Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Serdar Berdimuhamedow
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Serdar Berdimuhamedow
13.12.2025 00:19
11k+
Wladimir Putin Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, ony goldady
Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitledi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan hem-de abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady
13.12.2025 00:04
5.8k+
Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldaýar – Rejep Taýyp Ärdogan
Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň iň bir çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda aýtdy
12.12.2025 15:01
10k+
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär
Şu gün, 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar
12.12.2025 11:57
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
12.12.2025 11:09
3.2k+
Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Sadyr Žaparow halkara
12.12.2025 11:01
2.5k+
Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy
12.12.2025 10:56
2.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy
12.12.2025 09:45
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen gutlady
Şu gün - 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady
12.12.2025 01:44
5.5k+
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar
12.12.2025 01:31
3.7k+
Serdar Berdimuhamedow Yragyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär
12.12.2025 01:24
4.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” we “Daewoo” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co
11.12.2025 10:03
5.7k+
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän sergi 11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder
08.12.2025 14:29
7.9k+
DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
08.12.2025 13:52
10k+
Serdar Berdimuhamedow Hökümet ýolbaşçylaryny we diplomatlary ýubileý medaly bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny
08.12.2025 13:36
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
08.12.2025 13:30
6.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gulluklary maliýeleşdirmek hakynda karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara gol çekdi. Bu resminama Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi
07.12.2025 13:21
15k+
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi
07.12.2025 13:04
16k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi
07.12.2025 12:56
14k+
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen
06.12.2025 16:30
5.4k+
Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly
06.12.2025 16:27
1.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
06.12.2025 00:23
24k+
Türkmenistanda dekabryň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli töleniler
Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy
06.12.2025 00:07
26k+
Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11 – 12 - 13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu karara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
04.12.2025 11:38
23k+
Serdar Berdimuhamedow etrap prokuraturalarynda wezipe üýtgeşmelerini geçirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda resminamalara gol çekdi. Resminama
04.12.2025 11:16
12k+
Türkmenistanda kazyýet edaralarynda wezipe üýtgeşmeleri geçirildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda: Döwran Gurbanow Aşgabat
04.12.2025 10:58
15k+
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň prokurorlaryny wezipä bellemek we boşatmak hakynda Permana gol çekdi
3-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda: ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Didar Suhanberdiýewiç
04.12.2025 07:01
15k+
Serdar Berdimuhamedow on bir aýyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy
03.12.2025 10:07
12k+
Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
03.12.2025 09:43
14k+
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy
02.12.2025 11:57
3.8k+
Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana
02.12.2025 11:50
17k+
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
02.12.2025 11:39
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
02.12.2025 11:28
11k+
Serdar Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady pugtalandyrmak boýunça işler bilen tanyşdy
1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy
02.12.2025 10:55
15k+
Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi
1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Döwlet Baştutany Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň edara binasyna, onuň sanly bölümine baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy
02.12.2025 09:47
7.1k+
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy
01.12.2025 11:13
11k+
Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri halkara çärelerini geçirmek hakynda resminamalara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriniň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek hakynda kararlara gol çekdi diýip, TDH habar berýär. Resminamalaryň birinjisi Daşary
01.12.2025 11:07
2.2k+
Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidentine gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor Dana we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikuşor Dana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi
29.11.2025 18:09
7.7k+
Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulagy pudagynyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri makullady
28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
29.11.2025 10:16
2.2k+
ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy
2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça jemi 16 sany resminamanyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy
29.11.2025 10:04
9.8k+
Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi aýdyldy
28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-preýmer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň Tertibi barada hasabat berdi
«
1
…
6
7
8
…
88
»
«
1
…
3
4
5
6
7
8
9
10
11
…
88
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.