Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
syýahatçylyk
Baş sahypa
/
Habarlar
/
syýahatçylyk
01.05.2026 15:59
4.7k+
Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy
Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
28.04.2026 07:10
5.1k+
"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi
Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million...
26.04.2026 21:03
5.7k+
Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy
Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy.
25.04.2026 12:45
4.3k+
Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar
2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni...
24.04.2026 10:18
5.7k+
Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady
Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş...
23.04.2026 18:16
8.5k+
Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi
Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder.
22.04.2026 16:29
7.6k+
Çehiýada altyn hazyna tapan syýahatçylara uly pul sylagy berler
Çehiýada altyn teňňelerden we gymmat bahaly şaý-seplerden ybarat hazynany tapan iki syýahatçy, takmynan 11,7 million kron (563 müň dollara golaý) möçberinde pul sylagyny alar. Bu barada Radio Prague habar...
21.04.2026 07:22
7k+
Müsür 27 milliard dollarlyk täze şäher gurmagy meýilleşdirýär
Talaat Moustafa Group kompaniýasy Kairiň golaýynda täze The Spine ("Oňurga") şäherini gurmak üçin 27 milliard dollarlyk taslamany yglan etdi diýip, Bloomberg habar berýär.
20.04.2026 18:05
2.7k+
«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär
Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär.
17.04.2026 10:26
1.2k+
Türkmenistan we «BMG-Syýahatçylyk» hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
15-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «BMG – Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula...
16.04.2026 11:08
2.9k+
Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler
Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha...
16.04.2026 10:56
3.9k+
2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy
Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.
15.04.2026 08:15
1.5k+
Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär
Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni...
14.04.2026 21:49
7.3k+
Daşkentdäki Yslam siwilizasiýasynyň merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi dünýäde «Yslam siwilizasiýasynyň iň uly muzeýi» diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
14.04.2026 14:24
1.7k+
Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» halkara sergisi açyldy
Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna gutlag hatyny ýollady.
05.04.2026 22:37
8.2k+
Gyrgyzystanyň daglarynda bir höwesjeň seýrek duş gelýän garaguşuň höwürtgesini tapdy
Günorta Gyrgyzystanyň daglarynda tebigaty söýüji bir adam seýrek duş gelýän guşuň - garaguşuň höwürtgesini tapdy.
04.04.2026 23:43
6.4k+
Icelandair kompaniýasy Islandiýa syýahat hödürlemek üçin «erbet fotosuratçyny» gözleýär
«Icelandair» awiakompaniýasy bäsleşik yglan etdi. Onuň ýeňijisi Islandiýa 10 gün syýahat etmäge mümkinçilik gazanar. Taslamanyň maksady hatda tejribesiz adamyň hem bu ýurtda gowy suratlary düşürip biljekdigini...
02.04.2026 15:27
4.3k+
Dünýäniň iň meşhur muzeýleri mälim edildi: Luwr enteg-ä eýgerdenok
Parižiň Luwr muzeýi 2025-nji ýylda dünýäniň iň gelim-gidimli muzeýi adyny saklap galdy. Muny «The Art Newspaper» neşiriniň geçiren barlaglarynyň maglumatlary delillendirýär.
31.03.2026 13:58
3.6k+
Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy
Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar...
26.03.2026 13:56
1.8k+
Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda...
21.03.2026 07:40
2k+
Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler
Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi
20.03.2026 18:20
7.8k+
Samarkantda ymam al-Buharynyň toplumy açyldy: indi ol 65 müň zyýaratçyny kabul edip bilýär
Özbegistanyň Samarkant welaýatynda düýpli durkuny täzeleme işlerinden soň, ymam al-Buharynyň täzelenen ýadygärlik toplumy açyldy. Indi bu iri ruhy merkez öňki 12 müň adamyň deregine, her gün 65 müňe çenli zyýaratçyny kabul edip bilýär
12.03.2026 18:24
2k+
Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi
2026-njy ýylda Şnobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşarda geçiriler. Associated Press neşiriniň habar bermegine görä, nobatdaky dabara şu ýylyň sentýabr aýynda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde gurnalar
07.03.2026 20:33
7.1k+
Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy
Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär
07.03.2026 17:52
2.8k+
Brand Finance dünýäniň iň gymmat bank brendleriniň adyny aýtdy
Brand Finance konsalting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat 500 bank brendiniň her ýylky reýtingini hödürledi. Hytaýyň Industrial Commercial Bank of China (ICBC) banky reýtingiň lideri bolmagynda galýar. Bir ýylyň dowamynda bu bankyň brendiniň bahasy 14,9% artyp, 90,8 milliard dollara ýetdi
06.03.2026 20:39
5.6k+
Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy
Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar
24.02.2026 10:08
2.1k+
Fransiýa bir ýylda 102 million syýahatçy kabul edip, öz rekordyny täzeledi
Fransiýa 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän ýurdy derejesini saklap galdy we syýahatçylaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Resmi maglumatlara görä, ýurt bir ýylda 102 million adam kabul edipdir
23.02.2026 20:02
14k+
Hytaýda bir kofehana kert gaýada kofe içmäge çagyrýar: bu ýeri internetde trend boldy
Hytaýyň Fuszýan welaýatynda, deňiz derejesinden has belentde, kert gaýanyň gyrasynda ýerleşýän kofehana Hytaý Täze ýylynyň dynç alyş günlerinde iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde kofe içmek üçin gelýänler ýörite alpinist enjamlaryny geýip, gaýanyň ýüzündäki insiz tagtanyň üstünde oturyp, mawy deňziň görnüşinden lezzet alýarlar
12.02.2026 04:29
6.8k+
Bu kurort şäherlerde syýahatçylaryň sany ýerli ilatdan hem artyk
MoneyTransfers hyzmaty dünýäniň iň gür syýahatçylyk ugurlary baradaky täze barlagyny neşir etdi. Express neşiriniň habar bermegine görä, reýtingde birinji ýeri ortaça bir ýerli ýaşaýja 118 syýahatçy düşýän Tailandyň Phuket adasy eýeledi
09.02.2026 19:57
7.4k+
TimeOut dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasyny saýlady (Duýdurýas! Bu makala agzyňy suwardýar!)
