Laporta saýlawlarda ýeňiş gazanyp, üçünji gezek «Barselonanyň» prezidenti wezipesine saýlandy
16.03.2026 12:06
4.5k+

Laporta saýlawlarda ýeňiş gazanyp, üçünji gezek «Barselonanyň» prezidenti wezipesine saýlandy

​Žoan Laporta «Barselona» klubunyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, geljek bäş ýylyň dowamynda — 2031-nji ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etmegini dowam eder. ​Futbol işewüri özüniň ýeke-täk bäsdeşi bolan telekeçi Wiktor Fontdan öňe saýlandy
Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler
16.03.2026 12:00
1.9k+

Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler

22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar
Ekologlar ummandan 45 million kg-dan gowrak plastik galyndysyny çykardylar
16.03.2026 12:00
5.8k+

Ekologlar ummandan 45 million kg-dan gowrak plastik galyndysyny çykardylar

«The Ocean Cleanup» ekologiýa guramasy ummany arassalamak maksatnamasynyň taryhyndaky iň uly netije barada habar berdi. Taslama gatnaşyjylar şu güne çenli jemi 45 million kilogramdan gowrak plastik galyndysyny suwdan çykardylar
«Bir söweşden soň beýleki» «Oskar — 2026» dabarasynda iň gowy film boldy
16.03.2026 11:24
4.5k+

«Bir söweşden soň beýleki» «Oskar — 2026» dabarasynda iň gowy film boldy

Amerikan režissýory Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi 98-nji «Oskar» gowşurylyş dabarasynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Film «Iň gowy film» kategoriýasynda ýeňiji diýlip ykrar edildi
«Woýajerler» Gün ulgamyndan daşlaşýar, emma wagtlaýynça Ýer bilen ýakynlaşýar: Nädip?
16.03.2026 11:08
1.6k+

«Woýajerler» Gün ulgamyndan daşlaşýar, emma wagtlaýynça Ýer bilen ýakynlaşýar: Nädip?

1970-nji ýyllarda älem giňişligine uçurylan «Woýajer-1» we «Woýajer-2» planetara stansiýalary 40 ýyldan gowrak wagt bäri Gün ulgamyndan daşlaşyp gelýärler. «Woýajer-1» 2012-nji ýylda, «Woýajer-2» bolsa 2018-nji ýylda ýyldyzara giňişlige çykdy
«Bir söweşden soň beýleki» Pol Tomas Andersona karýerasyndaky ilkinji «Oskary» getirdi
16.03.2026 11:02
1.4k+

«Bir söweşden soň beýleki» Pol Tomas Andersona karýerasyndaky ilkinji «Oskary» getirdi

Häzirkizaman amerikan kino sungatynyň ykrar edilen klassygy Pol Tomas Anderson «Iň gowy režissýor» kategoriýasynda ilkinji gezek «Oskar» baýragyny aldy. Ol bu baýraga «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi üçin mynasyp görüldi
Jessi Bakli iň gowy zenan keşbi üçin «Oskar» alan ilkinji irlandiýaly aktrisa boldy
16.03.2026 10:53
3.2k+

Jessi Bakli iň gowy zenan keşbi üçin «Oskar» alan ilkinji irlandiýaly aktrisa boldy

Aktrisa Jessi Bakli «Hamnet: Gamlete ylham beren hekaýat» filmindäki roly üçin «Iň gowy zenan keşbi» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň baýragynyň 98-nji gowşurylyş dabarasy 16-njy martda ir säher bilen (Aşgabat wagty boýunça) Los-Anjelesde geçirildi
Pink Floyd toparynyň agzasy Dewid Gilmoryň gitarasy 14,6 million dollara satyldy
16.03.2026 10:40
664

Pink Floyd toparynyň agzasy Dewid Gilmoryň gitarasy 14,6 million dollara satyldy

Pink Floyd toparynyň meşhur sazandasy Dewid Gilmora degişli bolan «Fender Stratocaster» gitarasy Christie’s auksionynda rekord derejeli baha — 14,6 million dollara satyldy. Bu barada Rolling Stone neşiri habar berýär
Ne Di Kaprio, ne-de Şalame: iň gowy erkek keşbi üçin «Oskar» baýragyny kim aldy?
16.03.2026 10:38
4.1k+

Ne Di Kaprio, ne-de Şalame: iň gowy erkek keşbi üçin «Oskar» baýragyny kim aldy?

