kosmos

Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar
26.02.2026 12:40
6.2k+

Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar

Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi
Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»
23.02.2026 14:41
3.5k+

Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir
Alymlar Günüň ýüzünde tegmil tapanoklar: 2021-nji ýyldan bäri birinji gezek
23.02.2026 02:55
6k+

Alymlar Günüň ýüzünde tegmil tapanoklar: 2021-nji ýyldan bäri birinji gezek

Häzirki wagtda Günüň Ýere öwrülen tarapynda hiç hili tegmil görünmeýär diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy habar berdi. «Häzirki pursatda Günüň ýüzünde hatda iň kiçijik tegmil hem görünmeýär
Aýa dolanmak kyn boldy: NASA Artemis II Aý missiýasyny ýene yza süýşürýär
22.02.2026 16:59
2.8k+

Aýa dolanmak kyn boldy: NASA Artemis II Aý missiýasyny ýene yza süýşürýär

NASA-nyň Artemis II aý missiýasynyň 6-njy marta meýilleşdirilen uçuşy tehniki näsazlyklar sebäpli yza süýşürilýär. Nobatdaky barlag wagtynda SLS raketasynyň ikinji basgançagynyň hereketlendiriji desgasynda geliý akymynyň bozulmagy ýüze çykaryldy
NASA Aýa uçjak missiýasynyň ýangyç guýmak synaglaryny şowly diýip tassyklady we uçuşy mart aýyna meýilleşdirdi
21.02.2026 18:05
2.3k+

NASA Aýa uçjak missiýasynyň ýangyç guýmak synaglaryny şowly diýip tassyklady we uçuşy mart aýyna meýilleşdirdi

NASA Space Launch System (SLS) agyr göteriji raketasyny ýangyç bilen doldurmak boýunça gaýtadan geçirilen doly göwrümli synagyň üstünlikli tamamlanandygyny resmi taýdan tassyklady we taryhy Artemis II missiýasyny taýýarlamagyň jemleýji tapgyryna girişdi
Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady
19.02.2026 09:05
2.1k+

Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady

Marsyň ýüzünde geçirilen barlaglar milliardlarça ýyl ozal bu planetanyň öň çaklanylyşy ýaly buz bilen örtülmän, gaýta maýyl we çygly bolandygyny görkezdi. Munuň özi «Nuh eýýamy» diýlip atlandyrylýan döwürde (takmynan 4,1–3,7 mlrd ýyl ozal) Marsda äpet suw howdanlarynyň we derýalaryň bolandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär
Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar
18.02.2026 15:45
4.1k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar

Özbegistan 2028-nji ýylda 6U görnüşli ilkinji ylmy hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu hemra türki halklaryň görnükli astronomy, matematigi, akyldary we şahyry Mirzo Ulugbegiň hormatyna atlandyrylar. Şeýle hem Respublikada ýurduň ilkinji kosmonawtyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar
Taýkonawtlar orbitada Hytaý Täze ýyly mynasybetli tort bişirdi
17.02.2026 16:55
2.4k+

Taýkonawtlar orbitada Hytaý Täze ýyly mynasybetli tort bişirdi

Hytaýda millionlarça maşgala Bahar baýramyny öýlerinde belleýän wagty, üç sany taýkonawt Hytaýyň aý senenamasy boýunça Täze ýyly Ýerden, takmynan, 400 kilometr belentlikde garşylaýar diýip, Xinhua agentligi habar berýär
Ýyldyz ýuwdan gara girdap öňküden güýçlendi we 50 esse ýiti ýanyp başlady
16.02.2026 18:08
6.8k+

Ýyldyz ýuwdan gara girdap öňküden güýçlendi we 50 esse ýiti ýanyp başlady

Oregon uniwersitetiniň professory Iwett Sendesiň ýolbaşçylygyndaky astronomlar topary AT2018hyz diýlip atlandyrylýan sowulma güýji arkaly dargama ýagdaýyndan gelýän radioşöhlelenmäniň birden artandygyny hasaba aldylar
Indi kosmosda ýangyç guýmak mesele däl: Spaceium bu ugurda üstünlikli synag geçirdi
16.02.2026 03:49
2.5k+