TimeOut neşiri dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasynyň reýtingini hödürledi. Sanaw žurnalyň dürli ýurtlardaky awtorlarynyň we redaktorlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy. Saýlamakda pizzanyň hili we kafeleriň nusgawy reseptlere bolan gatnaşygy göz öňünde tutuldy
09.02.2026 16:11
7.4k+
Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi
Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy. Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär
07.02.2026 14:18
6k+
Luwr imperator zenan Ýewgeniýanyň täjiniň ogurlykdan soňky ýagdaýyny görkezdi
Luwr muzeyi imperator zenan Ýewgeniýanyň täjine ogrulyk wagtynda zeper ýeten bolsa-da, onuň asyl durkunyň bitindigini, şoňa görä-de täji doly dikeldip boljakdygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda jenaýatçy topar muzeýden umumy gymmaty takmynan 88 million ýewro (104 million dollara) barabar bolan gymmatbaha daşlary, şol sanda fransuz monarhlarynyň şaý-seplerini ogurlapdy
07.02.2026 08:38
4.2k+
Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap
BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar
06.02.2026 20:32
6.9k+
Biedep syýahatçylar sebäpli ýapon şäherinde sakura güllese-de festiwal geçirilmez
Ýaponiýanyň Fudzi dagynyň golaýynda ýerleşýän Fudziýosida şäheriniň häkimiýetleri, syýahatçylaryň sanynyň çendenaşa artmagy we olaryň tertipsiz hereketleri sebäpli, sakuranyň güllemegi mynasybetli şu ýylky geçirilmeli festiwaly ýatyrmak barada karara geldiler
04.02.2026 14:55
15k+
Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy
Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy
04.02.2026 12:04
10k+
Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly
Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär. Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar
03.02.2026 21:28
4.7k+
Rimde Trewi çüwdürimine teňňe oklamak tölegli boldy
Rimde Trewi çüwdüriminiň golaýyna barmak üçin töleg girizildi. Indi çüwdürimiň ýakynynda durmak we oňa şaýlyk pul taşlamak isleýän syýahatçylar 2 ýewro tölemeli bolarlar. Şäher häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bu çäre syýahatçylygyň şähere salýan agramyny azaltmaga we taryhy ýadygärligi saklamak üçin serişde toplamaga gönükdirilendir
01.02.2026 15:42
3.7k+
Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça girdejisi rekord derejä ýetdi
2025-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,8% artyp, 65,2 milliard dollara ýetdi. Bu barada Dunya neşiri ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň sözlerine salgylanyp habar berýär
31.01.2026 16:16
7.4k+
Iň datly tagamlary bolan ýurtlaryň sanawy bilen tanyş boluň
World Population Review portaly ýylyň netijeleri boýunça dünýä ýurtlarynyň iň lezzetli we iň datsyz milli aşhanalarynyň reýtingini çap etdi. Bu gezek datly tagamyň muşdaklarynyň sanawynda Gresiýa birinji orna çykdy
28.01.2026 09:41
6.9k+
Dünýäniň iň dykyn içerki howa ýollarynyň kartasy
2025-nji ýylda howa ulaglaryndan peýdalanan ýolagçylaryň sanynyň takmynan bäş milliard adama ýetendigi çaklanýar. Awiakompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa, garaşylyşy ýaly, 1 trillion dollardan geçdi. Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji boldy
«
1
2
3
…
17
»
«
1
2
3
4
5
6
…
17
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.