Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
21.01.2026 16:48
4.1k+
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň ýeňijileriniň gysga sanawyna girdi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» abraýly baýragyň ýylyň ylmy-barlag taslamasy: «STEM» ugry boýunça ýeňijileriň gysga sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär
21.01.2026 15:13
1.6k+
Google soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek Android-de ses gözleginiň interfeýsini üýtgedýär
Google kompaniýasy Android-de ses arkaly gözlegiň interfeýsini tapgyrlaýyn täzelemäge başlady. Bu soňky birnäçe ýylda ilkinji uly üýtgeşme boldy: indi dört nokatdan ybarat adaty animasiýanyň deregine ulanyjylara has döwrebap we sazlap bolýan dizaýn hödürlenýär
21.01.2026 13:22
12k+
BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi
500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi
21.01.2026 13:18
7.1k+
ÇL: «Arsenal» «Interi» utdy, «Siti» we «PSŽ» utuldy, «Real» «Monakodan» üstün çykdy
Çarşenbe gününe geçilen gije Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji oýunlary geçirildi. Oýun güni uly ýeňişler we garaşylmadyk ýeňlişler bilen dartgynly boldy. «Inter» – «Arsenal» – 1:3 Günüň esasy oýny Milandaky duşuşyk boldy
21.01.2026 11:57
18k+
Lukmanlar bir ýyl ömür berdi, ol bolsa 40 ýyl ýaşady: öýkeniň rak keseli bolan gojanyň täsin wakasy
Gresiýaly Stamatis Moraitis ABŞ-dan öz dogduk mekany bolan Ikariýa adasyna gaýdyp gelenden soň, öýkeniň rak keseliniň ahyrky derejesi bilen ýene 40 ýyl töweregi ýaşady. Onuň täsin hekaýatyny Daily Express gürrüň berýär
21.01.2026 11:56
4.4k+
«Arassa zeminiň ýyldyzy»: Şri-Lankada 3,5 müň karat agramly iň uly ýakut daşy görkezildi
Şri-Lankada 3 563 karat agramly, ýyldyz öwüşginini berýän dünýäde iň uly benewşe ýakut daşy görkezildi. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, onuň bahasy 300-400 mln dollara barabar diýip, Associated Press habar berýär
21.01.2026 10:59
2.5k+
Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy
Land Rover kompaniýasy Britaniýanyň paýtagtynyň iň meşhur ýerlerine bagyşlanan Range Rover awtoulaglarynyň eksklýuziw tapgyryny tanyşdyrdy. Bu täze seriýanyň ilkinji wekilleri bolan Range Rover Evoque Hoxton we Range Rover Velar Belgravia ýazyň ahyrynda satuwa çykarylar
21.01.2026 10:55
2.2k+
Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi
Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi
21.01.2026 10:50
2.4k+
Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy
Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar
21.01.2026 10:47
6.5k+
Hytaýyň ilaty bir ýylda 3,39 mln adam azaldy
Hytaýyň ilaty 2025-nji ýylda 3,39 mln adam azaldy. Muny HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň maglumatlary delillendirýär. Statistika görä, bir ýylda ýurtda 7,92 mln adam dünýä indi, ýogalanlaryň sany 11,31 mln adama ýetdi
21.01.2026 10:44
7.9k+
Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler
Halkara lukmanlar topary parasetamolyň çaganyň nerw ulgamynyň ösüşine täsiri baradaky ähli esasy kliniki barlaglary seljerdi. Ylmy gözleg bu derman serişdesini kabul etmegiň autizm, üns ýetmezçiliginiň bozulmasy (ADHD) ýa-da akyl taýdan ösüşde yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnama tapmady
21.01.2026 10:36
4.7k+
Aşgabatda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite media topar döredildi
Döredilen media toparyň düzümine ýurduň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
21.01.2026 10:31
3.8k+
Hytaýyň ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany okuw kitap sowgat berdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hytaý diline, taryhyna we medeniýetine degişli okuw edebiýatlarynyň 190 nusgasyny gowşurdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär
21.01.2026 10:24
3.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda «Garaşsyz
21.01.2026 10:20
1.7k+
ChatGPT göreldeli «okuwçydygyny» görkezdi. EA synagda 9 ders boýunça ýokary baha aldy
OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan döredilen ChatGPT çat-boty ýapon uniwersitetlerine giriş synagynda dokuz ders boýunça iň ýokary netijeleri görkezdi. Bu barada emeli aň ulgamlarynyň deňeşdiriji synagyny geçiren LifePrompt kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar
21.01.2026 10:18
9.2k+
«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi
Turiniň kazyýeti «Ýuwentus» klubunyň arbitraž kazyýetiň Kriştianu Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemek baradaky kararyna garşy arzasyny ret etdi. Bu barada La Gazzetta dello Sport neşiri habar berdi. 2024-nji ýylda arbitraž «Ýuwentusy» futbolça 9,7 mln ýewro tölemäge borçlandyrypdy
21.01.2026 10:16
5.1k+
Alymlar ilkinji gezek ösümlikleriň nädip dem alýandygyny görkezdiler
Illinoýs uniwersitetiniň alymlary ösümlikleriň hakyky wagtda dem alyş prosesini görkezmegi başardy. Haýran galdyryjy kadrlar Live Science neşirinde hödürlendi. Ylmy gözlegçiler syn etmek üçin Stomata in-sight ady bilen ýörite gural döretdi
21.01.2026 10:11
1.1k+
Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi
Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär
21.01.2026 10:08
5.2k+
Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi
Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär
21.01.2026 10:07
2.9k+
Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär
20.01.2026 23:33
4.3k+
Tunisli režissýor EA tarapyndan döredilen film üçin 1 mln dollar utdy
