Microsoft

Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär
24.01.2026 17:13
1.6k+

Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylary üçin «Notepad» we «Paint» programmalarynyň täze synag wersiýalaryny hödürledi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, bu täzelikler häzirki wagtda «Windows Insider» maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir
Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi
24.01.2026 09:42
1.7k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi
Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar
21.01.2026 10:07
3k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär
Mask OpenAI bilen Microsoft-dan özüne 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap edýär
19.01.2026 10:46
4.4k+

Mask OpenAI bilen Microsoft-dan özüne 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap edýär

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny berip, özüne öwez tölegi hökmünde 79 mlrd dollardan 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap etdi
Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular
18.01.2026 19:47
2.3k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular
Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder
18.01.2026 16:13
6.7k+

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder

Kaliforniýanyň Oklend şäheriniň federal kazysy OpenAI we Microsoft kompaniýalarynyň Ilon Maskyň talap arzasyny ýatyrmak baradaky soňky synanyşygyny ret etdi. Bu karar kazyýet mejlisiniň başlanmagyna ýol açdy. Deslapky meýilnama boýunça, kazyýet işi 27-nji aprelde başlanmaly
Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar
17.01.2026 15:03
5.4k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi
Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi
16.01.2026 15:55
1k+

Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi

Microsoft Indigo Carbon bilen 2,85 million toprak uglerody üçin karz satyn almak barada şertnama baglaşdy. Reuters-iň degişli çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, bu bazar boýunça iň uly şertnamadyr. Karzlar ABŞ-da topragy dikeltmek maksatly oba hojalyk taslamalary bilen baglanyşyklydyr
Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy
13.01.2026 16:15
6.7k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär
Microsoft Edge brauzeri «Copilot» stilindäki täze keşbe eýe boldy
11.01.2026 12:07
810

Microsoft Edge brauzeri «Copilot» stilindäki täze keşbe eýe boldy

Microsoft korporasiýasy Edge brauzeri üçin giň gerimli dizaýn täzelenmesini synagdan geçirip başlady. Bu täze keşp emeli aň kömekçisi bolan Copilot-yň wizual stilinde taýýarlanyp, ulanyjylara has "akylly" we döwrebap interfeýsi hödürleýär
Microsoft 2026-njy ýylyň Xbox Game Pass oýunlarynyň ilkinji tapgyryny mälim etdi
08.01.2026 14:50
2k+

Microsoft 2026-njy ýylyň Xbox Game Pass oýunlarynyň ilkinji tapgyryny mälim etdi

Microsoft kompaniýasy şu ýyl Xbox Game Pass kitaphanasyna giriziljek ilkinji uly täzelenmäni resmi taýdan yglan etdi. Abonentler dürli žanrlardaky oýunlara — AAA blokbasterlerden we horrorlardan başlap, garaşsyz (indie) studiýalaryň täze taslamalaryna hem-de nusgawy oýunlaryň täzeden neşir edilen görnüşlerine (remaster) elýeterlilik alarlar
Microsoft dilini üýtgeder: programma kody C we C++-dan Rust-a geçiriler
27.12.2025 20:47
2.8k+

Microsoft dilini üýtgeder: programma kody C we C++-dan Rust-a geçiriler

Microsoft öz esasy önümleriniň koduny 2030-njy ýyla çenli C we C++-dan Rust-a geçirmek meýilnamalary barada aýtdy. Bu işiň esasy bölegini inženerleriň goldamagynda ýöriteleşdirilen emeli aň agentleri ýerine ýetirer diýip, korporasiýanyň öňdebaryjy inženeri Galen Hant habar berdi
2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň infografikasy: IT ägirtleri öňde
07.12.2025 12:14
3.2k+

2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň infografikasy: IT ägirtleri öňde

2025-nji ýylda dünýäde iň uly girdejileri häzirem tehnologiýa, maliýe we energetika pudaklarynyň kompaniýalary gazanmagyny dowam etdirýär. Dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň reýtinginiň ýokary orunlaryny Alphabet, Apple we Microsoft tehnologiýa korporasiýalary eýeledi
Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy
04.12.2025 15:46
4.6k+

Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy

Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi. Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi
Windows 11-de Notepad jedwel goldawyny aldy we köpugurly boldy
30.11.2025 19:32
1.3k+

Windows 11-de Notepad jedwel goldawyny aldy we köpugurly boldy

Windows 11-de Notepad («Bloknot») programmasy jedweller goldawyny we olary soňrakky redaktirlemek mümkinçiligini aldy. Programma öz mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi, şol sanda kämilleşdirilen emeli aň gurallary hem goşuldy
Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy
28.11.2025 11:10
4k+

Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy

Microsoft kompaniýasy Xbox 360-yň 20 ýyllygy mynasybetli ýönekeý we ýeňil plastik aýakgaplaryň – krokslaryň çäkli sanyny çykardy. Olar konsolyň özboluşly reňklerini öz içine alýar we kontrollýoryň düwmelerine we joýstiklerine meňzeş elementler bilen bezelen
Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar
26.11.2025 14:06
1.7k+

Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar

Microsoft Windows 11 24H2 wersiýasynda «Prowodnik» (File Explorer), «Start» menýusy we birnäçe beýleki ulgam böleklerinde bökdençliklere sebäp bolýan çynlakaý säwligiň (bagyň) bardygyny tassyklady. Mesele OS-yň şu wersiýasynda işleýän, eger olarda 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýa-da ondan soňky döwürde çykan toplaýjy täzelenmeler gurlan bolsa, şol kompýuterlere täsir edýär
Nvidia işgär başyna 4,4 mln dollar, Netflix birneme az gazanýar
22.11.2025 23:57
2k+

Nvidia işgär başyna 4,4 mln dollar, Netflix birneme az gazanýar

Nvidia, Netflix we Apple işgär başyna düşýän girdejiniň ululygy boýunça tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjylar boldy. Şeýle statistikany OnDeck kompaniýasy hödürledi. Işgär başyna girdeji (RPE) kompaniýanyň işiniň netijeliliginiň giňden ýaýran görkezijisi bolup, işçi güýjüniň öndürijiligine baha bermek üçin ulanylýar
Windows 40 ýyllygyny belledi: meşhur operasion ulgamyň taryhy
21.11.2025 11:23
3.6k+

Windows 40 ýyllygyny belledi: meşhur operasion ulgamyň taryhy

Dogry 40 ýyl mundan ozal Microsoft korporasiýasy wagtyň geçmegi bilen dünýäde iň meşhur operasion ulgamlaryň biri bolan Windows-yň ilkinji wersiýasyny çykardy. Häzirki günde Windows 11 ýörgünli, ýöne köp adamlar häzirem öňki wersiýalary ulanmagyny dowam etdirýär
Windows 11-de täze, has amatly “Başlat” menýusy peýda boldy
02.11.2025 23:46
2.4k+

Windows 11-de täze, has amatly “Başlat” menýusy peýda boldy

Microsoft 25H2 we 24H2 wersiýaly Windows 11 üçin KB5067036 täzelenmesini çykardy. Ol ozal Windows Insider programmasynyň çäklerinde synagdan geçirilen täzelenen “Başlat” (Пуск) menýusyny hödürledi. Menýu ulanyjylar üçin has çeýe we amatly bolup, täze sazlama mümkinçiliklerini hödürleýär
Microsoft Azure-däki uly bökdençlik bütin dünýäde Xbox bilen Microsoft 365-iň işine zyýan ýetirid
31.10.2025 11:36
1k+

Microsoft Azure-däki uly bökdençlik bütin dünýäde Xbox bilen Microsoft 365-iň işine zyýan ýetirid

Microsoft Azure bulut platformasy uly bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu hem kompaniýanyň Microsoft 365 ofis programmalaryndan başlap, Xbox oýun hyzmatlaryna we Minecraft oýun serwerlerine çenli esasy hyzmatlaryna zyýan ýetirdi
Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy
30.10.2025 15:36
2k+

Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar
Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy
30.10.2025 13:27
1.9k+

Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi
Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy
29.10.2025 13:32
4.1k+

Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy

Apple korporasiýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi, muňa Nasdaq biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu kompaniýany Nvidia bilen Microsoft-dan soň taryhda şeýle derejä ýetmegi başaran üçünji kompaniýa edýär
Microsoft täze şertnamanyň çäklerinde OpenAI-dan 27% paý aldy
29.10.2025 11:42
839

Microsoft täze şertnamanyň çäklerinde OpenAI-dan 27% paý aldy

Microsoft we OpenAI täze uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişendigini mälim etdiler. Ylalaşygyň çäginde Microsoft OpenAI-dan 27% paý alar. Bukjanyň bahasy 135 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar
Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar
23.10.2025 09:48
1.2k+

Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar

Microsoft operasion ulgamynyň 40 ýyllygynyň şanyna Windows 11 üçin uly emeli aň täzelenmesini taýýarlaýar. Täze mümkinçilikler diňe Copilot Plus kompýuterlerinde däl, eýsem ähli goldanylýan enjamlarda elýeterli bolar diýip, The Verge habar berýär
Microsoft gizlin maglumatlary ogurlamaga we serwerleri döwmäge mümkinçilik beren gowşaklygy ýapdy
21.10.2025 16:18
4.3k+

Microsoft gizlin maglumatlary ogurlamaga we serwerleri döwmäge mümkinçilik beren gowşaklygy ýapdy

Microsoft birbada birnäçe operasion ulgamlarda işleýän programmalary döretmek üçin ASP.NET Core gurallar toplumynda howply gowşaklygy düzetmek üçin patç çykardy. CVE-2025-55315 ýalňyşlygy Kestrel web-serwerinde ýüze çykaryldy we oňa platformanyň taryhynda iň çynlakaý howp diýip baha berildi
Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola
20.10.2025 17:43
2.2k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir
Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady
17.10.2025 00:39
2.7k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr
Microsoft kompaniýasy Windows 10-uň goldawyny bes etdi
14.10.2025 19:20
1.2k+

Microsoft kompaniýasy Windows 10-uň goldawyny bes etdi

14-nji oktýabrdan başlap Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamynyň goldawyny resmi taýdan bes etdi. Ulanyjylara Windows 11-e geçmek maslahat berilýär diýip, kompaniýanyň beýanynda aýdylýar. Indi öňki OS-y ulanyjylara programma üpjünçiliginiň we howpsuzlyk ulgamynyň täzelenmesi, şeýle-de tehniki goldaw berilmez
IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi
13.10.2025 09:29
1.9k+

IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi

IDC amerikan analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýä boýunça kompýuter üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% artdy we 75,8 million birlige ýetdi. Bu ösüş esasan Windows 11 operasion ulgamyna geçmek üçin köne kompýuterleriň çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr
Microsoft Windows 11-i oflaýn gurnamagyň gapdaldan ulanylýan ähli usullaryny ýapdy
10.10.2025 13:34
1.9k+

Microsoft Windows 11-i oflaýn gurnamagyň gapdaldan ulanylýan ähli usullaryny ýapdy

Microsoft Windows 11 operasion ulgamynyň gurnalyşyna täze üýtgeşmeleri girizdi. Indi ulanyjylar ulgamy gurnaýan mahalynda hökmany suratda internete birikmeli we Microsoft akkaunty bilen girmeli bolarlar diýip, The Verge habar berýär
Apple täze mahabatynda “mawy ölüm ekrany” üçin Windows-y ýaňsylaýar
10.10.2025 09:20
3k+

Apple täze mahabatynda “mawy ölüm ekrany” üçin Windows-y ýaňsylaýar

Apple komediýa görnüşinde 8 minutlyk mahabat wideosyny çykardy. Onda kompaniýa ulgam bökdençliginde peýda bolýan hemmelere belli bolan “mawy ölüm ekrany” (Blue Screen of Death, BSOD) üçin Windows kompýuterlerini ýaňsylaýar
Microsoft öz 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna Windows XP dizaýnly krokslary çykardy
06.10.2025 10:49
4.8k+

