Samsung

Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi
03.11.2025 10:02
9.4k+

Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi

Samsung ilkinji gezek geljekki Galaxy S26 smartfon hatary barada gürrüň berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerine bagyşlanan maslahatda resmi maglumatlar bilen paýlaşdy. Indiki smartfon hatary has kuwwatly prosessora, kämilleşdirilen emeli aňa we täze kameralara eýe bolar
Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi
29.10.2025 17:05
6.6k+

Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi

Samsung kompaniýasy ilkinji gezek üç eplenýän — Galaxy Z TriFold täze smartfonynyň nusgasyny görkezdі. Täze enjam Günorta Koreýada geçirilýän APEC 2025 sammitinde tanyşdyryldy diýip, SamMobile habar berýär. Žurnalistler we myhmanlar smartfony diňe aýnaň aňyrsyndan görüp bildiler: bir nusga eplenen, beýlekisi bolsa doly açyk ýagdaýda ýerleşdirildi
Samsung moda äýnek brendleri bilen hyzmatdaşlykda Android XR akylly äýneklerini çykarar
28.10.2025 19:42
2.7k+

Samsung moda äýnek brendleri bilen hyzmatdaşlykda Android XR akylly äýneklerini çykarar

Samsung Android XR platformasynyň esasynda işleýän täze görnüşli akylly äýneklerini taýýarlap başlandygyny resmi taýdan mälim etdi. Täze enjam giňeldilen hakykat (AR) mümkinçilikleriniň gündelik durmuşda, işde we güýmenjede amatly ýagdaýda ulanylmagyny göz öňünde tutýar
Samsung täze Galaxy XR garniturasyny hödürledi: Apple-yňkydan iki esse arzan we Gemini bilen işleýär
24.10.2025 09:38
2.2k+

Samsung täze Galaxy XR garniturasyny hödürledi: Apple-yňkydan iki esse arzan we Gemini bilen işleýär

Samsung kompaniýasy Galaxy XR garyşyk hakykat garniturasyny – Apple Vision Pro-nyň  Android-e esaslanýan bäsdeşini hödürledi. Garnitura Google we Qualcomm bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Onuň bahasy 1800 dollar bolup, bu ýakynda hödürlenen M5 çipli Apple Vision Pro-dan ($3500) iki esse diýen ýaly arzandyr
Samsung öz-özüni dikeltmäge ukyply ekrany patentledi
20.10.2025 09:58
2.2k+

Samsung öz-özüni dikeltmäge ukyply ekrany patentledi

Samsung kompaniýasy eplenýän smartfonlaryň berkligini we hyzmat ediş möhletini ýokarlandyrmaga ukyply täze tehnologiýany patentledi. Ulgamyň özeni mikroskopik simleriň we “sensor halkasy” diýlip atlandyrylýan datçikleriň utgaşmasyndan ybarat
Samsung täze Galaxy Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürýär. Satuwlar ýöremedi
18.10.2025 10:10
6k+

Samsung täze Galaxy Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürýär. Satuwlar ýöremedi

Samsung inçe we ýeňil Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Günorta Koreýanyň NewsPim neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa galan Galaxy S25 Edge smartfonlary satylandan soň önümçiligi bes eder
Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7-niň premium görnüşini – W26-ny hödürledi
12.10.2025 23:53
3.9k+

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7-niň premium görnüşini – W26-ny hödürledi

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7 smartfonynyň hytaý bazary üçin ýörite döredilen görnüşini – täze W26 flagman smartfonyny hödürledi. Öňki W modelleri ýaly, täze smartfon has kaşaň dizaýny bilen tapawutlanýar: petle, gapdal çarçuwa we kamera halkalary altyn öwüşginler bilen bezeldi
Samsung-yň VR şleminiň dizaýny we aýratynlyklary belli boldy
12.10.2025 11:37
4.2k+

Samsung-yň VR şleminiň dizaýny we aýratynlyklary belli boldy

Internet torunda täze VR garniturasynyň – Project Moohan hökmünde belli bolan Samsung Galaxy XR-yň suraty we tehniki aýratynlyklary peýda boldy. Suratlary Android Headlines neşiri hödürledi. Galaxy XR garniturasy Google-dan Android XR platformasyna esaslanýar we kompýutere ýa-da smartfona birikmezden awtonom işleýär
Samsung oktýabrda garyşyk hakykat garniturasyny hödürlemäge taýýarlanýar
06.10.2025 17:53
2.6k+

