Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýahatçylyk
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýahatçylyk
05.10.2025 12:36
5.5k+
BAE syýahatçylar, IT hünärmenleri we çäre myhmanlary üçin täze wiza kategoriýalaryny girizdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň häkimiýeti täze wiza kategoriýalaryny girizdi we bar bolanlaryň şertlerini täzeledi. Bu barada Şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy meseleleri boýunça federal edara salgylanyp, Gulf News habar berýär
30.09.2025 17:45
4.7k+
Tatarystanda ýazyjy Tolkiniň äheňinde "hobbitler obasy" gurlar
Kazandan 36 km uzaklykda, Aldermyş obasynyň golaýynda Jon R.R Tolkiniň hyýaly arhitektura dünýäsinden ylhamlanan "hobbit obasy" gurlar. Ol Tengre eko-toplumynyň bir bölegi bolar diýip, “Tatar Inform” neşiri habar berýär
30.09.2025 09:59
5.5k+
Türkmenistan Duşenbede «DITE-2025» sergisinde syýahatçylyk mümkinçiligini görkezdi
18–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «DITE-2025» halkara syýahatçylyk sergisi (Dushanbe International Tourism Exhibition) geçirildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk şereketleri bu sergide ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi
30.09.2025 09:37
9.7k+
Haýsy şäherlerde bir otagly öýi kärendesine almak has gymmat: dünýä paýtagtlarynyň reýtingi
RIA Nowosti agentliginiň analitikleri açyk maglumatlaryň esasynda dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň paýtagtlarynda bir otagly öýi kärendesine almagyň bahasyny hasaplady. Hasaplamalara görä, ýaşaýyş jaýy Londonda we Singapurda has gymmata düşýär – aýda 2,7 müň dollardan gowrak
28.09.2025 23:53
13k+
Dubaýda 76-njy gatda panoramaly howuzly dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açylar
2025-nji ýylyň noýabrynda Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy bolan Ciel Dubai Marina açylar. Boýy 377 metr bolan bina tutuşlygyna myhmanhana we geljegiň şäheriniň ýene bir nyşanyna öwrüler. 82 gatly myhmanhana Vignette от IHG kolleksiýasynyň bir bölegidir
25.09.2025 14:37
12k+
1-nji oktýabrdan Aşgabat-Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň sany günde iki gezege çenli azaldylar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sanyny günde üç gezekden iki gezege çenli azaldar. Täzelenen tertip awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi
25.09.2025 14:05
6.4k+
Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika
Howa gatnawlary global aragatnaşykda möhüm orun eýeläp, yklymlaryň arasynda söwdany, syýahatçylygy we medeni alyş-çalşygy üpjün edýär. MAG-yň Bütindünýä maglumat kitapçasynyň (The World Factbook) maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan infografikada häzirki günde dünýäniň dürli ýurtlarynda näçe howa menziliniň we aerodromlaryň bardygy görkezilýär
22.09.2025 00:31
5.1k+
Lissabon bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar
BookRetreats syýahatçylyk gullugy bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawyny çap etdi. TimeOut neşiriniň habar bermegine görä, sanawda Lissabon birinji orunda durýar. Hünärmenler “Dynç alyşda bagtyň indeksi” düzülende dünýäniň 47 şäherine bäş ölçeg: Gün şöhlesiniň mukdary, ukynyň hili, sagdyn iýmitiň bolmagy, tebigata golaýlyk we beden maşklary üçin şertleriň bolmagy esasynda baha berdiler
22.09.2025 00:23
9.6k+
Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar
Şu ýylyň dekabrynda Hytaýyň China Eastern Airlines awiakompaniýasy Şanhaý bilen Buenos-Aýresiň (Argentina) arasynda täze gatnaw ugruny açar. Bu dünýädäki iň uzak göni uçuş bolar diýip, China Daily ýazýar. Bu ýoluň uzynlygy 19 631 kilometre barabar bolar
18.09.2025 13:59
8.6k+
Halkara syýahatçylygy ösýär: ýarym ýylda takmynan 690 million syýahat saparlary amala aşyryldy
