Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar
11.03.2026 10:27
5.9k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer
Adamzat taryhynda ilkinji gezek asman jisiminiň Gün daşyndaky orbitasy üýtgedildi
11.03.2026 10:04
3.7k+

Adamzat taryhynda ilkinji gezek asman jisiminiň Gün daşyndaky orbitasy üýtgedildi

Halkara astronomlar topary NASA-nyň DART kosmos zondunyň Dimorf asteroidi bilen çaknyşmagynyň Didim we Dimorf goşa asteroidler ulgamynyň Gün daşyndaky hereket traýektoriýasyny üýtgedendigini tassyklady. Illinoýs ştatynyň uniwersitetinden Rahil Makadiýanyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli bolan döwürde 22 sany okkultasiýa wakasyny seljerdiler
Subaru awtoulaglary “reaktiw hereketlendirijili” bolar: ýaponlar turbina-generatora patent aldylar
11.03.2026 08:13
4.8k+

Subaru awtoulaglary “reaktiw hereketlendirijili” bolar: ýaponlar turbina-generatora patent aldylar

Subaru kompaniýasy awtoulag pudagy üçin adaty bolmadyk tehnologiýany – ýöreýiş ätiýaçlygy uzaldylan elektrik awtoulaglarynda turbinany ulanmagy işläp düzmegini dowam etdirýär. Täze patent kompaniýanyň generator hökmünde hyzmat etjek kiçi turbinany işe girizmek we dolandyrmak üçin çözgütleri gözleýändigini tassyklaýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady
11.03.2026 02:01
25k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
Laporta Messä ýadygärlik dikjekdigini aýtdy we Hawi bilen bolan gapma-garşylygy düşündirdi
10.03.2026 23:56
11k+

Laporta Messä ýadygärlik dikjekdigini aýtdy we Hawi bilen bolan gapma-garşylygy düşündirdi

«Barselona» futbol klubunyň prezidentligine dalaşgär Žoan Laporta Mundo Deportivo neşirine beren interwýusynda Lionel Messä ýadygärlik dikmek we stadionyň gurluşygy tamamlanandan soňra argentinaly hüjümçiniň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny geçirmek niýetiniň bardygy hakynda aýtdy
Insaýder ýene ýarym ýyldan soň çykjak eplenýän iPhone-yň dizaýnyny şu wagt mälim etdi
10.03.2026 23:46
5.3k+

Insaýder ýene ýarym ýyldan soň çykjak eplenýän iPhone-yň dizaýnyny şu wagt mälim etdi

Apple kompaniýasynyň geljekki eplenýän smartfonynyň daşky görnüşi hakyndaky gürrüňler entek enjam tanyşdyrylmanka internetde uly gyzyklanma döredýär. «Sonny Dickson» lakamly insaýder hem X sosial ulgamyndaky sahypasynda iPhone Fold-uň taslama çyzgylaryny paýlaşdy
FIFA dünýä çempionatynyň býujetini 100 million dollar azaltdy
10.03.2026 20:25
5.9k+

FIFA dünýä çempionatynyň býujetini 100 million dollar azaltdy

FIFA şu tomusda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň amaly býujetini 100 million dollardan gowrak azaltmak barada netijä geldi. Gurama munuň sebäbini girdejileriň 90 göterimini bütin dünýäde futboly ösdürmäge gönükdirmek bilen düşündirýär diýip, «The Athletic» neşiri habar berýär
Türkmenistanyň DIM-iniň HGI-de zenanlaryň diplomatiýadaky orny barada dialog geçirildi
10.03.2026 19:28
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň HGI-de zenanlaryň diplomatiýadaky orny barada dialog geçirildi

10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin guralan ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde amala aşyryldy
Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi
10.03.2026 19:18
7.7k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär
Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar
10.03.2026 18:35
4.6k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar
Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer
10.03.2026 18:32
1.6k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär
Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar
10.03.2026 18:21
5.4k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy
xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär
10.03.2026 17:04
1.7k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar
HBO «Garri Potter» serialynyň täze aktýorlaryny tanyşdyrdy
10.03.2026 16:56
4.8k+

