fermenti böwetläp bilýän maddany ýüze çykardylar. Onuň artykmaçlygy ozal öwrenilen birleşmelerden tapawutlylykda, adam organizmi üçin howpsyz bolmagydyr
Alymlar dagynyk skleroz bilen içegäniň mikroflorasynyň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler
10.06.2025 14:08
2.1k+

Alymlar dagynyk skleroz bilen içegäniň mikroflorasynyň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler

Mýunheniň Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary dagynyk sklerozy döredip biläýjek sebäbi ýüze çykardylar. Barlag içege bakteriýalarynyň bu agyr awtoimmun keseliniň ösmegine itergi berip biljekdigini görkezdi
The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy
09.06.2025 13:55
2.9k+

The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy

Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Piter Doerti adyndaky Ýokanç we immunitet institutynyň alymlary ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) içinde adamyň immunýetmezçilik wirusyny (AIW) ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.