Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Saglyk
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Saglyk
26.09.2025 11:21
3.5k+
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler
Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde 3 sany iri forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar - Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty
25.09.2025 20:32
3k+
Waksina derä sürtülende sanjymdan has täsirli bolýar: syçanlarda synag edildi
Barlagçylar deri çekilende ýerli ýagdaýda waksinanyň ulanmagyň adaty inýeksiýalardan has täsirli işländigini anykladylar. Synaglar syçanlarda geçirildi. Bu barada Londonyň King’s College uniwersitetiniň hem-de Fransiýanyň INSERM — Milli saglyk we lukmançylyk gözleg institutynyň hünärmenleri Cell Reports žurnalynyň sahypalarynda paýlaşdylar
21.09.2025 20:36
2.3k+
IAEA-nyň we BSGG-niň bilermenleri Türkmenistana imPACT missiýasynyň saparyny amala aşyrdylar
8–13-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) hem-de Rak kesellerini öwreniş halkara agentligi (MAIR) tarapyndan gurnalan imPACT syn missiýasy geçirildi
20.09.2025 06:33
2.9k+
Mounjaro derman serişdesi 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalary bejermekde netijeliligini görkezdi
Eli Lilly kompaniýasynyň Mounjaro derman serişdesi (tirzepatid) 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalarda we ýetginjeklerde netijeliligini görkezdi. Ol synaga gatnaşanlara ganyň düzümindäki şekeriň gözegçiligini gowulaşdyrmaga we beden agramynyň indeksini (BAI) azaltmaga kömek etdi diýip, Reuters habar berýär
18.09.2025 13:42
5.9k+
ABŞ-da böwrekdäki daşy aýyrmak bejergisinde ilkinji gezek robotlaşdyrylan Focalist ulgamyny ulandylar
Lukmançylyk tehnologiýalary pudagynda işleýän Mendaera kompaniýasy robotlaşdyrylan göçme Focalist ulgamyny ulanyp, dünýädäki ilkinji operasiýanyň geçirilendigini yglan etdi. Mayo Clinic Arizona-nyň urology Karen Stern ony böwrekdäki uly daşlary bejermegiň adaty görnüşi bolan howply nefrolitotomiýa (PCNL) wagtynda ulandy
15.09.2025 10:38
4.7k+
Hassanyň kesel kesgidi goýlandan soň rahatlanmasyny “Rumpelştilshen täsiri” diýip atlandyrdylar
Lukmanlar gyzykly bir hadysa üns berdiler: käbir hassalar lukmandan keseliniň takyk adyny bilenlerinden soň derrew rahatlyk duýýarlar. Şol sebäpli olaryň saglygy entek bejergä başlanmazdan öň gowlaşyp ugraýar. Amerikaly alymlar bu hadysa doganlar Grimmleriň ertekisindäkä meňzedip “Rumpelştilshen täsiri” diýip at bermegi teklip etdiler
15.09.2025 10:34
6k+
Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler
Daşky gurşawy goraýjylaryň halkara topary arassa tokaýlyklaryň uly meýdany tutýan Amazon sebitlerinde ýangyn bilen baglanyşykly 27 keseliň we zoonoz ýokançlygynyň ep-esli az bolýandygyny anyklady. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) habaryna görä, bu maglumatlar tokaýy çapylan ýerleri dikeltmegiň we agaç çapmagyň çäklendirilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar
12.09.2025 18:14
6.7k+
ÝUNISEF: dünýäde aşa agramly çagalaryň sany 391 milliona ýetdi
Artykmaç agramy bolan 5 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň sany 2000-nji ýyldan bäri iki esse artyp, 391 milliona ýetdi. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) çagalaryň iýmitleniş ýagdaýyna bagyşlanan täze hasabatynda aýdylýar
11.09.2025 21:25
13k+
Rak keselini bejermegiň iki täze usuly onkologiýa çemeleşmäni düýpli özgertmegi wada berýär
Onkologiýada iki täze çemeleşme rak keseliniň bejergisini ep-esli üýtgäp biler. Olar barada The Financial Times gazetinde çap edilen makalada aýdylýar. Birinjisi - radioaktiw izotoplary göni çişlere eltmäge mümkinçilik berýän, Şweýsariýanyň Novartis kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen radioligand bejergisidir
08.09.2025 17:14
2.9k+
BSGG maýmyn mamasy boýunça adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy indi maýmyn mamasynyň ýaýrawyny halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý hökmünde görmeýär. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy. Adatdan daşary ýagdaý režimi bir ýyldan gowrak ozal bu ýokanjyň Afrikada ýaýramagy sebäpli adatdan daşary komitetiň görkezmeleri boýunça girizilipdi
08.09.2025 13:19
2.4k+
Kanada Neuralink beýni çiplerini oturtmak boýunça ABŞ-dan soň ilkinji ýurt boldy