BMG-niň ýanyndaky Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (UN Tourism) tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda syýahat maksatly gezelençleriň sany takmynan 690 milliona ýetip, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5% artdy
18.09.2025 11:09
12k+
ABŞ Green Card lotereýasyna tabşyrýanlaryň her birinden 1 dollardan alyp başlar
ABŞ-nyň Döwlet departamenti ABŞ-da ýaşamak üçin ýaşaýyş ýeriniň görnüşine (Green Card / Diversity Immigrant Visa) eýe bolmak boýunça lotereýa gatnaşmak üçin $1 möçberinde hasaba alyş tölegini girizdi. Töleg arza tabşyrylanda hökümetiň ygtyýarly töleg portaly arkaly onlaýn görnüşde alynýar
15.09.2025 18:46
26k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren içerki uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibini çap etdi. Täze tertibe görä, awiakompaniýa Aşgabat - Daşoguz, Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Türkmenbaşy we Aşgabat - Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlary ýerine ýetirýär
12.09.2025 18:26
8.3k+
Finlýandiýada ömrüň has uzak dowam edýän sebiti tapyldy
Finlýandiýanyň günbataryndaky şwed dilli Ostrobotniýa sebitinde ortaça ömür dowamlylygy 83,1 ýaşa ýetýär, bu bolsa ýurduň umumymilli görkezijisinden (81,6 ýaş) ýokary we dünýädäki ortaça derejeden (73,1 ýaş) has ýokarydyr
11.09.2025 06:40
7.5k+
ABŞ immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary almagyň düzgünlerini güýçlendirdi
ABŞ-nyň häkimiýetleri daşary ýurtly raýatlar üçin immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary, şol sanda B1/B2 syýahatçylyk wizalaryny almagyň düzgünlerini güýçlendirdi. Indi resminamalary diňe öz raýatlygyň degişli bolan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýurduňda tabşyryp bolýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berdi
03.09.2025 17:08
14k+
Iň gymmat ýaşaýyş jaýlary bolan şäherleriň sanawy düzüldi
Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy bütin dünýäde ýokarlanýar, ýöne käbir şäherlerde bu ösüş aýratyn göze ilýär. Esasy sebäbi - boş ýeriň ýetmezçiligi hem-de öýlere we jaýlara bolan islegiň ýokary bolmagy. Birnäçe megapolislerde ýaşaýyş jaýynyň ortaça bahasy maşgalanyň ýyllyk girdejisinden 10, 12 we hatda 14 esse ýokarydyr
03.09.2025 11:59
7.4k+
Edinburgly doganlar 139 günde Ýuwaş ummanyny kürekli gaýykda ýüzüp geçip rekord goýdular
Edinburgly üç dogan Jeými, Ýuen we Lahlan Makleýnler Ýuwaş ummanyndan kürekli gaýykda ýüzüp geçmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdular. BBC-niň habar bermegine görä, olar Peruwyň kenaryndan Awstraliýa çenli 14 848 kilometr aralygy 139 gün, 5 sagat 52 minutda ýüzüp geçdiler
01.09.2025 00:32
2.7k+
Osakada EKSPO-2025-de Türkmenistanyň Milli pawilýonynda syýahatçylyga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
29-njy awgustda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi
27.08.2025 16:14
15k+
ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli guruljak geljegiň şäheriniň - Telosanyň render suratlary görkezildi
Daniýaly arhitektor Býarke Ingels hem-de onuň BIG studiýasy täze şäher — Telosanyň ilkinji şekillerini görkezdiler. Bu megapolisi gurmak pikiri amerikaly milliarder Mark Loranyň taslamasydyr. Täze şäher ABŞ-nyň Newada ştatynyň çölünde dolulygyna noldan gurlar
24.08.2025 17:46
7.8k+
Bvlgari 2030-njy ýyla çenli Abu-Dabide täze kaşaň dynç-alyş toplumyny gurar
Bvlgari Hotels & Resorts Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide täze dynç alyş toplumyny we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada ylalaşyk baglaşdy. Toplumyň açylyşy 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär. Bvlgari Resort & Mansions Abu Dhabi hususy adada ýerleşer
23.08.2025 18:31
9.6k+
Tailand 200 müň syýahatça mugt awiabiletleri paýlamagy meýilleşdirýär
Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrligi daşary ýurtly syýahatçylar üçin mugt içerki uçuş maksatnamasyny teklip etdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 700 mln bat bölüp bermek meýilleşdirilýär diýip, The Economic Times neşiri ýazýar