Indi kosmosda ýangyç guýmak mesele däl: Spaceium bu ugurda üstünlikli synag geçirdi

Emeli hemralara ýangyç guýmak we olary abatlamak üçin orbital beketleriň ulgamyny işläp düzýän Spaceium startapy özüniň esasy tehnologiýasyny üstünlikli synagdan geçirdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda kompaniýa SpaceX Transporter-15 missiýasynyň düzüminde robotlaşdyrylan hereketlendiriji mehanizmi älem giňişligine çykarypdy
Fransuz alymlary 10 günläp ýatmaga razy bolanlara 5000 ýewro töleýär
13.02.2026 19:35
18k+

Fransuz alymlary 10 günläp ýatmaga razy bolanlara 5000 ýewro töleýär

Tuluzadaky Kosmos medisinasyny we fiziologiýasyny öwreniş instituty geljekki kosmos uçuşlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, açlyk we ýatmak düzgünini barlamak üçin meýletinçileri gözleýär. Barlaga sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän 20–40 ýaş aralygyndaky erkek adamlar çagyrylýar
Wenerada ägirt uly lawa tuneliniň alamatlary ýüze çykaryldy
13.02.2026 13:45
2.1k+

Wenerada ägirt uly lawa tuneliniň alamatlary ýüze çykaryldy

Trento uniwersitetiniň alymy Lorenso Brussoneniň ýolbaşçylygyndaky halkara gözlegçiler topary Wenera planetasynda örän uly ýerasty lawa tuneliniň bardygyny subut etdiler. Bu açyşa NASA-nyň mundan 35 ýyl ozal planetada işlän «Magellan» missiýasynyň radiolokasion maglumatlarynyň gaýtadan seljerilmegi esas boldy
Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi
13.02.2026 10:25
1.5k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat
14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer
13.02.2026 07:34
6.5k+

14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär
Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi
11.02.2026 14:40
9.3k+

Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi

Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi
Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar
10.02.2026 11:20
9.6k+

Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär
66 sany güýçli partlama: Günüň ýüzündäki bir işjeň sebit XXI asyryň rekordyny täzeledi
10.02.2026 00:37
4.1k+

66 sany güýçli partlama: Günüň ýüzündäki bir işjeň sebit XXI asyryň rekordyny täzeledi

Ýerden göni synlap bolýan 4366-njy işjeň sebit Gündäki güýçli partlamalaryň sany boýunça XXI asyryň täze rekordyny goýdy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň (İKI RAN) Gün astronomiýasy laboratoriýasyna salgylanýan TASS habar berýär
«Jeýms Webb» teleskopy iň uzakdaky «MoM-z14» galaktikasyny surata düşürdi
09.02.2026 00:09
2.2k+

«Jeýms Webb» teleskopy iň uzakdaky «MoM-z14» galaktikasyny surata düşürdi

Astronomlar «Jeýms Webb» kosmos teleskopunyň kömegi bilen häzirki wagtda mälim bolan galaktikalaryň iň uzakdakysyny tapdylar. «MoM-z14» diýlip atlandyrylýan bu galaktikanyň şuglasynyň Ýer şaryna ýetmegi üçin takmynan 13,5 milliard ýyllyk ýol gerek bolýar
Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi
08.02.2026 10:23
2.4k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi
NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi
07.02.2026 14:13
2.2k+

NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi

NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi
Hytaý kosmos bilen Ýeriň arasynda maglumat alyşmakda täze rekord goýdy: sekuntda 120 gigabit
06.02.2026 09:06
2.6k+

Hytaý kosmos bilen Ýeriň arasynda maglumat alyşmakda täze rekord goýdy: sekuntda 120 gigabit

Hytaýly hünärmenler kosmos bilen Ýeriň arasynda lazer şöhlesi arkaly maglumat geçirmek boýunça nobatdaky synagy üstünlikli tamamladylar. Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Aerokosmos maglumatlary instituty (AIR) maglumat geçirmegiň tizliginiň sekuntda 120 gigabite (Gbps) ýetendigini mälim etdi
Üns hem beremzok: älem Ýere her gün tonnalap asman jisimlerini «sepeleýär»
06.02.2026 07:37
5.4k+

