Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
16.01.2026 15:17
5.8k+
Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr
Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar
16.01.2026 15:12
3.5k+
Alymlar uçuşdan soň astronawtlaryň beýnisiniň formasynyň üýtgeýändiginiň üstüni açdylar
Kosmosa uçuş astronawtlaryň bedenine täsir edip, olaryň myşsalarynyň ýitmegine, süňk dykyzlygynyň peselmegine we suwuklyk hem elektrolit deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Emma bu-da hemmesi däl. Alymlar mikrograwitasiýanyň täsirlerini öwrenenlerinden soň, älem giňişligine uçuşyň astronawtlaryň beýnisiniň gurluşyna täsir edýändigini-de anykladylar
16.01.2026 15:07
2.5k+
Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar
Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler
16.01.2026 12:30
4.8k+
Senagat metallarynyň bahasy ýokarlanýar: galaýy we mis taryhy rekordlaryny täzeledi
Ýylyň başynda reňkli metallaryň bazarynda çalt ösüş hasaba alyndy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, galaýy we misiň bahalary taryhy rekord derejelerine ýetdi. Londonyň Metal Biržasynda (LME) galaýynyň bahasy 6% ýokarlanyp, bir tonnasy üçin 52 495 dollara ýetdi
16.01.2026 12:24
3.1k+
Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy
"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy
16.01.2026 12:19
6.4k+
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi
14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy
16.01.2026 12:15
2.9k+
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nemes professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär
12 — 16-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) Germaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Okuw maslahatynyň dowamynda bilim bermekde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara derejesinde hünärini ýokarlandyrmaga hem-de tejribe alyşmaga aýratyn üns berilýär
16.01.2026 12:02
2.8k+
Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler
Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda duşuşyklar geçirdiler
16.01.2026 11:53
1.4k+
Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda konsertde Paganininiň, Simmeriň we Marianelliniň eserlerini ýerine ýetirer
30-njy ýanwarda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli sazlar orkestriniň konserti geçiriler. Köpçülige hödürlenjek "Saýlanan eserler" (Избранное) atly maksatnama orkestriň öňki çykyşlarynyň iň şowly we meşhur saz eserlerinden düzüldi
16.01.2026 11:40
4.9k+
Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar
2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar
16.01.2026 11:25
2k+
Aşgabatda aprelde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
16.01.2026 09:11
10k+
Wizasyz we serhetsiz dünýä: Henley dünýäniň iň «güýçli» pasportlarynyň reýtingini düzdi
Täze Henley Passport Index reýtingi haýsy pasportlaryň syýahatlarda has köp erkinlige ýol açýandygyny görkezdi. Sanawda öňdebaryjy Singapuryň pasporty boldy: onuň raýatlary wizasyz 192 ýurda we sebite baryp bilýär
16.01.2026 09:08
4.8k+
Israel Adesanýa UFC-de indiki garşydaşyny bildi. Ol Jo Paýfer bolar
Orta agramda UFC-niň öňki çempiony Israel Adesanýa indiki söweşini amerikaly Jo Paýfere garşy geçirer. Söweş 29-njy marta geçilýän gije bolar we Sietlde UFC Fight Night 271 ýaryşynyň esasy wakasyna öwrüler. Jo Paýfer karýerasynda garyşyk başa-baş söweşde 17 ýeňiş gazandy we üç ýeňlişe sezewar boldy
16.01.2026 09:07
2.9k+
Dodge Charger we Hyundai Palisade «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobilleri» boldy
Detroýtda geçirilen Demirgazyk Amerikanyň halkara awtosalonynda «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobili 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl baş baýraklary Dodge Charger, Ford Maverick Lobo we Hyundai Palisade aldy
16.01.2026 09:05
3k+
2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi
2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär
16.01.2026 08:38
2k+
Indi iki sany Bugatti giperkaryny LEGO konstruktorlary görnüşinde gurup bolar
Bugatti kompaniýasy LEGO bilen täze hyzmatdaşlygy yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bugatti Chiron Pur Sport we Bugatti Vision Gran Turismo giperkarlarynyň nusgalaryny düzüp boljak iki sany täze toplum döredildi