22.08.2025 19:06
14k+
Döwlet departamenti ABŞ-nyň wizasy bolan 55 mln adamy düzgün bozma barlagyndan geçirer
21-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamenti amerikan wizalary bolan 55 milliondan gowrak daşary ýurtlynyň migrasiýa kanunyň düzgünlerini bozup bilendigini ýa-da ýokdugyny barlar. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär
22.08.2025 19:04
18k+
Türkiýe türkmen raýatlary üçin talyp wizasyny almaga ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp wizasy bilen baglanyşykly ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky Gateway wizalar merkezi mälim etdi. Üýtgetmler 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyndan güýje girýär
22.08.2025 15:27
12k+
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň meşhur ýerleri boýunça täze syýahatçylyk ugry döredildi
Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirýän täze halkalaýyn syýahatçylyk ugry döredildi. Serhetara syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen bu taslama ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 15-den gowrak desgany öz içine alýar
22.08.2025 08:02
3k+
Tailandda syýahatçylar kriptowalýutalaryny milli pullaryna çalşyp bilerler
Tailandyň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylaryň kriptowalýutalaryny bat puluna (taý milli puly) çalşyp, ýurtda syýahat edýän wagty harçlamaga mümkinçilik berjek TouristDigiPay atly täze programmasyny işe girizer diýip, Bloomberg habar berýär
21.08.2025 16:15
5k+
Tokio iş bilen dynç alşy utgaşdyrmak üçin şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi
Ýaponiýanyň paýtagty 2025-nji ýylda uzak aralykdan işi we dynç alşy utgaşdyrmak üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada Şweýsariýanyň International Workplace Group (IWG) kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Anywhere Barometer gözleginde habar berilýär
16.08.2025 23:34
13k+
Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy
Hytaýyň Heçi okrugynda (Guansi-Çžuan awtonom sebiti) 300 metrlik kert gaýada gurlan kitap dükany açyldy. Bu barada News-Asia neşiri ýazýar. Dükan 2025-nji ýylyň maýynda işläp başlady we birnäçe aýyň içinde 100 müňden gowrak myhmany özüne çekdi
16.08.2025 18:15
8.8k+
Türkiýäniň üç sany awiakompaniýasy uçuş wagtynda powerbanklary ulanmagy gadagan etdi
"AJet" türk awiakompaniýasy uçuş wagtynda kuwwaty 100 watt-sagatdan ýokary bolan powerbanklary ulanmagy gadagan etdi. Mundan ozal şeýle çäklendirmeleri Turkish Airlines we Pegasus hem girizipdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär
14.08.2025 16:55
12k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana we Jidda howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan başlap Kazan (Tatarystan Respublikasy, RF) we Jidda (Saud Arabystany) şäherlerine göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi sahypasynda ýerleşdirilen täze tertipde bellenilýär
14.08.2025 16:30
9.7k+
Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär
Türkiýäniň häkimiýetleri azyk galyndylaryny azaltmak üçin ýurduň myhmanhanalarynda “şwed stolundan” ýüz öwürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Sabah neşiri ýazýar. Eger hökümet çäre görse, all inclusive ulgamy à la carte formaty bilen çalşyrylar
13.08.2025 07:45
6.4k+
Halfeti, Angola we Çunsin IATA-nyň wersiýasy boýunça iň üýtgeşik syýahatçylyk ugurlary diýlip bellenildi
Howa ulaglarynyň halkara birleşigi (IATA) 2024-nji ýylyň iň üýtgeşik syýahatçylyk ugurlarynyň sanawyny çap etdi diýip, CNN habar berýär. Şeýle şäherleriň sanawyna Türkiýäniň Halfeti şäheri girdi. Ol bent gurlandan soň bölekleýin suw basan şäher bolup, henizem ilatly bolmagynda galýar
11.08.2025 23:33
10k+
Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany günde 6 gezege çenli artdyryldy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuşlaryň ýygylygyny günde 6 uçuşa çenli artdyrdy. 11-nji awgustdan «Awaza» milli syýahatçylyk merkezinde dynç almak isleýän raýatlaryň barha artýan islegini kanagatlandyrmak üçin Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugrunda goşmaça uçuşlar girizildi diýip, awiakompaniýa habar berýär
11.08.2025 17:27
10k+
11-nji awgustdan Aşgabatdan Türkmenbaşa awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy
«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça hereket edýän awtobus gatnawlarynyň sanyny üçe çenli artdyrdy. Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:00, 10:30, 11:00 ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile 21:00, 21:30, 22:00 barýarlar
10.08.2025 23:32
12k+
Türkmenistan 2025-nji ýylda Russiýa baran syýahatçylaryň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa syýahatçylyk maksady bilen 629 müň daşary ýurt raýaty bardy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu maglumatlar Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasynyň hasabatynda getirilýär
09.08.2025 08:36
10k+
"Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny dikelder
11-nji awgustdan başlap "Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenistana amala aşyrýan uçar gatnawlary Türkmenbaşy şäherine gonarlar. Uçuşlaryň wagtlaýyn geçirilen Balkanabat şäherine soňky gatnaw 9-njy awgustda amala aşyrylar
06.08.2025 17:46
11k+
ABŞ 5 – 15 müň dollar girewine wiza berip başlar
ABŞ her bir arza beriji üçin 5 müň dollardan 15 müň dollara çenli möçberde girewine wiza bermegiň 12 aýlyk synag maksatnamasyny işe girizýär. Ol resminamalarynyň möhletini geçirýän syýahatçylar bilen göreşe gönükdirilendir diýlip, Döwlet departamentiniň federal sanawda hödürlenen resminamasynda aýdylýar
31.07.2025 20:00
13k+
11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar
"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täzelenen tertibini çykardy. Täze tertibe laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça uçar gatnawlary täzeden başlanar
31.07.2025 14:08
5.6k+
Buhara, Kutaisi we Koimbra: The New York Times syýahat üçin iň gowy ýerleri saýlady
The New York Times 2025-nji ýylda baryp görmeli ýerleriň ýyllyk sanawyny hödürledi. Oňa hem işjeň medeni durmuşy bolan şäherler, hem o diýen belli däl ugurlar girdi. Merkezi Aziýa we Kawkaz şäherleriniň arasynda neşir Buharany (Özbegistan) maslahat berýär
30.07.2025 15:05
6.4k+
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine talyplyga kabul edilişik dowam edýär
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi aşakdaky hünärler boýunça talyp bolmaga çagyrýar: Okuwyň möhleti – 2 ýyl: Myhmanhana hyzmatlary Syýahatçylyk hyzmatlary Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
28.07.2025 17:45
13k+
Stambulyň howa menzili Ýewropada iň ýygy gatnawly howa menzil boldy: bir günde 1612 gatnaw
Stambulyň howa menzili Ýewropanyň iň köp gatnawly ýerine öwrüldi. Diňe 7-nji iýuldan 13-nji iýul aralygynda howa menzili her günde ortaça 1612 gatnawy amala aşyrdy. Bu barada Ýewropanyň Howa hereketiniň howpsuzlygy guramasy (EUROCONTROL) tarapyndan neşir edilen "Ýewropa awiasiýa boýunça hasabatda" beýan edilýär
28.07.2025 14:28
18k+
Eýran Maşat-Mary ugry boýunça demir ýol gatnawyny işe girizmek meýilleri barada aýtdy
Eýran üç sany täze halkara demirýol ugruny işe girizmek meýilnamasyny mälim etdi. Olaryň arasynda Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Maşat şäheri bilen Türkmenistanyň Mary şäheriniň arasyndaky gatnaw hem bar. Bu barada Eýranyň Milli demirýol kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory Jabbar Ali Zakeri "Borna news" agentligine habar berdi
«
1
…
3
4
5
…
21
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
…
21
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.