Üns hem beremzok: älem Ýere her gün tonnalap asman jisimlerini «sepeleýär»

Her gün Ýere tonnalarça kosmos tozany — kometalaryň, asteroidleriň we Gün ulgamynyň gadymy materiallarynyň ownujak galyndylary «dökülýär». Alymlaryň çaklamalaryna görä, atmosfera her gün şeýle tozanyň 40–100 tonnasy ýaýraýar, şonuň 14–60 tonnasy bolsa Ýeriň üstüne çökýär
Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy
05.02.2026 02:03
3.2k+

Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy

Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiter soňky 50 ýylyň dowamynda kabul edilen ölçeglerinden birneme kiçi we polýuslarda has gysby bolup çykdy. Bu netijä Ysraýylyň Weýsman ylmy instituty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara alymlar topary NASA-nyň Juno zondundan alnan maglumatlary seljermek arkaly geldiler
50 ýyl garaşyldy, ýene bir aý sabyr ediň: Aýa ekipažly uçuş eglenýär
04.02.2026 16:02
5.4k+

50 ýyl garaşyldy, ýene bir aý sabyr ediň: Aýa ekipažly uçuş eglenýär

NASA agentligi Aýa ekipažly Artemis II missiýasynyň uçuş wagtyny fewral aýyndan mart aýyna geçirdi. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy Jared Aýzekman uçuşyň baş taýýarlyk işleriniň netijeleri boýunça habar berdi. «Şu gün uçuşyň baş taýýarlyk işleri tamamlandy we biz fewraldaky uçuşy marta geçirýäris
Gün sowaşýar: onuň işjeňligi 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejesinden 2–3 esse peseldi
04.02.2026 11:00
6k+

Gün sowaşýar: onuň işjeňligi 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejesinden 2–3 esse peseldi

Günüň işjeňligi durnukly peselme tapgyryna geçdi. Häzirki işjeňlik döwrüniň iň ýokary nokady 2024-nji ýylda doly geçildi diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary instituty habar berýär. Berilýän maglumatlardan çen tutsaň, ýakyn ýyllarda görkezijiler geçilen ýokary derejelerine gaýdyp gelmez
28-nji fewralda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera bir hatara düzüler
04.02.2026 09:08
3.1k+

28-nji fewralda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera bir hatara düzüler

28-nji fewralda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera planetalarynyň gatnaşmagynda «planetalaryň kiçi ýörişi» bolar. Bu barada TASS habar berýär. Şol gün asman jisimleri asmanyň 20 graduslyk dar bir böleginde ýerleşer we jemlener
Mikroblar kosmosda adatdan daşary güýje eýe bolýar
03.02.2026 23:56
3.3k+

Mikroblar kosmosda adatdan daşary güýje eýe bolýar

Halkara kosmos stansiýasyndaky (HKS) mikrograwitasiýa şertlerinde inkubasiýadan geçen bakteriofaglar, peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna sebäp bolýan Ýerdäki bakteriýalary ýok etmek ukybyna eýe boldular. Bu baradaky ylmy iş PLOS Biology žurnalynda çap edildi
Perseverance Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýakanyň yzlaryny tapdy
03.02.2026 11:54
2.3k+

Perseverance Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýakanyň yzlaryny tapdy

Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýaka zolagynyň bardygyny tassyklaýan subutnamalar tapyldy. Bu bolsa planetanyň geçmişde dykyz atmosferasynyň bolandygyny görkezýär. Bu barada Londonyň Imperial kollejiniň alymlary habar berýärler
Astronomlar emeli aňyň kömegi bilen «Habbl»-yň suratlaryndan 1400-e golaý anomal şekilleri tapdylar
02.02.2026 20:38
3k+

Astronomlar emeli aňyň kömegi bilen «Habbl»-yň suratlaryndan 1400-e golaý anomal şekilleri tapdylar