Maýkl B. Jordon režissýor Raýan Kugleriň «Günäliler» (Грешники) filmindäki keşbi üçin «Iň gowy erkek keşbi» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Ýeňiji Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň baýragynyň 98-nji gowşurylyş dabarasynda yglan edildi
Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar
16.03.2026 09:53
2.7k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi
«Altyn malina» anti-baýragy 2025-nji ýylyň iň erbet filmlerini we aktýorlaryny belli etdi
16.03.2026 00:16
2.8k+

«Altyn malina» anti-baýragy 2025-nji ýylyň iň erbet filmlerini we aktýorlaryny belli etdi

«Altyn malina» anti-baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda amerikan kinosyndaky iň şowsuz işleriň ýeňijilerini yglan etdi. Iň köp baýragy baş keşbi Aýs Kýubyň ýerine ýetirmeginde «Dünýäleriň urşy» (Война миров) ylmy-fantastiki filmi aldy
Blackpink toparynyň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň ýüzi boldy
15.03.2026 23:03
4.8k+

Blackpink toparynyň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň ýüzi boldy

Ady belli K-pop topary Blackpink-iň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň täze global ilçisi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde brend «Backstory» atly gysga wideony hödürledi. Onda aýdymçy gyz özüniň döredijilik ýoly we geýiniş stili barada gürrüň berýär
Spilberg öz filmlerinde hiç wagt emeli aň ulanmandygyny aýtdy
15.03.2026 22:38
1.5k+

Spilberg öz filmlerinde hiç wagt emeli aň ulanmandygyny aýtdy

«Režissýor hem prodýuser Stiwen Spilberg öz filmlerini döretmekde hiç wagt EA tehnologiýalaryna ýüz tutmandyr. Ol bu barada Ostin şäherinde geçirilen «SXSW» maslahatynda mälim etdi» diýip, TechCrunch neşiri habar berýär
Asus: MacBook Neo kompýuter bazaryny haýran galdyrdy
15.03.2026 20:30
2.5k+

Asus: MacBook Neo kompýuter bazaryny haýran galdyrdy

«Arzan bahaly MacBook Neo noutbugynyň peýda bolmagy tutuş şahsy kompýuter (PK) bazary üçin hakyky sarsgyn boldy. Bu barada Asus kompaniýasynyň maliýe direktory Nik Wu giňişleýin belleýär» diýip, PCMag neşiri ýazýar
Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar
15.03.2026 20:14
11k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi
Täze BMW iX3 satuw rekordyny goýup, Wengriýadaky zawody iki çalşykda işlemäge mejbur etdi
15.03.2026 19:59
4.3k+

Täze BMW iX3 satuw rekordyny goýup, Wengriýadaky zawody iki çalşykda işlemäge mejbur etdi

Täze BMW iX3 elektrokrossowerine bolan ýokary isleg BMW kompaniýasyny önümçilik meýilnamalaryna üýtgeşme girizmäge mejbur etdi. «BMW Blog» neşiriniň berýän maglumatyna görä, konserniň ýolbaşçylygy Wengriýanyň Debresen şäherindäki zawodynda möhletinden öň ikinji iş çalşygyny girizdi
Günorta Koreýanyň Pusan şäheriniň häkimiýeti çaga dogulmagy üçin 200 müň dollar töleýär
15.03.2026 19:52
15k+

Günorta Koreýanyň Pusan şäheriniň häkimiýeti çaga dogulmagy üçin 200 müň dollar töleýär

Günorta Koreýa dünýäniň iň ösen ykdysadyýetli döwletleriniň biri hasaplanylýar. Ýurt özüniň ýokary tehnologiýaly senagaty, dünýä belli brendleri we ýokary ýaşaýyş derejesi bilen tanalýar. Emma muňa garamazdan, respublikanyň ilatynyň sany güýçli depginde azalýar
ILMI merkezi: Er-Riýadda geljekki zehinler üçin täze merkeziň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär
15.03.2026 19:36
4.3k+

ILMI merkezi: Er-Riýadda geljekki zehinler üçin täze merkeziň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär

Saud Arabystany Er-Riýadda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk taslamasynyň täze suratlaryny çap etdi. Mohammed bin Salmanyň (Misk City) adyny göterýän dünýäde ilkinji girdejisiz şäheriň merkezinde ýerleşýän ILMI ylmy-barlag toplumy kem-kemden kemala gelýär
Bloger kemi ýok! Merlin atly doňuz 3,5 million abunaçysy bilen rekord goýdy
15.03.2026 19:29
6.5k+

Bloger kemi ýok! Merlin atly doňuz 3,5 million abunaçysy bilen rekord goýdy

Merlin atly dört ýaşly öý doňzy dünýäniň iň meşhur doňuz-blogeri hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada New York Post neşiri habar berýär. Wýetnamly bu doňzuň iki sany sosial ulgamdaky umumy auditoriýasy 3,5 million adama ýetdi
Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji
15.03.2026 19:17
2.4k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi
Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady
15.03.2026 16:30
8.6k+

Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady

Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär. Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar
Norwegiýaly futbolçy iň gowy oýunçy hökmünde 100 sany hyýara mynasyp boldy
15.03.2026 15:57
8.7k+

Norwegiýaly futbolçy iň gowy oýunçy hökmünde 100 sany hyýara mynasyp boldy

Norwegiýanyň «Brýune» klubynyň futbolçysy Kristian Holand «Rusenborg» topary bilen 4:2 hasabynda ýeňiş bilen tamamlanan duşuşykda iň gowy oýunçy diýlip saýlandy we garaşylmadyk baýraga mynasyp boldy. Topar oňa iki guty hyýar sowgat berdi
Meta emeli aň sebäpli iş orunlaryny 20%-den gowrak azaltmagy meýilleşdirýär
15.03.2026 15:23
1.9k+

Meta emeli aň sebäpli iş orunlaryny 20%-den gowrak azaltmagy meýilleşdirýär

Meta korporasiýasy emeli aň infrastrukturasyna goýulýan gymmat bahaly maýa goýumlaryň öwezini dolmak we işgärleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, işgärleriniň 20 göterimini ýa-da ondan hem köpüsini işden boşatmagy meýilleşdirýär
«Doktor Kim» serialynyň 1960-njy ýyllarda ýiten iki bölümi hususy kolleksiýadan tapyldy
15.03.2026 14:54
2.5k+

«Doktor Kim» serialynyň 1960-njy ýyllarda ýiten iki bölümi hususy kolleksiýadan tapyldy

«Film is Fabulous!» haýyr-sahawat guramasy onlarça ýyllap ýitdi hasap edilip ýörlen, Britaniýanyň dünýä meşhur «Doktor Kim» («Доктор Кто») serialynyň iki bölümini hususy kolleksiýalaryň birinden tapdy. BBC kompaniýasy 16 millimetrlik kinolentadaky asyl ýazgylary eýýäm dikeltdi
Dizaýny bilen haýran eden Alfa Romeo 33 Stradale ýylyň awtomobili  boldy
15.03.2026 14:18
3.4k+

Dizaýny bilen haýran eden Alfa Romeo 33 Stradale ýylyň awtomobili boldy

Alfa Romeo 33 Stradale modeli Portugaliýanyň iň meşhur awtomobil bäsleşiginde «Ýylyň dizaýny» baýragyna mynasyp boldy. Dizaýnyň, inženerçilik çözgütleriniň we duýgy täsiriniň ajaýyp sazlaşygy hasaplanýan bu model stil, funksionallyk hem-de ýerine ýetiriliş hili taýdan bahalandyrylýan kategoriýada birinji orny eýeledi
Alymlar Aýda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler
15.03.2026 14:07
2.4k+

Alymlar Aýda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler

Ostindäki Tehas uniwersitetiniň we Tehas A&M uniwersitetiniň hünärmenleri Aýda guruljak geljekki bazalarda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler. Geçirilen tejribeleriň dowamynda olara Aýyň topragynyň nusgasynda — regolitde bu ösümligi ösdürip ýetişdirmek we hasyl almak başartdy
1300 dollarlyk Samsung Galaxy S26 Ultra 40 GB-lyk öňünden gurnalan programmalar bilen gelýär
15.03.2026 14:01
6.8k+

1300 dollarlyk Samsung Galaxy S26 Ultra 40 GB-lyk öňünden gurnalan programmalar bilen gelýär