16.01.2026 08:33
1.5k+
Lenovo öz-özi aýlanýan ekranly köpçülikleýin öndürilýän noutbukyny tanyşdyrdy
Lenovo kompaniýasy birnäçe täze önümlerini hödürledi, olaryň arasynda, esasan hem, ThinkBook Plus Gen7 Auto Twist noutbugy aýratyn ünsi çekýär. Ilkinji gezek 2024-nji ýylda diňe bir konsept (taslama) hökmünde görkezilen bu model indi köpçülikleýin önümçilige goýberildi
16.01.2026 08:22
2.5k+
Renault täze Filante krossowerini tanyşdyrdy
Renault kompaniýasy özüniň täze Filante krossowerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu model Geely kompaniýasynyň CMA platformasynda guruldy. Awtoulagyň satuwy şu ýylyň mart aýynda Günorta Koreýada başlanar, soňra bolsa model Günorta Amerika we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykar
16.01.2026 08:16
2.7k+
Täze çykarylýan "Mumiýa" filmi Finçeriň trillerlerini ýatladar: ilkinji tizer ýaýrady
"Blumhouse" we "Warner Bros." kompaniýalary "Mumiýa" filminiň ilkinji tizerini köpçülige hödürlediler. Taslamanyň režissýory Li Kronin ("Eýmenç ölüleriň gozgalaňy" filmi bilen tanalýan) täze eseri "Poltergeýst" ruhundaky gorkuly film (horror) bilen Dewid Finçeriň stilindäki garaňky detektiwiň gibridi hökmünde häsiýetlendirýär
16.01.2026 08:10
4.2k+
Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi
Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi
16.01.2026 08:06
1.1k+
LEGO "Pokemonlar" älemine esaslanýan toplumlary çykarar
LEGO we Pokémon Company meşhur “Pokemonlar” (Pokémon) franşizasynyň esasynda döredilen ilkinji konstruktorlar toplumyny yglan etdiler. Täze kolleksiýa seriýanyň 30 ýyllygy mynasybetli çykarylýar. Satuwlara 27-nji fewralda başlanar
16.01.2026 08:03
4.2k+
Kia täze K4 Sportswagon uniwersalyny tanyşdyrdy
Kia kompaniýasy resmi taýdan K4 Sportswagon uniwersalyny tanyşdyrdy. Bu model eýýäm sedan we hetçbek görnüşleri bolan K4 maşgalasyna goşular hem-de şu ýyl Ýewropa bazaryna çykar. Täze uniwersal Volkswagen Golf we Skoda Octavia ýaly bäsdeşler bilen bäsleşmek üçin niýetlenendir
16.01.2026 00:09
17k+
Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy
Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kuwwatly, ähli amatlyklary bolan awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň uly toplumynyň tehnikalaryň 148 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
15.01.2026 23:57
1.8k+
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
14-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
15.01.2026 22:30
11k+
«Barselona» ikinji gezek Kanseluny, «Aýaks» Ibragimowiçiň ogluny kärendesine aldy
Ýewropa futbolynda gyşky transfer penjiresi eýýäm birnäçe gyzykly transferlere getirdi. Klublar möwsümiň ahyrky bölegine taýýarlanmak bilen, işjeň ýagdaýda öz düzümlerini güýçlendirýär. «Barselona» öz resmi saýtynda gyraky goragçy Žoau Kanseluny möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alandygy barada habar berdi
15.01.2026 22:21
3.4k+
Günorta Koreýanyň wonasy soňky 17 ýylda iň pes derejä gaçdy
Günorta Koreýanyň wonasy 2009-njy ýyldaky global maliýe çökgünliginden bäri iň pes derejä gaçdy. Milli walýutanyň gowşamagynyň dowam etmegi kapitalyň ýurtdan çykýan döwründe hümmeti durnuklaşdyrmagyň usullaryny gözleýän ýurt häkimiýetlerine basyşy güýçlendirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berdi
15.01.2026 22:14
4.2k+
Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär
Katar 2028-nji ýylyň ýanwarynda taryhda ilkinji gezek guraljak zenanlaryň arasyndaky Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda FIFA bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär
15.01.2026 22:08
1.4k+
Apple has "akylly" Siri-ni döretmek üçin Google Gemini tehnologiýasyny saýlady
Apple we Google kompaniýalary köp ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu ylalaşygyň çäklerinde Gemini emeli aň modeli Siri ses kömekçisiniň täzelenen wersiýasyny döretmek üçin ulanylar. Siri-niň täze görnüşini şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrmak meýilleşdirilýär
15.01.2026 21:57
5.5k+
Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy
Samsung kompaniýasy arzan bahaly Galaxy A07 5G smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Täze model ilki bilen Taýlandyň we Mýanmanyň bazarlary üçin tanyşdyryldy. Smartfon ýat ukyby boýunça iki görnüşde — 4/128 GB we 6/128 GB wariantlarynda hödürlenýär
15.01.2026 21:50
3.1k+
Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi
Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde smartfon üpjünçiligi ugrunda birinji orny eýeledi. Şunlukda, amerikan korporasiýasy 14 ýylyň içinde ilkinji gezek özüniň esasy bäsdeşi bolan Samsung-dan öňe geçmegi başardy
15.01.2026 21:43
4.1k+
Cirium dünýäde wagtyna has jür awiakompaniýalary we howa menzillerini saýlady
Cirium analitiki kompaniýasy «2025-nji ýylda wagtynda ýerine ýetirmegiň görkezijilerine syn» hasabatyny hödürledi we onda tertipnamanyň berjaý edilişi boýunça awiakompaniýalaryň hem howa menzilleriniň reýtingini hödürledi
15.01.2026 21:31
7.7k+
Amerikan startapy Aýdaky myhmanhanalar üçin 250 müň dollardan petek satyp başlady
Galactic Resource Utilization Space (GRU Space) amerikan startapy Aýyň üstünde myhmanhana otaglaryny bron etmek üçin öňünden tölegiň kabul edilip başlanýandygy barada habar berdi. Geljekki müşderilere ilkinji Aý missiýalarynyň birine gatnaşmak üçin 250 müň dollardan 1 mln dollara çenli töleg geçirmek teklip edilýär diýip, ArsTechnica neşiri habar berýär
15.01.2026 21:26
2.9k+
Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy
Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi
15.01.2026 17:37
3.5k+
«Altyn malina-2026» anti-baýragy üçin dalaşgärler yglan edildi
Kinoda iň ýaramaz işler üçin berilýän «Altyn malina» anti-baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. 2025-nji ýylda bu baýragyň eýeleri martda, adatça bolşy ýaly, «Oskardan» bir gün öň yglan ediler diýip, World of Reel portaly belleýär
15.01.2026 16:35
7.4k+
Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň liderleri urlup çalynýan gurallarda keý-pop sazlaryny ýerine ýetirdi
Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon we Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti bilelikde urlup çalynýan saz gurallarynda BTS toparynyň «Dynamite» we «Keý-pop melgun awçylary» multfilminden aýdymlaryň sazlaryny ýerine ýetirdi
15.01.2026 16:31
4.3k+
Crew-11-iň astronawtlary lukmançylyk ewakuasiýasyndan soň Ýere möhletinden ir gaýdyp geldi
SpaceX amerikan kompaniýasynyň köp gezeklik Crew Dragon kosmos gämisi Crew 11 missiýasynyň ekipažy bilen şu gün Kaliforniýanyň günorta kenaryndaky Ýuwaş ummana üstünlikli gondy. Bu barada NASA habar berýär. NASA
15.01.2026 16:09
14k+
«Indi biz ahyrky derejämize düşdük»: «Real» 2-nji liganyň toparyndan utulyp, Ispaniýanyň Kubogyndan çykdy
Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 final oýnunda Madridiň «Realy» «Albaseteden» 2:3 hasabynda garaşylmadyk ýagdaýda utuldy. Aýgytly gol oýnuň ikinji ýarymyna goşulan wagtda geçirildi. Duşuşyk Albasete şäherindäki «Karlos Belmonte» stadionynda boldy
15.01.2026 15:32
5.7k+
Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi
2026-njy ýylyň ilkinji iki hepdesi üýtgeşik ýokary geomagnit işjeňligini görkezdi: ýylyň başyndan bäri geçen günleriň 62%-i Kp şkalasy boýunça «sary» we «gyzyl» derejede boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda şeýle günleriň paýy 46%-di
15.01.2026 11:55
2.7k+
Britaniýaly Kallum Týorner 007 agentiniň keşbi üçin esasy dalaşgär boldy
Britaniýaly aktýor Kallum Týorner 007 agenti Jeýms Bonduň keşbi üçin franşizanyň täze filminde esasy dalaşgär boldy. Daily Mail-iň maglumatlaryna görä, hut ol Deniel Kreýgiň ornuny çalşar. Çeşmeler 34 ýaşly aktýoryň töweregindäkileriň eýýäm onuň tassyklanyp bilmegini ara alyp maslahatlaşýandygyny ýazýar
15.01.2026 11:50
4.1k+
Tankytçylar «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» horror filmine haýran galma bilen seslendi
Internetde «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» (28 лет спустя: Храм костей) horror filmine ilkinji halkara synlar peýda boldy. Film 16-njy ýanwarda kinoteatrlarda görkeziler. Habar çykan wagty filmiň Rotten Tomatoes-de reýtingi 93%-di
«
1
…
125
126
127
…
1118
»
«
1
…
122
123
124
125
126
127
128
129
130
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.