Microsoft

Indi Microsoft Store-da mugt programmalary hasaba alyş üçin tölemezden ýerleşdirip bolýar
14.09.2025 21:06
1.2k+

Indi Microsoft Store-da mugt programmalary hasaba alyş üçin tölemezden ýerleşdirip bolýar

Microsoft işläp düzüjiler üçin hasaba alyş tölegini ýatyrdy. Bu indi Microsoft Store-da mugt programmalary maliýe çykdajysyz ýerleşdirip bolýandygyny aňladýar. Ozal programmanyň özi mugt bolsa-da, akkaunt açmak üçin töleg tölemeli bolýardy: şahsy akkauntyň bahasy 19 dollar, korporatiw – 99 dollardy
Microsoft tötänden Surface-iň mahabatynda iPad-i mahabatlandyrdy
11.09.2025 06:26
2.5k+

Microsoft tötänden Surface-iň mahabatynda iPad-i mahabatlandyrdy

Microsoft korporasiýasy öz noutbuklarynyň mahabatynda ýalňyşlyk bilen Apple-iň önümini ulandy. Muňa Windows Central neşiri üns berdi. Geçen dynç güni Microsoft Surface noutbuk hatarynyň X sosial torundaky hasabynda Surface Pro enjamynyň mahabat şekili peýda boldy
Trillioner tehnologiýa ägirtleriniň umumy kapitalizasiýasy 21 trln dollara ýetdi
09.09.2025 23:17
7.6k+

Trillioner tehnologiýa ägirtleriniň umumy kapitalizasiýasy 21 trln dollara ýetdi

ABŞ-nyň sekiz sany iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bahasy 21 trln dollardan geçdi. Nvidia-nyň paýnamalarynyň pese gaçandygyna garamazdan, bir hepdede olaryň bazar bahasy 420 mlrd dollar ýokarlandy. Indi bu kompaniýalar S&P 500 indeksiniň, takmynan, 36%-ini emele getirýär diýip, CNBC habar berýär
Microsoft Gyzyl deňizdäki suwasty kabellere zeper ýetendigini we Azure hyzmatyndaky bökdençlik barada habar berdi
07.09.2025 19:59
4.8k+

Microsoft Gyzyl deňizdäki suwasty kabellere zeper ýetendigini we Azure hyzmatyndaky bökdençlik barada habar berdi

Microsoft Gyzyl deňizdäki birnäçe suwasty optiki süýüm kabellerine zeper ýetendigini habar berdi. Korporasiýa bütin dünýäde Azure bulut platformasynyň işinde gijikdirmeleriň we bökdençlikleriň bolup biljekdigini duýdurdy
Microsoft ilkinji hususy EA modellerini görkezdi: biri sözleýiş, beýlekisi tekst döredýär
30.08.2025 18:10
1.1k+

Microsoft ilkinji hususy EA modellerini görkezdi: biri sözleýiş, beýlekisi tekst döredýär

Microsoft ilkinji gezek özüniň emeli aň modellerini hödürledi. Mundan öň kompaniýa, esasan, OpenAI-iň çözgütlerini ulanyp, olary Azure infrastrukturasyna we Copilot önümlerine goşýardy. Indi bolsa onuň öz ulgamlary – MAI-Voice-1 we MAI-1-preview bar
Windows 11-e işleýiş näsazlygyndan awtomatik gorag goşuldy
20.08.2025 14:22
1.7k+

Windows 11-e işleýiş näsazlygyndan awtomatik gorag goşuldy

Microsoft korporasiýasy KB5063878 belgisi bilen Windows 11-iň hökmany täzelenmesini çykardy. Windows Latest-iň habar bermegine görä, onuň esasy täzeligi Windows işe girizilen wagty näsazlyk ýüze çykan halatynda ulgamy dikeltmek üçin niýetlenen Quick Machine Recovery funksiýasy boldy
Microsoft korporasiýasy Windows, Office we Edge-de 100-den gowrak gowşaklygy düzetdi
16.08.2025 13:25
1.8k+

Microsoft korporasiýasy Windows, Office we Edge-de 100-den gowrak gowşaklygy düzetdi

Microsoft “Patch Tuesday-iň” çäklerinde täzelenmeler bukjasyny çykaryp, Windows-da, Office-de, Edge brauzerinde we beýleki hyzmatlarda 107 gowşaklygy düzetdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, olaryň arasynda howplulary hem bar, ýöne hakerler tarapyndan hakyky hüjümlerde ulanylan ýagdaýlar hasaba alynmady diýip, PSWorld ýazýar
GitHub-yň baş direktory wezipeden gidýär, kompaniýa Microsoft-yň dolandyrmagyna geçer
13.08.2025 07:27
1.6k+