Samsung oktýabrda garyşyk hakykat garniturasyny hödürlemäge taýýarlanýar

Samsung eýýäm geljek hepdelerde Android XR operasion ulgamynyň esasynda özüniň ilkinji garyşyk hakykat şlemini hödürlemäge taýýarlanýar. Project Moohan şertli atly gurluş 22-nji oktýabrda görkezilip bilner diýip, 9to5Google habar berýär
Samsung 80 dollardan Galaxy M07 smartfonyny satyp başlady: Helio G99 prosessory we 5000 mA/sag batareýa
03.10.2025 17:05
5.3k+

Samsung 80 dollardan Galaxy M07 smartfonyny satyp başlady: Helio G99 prosessory we 5000 mA/sag batareýa

Samsung kompaniýasy uly bildiriş etmezden käbir ýurtlarda Galaxy M07 smartfonynyň satuwyna başlady. Aýratynlyklary boýunça ol öň çykan Galaxy A07 4G-ni doly diýen ýaly gaýtalaýar. Täze smartfon durulygy 1600×720 piksel we täzelenme ýygylygy 90 Gs bolan suwuk kristal ekranyna eýe boldy
“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi
02.10.2025 18:03
7.7k+

“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi

Samsung Galaxy Ring-i ulanyjylaryň biriniň ýüzük barmagynda wagty litiý-ion batareýasy çişdi, şol sebäpli ýüzük onuň barmagyny pugta gysdy we ahyrynda ony aýyrmak üçin lukmanyň kömegi gerek boldy. Waka uçara münmezden öň bolup geçdi, şol sebäpli ýolagçy uçuşyny-da sypdyrdy
Eplenýän smartfonlaryň bazarynda Huawei-niň paýy 48%-e ýetdi. Samsung ornuny ýitirýär
30.09.2025 17:04
3.5k+

Eplenýän smartfonlaryň bazarynda Huawei-niň paýy 48%-e ýetdi. Samsung ornuny ýitirýär

Birnäçe ýyl ozal Samsung çeýe ekranly smartfonlaryň segmentinde öňdebaryjy hasaplanýardy. Kompaniýa şeýle smartfonlary uly göwrümli mahabat kampaniýalary arkaly işjeň ösdürýärdi. Netijede, onuň bazardaky orny sarsmajak ýalydy
iPhone 17 Pro Max batareýasynyň işleme wagty boýunça Samsung Galaxy S25 Ultra-dan öňe geçdi
23.09.2025 19:07
11k+

iPhone 17 Pro Max batareýasynyň işleme wagty boýunça Samsung Galaxy S25 Ultra-dan öňe geçdi

iPhone 17 Pro Max akkumulýatordan işleýiş wagty boýunça iň gowy netijäni görkezdi diýip, Mrwhosetheboss portalynyň geçiren testleri tassyklaýar. Deňeşdirme synaglarynda Samsung Galaxy S25 Ultra 11 sagat 58 minut işlän bolsa, iPhone 17 Pro Max doly 13 sagat işledi
Samsung 199 ýewrodan Galaxy A17 4G smartfonyny çykardy
22.09.2025 18:31
8.4k+

Samsung 199 ýewrodan Galaxy A17 4G smartfonyny çykardy

Samsung kompaniýasy resmi taýdan Galaxy A17 4G smartfonyny hödürledi. Ol köp babatda Galaxy A17 5G modelini gaýtalaýar, ýöne arzan – Ýewropada baha 199 ýewrodan başlaýar. Täze smartfonda esasy üns köp modeller üçin adaty parametrlere gönükdirildi: uly displeý, sygymly batareýa we döwrebap kamera toplumy
Samsung oktýabrda Project Moohan XR garniturasyny hödürlär
22.09.2025 18:13
1.6k+

Samsung oktýabrda Project Moohan XR garniturasyny hödürlär

Samsung kompaniýasy 21-nji oktýabrda Project Moohan XR garniturasy bilen tanyşdyrar. Bu barada ETNews neşiri habar berýär. Ozal KHBS-de dürli seneler – 29-njy sentýabr we 13-nji oktýabr barada aýdylypdy, ýöne indi sene takyk kesgitlendi
Samsung şu ýyl OneUI 8-i aljak Galaxy enjamlarynyň sanawyny çykardy
20.09.2025 06:53
4.7k+

Samsung şu ýyl OneUI 8-i aljak Galaxy enjamlarynyň sanawyny çykardy

Samsung kompaniýasy Android 16-a esaslanýan OneUI 8 firma interfeýsiniň täze wersiýasynyň çykarylandygyny habar berdi. Ony ilkinji bolup Galaxy S25 seriýaly smartfonlar aldy. Indi kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli täzelenip başlajak beýleki enjamlaryň sanawyny çap etdi
Iň geçginli 10 smartfonyň bäşisi iPhone, dört sanysy Galaxy we birisi Xiaomi boldy
18.09.2025 10:10
4.4k+

