Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Serdar Berdimuhamedow
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Serdar Berdimuhamedow
27.12.2025 11:14
24k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi
26-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi
26.12.2025 22:50
24k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi
2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde täze ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklady
26.12.2025 09:31
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň raýatlarynyň ýene bir toparyny Bitaraplygyň ýubileý medallary bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň bir toparyny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
26.12.2025 09:25
5.9k+
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleriniň ilçilerini Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
23.12.2025 12:54
14k+
Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
22.12.2025 22:51
11k+
Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
22.12.2025 22:24
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi
22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi
22.12.2025 11:30
16k+
Serdar Berdimuhamedow Dubaýda boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal alan türgene pul baýragyny berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowy pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy
21.12.2025 23:59
8k+
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy
Şu gün, 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen bardy
21.12.2025 12:36
2.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny tamamlady
20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Tokio şäheriniň Haneda halkara howa menzilinden ýurdumyza ugrady. Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy
21.12.2025 12:25
3.4k+
Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi
20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitinde eden çykyşynda birnäçe möhüm teklipleri beýan etdi. Hususan-da, döwlet Baştutany öz çykyşynda Türkmenistanyň
20.12.2025 12:09
3.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy
Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi
20.12.2025 11:12
6.6k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» altytaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün, 20-nji dekabrda Tokioda «Hotel New Otani Tokyo» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi
20.12.2025 10:51
10k+
Serdar Berdimuhamedowyň ýaponiýaly işewürler bilen duşuşygyndan soň 11 resminama gol çekildi
19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi
19.12.2025 14:40
3.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti ýaponiýaly işewürleri täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy
19-njy dekabrda Tokioda «Palace Hotel Tokyo» myhmanhanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär
19.12.2025 14:33
3.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Tokioda ýapon Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokio iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi
19.12.2025 13:38
7.3k+
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy
Şu gün, 19-njy dekabrda Tokio iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany gepleşikleriň
18.12.2025 11:06
1.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda
18.12.2025 09:56
12k+
Serdar Berdimuhamedow 10 sany ýaş aýdymçyny Bitaraplygyň ýubileý nyşanlary bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara çekdi. Kararda bellenilişi ýaly, sylaglar ýurdumyzda
18.12.2025 09:35
9.9k+
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy
17-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
16.12.2025 16:39
1.9k+
Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen
16.12.2025 16:28
3.3k+
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanynyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi
16.12.2025 10:31
23k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplygyň ýubileý medaly bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
15.12.2025 23:17
32k+
Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy
15.12.2025 23:00
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylara we talyplara pul baýragyny berdi
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy
15.12.2025 11:20
1.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan
15.12.2025 11:11
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitçileri, gazçylary we geologlary Türkmenistanda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen gutlady
13.12.2025 17:03
5.8k+
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy
13.12.2025 16:57
9k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medallary we nyşanlary bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
13.12.2025 15:04
11k+
Türkmenistan Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyşynda belledi
13.12.2025 15:00
8.6k+
Serdar Berdimuhamedow: Bitaraplyk üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän janly döredijilik ýagdaýy
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Maslahatlar merkezinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyş etdi
13.12.2025 12:46
4.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
13.12.2025 12:37
8k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmana Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi
13.12.2025 12:31
12k+
Aşgabatdaky forumyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen duşuşygy geçirildi
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
13.12.2025 02:33
6.5k+
Özbegistan Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýar
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumda çykyş etdi
13.12.2025 01:32
4.1k+
Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär
Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi
13.12.2025 01:16
4.5k+
Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady
13.12.2025 01:06
2.9k+
Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy
Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy
13.12.2025 00:59
3k+
Tokaýew Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Ýewraziýada durnukly ösüşe goşandyny belledi
Hemişelik oňyn bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirdi, ýurdumyzyň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy
13.12.2025 00:31
4.9k+
Eýranyň Prezidenti sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi
12-nji dekabrda Aşgabatda Maslahatlar merkezinde geçirilen Halkara forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi. Masud Pezeşkian bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi
«
1
…
5
6
7
…
88
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
…
88
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.