GitHub-yň baş direktory wezipeden gidýär, kompaniýa Microsoft-yň dolandyrmagyna geçer

GitHub-yň baş direktory Tomas Domke tas dört ýyl işläninden soň wezipeden gidýändigini mälim etdi. The Verge-iň habar bermegine görä, ol Microsoft-yň we GitHub-yň çäginden daşary täze taslamalar bilen meşgullanmak üçin wezipäni terk edýär
Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar
10.08.2025 21:45
3.4k+

Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar

Microsoft 2030-njy ýyla çenli adamlar kompýuterleri sesi, gözi we hatda pikirleri bilen dolandyrar diýip hasaplaýar. Windows operasion ulgamynyň geljegi baradaky garaýyşlaryny kompaniýanyň wise-prezidenti Dewid Ueston paýlaşdy
Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi
10.08.2025 14:19
2.9k+

Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi

Microsoft korporasiýasy Bing Image Creator hyzmatynda GPT-4o modelini mugt elýeterli etdi. Indi ulanyjylar bu emeli aň modeliniň kömegi bilen surat döredip biler. GPT-4o tekst beýanlaryna has takyk düşünip, ýazgylary surata goşup, olary üýtgedip ýa-da ýüklenen faýllaryň esasynda täze surat döredip bilýär
Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy
06.08.2025 15:53
3.9k+

Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy

Microsoft korporasiýasy ýakyn 3-8 ýylda neýroulgam tehnologiýalarynyň täsiri astynda ýitip gitjek ýa-da üýtgäp biljek 40 hünäriň sanawyny düzdi. Barlag dokuz aýyň dowamynda geçirildi. Kompaniýanyň hünärmenleri emeli aňyň haýsy ugurlarda işjeň ulanylýandygyny kesgitlemek üçin amerikan ulanyjylary bilen Copilot çat-botunyň arasynda 200 000 sany näbelli gepleşikleri seljerdi
Microsoft bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy
31.07.2025 20:44
5.4k+

Microsoft bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy

Microsoft kompanivasy, Nvidia-dan soň, bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy. Bu üstünlik kompaniýanyň Wall Street analitikleriniň garaşyşyndan ýokary bolan çärýekleýin hasabatyny çap etmeginiň yzýany boldy diýip, Bloomberg belleýär
Microsoft-yň Surface Laptop 5G noutbugy sekuntda 40+ trillion amaly ýerine ýetirýän NPU-ny aldy
26.07.2025 16:58
2.1k+

Microsoft-yň Surface Laptop 5G noutbugy sekuntda 40+ trillion amaly ýerine ýetirýän NPU-ny aldy

Microsoft gibrid birikmesi bolan Surface Laptop 5G-niň korporatiw wersiýasyny bildiriş etdi. Enjam 26-njy awgustda 1799 dollardan  satuwa çykar diýip, The Verge ýazýar. Täze önüm nano-SIM üçin lotok we eSIM moduly bilen enjamlaşdyrylyp, Wi-Fi-ýa bagly bolmazdan 5G toruna birikmegi üpjün edýär
Microsoft Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder
26.07.2025 16:38
1.9k+

Microsoft Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder

Microsoft kompaniýasy Fransiýanyň hökümeti bilen bilelikde Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder. Bu barada Microsoft-yň prezidenti Bred Smite salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär
Windows 11-e operasion ulgam sazlamalary bilen işlemek üçin emeli aň kömekçisi goşuldy
16.07.2025 06:22
1.8k+

Windows 11-e operasion ulgam sazlamalary bilen işlemek üçin emeli aň kömekçisi goşuldy

Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamyna täze EA kömekçisini goşdy. Ol gönüden-göni “Sazlamalar” programmasyna gurnaldy. Onuň wezipesi ulanyjylara zerur parametrleri tapmaga we meseläni adaty dilde beýan etmek arkaly ulgamy sazlamaga kömek etmekden ybarat
Microsoft millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder
15.07.2025 13:07
2.1k+

Microsoft millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder

Microsoft kompaniýasy Elevate atly bäş ýyllyk başlangyjyň işe girizilendigini habar berdi, onuň çäklerinde korporasiýa millionlarça adama emeli aň başarnyklaryny öwretmek üçin 4 milliard dollar sarp eder. Maliýe serişdeleri pul hemaýatlary, bulut tehnologiýalary we AI gurallary görnüşinde berler
EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi
11.07.2025 19:22
2.5k+

EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy
ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy
11.07.2025 01:30
4.6k+

