Samsung

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy
05.02.2026 13:45
2.8k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy
Samsung kamerasynyň we zumuň täze mümkinçiliklerini görkezdi. Ähtimal, bular Galaxy S26 modellerinde bolar
05.02.2026 13:09
5.2k+

Samsung kamerasynyň we zumuň täze mümkinçiliklerini görkezdi. Ähtimal, bular Galaxy S26 modellerinde bolar

​Samsung kompaniýasy Groove, Glow we Closer atly gysga wideolaryň tapgyryny neşir etdi. Resmi taýdan bu diňe tehnologiýalaryň görkezilişi bolsa-da, iş ýüzünde bu Galaxy-nyň geljekki neslinde ulanyjylara nämeleriň garaşýandygyna gytaklaýyn yşaratdyr
Samsung Galaxy Buds 4 we 4 Pro modelleriniň bahasy hem-de aýratynlyklary mälim boldy
02.02.2026 19:23
2.6k+

Samsung Galaxy Buds 4 we 4 Pro modelleriniň bahasy hem-de aýratynlyklary mälim boldy

Aptivi neşiri Samsung kompaniýasynyň täze Galaxy Buds 4 we Galaxy Buds 4 Pro simsiz gulaklyklarynyň tehniki görkezijilerini hem-de bahasyny mälim etdi.  Maglumatlar Galaxy Buds programmasynyň iň täze nusgasynyň içki faýllaryny seljermek arkaly alyndy
Smartfonlaryň ortaça bahasy ilkinji gezek 400 dollardan geçdi
02.02.2026 16:26
3k+

Smartfonlaryň ortaça bahasy ilkinji gezek 400 dollardan geçdi

2025-nji ýylyň ahyrynda dünýäniň smartfon bazary täze enjamlaryň ortaça bahasy boýunça ilkinji gezek 400 dollar görkezijisinden geçdi. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň analitikleri habar berýär. Satuwyň mukdar taýdan ösüşi bary-ýogy 4% bolan hem bolsa, öndürijileriň umumy girdejisi rekord 135 mlrd dollara ýetdi
2900 dollarlyk Samsung Galaxy Z TriFold-yň ilkinji toplumy ABŞ-da 20 minutyň içinde satylyp gutardy
01.02.2026 22:25
5.3k+

2900 dollarlyk Samsung Galaxy Z TriFold-yň ilkinji toplumy ABŞ-da 20 minutyň içinde satylyp gutardy

Üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň ilkinji toplumy ABŞ-da bary-ýogy 20 minutyň içinde doly satylyp gutardy. Täze önüm şu hepdede resmi onlaýn dükanda we Samsung Experience firma nokatlarynda satuwa çykdy
LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?
01.02.2026 16:20
3.7k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy
Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar
30.01.2026 10:35
2.2k+

Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi
Samsung Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra megerem, soňky howpsuzlyk täzelenmesini aldy
29.01.2026 09:59
4k+

Samsung Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra megerem, soňky howpsuzlyk täzelenmesini aldy

Samsung kompaniýasy Galaxy S21 seriýasy üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk täzelenmesini ýaýratmaga başlady. Bu täzelenme, öň yglan edilen goldawyň çäginde Galaxy S21, Galaxy S21+ we Galaxy S21 Ultra modelleri üçin iň soňky resmi täzelenme bolmagy mümkin
Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy
28.01.2026 15:54
3.4k+

Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz. Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi
Samsung Ýaponiýada Android smartfonlaryň bazarynda ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi
27.01.2026 11:44
1.9k+

Samsung Ýaponiýada Android smartfonlaryň bazarynda ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi

2025-nji ýylyň netijelerine görä, Ýaponiýada smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung kompaniýasy Android enjamlaryň bazarynda lider boldy. Bu baradaky maglumatlar ýurduň elektronika dükanlarynyň kassa terminallaryndan we iň iri onlaýn satyjylaryň hasabatlaryndan alyndy
Ýeňil, inçe hem özboluşly: Samsung Galaxy A57-niň täze suratlary peýda boldy
26.01.2026 13:21
7k+

Ýeňil, inçe hem özboluşly: Samsung Galaxy A57-niň täze suratlary peýda boldy

Hytaýyň Senagat ministrliginiň maglumatlar binýadynda SM-A5760 belgi bilen Samsung kompaniýasynyň täze smartfonynyň suratlary we häsiýetnamalary peýda boldy. Bu belgi geljekki Galaxy A57 modeliniň belgisidir. Geçen ýylyň güýzünde bu enjam IMEI binýadynda SM-A576B belgisi bilen hasaba alnypdy
Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady
24.01.2026 23:50
5.2k+

Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady

Samsung kompaniýasy Certified Re-Newed (CRN) maksatnamasyny Ýewropa çenli giňeltdi we Galaxy S25 seriýasynyň dikeldilen smartfonlaryny satyp başlady. Bu enjamlar eýýäm Germaniýada, Fransiýada we Beýik Britaniýada elýeterli
Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi
24.01.2026 09:42
1.7k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi
Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy
23.01.2026 20:06
7.3k+

Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy

Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar
Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde
23.01.2026 15:56
4k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy
Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar
18.01.2026 23:38
2.6k+

Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar

Samsung ähli Windows ulanyjylary üçin Samsung Internet brauzeriniň beta wersiýasyny açdy. Mundan ozal bu mümkinçiligi ulanmaga diňe Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň Samsung işläp düzüji hasaby bolan ýaşaýjylary synanyşyp bilýärdiler
Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi
18.01.2026 15:41
9.6k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi
Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy
15.01.2026 21:57
5.6k+

Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy arzan bahaly Galaxy A07 5G smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Täze model ilki bilen Taýlandyň we Mýanmanyň bazarlary üçin tanyşdyryldy. Smartfon ýat ukyby boýunça iki görnüşde — 4/128 GB we 6/128 GB wariantlarynda hödürlenýär
Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi
15.01.2026 21:50
3.2k+

Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde smartfon üpjünçiligi ugrunda birinji orny eýeledi. Şunlukda, amerikan korporasiýasy 14 ýylyň içinde ilkinji gezek özüniň esasy bäsdeşi bolan Samsung-dan öňe geçmegi başardy
Samsung emeli aňly täze sowadyjysyny tanyşdyrdy: ol iýmitleri seljerýär we reseptler hödürleýär
11.01.2026 13:19
2.7k+

Samsung emeli aňly täze sowadyjysyny tanyşdyrdy: ol iýmitleri seljerýär we reseptler hödürleýär

Las-Wegasda geçirilen CES 2026 sergisinde Samsung kompaniýasy özüniň täzelenen Bespoke AI Refrigerator Family Hub sowadyjylar seriýasyny görkezdi. Bu enjam Google-yň Gemini atly giň göwrümli dil modeliniň kömegi bilen adaty aşhana enjamyndan akylly kömekçä öwrüldi
Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi
08.01.2026 21:29
2.6k+

Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny hödürledi. Oňa täzelenen modeller S85H, S90H, S95H we düýbünden täze S99H girdi. Flagman S99H metal karkasy bilen tapawutlanýar
Samsung CES 2026 sergisinde dünýäde ilkinji 130 dýuýmlyk Micro RGB telewizoryny hödürledi
07.01.2026 14:05
4.1k+

Samsung CES 2026 sergisinde dünýäde ilkinji 130 dýuýmlyk Micro RGB telewizoryny hödürledi

Samsung kompaniýasy dünýäde ilkinji 130 dýuýmlyk Micro RGB tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan R95H modelini tanyşdyrdy. Täze önümiň tanyşdyrylyşy Las-Wegasda geçirilýän halkara elektronika sergisi bolan CES 2026-yň çäginde boldy
Samsung gözüň görejini yzarlaýan 6K Odyssey 3D monitoryny tanyşdyrdy
05.01.2026 11:58
3.4k+

Samsung gözüň görejini yzarlaýan 6K Odyssey 3D monitoryny tanyşdyrdy

Göz öňüne getiriň: penjireden seredýärsiňiz, ol ýerde bolsa tutuş bir dünýä bar. Başyňyzy egen wagtyňyz, burçda gizlenip duran zatlary görüp bilýärsiňiz. Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda çykaryljak 32 dýuýmlyk Odyssey 3D flagman oýun monitorynda hut şu duýgulary wada berýär
Samsung kompaniýasy Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini görkezdi
03.01.2026 23:32
5.8k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini görkezdi

Samsung iki sany täze gurluşyny – Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini hödürledi. Olaryň ikisi-de öňki modeller bilen deňeşdirilende kämilleşdirildi. Galaxy A17 5G smartfony Full HD+ durulygy we 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekranyna eýe boldy
Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar
02.01.2026 12:14
5.3k+

Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da iPhone 18 smartfonlar toplumy üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär diýip, The Elec neşiri habar berýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki zawodynda CMOS şekil sensorlarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar
Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer
31.12.2025 08:14
1.4k+

Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde öý üçin niýetlenen täze «Music Studio» akustika ulgamlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjamlar kompaniýanyň sungat eseri hökmünde görünýän tehnologiýalary döretmek çemeleşmesine doly laýyk gelýär
Samsung Galaxy Z TriFold-y ýakyp, çyzyp, söküp gördüler: smartfon synaglara döz geldimi?
27.12.2025 17:19
9.4k+

Samsung Galaxy Z TriFold-y ýakyp, çyzyp, söküp gördüler: smartfon synaglara döz geldimi?