HBO «Garri Potter» serialynyň täze aktýorlaryny tanyşdyrdy

HBO kompaniýasy «Garri Potter» älemine esaslanýan täze serialda talyplaryň rollaryny janlandyrjak aktýorlary mälim etdi. Tomaşaçylara taslamanyň birinji möwsüminde Hogwarts mekdebiniň dört fakultetinde okaýan gahrymanlar görkezildi
Alymlar ýyldyzly asmanyň 2000 ýyllyk gadymy kartasyny dikeldýärler
10.03.2026 16:48
2.9k+

Alymlar ýyldyzly asmanyň 2000 ýyllyk gadymy kartasyny dikeldýärler

Alymlar ýyldyzly asmanyň iň gadymy kartalarynyň birini täzeden dikeltmäge synanyşýarlar. Bu katalog gadymy grek astronomy Gipparh tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda, ýagny teleskoplar peýda bolmazdan has öň düzülipdir diýip çaklanýar
Samsung heniz satylyp başlanmadyk Galaxy S26 smartfonlary üçin ilkinji täzelenmäni çykardy
10.03.2026 16:25
7.2k+

Samsung heniz satylyp başlanmadyk Galaxy S26 smartfonlary üçin ilkinji täzelenmäni çykardy

Samsung kompaniýasy Galaxy S26, Galaxy S26 Plus we Galaxy S26 Ultra smartfonlary üçin ilkinji programma üpjünçiligi täzelenmesini çykardy. Bu täzelenme eýýäm Günorta Koreýada ýaýradylyp başlandy we tiz wagtdan beýleki ýurtlarda-da elýeterli bolar
Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar
10.03.2026 16:13
2.5k+

Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar

Netflix kompaniýasy kino senagaty üçin emeli aň esasyndaky gurallary işläp taýýarlaýan "InterPositive" tehnologik startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu geleşik kompaniýanyň film we serial önümçiliginde neýroulgam tehnologiýalaryny has işjeň ulanmaga bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär
«Günäliler» we «Bir söweşden soň beýleki» filmleri Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň esasy baýraklaryny aldy
10.03.2026 16:02
3.7k+

«Günäliler» we «Bir söweşden soň beýleki» filmleri Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň esasy baýraklaryny aldy

Amerikada her ýyl gowşurylýan Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň (WGA) nobatdaky baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Iň gowy özboluşly ssenariýa ugrundaky baýraga «Günäliler» (Грешники) filminiň ssenaristi we režissýory Raýan Kugler mynasyp boldy
Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
10.03.2026 15:55
4.9k+

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

9-njy martda Lissabondaky Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipä girişmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi (oturýan ýeri Pariž şäherinde) M
Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy
10.03.2026 15:29
5.6k+

Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy

Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy
Türkmen tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyň eýesi boldy
10.03.2026 15:29
5.1k+

Türkmen tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyň eýesi boldy

Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, ýurduň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyny aldy. THP-niň habar bermegine görä, degişli şahadatnama halkara synag üstünlikli tabşyrylandan soň gowşuryldy
BMW i3 sedanynyň tanyşdyryljak güni belli boldy
10.03.2026 15:17
2.2k+

BMW i3 sedanynyň tanyşdyryljak güni belli boldy

BMW kompaniýasy özüniň i3 atly täze elektrik sedanynyň resmi tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Täze model 18-nji martda köpçülige hödürlener. Şeýle hem öndüriji tarapyndan ulagyň öň tarapynyň deslapky şekili paýlaşyldy
«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar
10.03.2026 14:52
8.4k+

«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar

«Atletikonyň» futbolçylary «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) atly doly metražly filmiň mahabat kampaniýasyna gatnaşar. Madrid kluby Netflix striming hyzmaty bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy
10.03.2026 13:50
9.2k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky
Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar
10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar
UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler
10.03.2026 12:05
4.9k+

UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler

Hytaýly Weýli Çžanyň we polşaly Joanna Ýedžeýçigiň arasyndaky tutluşyk UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler. Munuň bilen bagly dabara, Las-Wegasda geçirilen UFC 326 ýaryşynyň dowamynda yglan edilişine görä, şu ýylyň tomsunda geçiriler
Samsung emeli aňly we kameraly akylly äýnekleri taýýarlaýar
10.03.2026 11:56
2k+

