«Roskosmos» kosmosdaky «Roždestwo arçasynyň» suratyny görkezdi
10.01.2026 11:27
4.3k+

«Roskosmos» kosmosdaky «Roždestwo arçasynyň» suratyny görkezdi

Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy öz Telegram kanalynda Ýekeşah ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän NGC 2264 dumanlygynyň suraty bilen paýlaşdy. Bu obýekt, köplenç, «Roždestwo arçasy» diýlip atlandyrylýar, sebäbi ol öz daşky keşbi boýunça baýramçylyk agajyny ýada salýar
50 Cent jenaýatçylykly toparlaryň urşunyň arasynda
10.01.2026 11:24
11k+

50 Cent jenaýatçylykly toparlaryň urşunyň arasynda

50 Cent lakamy bilen meşhur bolan amerikaly reper Kýortis Jekson «Bandalaryň urşy» («Gang Wars») atly seriala prodýuserlik eder diýip, diýip «Deadline» habar berýär.  Bu serial Amerikadaky jenaýatçylykly toparlaryň arasynda bolup geçýän hakyky çekeleşikler hakyndaky tru-kraým-taslamasydyr
Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy
10.01.2026 11:18
3.8k+

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler
Her gün 40 mln adam ChatGPT-ä saglyk baradaky soraglar bilen ýüz tutýar
10.01.2026 11:15
2.4k+

Her gün 40 mln adam ChatGPT-ä saglyk baradaky soraglar bilen ýüz tutýar

Her gün dünýäde 40 milliondan gowrak adam saglyk barada maglumat almak üçin ChatGPT-ni ulanýar. OpenAI-iň hasabatyna görä, çat-botda ähli habarlaryň 5%-den gowragy lukmançylyk temasy bilen baglanyşykly diýip, Axios neşiri habar berýär
Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler
10.01.2026 11:13
1.8k+

Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler

Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy
Hyundai adam şekilli Atlas robotyny hödürledi: ol zawodlarda önümçilik işine kömek eder
10.01.2026 11:11
1.7k+

Hyundai adam şekilli Atlas robotyny hödürledi: ol zawodlarda önümçilik işine kömek eder

Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde Hyundai awtokonsernine degişli bolan Boston Dynamics kompaniýasy ilkinji gezek adam şekilli Atlas robotyny köpçülige tanyşdyrdy. Bu gumanoid robototehnika gurşawynda möhüm waka bolup, Tesla ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşligi güýçlendirdi
«Dykyn wagty 4» Saud Arabystanynda we Afrikada düşüriler: býujet $100 mln bolar
10.01.2026 11:04
7.6k+

«Dykyn wagty 4» Saud Arabystanynda we Afrikada düşüriler: býujet $100 mln bolar

«Dykyn wagty»  (Час пик) komediýa-ekşen filminiň dördünji bölümi Saud Arabystanynda, Hytaýda, şeýle-de Afrika ýurtlarynyň birinde düşüriler. Sýužet brakonýerlik bilen bagly meseläni gozgar. Puck News neşiriniň ýazmagyna görä, filmiň üstünde şu ýylyň ýazynda ýa-da tomsunda işlenip başlanar
Netflix 2026-njy ýylda çykjak filmleri we seriallary gysgaça tanyşdyrýan tizeri hödürledi
10.01.2026 11:01
2.2k+

Netflix 2026-njy ýylda çykjak filmleri we seriallary gysgaça tanyşdyrýan tizeri hödürledi

Netflix 2026-njy ýylda platformada çykjak filmleri we seriallary görkezýän wideony hödürledi. Tizerde aktrisa we tansçy Teýýana Teýlor palçynyň obrazynda peýda bolýar. Taro kartlaryny ulanyp, ol wideonyň baş gahrymanyna Netflix-iň taslamalarynyň dürli dünýälerini görkezýär we ony bir wakadan beýlekisine geçirýär
ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler belli boldy
10.01.2026 10:53
983

ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler belli boldy

ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy ozal SAG Awards diýlip atlandyrylan Actor Awards ýyllyk baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Ýeňijiler 1-nji martda Los-Anjelesde kesgitlener, dabara bolsa Netflix platformasynda görmek üçin elýeterli bolar
Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer
10.01.2026 10:30
3.2k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar
Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykdy: bahasy 21 700 dollardan başlaýar
10.01.2026 10:21
4.8k+

Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykdy: bahasy 21 700 dollardan başlaýar

9-njy ýanwarda Hytaýda AX60 kuzowly täze Toyota RAV4 krossoweriniň resmi satuwlary başlandy. Modeliň bahasy 169 800 ýuandan 228 800 ýuana çenli (takmynan 24 300 – 32 800 dollar) aralygynda üýtgeýär. Emma ilkinji satyn alyjylar üçin ýörite arzanladylan baha — 151 800 ýuandan (takmynan 21 700 dollar) başlaýan nyrhlar hödürlenýär
Mario Balotelli BAE-niň ikinji ligasynyň iň soňky barýan «Al-Ittifak» toparynyň oýunçysy boldy
09.01.2026 16:22
11k+

Mario Balotelli BAE-niň ikinji ligasynyň iň soňky barýan «Al-Ittifak» toparynyň oýunçysy boldy

Italiýaly hüjümçi Mario Balotelli karýerasyny Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) ikinji ligasynda dowam eder. 35 ýaşly futbolçy Dubaýyň «Al-Ittifak» kluby bilen iki ýarym ýyllyk şertnoma baglaşdy. Bu transfer barada italiýaly žurnalist Janluka Di Marsio habar berdi
NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar
09.01.2026 16:16
5.5k+

NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar

NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär
«Mançester Siti» 75 mln dollara ganaly hüjümçi Semenýony aldy
09.01.2026 15:10
8k+

«Mançester Siti» 75 mln dollara ganaly hüjümçi Semenýony aldy

«Mançester Siti» resmi saýtynda «Bornmut» toparynyň ganaly wingeri (hüjümçisi) Antuan Semenýonyň transfer edilendigini yglan etdi. Ganaly futbolçy bilen 2031-nji ýylyň tomsuna çenli, ýagny bäş ýarym ýyllyk şertnoma baglaşyldy
Türkmenistan we BMG 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişýärler
09.01.2026 14:50
3.8k+

Türkmenistan we BMG 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişýärler

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy
09.01.2026 14:38
2.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler boýunça okuw maslahatlary geçiriler
09.01.2026 12:28
16k+

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler boýunça okuw maslahatlary geçiriler

2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin, Bagtyýarlyk, Köpetdag we Berkararlyk etrap salgyt bölümleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar boýunça okuw maslahatlaryny geçirer
PSŽ 90+5-nji minutda ýeňlişden gutulyp, penaltiler arkaly Fransiýanyň Superkubogyny gazandy
09.01.2026 12:11
11k+

PSŽ 90+5-nji minutda ýeňlişden gutulyp, penaltiler arkaly Fransiýanyň Superkubogyny gazandy

«Pari Sen-Žermen» (PSŽ) taryhynda 14-nji gezek Fransiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. 8-nji ýanwarda Kuweýtiň bitarap meýdançasynda geçirilen final duşuşygynda parižliler «Marsel» toparyndan üstün çykdylar. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa PSŽ 4:1 hasabynda üstün çykdy
Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar
09.01.2026 11:28
6.6k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär
Nike 2025-nji ýylyň iň meşhur 10 krossowka modelini mälim etdi
09.01.2026 11:20
4.7k+

Nike 2025-nji ýylyň iň meşhur 10 krossowka modelini mälim etdi

Nike brendi 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän krossowkalarynyň täze reýtingini düzdi. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, sanawyň birinji ornuny ilkinji gezek 2013-nji ýylda satuwa çykarylan Air Jordan 11 Gamma modeli eýeledi
Mercedes-Benz täze elektrikli GLC-ni tanyşdyrdy we awtopilotynyň tizligini sagatda 110 km-e çykardy
09.01.2026 11:12
6.4k+

Mercedes-Benz täze elektrikli GLC-ni tanyşdyrdy we awtopilotynyň tizligini sagatda 110 km-e çykardy