Iň geçginli 10 smartfonyň bäşisi iPhone, dört sanysy Galaxy we birisi Xiaomi boldy

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Counterpoint analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iň geçginli on smartfonyň sanawyna bäş sany Apple modeli, dört sany Samsung modeli we bir sany Xiaomi bar. Esasy iPhone 16 ikinji we üçünji orny eýelän iPhone 16 Pro Max-dan we iPhone 16 Pro-dan ozup, yzly-yzyna iki çärýek öňdebaryjy boldy
Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy
15.09.2025 16:51
2k+

Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy

Google Pixel brendi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda premium smartfonlaryň bazarynda rekord ösüşi görkezdi. Bu barada Counterpoint Research analitiki kompaniýasyna salgylanyp, 9to5Google habar berýär. Pixel smartfonlarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105% ýokarlandy
Samsung eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdeligini Huawei bilen Motorola berdi
09.09.2025 12:22
5.8k+

Samsung eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdeligini Huawei bilen Motorola berdi

Huawei 2025-nji ýylyň II çärýeginde eplenýän smartfonlaryň dünýä bazarynyň 45%-ini eýeledi, bu hem öndürijileriň arasynda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Geçen ýyl hytaý kompaniýasynyň paýy 32% boldy
Samsung täze dizaýn bilen Galaxy Tab S11 we S11 Ultra planşetlerini çykardy
05.09.2025 10:46
3.3k+

Samsung täze dizaýn bilen Galaxy Tab S11 we S11 Ultra planşetlerini çykardy

Samsung täze önümleriniň güýzki tanyşdyrylyşynda iki modelden – Tab S11 we S11 Ultra modellerinden ybarat bolan Galaxy Tab S11 planşet hataryny hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de berk alýuminden korpusa we IP68 ülňüsi boýunça suwdan hem tozandan goraga eýe boldy
Samsung kompaniýasy Galaxy S25 FE subflagman smartfonyny hödürledi
05.09.2025 10:45
5.2k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S25 FE subflagman smartfonyny hödürledi

Samsung Electronics kompaniýasy subflagmanlar kategoriýasyna degişli bolan Galaxy S25 FE smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze smartfon emeli aň tehnologiýalaryny giň köpçülik üçin has elýeterli eder
Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny oktýabrda hödürlär
04.09.2025 19:49
6.2k+

Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny oktýabrda hödürlär

Samsung öz taryhynda ilkinji üç eplenýän smartfony bolan Galaxy Z TriFold-y 2025-nji ýylyň oktýabrynda Unpacked çäresinde görkezmegi meýilleşdirýär. Gurluşyň satuwy bir aýdan soň başlamaly diýip, ET News habar berýär
Samsung diňe Wýetnamyň özünde 2 milliarddan gowrak smartfon öndürdi
02.09.2025 15:43
4.1k+

Samsung diňe Wýetnamyň özünde 2 milliarddan gowrak smartfon öndürdi

Samsung kompaniýasy Wýetnamda möhüm sepgide ýetdi: 2009-njy ýylyň aprelinde bu ýurtda zawodlar işe girizileni bäri günorta koreý kompaniýasy bu ýerde 2 milliarddan gowrak smartfon çykardy diýip, ýerli VietnamPlus neşiri habar berýär
Apple we Samsung kemsidiji mahabatlary üçin Xiaomi-ni kazyýete bermek isleýär
01.09.2025 16:52
5.8k+

Apple we Samsung kemsidiji mahabatlary üçin Xiaomi-ni kazyýete bermek isleýär

Apple we Samsung Hytaýyň Xiaomi kompaniýasyna nägilelik bilen ýüz tutdy. Olar Hindistanda brendleriň önümlerini Xiaomi-niň gurluşlary bilen gönüden-göni deňeşdirýän mahabat kampaniýasyny bes etmegi talap etdi. Xiaomi-niň mahabat kampaniýasy tutuş ýurt boýunça hem çap, hem sanly medialary gurşap aldy
Samsung-yň Galaxy S26 Pro, Edge we Ultra flagmanlary öňkülerden inçe bolar
01.09.2025 14:12
11k+