Samsung emeli aňly we kameraly akylly äýnekleri taýýarlaýar

Samsung özünde kamera we emeli aň ulgamyny jemleýän akylly äýnekleriň üstünde işleýär. Täze enjam baradaky meýilnamalary kompaniýanyň mobil bölüminiň wise-prezidenti Jeý Kim Barselonada geçirilen «MWC 2026» sergisinde mälim etdi
Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi
10.03.2026 11:39
4.2k+

Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisinden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Pekindäki Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi
10.03.2026 11:37
2.4k+

Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi

NASA-nyň hünärmenleri «Çandra» obserwatoriýasy tarapyndan alnan Ýupiter, Saturn we Uran planetalarynyň şekillerini owaz sazlaşygyna öwürdiler. Ýakynda bolup geçen planetalaryň parady döwründe ýygnalan bu ylmy maglumatlar sonifikasiýa arkaly audio görnüşine getirildi
Rim papasyna şahsy belgili üýtgeşik Ford Exploreri sowgat berdiler
10.03.2026 11:01
6k+

Rim papasyna şahsy belgili üýtgeşik Ford Exploreri sowgat berdiler

Ford kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Farli Rim papasy Lew XIV-ä ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Ford Explorer awtoulagynyň ýörite görnüşini gowşurdy. Bu awtoulag 2026-njy ýylyň «Ford Explorer Platinum» modeliniň esasynda taýýarlanyp, hromlanan detallary bolan gara reňkli kuzowa hem-de «DA POPE» we «LEO XIV» diýen şahsy döwlet belgilerine eýedir
Alymlar: Faraon Tutanhamonyň kulonyndaky aýna gelip çykyşy boýunça Ýer ýüzünden däl
10.03.2026 10:47
5.2k+

Alymlar: Faraon Tutanhamonyň kulonyndaky aýna gelip çykyşy boýunça Ýer ýüzünden däl

Müsür faraony Tutanhamonyň guburyndan tapylan kulonda Ýer ýüzündäki deňi-taýy bolmadyk sary aýna bar. 2023-nji ýylda alymlar tarapyndan geçirilen nanogurluşly barlaglar bu materialyň gelip çykyşynyň Ýer ýüzüniň daşyndan, ýagny älemden gelendigini subut etdi
Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy
10.03.2026 10:33
6.2k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi
Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar
10.03.2026 08:10
3.9k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly
UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy
10.03.2026 07:58
6.9k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy
Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi
09.03.2026 20:53
15k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy
Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi
09.03.2026 20:33
6k+

Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi

Venuum týuning kompaniýasy Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň üýtgeşik görnüşi bilen tanyşdyrdy. Black Cullinan Venuum Tyrannus diýlip atlandyrylan bu taslama diýseň giňeldilen kuzowy bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň esasy aýratynlygy onuň haýbatly widebody toplumydyr
Türkmenistan we Hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisiniň jemlerini jemledi
09.03.2026 20:07
3.5k+

Türkmenistan we Hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisiniň jemlerini jemledi

Pekinde hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän maglumatlara görä, mejlis Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G
42 dişini görkezip ýylgyrýan malaýziýaly ýigit Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
09.03.2026 19:56
16k+

42 dişini görkezip ýylgyrýan malaýziýaly ýigit Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Malaýziýaly inžener Pratab Muniandi özüniň üýtgeşik ýylgyryşy we agzyndaky 42 sany dişi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. 33 ýaşly malaý ýigidiniň dişleri adaty adamlara mahsus bolan 32 dişden 10 sany köpdür
Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar
09.03.2026 19:31
1.3k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar
«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär
09.03.2026 17:16
7.8k+

«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär

Gökdepe etrabyndaky «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany öz müşderileri üçin sowgatly aksiýa yglan etdi. Motor ýaglaryny satyn alan we çalşyran müşderilere dükända ýag hem-de salon filtrleri sowgat berilýär. Bu aksiýa 10-njy martdan 17-nji marta çenli dowam eder
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.