Takmynan 1300 dollardan satylýan Samsung Galaxy S26 Ultra smartfony köp sanly öňünden gurnalan programmalar bilen satuwa çykarylýar. Android Authority neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu programmalar enjamyň ýadyndan jemi 40 GB töweregi ýer tutýar
Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň meýdançasyna öwrüler
15.03.2026 12:38
5.2k+

Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň meýdançasyna öwrüler

2026-njy ýylyň 10-njy — 25-nji apreli aralygynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler
Toyota sürüjileriň nägileliklerinden soň GR Yaris-iň ruluny doly täzeledi
15.03.2026 11:55
4.1k+

Toyota sürüjileriň nägileliklerinden soň GR Yaris-iň ruluny doly täzeledi

Toyota kompaniýasy GR Yaris hetçbegi üçin täze rul döretdi. 2026-njy ýylyň modeli üçin girizilen bu üýtgeşmeler ruly tutmagyň oňaýsyzlygyndan şikaýat eden sürüjileriň seslenmelerine jogap hökmünde amala aşyryldy
Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara sergi we maslahat geçiriler
15.03.2026 09:55
5.1k+

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara sergini we maslahaty kabul etmäge taýýarlyk görýär. 2026-njy ýylyň 24–25-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forum ýurduň şäher gurluşyk syýasatynda gazanan üstünliklerini, binagärlik keşbini we tehnologik ösüşlerini görkezmäge niýetlenendir
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady
15.03.2026 09:38
8.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler
15.03.2026 09:34
8.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler

14-nji martda, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler
Türkiýede ilat has çalt garraýar: garrylaryň sany 9,5 mln adamdan geçdi
15.03.2026 00:09
7.1k+

Türkiýede ilat has çalt garraýar: garrylaryň sany 9,5 mln adamdan geçdi

Türkiýede 65 we ondan uly ýaşly adamlar indi ilatyň 11,1%-ini düzýär. «Turkstat-yň» berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 9,5% bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Türkiýe garry ilatyň paýy boýunça dünýäniň 194 ýurdunyň arasynda 75-nji orunda durýar
Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi
14.03.2026 23:33
4.1k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär
Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar
14.03.2026 20:47
10k+

Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar

Hytaýyň TikTok sosial ulgamynyň ABŞ-daky işini kanunlaşdyrmak zerurlygy bilen bagly mesele Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri dowam edip gelýärdi. Köp sanly yza süýşürmelerden soň, taraplar ahyrynda TikTok-yň amerikan biznesini «oturtmak», ýagny hyzmata gözegçiligiň bir bölegini amerikan maýadarlaryna bermek barada şertnama baglaşdy
Tanymal köçe suratkeşi Benksiniň hakyky ady anyklandy
14.03.2026 18:54
7.5k+

Tanymal köçe suratkeşi Benksiniň hakyky ady anyklandy

Dünýäniň iň tanymal, şol bir wagtyň özünde-de nätanyş köçe suratkeşi Benksiniň hakyky adynyň Dewid Jonsdygy anyklandy. Şeýle netijä Reuters agentliginiň žurnalistleri geçiren derňewleriniň netijesinde geldi. Benksiniň şahsyýetini anyklamak boýunça ilkinji synanyşyk 2008-nji ýylda edilipdi
Käsiniň çyndygyna ynanmasy kyn: höwesjeňleriň ýabany tebigatda düşüren naýbaşy suratlary
14.03.2026 17:04
10k+

Käsiniň çyndygyna ynanmasy kyn: höwesjeňleriň ýabany tebigatda düşüren naýbaşy suratlary

reFocus baýragynyň guramaçylary “Ýabany tebigatyň höwesjeň suratlary” kategoriýasynda 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Gysga sanawa dünýäniň dürli künjeklerinde — Antarktidadan we Afrikadan Aziýa, Arktika we Amerika çenli düşürilen suratlar girýär
Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär
14.03.2026 16:44
2.6k+

Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär
Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň döreýşini surata düşürdiler
14.03.2026 16:16
2.4k+

Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň döreýşini surata düşürdiler

Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň — örän güýçli magnit meýdany bolan neýtron ýyldyzynyň döreýşine tomaşa etdiler. Bu açyş magnetarlaryň aşa ýagty täze ýyldyzlary energiýa bilen üpjün edýändigi baradaky 16 ýyllyk teoriýany tassyklady
WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer
14.03.2026 16:02
1.6k+

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.