Las-Wegasda geçirilýän CES 2026 tehnologiýa sergisinde Mercedes-Benz kompaniýasy GLC krossoweriniň doly elektrikleşdirilen wersiýasyny we flagman S-Class sedanynyň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Täze elektrikli GLC modeli özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar: Daşky görnüşi: 942 sany yşyklandyrylan nokatly radiator gözenegi, korpusa "gizlenen" gapy tutawaçlary we aerodinamiki bamperler
Alymlar ilkinji gezek laboratoriýa syçanlarynda Alsgeýmer keselini doly bejerdiler
09.01.2026 11:08
3.8k+

Alymlar ilkinji gezek laboratoriýa syçanlarynda Alsgeýmer keselini doly bejerdiler

P7C3-A20 dermanynyň syçanlarda synagdan geçirilmegi, hatda Alsgeýmer keseliniň soňky tapgyrlarynda-da ýady, kognitiw (aň-bilim) funksiýalary we neýron ulgamynyň gurluşyny doly dikeltmegiň mümkindigini görkezdi
LG dünýäde iň ýeňil 17 dýuýmlyk noutbugyny tanyşdyrdy: agramy bary-ýogy 1,1 kg
09.01.2026 11:04
2.1k+

LG dünýäde iň ýeňil 17 dýuýmlyk noutbugyny tanyşdyrdy: agramy bary-ýogy 1,1 kg

LG kompaniýasy täze LG Gram 2026 noutbuklar hataryny yglan etdi. Bu seriýanyň iň esasy modeli bolan 17 dýuýmlyk 17Z90UR, öz ölçegindäki noutbuklaryň arasynda dünýäde iň ýeňili diýlip yglan edildi — onuň agramy bary-ýogy 1,1 kilograma barabardyr
Alpina dolulygyna BMW-niň düzümine goşuldy we täze logotip aldy
09.01.2026 10:54
4.2k+

Alpina dolulygyna BMW-niň düzümine goşuldy we täze logotip aldy

Germaniýanyň awtomobil ägirdi bolan BMW, Alpina brendiniň öz düzümine doly goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Söwda nyşanynyň hukuklarynyň bütinleý Bawariýa konsernine geçmegi bilen, ozalky týuning atelýesi indi seriýaly awtoulaglaryň aýratyn eksklýuziw görnüşlerini öndürmek bilen meşgullanar
Mihael Şumaheriň ilkinji ýeňiji bolan bolidi auksiona çykarylýar
09.01.2026 10:43
3k+

Mihael Şumaheriň ilkinji ýeňiji bolan bolidi auksiona çykarylýar

Broad Arrows auksion öýi ýanwar aýynyň ahyrynda Mihael Şumaheriň karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazanan 1992-nji ýyldaky Benetton-Ford bolidini satuwa çykarar. Guramaçylar 05-nji şassi belgili, doly abatlanan bu awtoulagyň azyndan 8,5 million ýewro satylmagyna garaşýarlar
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn dilinde neşir edildi
09.01.2026 10:33
4.6k+

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn dilinde neşir edildi

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Ýylyň birinji El-Klasikosy: «Real» «Atletikony» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy
09.01.2026 10:19
8.9k+

Ýylyň birinji El-Klasikosy: «Real» «Atletikony» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy

Madridiň «Realy» 2026-njy ýylyň Ispaniýanyň Superkubogy ýaryşynyň ikinji finalçysy boldy. Geçen gije Jidda saud şäherinde geçirilen ýarym final oýnunda «Real» Madrid derbisinde «Atletikony» 2:1 hasabynda utdy.  Hasap eýýäm 2-nji minutda Federiko Walwerdeniň jerime meýdançasyndan takyk urgusy bilen açyldy
Hytaýda Nils Bor bilen Eýnşteýniň arasyndaky belli jedel tejribede çözüldi
08.01.2026 21:30
7.3k+

Hytaýda Nils Bor bilen Eýnşteýniň arasyndaky belli jedel tejribede çözüldi

Hytaý fizikleri Albert Eýnşteýn tarapyndan tas ýüz ýyl ozal öňe sürlen pikir tejribesini iş ýüzüne geçirip, Nils Boruň goşmaçalylyk ýörelgesini tassykladylar. Bu barada Physical Review Letters žurnaly ýazýar. 1927-nji ýylda Solweý kongresinde Eýnşteýn bilen Boruň arasynda jedel döreýär
Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi
08.01.2026 21:29
2.5k+

Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny hödürledi. Oňa täzelenen modeller S85H, S90H, S95H we düýbünden täze S99H girdi. Flagman S99H metal karkasy bilen tapawutlanýar
Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
08.01.2026 21:24
6.1k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

7-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Pakistan 2026-njy ýylda ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlygy maslahatlaşdy
08.01.2026 21:20
4.2k+

Türkmenistan we Pakistan 2026-njy ýylda ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlygy maslahatlaşdy

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyp, 2026-njy ýylda bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
Volkswagen we Porsche kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar
08.01.2026 21:11
2.5k+

Volkswagen we Porsche kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

ABŞ-da yzyny görkezýän kameranyň şekili bilen bagly näsazlyklar sebäpli Volkswagen Group konserniniň awtomobilleri giň gerimde yzyna gaýtarylýar. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň maglumatlaryna görä, programma ýalňyşlygy yzdaky zatlary görkezmekde bökdençliklere getirip biler, bu bolsa heläkçilik ýagdaýlarynyň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar
Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär
08.01.2026 21:04
4.8k+

Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy
«ManÝunaýtediň» öňki tälimçisi «Twenteniň» tehniki müdiri wezipesini eýelär
08.01.2026 21:00
3.4k+

«ManÝunaýtediň» öňki tälimçisi «Twenteniň» tehniki müdiri wezipesini eýelär

Erik ten Hag resmi taýdan Niderlandlaryň «Twente» klubunyň tehniki müdiri wezipesine bellendi. Ol 2026/27 möwsüminiň başyndan öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmäge girişer, ýöne klubuň işine 1-nji fewraldan goşular
Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan çykýandygyny mälim etdi
08.01.2026 20:57
17k+

Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan çykýandygyny mälim etdi

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan we edaradan çykmagy baradaky permana gol çekdi. Administrasiýanyň bellemegine görä, olar «indi ýurduň bähbitlerine laýyk gelmeýär». Bu barada Ak tamyň saýtynda habar berilýär
Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady
08.01.2026 16:50
15k+

Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi. «Roždestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun
Türkmenistanyň Mejlisi möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlaryň senesini belledi
08.01.2026 16:43
9.1k+

Türkmenistanyň Mejlisi möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlaryň senesini belledi

2026-njy ýy­lyň 29-njy mar­ty­nda, ýek­şen­be gü­nü­nde we­la­ýat­lar­da tä­ze dö­re­di­len et­rap­lar­da halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň we we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň hem-de Ge­ňeş­le­riň çy­kyp gi­den ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­la­r geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda welaýatlarda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady
08.01.2026 16:30
8.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda welaýatlarda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady. Karara laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna
«Al-Nasr» türkmen klublaryna garşy birinji gezek oýnanok
08.01.2026 16:06
21k+

«Al-Nasr» türkmen klublaryna garşy birinji gezek oýnanok

Türkmenistanyň köp sanly futbol janköýerleri AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynda "Arkadag" bilen Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýogsa näme, türkmen klublaryna şeýle ýokary derejedäki garşydaşlar bilen duşuşmak elmydama nesip edip durmaýar
Microsoft 2026-njy ýylyň Xbox Game Pass oýunlarynyň ilkinji tapgyryny mälim etdi
08.01.2026 14:50
1.9k+

Microsoft 2026-njy ýylyň Xbox Game Pass oýunlarynyň ilkinji tapgyryny mälim etdi

Microsoft kompaniýasy şu ýyl Xbox Game Pass kitaphanasyna giriziljek ilkinji uly täzelenmäni resmi taýdan yglan etdi. Abonentler dürli žanrlardaky oýunlara — AAA blokbasterlerden we horrorlardan başlap, garaşsyz (indie) studiýalaryň täze taslamalaryna hem-de nusgawy oýunlaryň täzeden neşir edilen görnüşlerine (remaster) elýeterlilik alarlar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.