Kanada ABŞ-yň çäginden daşarda Neuralink beýni implantlaryny oturtmak boýunça ilkinji ýurt boldy. Torontodaky uniwersitet hassahanasynda oňurgasy şikes alyp, ysmaz bolan iki näsag pikirleri bilen kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýän implantlary aldy
04.09.2025 12:02
4.6k+
BSGG: depressiýa we was-waslyk her ýyl dünýä ykdysadyýetine $1 trln zyýan ýetirýär
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Häzirki günde global psihiki saglyk” we “Psihiki saglygyň atlasy 2024” hasabatlaryny hödürledi. Olarda bütin dünýäde dürli psihiki bozulmalardan 1 milliarddan gowrak adamyň ejir çekýändigi aýdylýar
03.09.2025 12:21
3.2k+
Gözüň torly perdesiniň barlagy Alsgeýmer keselini alamatlary ýüze çykmazdan on ýyl öň anyklap biler
Jekson barlaghanasynyň alymlary retinanyň gan damarlarynyň üýtgemeginiň Alsgeýmer keseliniň irki alamaty bolup biljekdigini anykladylar. Alymlar işiň dowamynda adamlaryň, takmynan, 40%-de duş gelýän we keseliň döremek howpuny ýokarlandyrýan MTHFR 677C> T genetiki mutasiýaly syçanlary öwrendiler
02.09.2025 14:47
5.8k+
Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri S.Lisowenko we D.Arazow arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda üç görnüşli şypaly melhem taýýarlamak boýunça gözleg işlerini geçirdiler
28.08.2025 06:44
8.5k+
Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy
Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär
22.08.2025 15:19
6k+
Dişleriň sagdyn bolmagy üçin: Russiýada düzüminde probiotikler bolan sakgyç döredildi
Seçenow uniwersitetiniň hünärmenleri probiotiklerden we prebiotiklerden düzülen çeýnelýän sakgyç döretdiler. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze önüme «Reteriks» diýlip at berildi. Onuň maksady – kariýesiň, gingiwitiň we beýleki stomatologik keselleriň töwekgelçiligini azaltmakdyr
22.08.2025 08:21
5.2k+
Russiýaly alymlar pnewmoniýany we meningiti oýaryjyny dargadýan wirusy tapdylar
Sibir Ylymlar akademiýasynyň (SO RAN) Himiýa-biologiýa we fundamental lukmançylyk institutynyň hünärmenleri pnewmoniýa, meningit, sepsis döredýän we köplenç hassahanalarda giňden duş gelýän howply bakteriýany ýok edip bilýän täze wirus-bakteriofagy açdylar diýip, «Nauka v Sibiri» neşiri habar berýär
18.08.2025 10:02
2.6k+
ABŞ-da düzgünleşdiriji dowamly öýken keselini bejermek üçin ilkinji derman serişdesini tassyklady
ABŞ-nyň Azyk önümleriniň hiline we derman serişdelerine gözegilik müdirligi (FDA) Insmed kompaniýasynyň mukowissidozsyz bronhoektazlary bejermek üçin niýetlenen Brinsupri dermanyny tassyklady. Bu dowamly öýken keseli dem alyş ýollarynyň öwezini dolup bolmajak zeperlenmesi, dowamly üsgülewük we nemiň artykmaç bölünip çykmagy bilen utgaşýar diýip, Reuters ýazýar
18.08.2025 08:54
7.5k+
Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
16-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherine baryp gördi
15.08.2025 17:01
8.7k+
Kanadada bir zenanyň göz hanasyna diş oturdyp, görüşini dikeltdiler
Kanadanyň Wankuwer şäherinde oftalmolog Greg Moloni adaty bolmadyk operasiýany etdi. Ol 75 ýaşly Geýl Leýniň göz hanasyna dişi implant etdi we onuň görüşini dikeltdi. Lukmançylykda seýrek duşýän bu prosedura osteo-odontokeratoprotezlemek diýilýär diýip, ýerli CBC radiostansiýasynyň web sahypasy habar berýär
14.08.2025 16:46
3.3k+
ABŞ-da öýkeniň ownuk däl öýjükli rak keseli üçin täze derman serişdesi tassyklandy
ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirligi (FDA) Boehringer Ingelheim kompaniýasynyň öň bejergi alan hassalarda ownuk däl öýjükli rak keselini bejermek üçin niýetlenen Hernexeos dermanyny tassyklady diýip, Reuters agentligi habar berýär
04.08.2025 17:52
8.1k+
Hindistanda näsag bir zenanda ozal näbelli gan topary tapyldy
Hindistanyň Karnataka ştatynyň Kolar etrabynyň 38 ýaşly ýaşaýjysynda gan toparynyň ozal belli bolmadyk antigeniniň bardygy anyklandy. Açyşy lukmanlar ýürek operasiýasyny geçirmäge taýýarlyk görýärkäler ýüze çykardylar diýip, The New Indian Express gazeti habar berýär
30.07.2025 14:49
2.9k+
Şweýsariýada Alsgeýmer keseline garşy dermanyň kliniki synaglary başlaýar
Şweýsariýanyň Roche farmasewtika kompaniýasy Alsgeýmer keseline garşy derman serişdesiniň kliniki synaglarynyň başlandygyny yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň beýanyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi
29.07.2025 13:28
7.7k+
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler
14–28-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetinde önümçilik tejribeligini geçdiler. Hytaý tarapy geljekki türkmen lukmanlary üçin baý okuw we medeni maksatnamany taýýarlady
26.07.2025 16:48
5.5k+
Beýik Britaniýada depressiýaly hassalary futbol bilen “bejererler”
Beýik Britaniýada ýeňil we ortaça depressiýasy bolan hassalara lukmançylyk görkezmesi hökmünde futbol oýunlaryna baryp görmek maslahat berler. Özboluşly başlangyç barada The Independent ýazýar. Taslama Leýboristik partiýadan parlamentiň agzasy Saýmon Ofer we Ecotricity energetika kompaniýasynyň eýesi Deýl Wins tarapyndan işlenip taýýarlandy
24.07.2025 14:28
8.3k+
Superbakteriýalar 2050-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetine ýylda $1,7 trln ýitgi getirip, ölüm derejesini ýokarlandyryp biler
2050-nji ýyla çenli antibiotiklere durnuklylyk (AMR) dünýä ykdysadyýetine ýylda 1,7 trln dollara çenli möçberde zyýan ýetirip, ölüm derejesini ep-esli ýokarlandyryp biler. Şeýle maglumatlary 122 ýurdy gurşap alan Global ösüş merkezi öňe sürýär diýip, The Guardian ýazýar
23.07.2025 07:19
4.6k+
Alymlar dem goýberiş boýunça öýkeniň rak keselini irki döwründe tapmagy öwrenýärler
Kuban döwlet uniwersitetiniň we Krasnodardaky 1-nji ülke kliniki hassahanasynyň barlag institutynyň alymlary dem goýberilende çykýan howanyň düzümini seljermek arkaly öýkeniň rak keselini irki döwründe anyklamagyň usulynyň üstünde işleýärler
23.07.2025 06:54
17k+
Donald Trampa dowamly wena ýetmezçiligi kesel kesgidi goýuldy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampda dowamly wena ýetmezçiligi kesel kesgidi goýuldy. Bu barada Ak tamyň beýanyna salgylanýan Bloomberg habarlar gullugy habar berdi. Metbugat sekretary Kerolaýn Lewittiň sözlerine görä, köpçülik Amerikanyň ýurt baştutanynyň topuklaryndaky çişe we elindäki göge üns berenden soň, 79 ýaşly Prezident lukmançylyk barlagyndan geçdi
23.07.2025 06:28
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy we Saglygy goraýyş ministrligi Ylalaşyga gol çekişdi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy
23.07.2025 06:23
4.6k+
Aşgabatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde»
19.07.2025 12:55
5.9k+
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş işgärlerine sowgatlar gowşurylar
Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
19.07.2025 06:36
9.2k+
Beýik Britaniýada üç adamdan alnan DNK-den sekiz çaga dünýä indi
Beýik Britaniýada nesil yzarlaýan agyr keseliň öňüni almak boýunça synag işleriniň çäklerinde üç adamyň DNK-synden sekiz sagdyn çaga dünýä indi. Lukmançylyk öňegidişligi barada Sky News we The Guardian habar berdi
12.07.2025 08:34
15k+
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi
Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi
11.07.2025 19:08
10k+
Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy
Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar
10.07.2025 11:19
3.8k+
Keniýada kömürturşy gazyny karbonatlara öwürýän agaç tapyldy
Ýewropanyň we Keniýanyň alymlary Gündogar Afrikada ösýän injir agajynyň bir görnüşi bolan Ficus wakefieldii-niň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, onuň toprakda karbonat ýataklary görnüşinde saklamaga ukyplydygyny anykladylar
10.07.2025 11:09
8.6k+
Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar
Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady
10.07.2025 10:58
3.1k+
Samsung saglyk datçikleriniň uly toplumy bilen smart-sagatlarynyň täze hataryny görkezdi
Galaxy Unpacked 2025 çäresinde Samsung kompaniýasy akylly sagatlaryň täze neslini hödürledi – Galaxy Watch8, Watch8 Classic we Watch Ultra (2025). Esasy model Galaxy Watch8 40 mm we 44 mm korpusly wersiýalarda elýeterli bolar
09.07.2025 20:08
2.5k+
Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar
Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň
08.07.2025 17:33
3.6k+
Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar
Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär
08.07.2025 10:34
3.4k+
Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi
Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir
«
1
…
4
5
6
…
36
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
…
36
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.