Tunisden Zubeýr Jlassi 1 Billion Followers Summit sammitinde dokuz minutlyk Lily filmi üçin AI Film Award baş baýragyny – 1 million dollar aldy diýip, Creapills habar berýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 9 – 11-nji ýanwarynda Dubaýda geçirildi we wizual hatary döretmek üçin EA ulanylan ilkinji uly festiwal boldy
20.01.2026 23:00
3.5k+
Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady
Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
20.01.2026 22:45
12k+
Toyota Hiace soňky 13 ýylda iň uly täzelenmäni aldy
Toyota ýapon bazary üçin Hiace furgonynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Onuň satuwy 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda başlar. Ýaponiýada modeliň häzirki nesli 2004-nji ýyldan bäri çykarylýar. Galan ýurtlarda Hiace-yň nesli 2019-njy ýylda üýtgedildi
20.01.2026 14:35
8k+
Dubaý dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagyny gurnaýar
Dubaý dünýäde iň uly bitewi wirtual yşarat dili sapagyny geçirmek arkaly Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdirýär. Bu giň gerimli çäre 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär. Onuň howandary hökmünde Dubaý Jemgyýetçilik Ösüş Agentligi (CDA) çykyş edýär
20.01.2026 14:32
8k+
Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani 93 ýaşynda aradan çykdy
Italýan modelýeri, Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani Rimde öýünde aradan çykdy. Bu barada 19-njy ýanwarda Corriere della Sera gazeti habar berdi. Ol 93 ýaşyndady. Walentino Garawani 1960-njy ýylda Jankarlo Jametti bilen bilelikde Valentino moda öýüni esaslandyrdy
20.01.2026 14:13
17k+
5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy
Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär
20.01.2026 14:02
21k+
Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi
«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar
20.01.2026 13:46
9.2k+
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini getirijileri saýlamak boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny degişli halkara guramanyň güwänamasy bolan öndürijilerden satyn alyp, olary ýurdumyza getirmek hyzmatlaryny ýerine ýetiriji ni saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi
20.01.2026 13:41
2k+
20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär
20.01.2026 13:31
6.1k+
Arheologlar Omandan 7000 ýyl mundan ozal akula awlanandygynyň subutnamalaryny tapdylar
Çeh Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Omanda neolit döwründe yzygiderli akula awlanandygyny görkezýän arheologik toplumy açdylar. Wadi Nafun jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan 7000 ýyl mundan ozal döredilen umumy megalitik mazaryň üstünden baryldy
20.01.2026 13:24
2.9k+
24-nji ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler
24-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
20.01.2026 13:20
10k+
Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy
Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi
20.01.2026 12:53
2.4k+
Türkmenistanda zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan etdi
20.01.2026 12:09
3.8k+
Aşgabatda çekeleşikli ýagdaýda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty - I liga geçirilýär
18—24-nji ýanwar aralygynda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty — I liga geçirilýär. Çempionata 81 küştçi gatnaşýar, şol sanda 27-si — gyzlaryň arasynda, 54-si — açyk derejede
20.01.2026 12:03
6.2k+
Aşgabatda suratkeş Berdiguly Amansähedowyň «Gum aýdymlary» atly sergisi görkezilýär
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Gum aýdymlary» atly giň gerimli sergi açyldy. Tomaşaçylara 110-dan gowrak özboluşly eseri hödürleýän bu sergi suratkeşiň medeniýetleriň dialogyna goşan halkara goşandynyň ykrarynyň görnükli mysaly boldy
20.01.2026 11:59
1.6k+
Dohanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistana geler
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda
20.01.2026 11:54
13k+
Dünýäniň iň köp hak alýan türgenleri: Ronaldu Messiden iki esse köp gazanýar
Sportico neşiri 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp girdeji gazanan on türgeniniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýene-de Kriştianu Ronaldu eýeledi. Portugaliýaly futbolçy bir ýyl ozalky görkezijiler ($260 mln) bilen öňdebaryjylygy saklady
20.01.2026 11:53
4.3k+
Hakyky ululygyndaky şäher: Minecraft-da Nýu-Ýorkuň takyk nusgasy gurulýar
Build The Earth taslamasyndan höwesjeňler eýýäm bäş ýyl bäri Minecraft oýnunda 1:1 ölçegde Nýu-Ýorkuň nusgasyny döretmek bilen meşgullanýar. Häzire çenli edilen işler barada wideoda taslamanyň ýolbaşçysy, YouTube blogeri MineFact gürrüň berdi
20.01.2026 11:44
4.8k+
Hytaýyň ýokary okuw mepdepleri Garwardy iň gowy uniwersitetleriň reýtinginde üçünji orna düşürdi
Hytaýyň birbada sekiz uniwersiteti her ýyl Niderlandlarda Leýden uniwersiteti tarapyndan düzülýän dünýäniň on sany iň gowy ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girdi. Täze reýtingde birinji orny Hançžoudaky Çžeszýan uniwersiteti eýeledi
20.01.2026 11:41
5.3k+
Honda garaža sygýan dört adamlyk futuristik kemperini tanyşdyrdy
Honda kompaniýasy dört adama niýetlenen, geljegiň dizaýnyny ýatladýan Base Station atly kemperini (syýahat tirkegini) köpçülige hödürledi. Esasy aýratynlyklary we dizaýny: Garaža sygyjylyk: Kemperiň ölçegleri ony standart garažda arkaýyn saklamaga mümkinçilik berýär
«
1
…
121
122
123
…
1118
»
«
1
…
118
119
120
121
122
123
124
125
126
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.