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy

2025-nji ýylyň başyndan bäri amerikan tehnologiýa kompaniýalary emeli aň çözgütleriniň ornaşdyrylmagy sebäpli 94 000 töweregi işgäri işden çykardy. Resmi statistika maglumatlaryna görä, iş prosesleriniň awtomatizirlenmegi köpçülikleýin işden çykarmalaryň esasy sebäbi boldy
Microsoft-yň Edge brauzeri rekord 300 millisekuntda sahypalary ýüklemegi öwrendi
10.07.2025 23:41
1.3k+

Microsoft-yň Edge brauzeri rekord 300 millisekuntda sahypalary ýüklemegi öwrendi

Microsoft kompaniýasy sahypa geçenden soň 300 millisekuntdan hem az wagtda mazmuny - teksti, suratlary ýa-da interfeýsiň elementlerini görkezip başlaýan Edge brauzeriniň tizliginiň gowulaşandygyny habar berdi. Bu barada The Verge neşiri habar berdi
Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi
10.07.2025 12:05
1.7k+

Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi

Insider Preview maksatnamasy arkaly paýlanyp başlanan Windows 11-iň 25H2 wersiýasynda, öňünden ornaşdyrylan programmalary ýeňil öçürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu täzelik ulgamyň resmi täzelenmesi çykarylansoň, diňe Pro wersiýasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolar
Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy
09.07.2025 11:47
2.2k+

Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy

2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy
Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň
04.07.2025 11:51
2k+

Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň

Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir
Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy
03.07.2025 14:39
2.3k+

Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy

Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar. Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi
Indem Microsoft kazyýetde: kompaniýa emeli aňy türgenleşdirmek üçin bikanun göçürilen kitaplary ulanmakda aýyplanýar
30.06.2025 11:03
3.6k+

Indem Microsoft kazyýetde: kompaniýa emeli aňy türgenleşdirmek üçin bikanun göçürilen kitaplary ulanmakda aýyplanýar

Birnäçe amerikaly ýazyjylar Nýu-Ýorkuň Federal kazyýetine Microsoft kompaniýasyna garşy şikaýat bilen ýüz tutdy. Olaryň aýtmagyna görä, kompaniýa «Megatron» atly dil modelini türgenleşdirmek üçin awtorlaryň rugsady bolmazdan, bikanun göçürilen sanly eserleriň nusgalaryny ulanýar
Microsoft «ölüm ekranynyň» dizaýnyny resmi taýdan gara reňke üýtgetdi: ol 40 ýyllar mawy reňkdedi
27.06.2025 11:05
3.1k+

Microsoft «ölüm ekranynyň» dizaýnyny resmi taýdan gara reňke üýtgetdi: ol 40 ýyllar mawy reňkdedi

Microsoft Windows operasiýa ulgamynda peýda bolýan meşhur "ölüm ekranynyň" (BSoD – Blue Screen of Death) reňkini üýtgeder. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Gök ekran indi gara reňkde çykar. Bu üýtgeşikme baradaky ilkinji maglumatlar mart aýynda peýda bolupdy, şol wagt ekranyň ýaşyl reňkde boljagy aýdylýardy
Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar
26.06.2025 16:31
2k+

Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar

Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy
Microsoft kwant ýadyny 1000 esse ygtybarly etmegiň usulyny tapdy
25.06.2025 11:10
2.3k+

Microsoft kwant ýadyny 1000 esse ygtybarly etmegiň usulyny tapdy

Microsoft-yň barlagçylary dört ölçegli kodlar diýlip atlandyrylýan kwant kompýuterleri üçin täze ýalňyş düzediş ulgamyny hödürlediler. Ol, adaty usullar bilen deňeşdirilende, ýalňyşlyklaryň sanyny müň esse azaltmaga mümkinçilik berýär diýip,  Live Science ýazýar
Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar
20.06.2025 17:35
3.4k+

Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder
Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin gyssagly patç çykardy we täze meseleleri döretdi
19.06.2025 00:19
3.1k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin gyssagly patç çykardy we täze meseleleri döretdi

Geçen hepde Microsoft korporasiýasy Patch Tuesday programmasynyň çäklerinde Windows 11 üçin KB5060842 täzelenmesini çykardy. Ýöne ol Easy Anti-Cheat antiçitini ulanýan oýunlar bilen gabat gelmekde mesele döretdi
Windows 11 ulanyjy işjeň bolmadyk wagty prosessory awtomatik ýagdaýda haýalladar
10.06.2025 12:16
1.4k+

Windows 11 ulanyjy işjeň bolmadyk wagty prosessory awtomatik ýagdaýda haýalladar

Microsoft korporasiýasy Windows 11-de täze energiýa tygşytlaýyş funksiýasyny synag edýär. Bu funksiýa ulanyjy kompýuter bilen aragatnaşyga girmedik wagtynda prosessoryň öndürijiligini awtomatik ýagdaýda peselder
Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy
04.06.2025 13:43
1.9k+

Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi. CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy
Microsoft takyk howa çaklamalary üçin Aurora EA modelini hödürledi
26.05.2025 17:07
3.7k+

Microsoft takyk howa çaklamalary üçin Aurora EA modelini hödürledi

Microsoft howany çaklamak üçin niýetlenen täze Aurora EA modelini hödürledi. Modeliň iş netijeleri bilen gözleg Nature žurnalynda neşir edildi. Fiziki deňlemelere esaslanýan adaty usullardan tapawutlylykda Aurora diňe arhiw maglumatlary bilen okadyldy
Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi
22.05.2025 20:30
1.5k+

Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi

Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder
«Hey, Copilot!»: Windows-da emeli aňy ses bilen işjeňleşdirmek mümkinçiligi synag edilýär
18.05.2025 16:44
1.3k+

«Hey, Copilot!»: Windows-da emeli aňy ses bilen işjeňleşdirmek mümkinçiligi synag edilýär

Microsoft korporasiýasy täze «Copilot Voice» atly ses bilen dolandyrylýan mümkinçiligi synag edip başlady. Bu aýratynlyk Windows 11 ulanyjylaryna diňe «Hey, Copilot!» diýmek arkaly emeli aň kömekçisi bilen söhbetdeşlige başlamaga mümkinçilik berer
Bill Geýts baýlygynyň tas ählisini haýyr-sahawat işlerine bagyşlar
10.05.2025 14:14
8.4k+

Bill Geýts baýlygynyň tas ählisini haýyr-sahawat işlerine bagyşlar

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy, milliarder we haýyr-sahawatçy Bill Geýts 20 ýylyň dowamynda şahsy baýlygynyň tas hemmesini diýen ýaly haýyr-sahawat işlerine bagyşlajakdygyny mälim etdi. Ol 200 milliard dollara barabar serişdäni öz «Gates Foundation» gaznasy arkaly paýlamagy göz öňünde tutýar
Windows XP iş stolundaky meşhur baýyr tanalmaz derejede üýtgedi
09.05.2025 15:57
10k+

Windows XP iş stolundaky meşhur baýyr tanalmaz derejede üýtgedi

Internet ulanyjylaryny Windows XP iş stolundaky meşhur ýaşyl baýryň häzirki görnüşi haýran galdyrdy. Bu ýeriň üýtgändigini görkezýän suratlar bilen @insidehistory lakamly ulanyjy paýlaşdy. Fotosuratçy Çarlz O’Rier tarapyndan Napa jülgesinde (Kaliforniýa) düşürilen meşhur suratda ýiti gök asman bilen zümerret ýaşyl baýyrlar şekillendirilipdi
Microsoft iPhone Link programmasy bilen Windows 11 üçin täze “Başlat” menýusyny hödürledi
09.05.2025 01:37
1k+

Microsoft iPhone Link programmasy bilen Windows 11 üçin täze “Başlat” menýusyny hödürledi

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin täzelenen “Başlat” (Start) menýusyny hödürledi. Indi ol sazlap bolýan makete we Phone Link programmasy bilen baglanyşyga eýe boldy. Menýunyň täze funksiýalary barada ilkinji yşaratlar bir aý mundan öň peýda boldy, şol wagt kompaniýanyň programmalar sanawyny esasy menýu bilen birleşdirjek bir umumy interfeýsiň üstünde işleýändigi belli boldy
Microsoft şu gün Skype-y hemişelik ýapýar. Messenjer 22 ýyllap işledi
05.05.2025 22:37
3.6k+

Microsoft şu gün Skype-y hemişelik ýapýar. Messenjer 22 ýyllap işledi

2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan başlap, Skype öz işini doly bes edýär. Messenjeriň eýesi bolan Microsoft korporasiýasy bu barada ulanyjylara öňünden duýduryş beripdi. Ulanyjylara iki mümkinçilik hödürlenýär: olar ähli kontaktlaryny we hasaplaryny saklap, Teams programmasyna geçip bilerler ýa-da hatlarynyň arhiwini göçürip alyp bilerler
Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar
05.05.2025 16:12
3.2k+

Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar

Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär
Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy
30.04.2025 11:33
1.1k+

Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy

Microsoft kompaniýasy Copilot+PC-lary üçin Windows 11-iň aprel täzelenmesini çykardy. Onda emeli aňly üç sany täze funksiýa peýda boldy. Recall-yň esasy funksiýasy şifrlenen skrinşotlary wagtal-wagtal enjamyň ýerli ammarynda ýatda saklamak bilen, fon režiminde işleýär