Samsung-yň Galaxy S26 Pro, Edge we Ultra flagmanlary öňkülerden inçe bolar

SammyGuru çeşmesi geljekki Samsung Galaxy S26 flagmanlarynyň hatary barada täze maglumatlary berdi. Olaryň esasy aýratynlygy Galaxy S25 hatary bilen deňeşdirilende korpuslarynyň inçe bolmagy boldy. Çeşmäniň maglumatlaryna
Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi
31.08.2025 08:47
8.1k+

Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi

Samsung korporasiýasy X sosial ulgamynda mahabat wideosyny hödürledi we onda degişme äheňinde özüniň eplenýän Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň iPhone-dan artykmaçlygyny görkezdi. Sýužet boýunça basseýniň gyrasynda dynç alýan iki adam iPhone bilen eplenýän Samsung smartfonyny deňeşdirýär
Samsung Galaxy S25 FE smartfonynyň we Tab S11 planşetleriniň tanyşdyrylyş senesini aýtdy
29.08.2025 20:00
3.4k+

Samsung Galaxy S25 FE smartfonynyň we Tab S11 planşetleriniň tanyşdyrylyş senesini aýtdy

Samsung nobatdaky Galaxy Event çäresiniň 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda geçiriljekdigini yglan etdi. Tanyşdyrylyş onlaýn geçer we kompaniýanyň resmi saýtynda hem YouTube kanalynda UTC boýunça 9:30-da (Aşgabat wagty bilen 14:30) ýaýlyma berler
Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi
27.08.2025 14:40
9k+

Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylda özünde iň amatly bahadan satyljak smartfonyny — Galaxy A07 modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model eýýäm Indoneziýada alyjylar üçin elýeterlidir. Esasy aýratynlyklary: Ekran:
Samsung Micro RGB yşyk çyrasy tehnologiýaly ilkinji telewizory çykardy, bahasy 32 müň dollar
15.08.2025 18:57
7.4k+

Samsung Micro RGB yşyk çyrasy tehnologiýaly ilkinji telewizory çykardy, bahasy 32 müň dollar

Samsung kompaniýasy täze Micro RGB yşyk tehnologiýaly dünýäde ilkinji telewizoryny çykardy. Ol ilkinji gezek Las-Wegasda geçirilen CES 2025-de yglan edildi. 115 dýuýmlyk model ilki Günorta Koreýada 44,9 million wona (takmynan 32 362 dollar), soňra ABŞ-da we beýleki ýurtlarda elýeterli bolar
Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar
13.08.2025 15:57
6.7k+

Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar

Samsung ABŞ-da çip öndürmeklige ozal meýilleşdirilen 37 milliard dollara derek, takmynan, 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Koreýanyň SEDaily neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa ýarymgeçiriji önümlerini import etmekde 100 göterimli amerikan paçlaryndan boşadylmagyna garaşýar
Apple noutbuklarynda OLED ekrany peýda bolar. Displeý bilen Samsung üpjün eder
12.08.2025 14:45
1.6k+

Apple noutbuklarynda OLED ekrany peýda bolar. Displeý bilen Samsung üpjün eder

Apple 2026-njy ýylyň ahyrynda OLED displeýli ilkinji noutbugyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Dealsite koreý neşiri habar berdi. Geljekki MacBook üçin OLED panellerini üpjün ediji hökmünde bolsa Apple Günorta Koreýanyň Samsung Display kompaniýasyny saýlady
Dünýäde planşet satuwy II çärýekde 13,1% ýokarlandy, öňdebaryjy – Apple
12.08.2025 09:38
1.4k+

Dünýäde planşet satuwy II çärýekde 13,1% ýokarlandy, öňdebaryjy – Apple

Dünýäde planşet üpjünçiligi 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde 38,3 mln birlige ýetdi, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,1% ýokarydyr. Bu barada International Data Corporation (IDC) kompaniýasy habar berdi
Samsung kompaniýasy Galaxy A22, Galaxy F22 ýaly modelleriň goldawyny bes etdi
10.08.2025 14:11
5.7k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A22, Galaxy F22 ýaly modelleriň goldawyny bes etdi

Samsung kompaniýasy dört sany arzan smartfon modeliniň – Galaxy A22, Galaxy F22, Galaxy M32 we Galaxy M42 5G smartfonlarynyň programma üpjünçiliginiň goldawyny bes etdi. Bu smartfonlar 2021-nji ýylda çykdy we soňky uly täzelenme hökmünde Android 13-e eýe boldy
Samsung 2025-nji ýylda iň elýeterli smartfony bolan Galaxy A17-ni hödürledi
09.08.2025 14:05
12k+