Emeli aň älemiň sahypalaryny «waraklap», onlarça ýyllap adamlaryň gözünden sypan täsinlikleriň üstünden bardy. Astronomlar «Habbl» kosmos teleskopunyň arhiwine «AnomalyMatch» atly EA guralyny birikdirdiler. Tejribe tiz wagtda garaşylýan netijäni berdi: algoritm 1400-e golaý anomal obýekti ýüze çykardy
Emeli aň Marsa baryp ýetdi: NASA ilkinji gezek Perseverance marsahodynyň nawigasiýasynda emeli aň ulandy
02.02.2026 12:09
1.8k+

Emeli aň Marsa baryp ýetdi: NASA ilkinji gezek Perseverance marsahodynyň nawigasiýasynda emeli aň ulandy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Perseverance marsahody Ýezero kraterinde Anthropic kompaniýasynyň Claude uly dil modeli tarapyndan düzülen ugur boýunça takmynan 400 metr ýol geçdi diýip, NASA habar berýär. Bu waka agentligiň planetara roweriniň nawigasiýasy üçin emeli aňyň ulanylan ilkinji ýagdaýy boldy
ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi
31.01.2026 16:33
3k+

ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi

Brýusselde geçirilen Ýewropa kosmos maslahatynda Meteosat hemrasynyň üçünji nesline degişli bolan MTG-S (Sounder) hemrasyndan alnan ilkinji suratlar jemgyýetçilige hödürlendi. Bu suratlar missiýanyň atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnamak ukybyny subut edýär
Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
31.01.2026 14:33
7.9k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär
Ýerden 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş üçin ýaramly planeta tapyldy
31.01.2026 11:10
5.8k+

Ýerden 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş üçin ýaramly planeta tapyldy

Halkara astronomlar topary ýaşaýyş üçin ýaramly bolmagy mümkin bolan täze bir planetany ýüze çykardylar. Ol Ýer şaryndan takmynan 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bu açyş barada The Guardian neşiri Astrophysical Journal Letters žurnalynda çap edilen barlaga salgylanyp habar berýär
Aýdan alnan topragyň seljermesi Ýerde suwuň gelip çykyşy baradaky düşünjeleri üýtgedýär
30.01.2026 20:13
4.1k+

Aýdan alnan topragyň seljermesi Ýerde suwuň gelip çykyşy baradaky düşünjeleri üýtgedýär

Aý topragynyň (regolitiň) seljermesi Ýerdäki suwuň esasy böleginiň daşarky kosmosdan gelmedik bolmagynyň mümkindigini görkezdi. Şeýle netijä takmynan 50 ýyl mundan ozal “Apollo” missiýalary tarapyndan getirilen nusgalary täzeden öwrenen amerikan alymlar geldiler
Jeýms Webb garaňky materiýanyň iň takyk kartasyny döretdi
30.01.2026 03:49
1.3k+

Jeýms Webb garaňky materiýanyň iň takyk kartasyny döretdi

Jeýms Webb kosmos teleskopunyň maglumatlaryny işleýän alymlar garaňky materiýanyň şu güne çenli döredilen iň takyk kartalarynyň birini düzdiler. Gözlegiň netijeleri Nature Astronomy žurnalynda çap edildi. Täze karta — yşyk saçmaýan we görünmeýän maddyýet bolan garaňky materiýanyň adaty maddyýet bilen nähili baglanyşyklydygyny we  älemiň «kosmos karkasyny» (gurluşyny) nähili emele getirýändigini görkezýär
Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi
29.01.2026 07:04
2.2k+

Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi

Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy
Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar
28.01.2026 16:58
6.3k+

Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär. Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi
Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär
28.01.2026 16:25
4.9k+

Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär

2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär
Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar
28.01.2026 14:31
2.6k+

Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar

Alymlar Marsyň demirgazyk ýarym şarynda gadymy ummanyň kenar ýakasyny ýatladýan derýa hanalaryna meňzeş gurluşlary tapdylar. Bu barada Live Science neşiri habar berýär. Bern uniwersitetiniň hünärmenleri «ExoMars Trace Gas Orbiter», «Mars Express» we «Mars Reconnaissance Orbiter» orbita apparatlarynyň kameralarynyň kömegi bilen Mariner jülgesini içgin öwrendiler
Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?
26.01.2026 15:29
7.7k+

Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar