Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
22.01.2026 23:42
8.5k+
«Bize salgyt salyň!»: baýlar tüçjar baýlaryň salgytlaryny ýokarlandyrmaga çagyrýar
24 ýurtdan 400-e golaý millioner dünýä liderlerine milliarderleriň salgytlaryny ýokarlandyrmak haýyşy bilen ýüzlendiler. «Ýeňmegiň wagty» atly açyk hat Dawosdaky Bütindünýä ykdysady gorumyna gatnaşyjylara niýetlenildi
22.01.2026 23:37
4.3k+
Vogue XIX asyryň geýim stiliniň 2026-njy ýylda ýene moda bolup biljekdigini çaklaýar
Vogue fransuz žurnaly 2026-njy ýylda regencycore stiliniň meşhurlygynyň artjakdygyny çaklady. Gürrüň XIX asyryň modasyndan, ilkinji nobatda, Beýik Britaniýada regentlik döwründen ylham alan egin-eşikler barada gidýär
22.01.2026 23:34
2.2k+
«28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokata çaklamalardan pes başlady
«28 ýyl soň» horror filminiň dowamy bolan «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokatda garaşylan netijeleri görkezip bilmedi. Ilkinji uik-endiň jemi boýunça film bary-ýogy 13 mln dollar töweregi gazandy, analitikler bolsa kassa ýygymynyň 15-17 mln derejesinde bolmagyny çaklapdy
22.01.2026 23:30
2.3k+
Viktor & Rolf moda öýi Disney multfilminiň 75 ýyllygyna bagyşlap Zoluşka gurjagyny döretdi
Viktor & Rolf moda öýi Disney we Mattel kompaniýasy bilen bilelikde çäkli sanda kolleksiýa üçin niýetlenen Zoluşka gurjagyny döretdi. Onuň tanyşdyrylyşy 21-nji ýanwarda Parižde geçirildi diýip, WWD habar berýär
22.01.2026 23:25
4.1k+
«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän startap bilen şertnama baglaşdy
«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän Scircle startapynda paý satyn aldy. Şertnama klubuň janköýerler bilen gatnaşygyň täze görnüşlerini ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Klub atyra «emosional aragatnaşygyň goşmaça ýoly» hökmünde garaýandygyny belledi
22.01.2026 23:01
4.5k+
Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi
Russiýaly kosmonawt Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan düşürilen Ýeriň üstündäki seýrek gyzyl polýar şöhlelenmesiniň kadrlaryny görkezdi. Hadysa şu ýylda ilkinji iň ýokary X derejeli alawlamanyň we XXI asyr üçin rekord derejeli radiasiýa tupanynyň netijesi boldy
22.01.2026 22:38
7.5k+
Türkmenistanly mugallym «GDA-nyň iň gowy mugallymy» diýen ada mynasyp boldy
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow «GDA-nyň iň gowy mugallymy» diýen ada mynasyp boldy
22.01.2026 15:25
23k+
Hytaýda täsin toý boldy: Ekiz doganlar ekiz uýalar bilen durmuş gurdy. Toýa olaryň ekiz daýylary hem gatnaşdy
Hytaýda adaty bolmadyk bir toý dabarasy geçirildi: Sun familiýaly ekiz erkek doganlar Şan familiýaly ekiz uýalar bilen durmuş gurdular. Emma täsinlik diňe munuň bilen çäklenmedi — toýda ýaş çatynjalaryň her biriniň ekiz daýylary hem bar bolup çykdy
22.01.2026 15:18
5.7k+
Meýletinçiler ýetim durna jüýjelerine uçmagy öwretmek üçin guş sypatyna girdiler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wiskonsin ştatynyň Barabu şäherinde ýerleşýän Halkara durnalary goramak gaznasynyň meýletinçileri ýetim galan jüýjeleriň diri galmagy üçin täsin usuly ulanýarlar. Olar uly durnalaryň keşbine girip, jüýjelere iýmit gözlemek, ýyrtyjylardan goranmak we uçmak ýaly iň zerur başarnyklary öwredýärler
22.01.2026 15:09
2.9k+
Bruno Mars Roblox-da wirtual konsert berip, 12 milliondan gowrak tomaşaçy ýygnady
Amerikaly meşhur aýdymçy Bruno Mars 2025-nji ýylyň maý aýynda çykan «Steal a Brainrot» oýnunyň çäklerinde Roblox wirtual sahnasynda çykyş etdi. Bu oýun çykan gününden bäri bir wagtyň özünde 25 milliondan gowrak oýunçyny bir ýere jemlemegi başardy
22.01.2026 15:04
2k+
76-njy Berlin kinofestiwalynyň esasy bäsleşik maksatnamasy mälim edildi
76-njy Berlin Halkara Kinofestiwalynyň guramaçylary şu ýylky esasy baýraklar ugrunda bäsleşjek filmleriň sanawyny yglan etdiler. Dünýäniň iň abraýly kino bäsleşikleriniň biri hasaplanýan bu festiwal 12–22-nji fewral aralygynda geçiriler
22.01.2026 15:01