Samsung 2025-nji ýylda iň elýeterli smartfony bolan Galaxy A17-ni hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A17 smartfonyny hödürledi – bu Galaxy A1X hatarynyň ýedinji neslinde ilkinji we 2025-nji ýylda brendiň iň elýeterli smartfony boldy. Dünýä bazarynda modeliň satuwy eýýäm başlandy. Galaxy A17 smartfony 5-nm tehprosesi boýunça döredilen Exynos 1330 prosessoryna eýe boldy, bu Mediatek Helio G99 çipli geçen ýylky Galaxy A16 bilen deňeşdirilende kämilleşmedir
Galaxy Z Fold 7-ni myžžygy çykýança açyp-ýapdylar
08.08.2025 16:05
7.1k+

Galaxy Z Fold 7-ni myžžygy çykýança açyp-ýapdylar

Galaxy Z Fold 7-ni mahabatlandyrmak bilen, Samsung bu eplenýän smartfonyň adaty şertlerde 500 000 gezege çenli açyp-ýapmaga çydamlydygyny aýtdy. Tech IT kanalyndan YouTube blogeri muňa göz ýetirmek kararyna gelip, smartfony 200 müň gezek açyp-ýapmak synagyndan geçirdi
Galaxy Z Flip7 gaňrylma çydap bildi, emma dyrnak bilen çyzylma garşy durup bilmedi
07.08.2025 16:06
15k+

Galaxy Z Flip7 gaňrylma çydap bildi, emma dyrnak bilen çyzylma garşy durup bilmedi

JerryRigEverything YouTube-kanalynyň awtory Zak Nelson Galaxy Z Fold7 modelini ýowuz synagdan geçirenden soň, Samsung-yň eplenýän ýene bir enjamy bolan Galaxy Z Flip7 modelini berklik boýunça synagdan geçirdi. Flip7 korpusy birnäçe gezek gaňrylsa-da, bökdençsiz işlemegini dowam etdi
Beýik Britaniýada 10 mln dollarlyk 12 müň Samsung smartfony ogurlandy
06.08.2025 17:53
9.6k+

Beýik Britaniýada 10 mln dollarlyk 12 müň Samsung smartfony ogurlandy

Londonyň Hitrou howa menziliniň töwereginde Beýik Britaniýanyň taryhynda iň uly elektronika talaňçylyklarynyň biri bolup geçdi – näbelli adamlar 10,6 mln dollarlyk Samsung enjamlary bolan ýük ulagyny ogurlady. Bu barada Günorta Koreýanyň Yonhap agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär
Täze Galaxy Z Fold7 ABŞ-da köp satylýan, Hindistanda bolsa ýetmezçilik edýän smartfon boldy
02.08.2025 17:53
6.5k+

Täze Galaxy Z Fold7 ABŞ-da köp satylýan, Hindistanda bolsa ýetmezçilik edýän smartfon boldy

Samsung ABŞ-da Galaxy Z Fold7 smartfony üçin rekord mukdarda – Galaxy Z Fold hatarynyň öňki islendik modelinden köp deslapky sargytlary kabul edendigini habar berdi. Umuman alanyňda, Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 üçin deslapky sargytlar geçen ýylky görkezijilerden 25% ýokary boldy
SMM-çiniň ýalňyşlygymy? Apple ýalňyşlyk bilen bäsdeşiniň smartfonyny mahabatlandyrdy
02.08.2025 15:30
3.9k+

SMM-çiniň ýalňyşlygymy? Apple ýalňyşlyk bilen bäsdeşiniň smartfonyny mahabatlandyrdy

Apple-iň Hytaýyň Weibo sosial ulgamyndaky resmi akkaunty ýalňyşlyk bilen täze Samsung Galaxy Z Flip7 eplenýän smartfonynyň mahabat wideosyny hödürledi. Wideo tiz wagtdan aýryldy, ýöne ulanyjylar ýalňyşlyga üns berip ýetişdi we indi ol gülküli ýagdaýlaryň birine öwrüldi diýip, MacRumors ýazýar
Tutuş dünýäde Samsung smart telewizorlarynda goşundylar işlemegini bes etdi
01.08.2025 19:33
6k+

Tutuş dünýäde Samsung smart telewizorlarynda goşundylar işlemegini bes etdi

Samsung smart-telewizorlarynda dünýä derejesindäki uly näsazlyk ýüze çykdy — ulanyjylar dürli programmalary, şol sanda Netflix, YouTube we Amazon Prime Video ýaly hyzmatlary açyp bilmändikleri barada habar berdiler