Meşhur JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory Zak Nelson Samsung-yň ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň berkligini barlady. Synagyň netijesi gynandyryjy boldy: enjam düzedip bolmajak derejede zeper aldy
Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar
24.12.2025 10:18
1.8k+

Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar

Samsung Electronics kompaniýasy eplenýän smartfonlar ugruny ösdürmegini dowam etdirýär we täze modeli — Galaxy Wide Fold-y taýýarlaýar. ETNews neşiriniň habar bermegine görä, bu enjam ilkinji eplenýän iPhone-a jogap hökmünde taýýarlanyp, oňa meňzeş ölçeglere we ekran gatnaşygyna eýe bolmaly
Samsung Oura bilen patent dawasy sebäpli Galaxy Ring 2 akylly ýüzügini çykarmagy yza süýşürdi
20.12.2025 19:19
2.5k+

Samsung Oura bilen patent dawasy sebäpli Galaxy Ring 2 akylly ýüzügini çykarmagy yza süýşürdi

Samsung kompaniýasy Galaxy Ring 2 akylly ýüzüginiň önümçiligini yza süýşürmek kararyna geldi. "Dealsite" neşiriniň habaryna görä, akylly ýüzük bazarynda liderleriň biri bolan "Oura" kompaniýasy bilen dowam edýän patent dawasy Samsung-da ikirjiňlenmeleriň döremegine sebäp boldy
Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar
20.12.2025 19:15
2.3k+

Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar

Huawei kompaniýasy şu ýylyň ilkinji üç çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda birinji orny eýeledi. IDC analitiki agentliginiň statistikasyna görä, korporasiýa hasabat döwründe 28,6 million enjam satyp, 18,6% bazar paýyny gazandy
"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer
15.12.2025 08:41
2k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar
Samsung Apple Liquid Glass stiliniň dizaýny bilen One UI 8.5-i ýaýradyp başlady
12.12.2025 14:54
2.3k+

Samsung Apple Liquid Glass stiliniň dizaýny bilen One UI 8.5-i ýaýradyp başlady

Samsung kompaniýasy One UI 8.5 operasion ulgam örtüginiň beta-wersiýasyny ýaýratmaga girişdi we ol öndürijiniň interfeýs bezegine täze çemeleşmesini görkezýär. 9to5Google portaly dizaýnyň käbir elementleriniň Apple Liquid Glass stilini ýada salýandygyny belleýär
iPhone 16 2025-nji ýylyň III çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy
09.12.2025 22:19
3.3k+

iPhone 16 2025-nji ýylyň III çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy

iPhone 16 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Apple we Samsung kompaniýalarynyň her biriniň smartfonlary üç aýlyk hasabat döwründe umumy smartfon satuwynyň 20%-ini emele getiren ilkinji onlukda bäş orun aldy
Samsung CES 2026 sergisinden öň The First Look tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer
09.12.2025 21:12
1.2k+

Samsung CES 2026 sergisinden öň The First Look tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer

Samsung kompaniýasy CES 2026 halkara sergisi başlamazdan öň, 4-nji ýanwarda Las-Wegasda The First Look ýyllyk çäresini geçirer. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň hojalyk elektronikasynda esasy innowasiýalary, şol sanda täze telewizorlar we beýleki önümler üçin täzelenmeler görkeziler diýlip garaşylýar
Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi
06.12.2025 09:57
4.4k+

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy
Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär
05.12.2025 11:31
5.9k+

Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär

Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi
Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny hödürledi
02.12.2025 16:52
6.9k+

Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny hödürledi

Samsung resmi taýdan üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfon-transformerini hödürledi. Ol eplenýän Galaxy smartfonlaryň arasynda iň uly ekrana, şeýle-de oýlanyşykly programma çözgütlerine we flagman aýratynlyklara eýe boldy
Apple 14 ýylda ilkinji gezek smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçer
29.11.2025 21:14
4.7k+

Apple 14 ýylda ilkinji gezek smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçer

Apple şu ýyl 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýyllyk smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçip biler. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň çaklamasyna salgylanyp, CNBC habar berýär. Analitikler şeýle ösüşi iPhone 17 hatarynyň üstünlikli bolmagy we pandemiýadan soň smartfonlaryň işjeň ýagdaýda täzelenmegi bilen baglanyşdyrýar
Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy
19.11.2025 12:27
1.5k+

Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy

Samsung sentýabr aýynda satuwa çykarylan has amatly bahaly Galaxy Tab A11-iň kämilleşdirilen görnüşi bolan täze Galaxy Tab A11+ planşetini çykardy. Modele has çalt prosessor, ulaldylan ýat we goşmaça funksiýalar goşuldy
Samsung EA-ny çagyrmak düwmesi bilen “akylly” klawiaturany hödürledi
19.11.2025 10:19
1.2k+

Samsung EA-ny çagyrmak düwmesi bilen “akylly” klawiaturany hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy enjamlary – smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin simsiz “akylly” klawiaturany çykardy. Samsung Smart Keyboard aýratyn sanly blogy bolmadyk we birikmek üçin Bluetooth ulanýan ykjam QWERTY klawiaturasydyr