17k+
Bir günde Aşgabatda ýagan gar bilen ygalyň tas bir aýlyk mukdary ýagdy
20-nji ýanwardan 21-nji ýanwara geçilýän gije Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji gary ýagdy. Günüň dowamynda gar ýagmagyny dowam edip, köçeleri ak dona büredi. «Meteožurnal» neşiriniň maglumatlaryna görä, 20-nji ýanwar agşamyndan 21-nji ýanwar agşamyna çenli aralykda şäherde 20 mm gar ýagdy, bu bolsa ygalyň tas bir aýlyk mukdaryna deňdir
22.01.2026 14:49
1.6k+
Türkmenistan we FAO 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny maslahatlaşdylar
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy
22.01.2026 14:44
1.2k+
Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny guramak mümkinçiligi maslahatlaşyldy
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorj bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
22.01.2026 14:38
1.1k+
Tokioda türkmen ilçisiniň Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň
22.01.2026 13:19
8.9k+
Çempionlar ligasy: «Barselona», «Liwerpul», «Bawariýa» we «Ýuwentus» ýeňiş gazandy
Çarşenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň galan ýedinji oýunlary geçirildi. Öňdebaryjy toparlaryň köpüsi ýeňiş gazanyp, öz hasabyna üç utuk goşdy. «Bawariýa» – «Ýunion» 2:0 «Bawariýa» taryhda Çempionlar ligasynda 250 ýeňiş gazanan ikinji klub boldy
22.01.2026 12:30
3.6k+
NASA Marsda azyk üpjünçiligi meselesini çözenlere $750 000 berer
NASA Mars to Table Challenge («Marsdan saçaga») bäsleşigini yglan etdi. Ol Aýa we Marsa uzak möhletleýin ekipažly missiýalar üçin azyk ulgamlaryny işläp taýýarlamaga bagyşlanýar. Gatnaşyjylara azyk meýilnamasyny
22.01.2026 12:22
2.6k+
Airbus gumanoid robotlaryny awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenýär
Airbus kompaniýasy gumanoid robotlary awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenip başlady. Munuň üçin korporasiýa Hytaýyň UBTech Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Walker S2 robotyny satyn aldy diýip, South China Morning Post gazeti habar berdi
22.01.2026 12:20
1.9k+
Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar
Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi
22.01.2026 11:57
5.7k+
Hemralaryň kömegi bilen Antarktidanyň buzasty dünýäsiniň jikme-jik kartasy düzüldi
Halkara alymlar topary hemra maglumatlaryny we buzuň hereketini seljermegiň täze usulyny ulanmak arkaly Antarktidanyň buzasty relýefiniň has jikme-jik kartasyny döretdi. Bu gezek alymlar gymmat ekspedisiýalaryň deregine buz galyňlygynyň aşagyndaky relýefiň formasyny anyklamak üçin buz galkanynyň üstündäki kiçijik üýtgeşmeleri we hereketleri öwrendi
22.01.2026 11:38
8.3k+
Türkmenistan Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek üçin potratçy gözleýär
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýol geçelgesini döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) işläp düzmek üçin halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi bildirişde aýdylýar
22.01.2026 11:32
1.4k+
GDA ýurtlarynda ýaş metrologlaryň arasynda bäsleşik yglan edildi
«GDA-nyň iň oňat ýaş metrology» diýen at ugrundaky ilkinji halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi başlandy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde GDA ýurtlarynyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň Standartlar býurosy çykyş edýär
22.01.2026 11:24
1.5k+
Çad Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär
22.01.2026 11:19
889
Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
22.01.2026 11:16
772
Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi
22.01.2026 11:10
11k+
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby gullukçylar medallar bilen sylaglanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyny Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
22.01.2026 01:25
14k+
AFK Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyny «Arkadag» - «Al-Nasr» duşuşygynyň geçjek ýeri hökmünde tassyklady