Microsoft öz 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna Windows XP dizaýnly krokslary çykardy

Microsoft özüniň 50 ýyllyk ýubileýiniň şanyna rowaýaty Windows XP-dan ylhamlanan dizaýnly, çäkli nusgadaky krokslar toplumyny hödürledi. Bu aýakgabyň resmi utuşly oýny 7-nji oktýabrda bolar. Awgust aýynda bu kompaniýa adaty bolmadyk goýberiliş yglan edipdi, indi bolsa köne operasion ulgamynyň tanalýan elementleri basylan öňi ýapyk şypbyklary resmi taýdan görkezdi
Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer
25.09.2025 13:55
3.2k+

Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreş boýunça Global gazna (The Global Fund) 912 mln dollar gönükdirer. Bu barada Bill Geýts öz çykyşynda aýtdy we ABŞ-ny hem daşary ýurt kömek maksatnamalary üçin çykdajylary azaltmak baradaky çözgüde täzeden garamaga çagyrdy
Windows 11-de Vista-dan bäri ilkinji gezek wideooboýlar peýda boldy
24.09.2025 14:29
1.6k+

Windows 11-de Vista-dan bäri ilkinji gezek wideooboýlar peýda boldy

Microsoft Windows 11-e täze mümkinçilikleri goşmagy dowam etdirýär. Ulgamyň iň täze synag ýygnamasynda iş stoly üçin wideooboýlary gurmak funksiýasy peýda boldy. Bu aýratynlyk häzirki wagtda diňe deslapky baha beriş programmasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir
Microsoft Windows 11-de “Bloknotyň”, Paint-iň we “Gaýçynyň” funksiýalaryny giňeltdi
19.09.2025 20:03
2k+

Microsoft Windows 11-de “Bloknotyň”, Paint-iň we “Gaýçynyň” funksiýalaryny giňeltdi

Microsoft kompaniýasy “Bloknot”, Paint we “Gaýçy” programmalary üçin täze funksiýalary hödürledi. Olar Windows 11 operasion ulgamynyň düzümine girýär. Funksiýalar Copilot+ PC kategoriýaly ulanyjylar üçin elýeterli bolar
Microsoft, Google, Nvidia we beýleki kompaniýalar Britaniýada EA-nyň ösüşine $42 mlrd maýa goýar
19.09.2025 00:56
2.2k+

Microsoft, Google, Nvidia we beýleki kompaniýalar Britaniýada EA-nyň ösüşine $42 mlrd maýa goýar

Iň uly amerikan tehnologiýa kompaniýalary 31 mlrd funt sterling möçberde (42,3 mlrd dollar) Beýik Britaniýa maýa goýumlary yglan etdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. Bu bildiriş ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwlet sapary bilen Londona gelen güni aýdyldy
Windows 11-de internet tizligini barlamak mümkinçiligi peýda bolar
18.09.2025 13:45
1.2k+

Windows 11-de internet tizligini barlamak mümkinçiligi peýda bolar

Microsoft korporasiýasy Windows 11-e internet tizligini barlamak funksiýasyny goşmaga taýýarlanýar. Tom's Hardware çeşmesiniň maglumatlaryna görä, bu mümkinçilik eýýäm Canary, Dev we Beta kanallarynda operasion ulgamyň deslapky wersiýalarynda elýeterli
Ýene 28 günden Windows 10-nyň goldawy tamamlanýar. Microsoft soňky duýduryşy berýär
16.09.2025 13:25
2.1k+

Ýene 28 günden Windows 10-nyň goldawy tamamlanýar. Microsoft soňky duýduryşy berýär

Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamyna goldawyň ýene 28 günden tamamlanjakdygy barada duýduryş berdi. Bu Windows 10 2015 LTSB we Windows 10 IoT Enterprise LTSB 2015 wersiýalaryna hem degişlidir. 14-nji oktýabrdan soň ulanyjylar soňraky howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almazlar