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) Aşgabadyň köpugurly «Olimpiýa» stadionyny AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy üçin «Arkadag» toparynyň öý meýdançasy hökmünde resmi taýdan tassyklady
22.01.2026 01:14
11k+
FIFA 2026-njy ýyldaky ilkinji täzelenen reýtingini çykardy: Türkmenistan öňki ornuny saklady
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň 2026-njy ýyldaky ilkinji sanawyny neşir etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy sanawda öňki ornuny saklap, 137-nji basgançakda ýerleşdi. Ýygyndymyz sanawda Filippinleriň (136) we Merkezi Afrika Respublikasynyň (138) arasynda ýerleşýär
22.01.2026 01:04
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady
21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi
22.01.2026 00:48
13k+
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň netijelerine seretdi
21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi
22.01.2026 00:16
19k+
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy
Ý.Nuryýew, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 21-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi
22.01.2026 00:03
3.8k+
1942-nji ýylyň arhiwindäki bilezikden ylhamlanan Bvlgari täze bezegler toplumyny çykardy
Bvlgari arhiwini täzeden gözden geçirmegi esasynda Bvlgari Eternal atly täze bezegler toplumyny çykardy. Toplumyň ilkinji bölegi 1942-nji ýylda döredilen bilezikden ylhamlanyp döredilen monjuk, ýüzük, bilezik we iki jübüt gulakhalkadan ybarat Vimini liniýasydyr
21.01.2026 23:49
3.2k+
"Altyn aralygy" tapmaly: sosial mediadan doly ýüz öwürmek ýetginjekler üçin zyýanly bolup biler
JAMA Pediatrics žurnalynda çap edilen täze gözlegde sosial media ortaça kadada ulanmagyň ýetginjekler üçin has peýdalydygy anyklandy. Bu endigi aşa köp ulanmak ýa-da doly saklanmak olaryň psihologiýa rahatlygynyň peselmegine getirip biler
21.01.2026 23:39
4k+
Haçan? Nädip?: arheologlar Amerika ýaýran ilkinji adamlaryň geliş ugruny öwrendiler
Science Advances žurnalynda çap edilen täze gözleg Amerika ilkinji göçüşligiň alternatiw düşündirişini hödürleýär. Ondan çen tutsaň, ilkinji amerikaly bolmak islän adamlaryň buzly Beringiýadan geçmegiň ýerine, deňiz baýlyklaryny özleşdirip, Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň we Ýuwaş ummanyň kenary arkaly hereket edip bilmekleri-de mümkindi
21.01.2026 23:29
6.9k+
UFC 324-nyň tutluşyklary: Getji we Pimblett wagtlaýyn çempionlyk ugrunda göreşerler
25-nji ýanwarda irden ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde UFC 324 sport şüweleňi geçiriler. Ýaryşyň esasy wakasy — ýeňil agramda (70,3 kg) boş galan wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrundaky göreş bolar. Bu tutluşykda amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblett garşylaşar
21.01.2026 18:59
4.6k+
Astronomlar taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürer
Event Horizon Telescope (EHT, «Wakalaryň gözýetiminiň teleskopy») halkara taslamasynyň astronomlary mart-aprel aýlarynda taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada taslamanyň awtorlarynyň birine, Kembrij uniwersitetiniň professory Sera Markoffa salgylanyp, Guardian gazeti habar berýär
21.01.2026 18:58
3.6k+
Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar
Tesla kompaniýasy Tehasdaky we Frimontdaky zawodlarynda eýýäm bir müň töweregi adam şekilli Optimus robotlaryny ulanýar. Olar ýükleri daşamaga, akkumulýator öýjüklerini tertiplemäge we batareýalary ýygnamaga kömek edýär
21.01.2026 18:53
1.4k+
Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Stipraýs Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
21.01.2026 18:49
1.6k+
Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär
21.01.2026 16:52
3.1k+
Pekinde Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
20-nji ýanwarda Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
«
1
…
120
121
122
…
1118
»
«
1
…
117
118
119
120
121
122
123
124
125
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.