Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär
24.12.2025 13:28
16k+

Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär
58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer
24.12.2025 13:21
8.2k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar
Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi
24.12.2025 13:17
13k+

Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi

Aktýor Jeki Çan 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky estafetanyň çäklerinde gadymy rim şäheri Pompeiden Olimpiýa alawynyň fakelini göterip geçdi. Bu barada NBC News teleýaýlymy habar berýär
Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy
24.12.2025 12:59
2.6k+

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar
Rimac Nevera R-iň ýörite wersiýasynyň eýelerine kompaniýanyň baş edarasynyň açarlary gowşurylar
24.12.2025 12:47
2.2k+

Rimac Nevera R-iň ýörite wersiýasynyň eýelerine kompaniýanyň baş edarasynyň açarlary gowşurylar

Rimac kompaniýasy ýokary öndürijilikli Nevera R giperkarynyň eksklýuziw nusgasyny — Founder's Edition wersiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle awtoulaglaryň bary-ýogy 10-sy öndüriler we olaryň hemmesi eýýäm brendiň muşdaklarynyň arasynda paýlanyldy
Jakarta 2025-nji ýylda dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi
24.12.2025 12:41
4.7k+

Jakarta 2025-nji ýylda dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi

2025-nji ýylda Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäheri diýlip yglan edildi — Indoneziýanyň paýtagtynda häzirki wagtda tas 42 million adam ýaşaýar. Ilkinji üçlüge, şeýle hem Dakka (Bangladeş) we Tokio (Ýaponiýa) şäherleri girdi
Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi
24.12.2025 12:33
7.4k+

Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi

Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy
Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik gurmasynyň we BMGÖM-niň guramagynda klimat dialogy geçirildi
24.12.2025 10:53
3.4k+

Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik gurmasynyň we BMGÖM-niň guramagynda klimat dialogy geçirildi

22-nji dekabrda Aşgabatda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we aýallaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi
Hyundai 80-nji ýyllaryň äheňinde düýpgöter täze “burçly” Sonata taýýarlaýar
24.12.2025 10:46
7.5k+

Hyundai 80-nji ýyllaryň äheňinde düýpgöter täze “burçly” Sonata taýýarlaýar

Modeliň önümçiliginiň bes edilmegi baradaky myş-myşlara garamazdan, Hyundai kompaniýasy Sonata sedanynyň dokuzynjy nesliniň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Kompaniýa awtoulagy öz hatarynda saklap galmak, ýöne onuň konsepsiýasyny düýpli täzelemek kararyna geldi
Kia K4 hetçbegi baý enjamlar toplumy we 24,9 müň dollardan başlaýan bahasy bilen ABŞ-da satuwa çykýar
24.12.2025 10:39
3.4k+

Kia K4 hetçbegi baý enjamlar toplumy we 24,9 müň dollardan başlaýan bahasy bilen ABŞ-da satuwa çykýar

Kia kompaniýasy ABŞ bazary üçin täze K4 hetçbekiniň bahalaryny yglan etdi. Satuwlary 2026-njy ýylda başlajak bu model üç sany komplektasiýada (enjamlar toplumynda) hödürlener. Awtoulag özüniň gönüden-göni bäsdeşleriniň birnäçesinden arzan bolmagy bilen bir hatarda, baý enjamlaşdyrylyşy bilen hem tapawutlanýar
Günorta Koreýanyň ilkinji hususy raketasy uçurylandan az wagt soň heläkçilige uçrady
24.12.2025 10:36
12k+

Günorta Koreýanyň ilkinji hususy raketasy uçurylandan az wagt soň heläkçilige uçrady

23-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 06:13-de Günorta Koreýanyň Innospace hususy kompaniýasynyň raketasynyň ilkinji orbital uçurylyşy amala aşyryldy. Bu synanyşyk şowsuz tamamlandy: uçurylandan takmynan 30 sekunt soň raketa ýere gaçdy we bortundaky ähli ýük ýitirildi
Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy
24.12.2025 10:25
5.6k+

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi
Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar
24.12.2025 10:18
1.8k+

Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar

Samsung Electronics kompaniýasy eplenýän smartfonlar ugruny ösdürmegini dowam etdirýär we täze modeli — Galaxy Wide Fold-y taýýarlaýar. ETNews neşiriniň habar bermegine görä, bu enjam ilkinji eplenýän iPhone-a jogap hökmünde taýýarlanyp, oňa meňzeş ölçeglere we ekran gatnaşygyna eýe bolmaly
Londonda Benksiniň stilinde çagalary suratlandyrýan iki meňzeş graffiti peýda boldy
24.12.2025 10:10
3.4k+

Londonda Benksiniň stilinde çagalary suratlandyrýan iki meňzeş graffiti peýda boldy

Londonda üç gün aratapawut bilen britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň stilinde ýerine ýetirilen iki graffiti peýda boldy. Bu barada BBC News habar berýär. Diwar suratlarynyň ikisinde-de ýerde ýatan iki çaga suratlandyrylýar
«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy
24.12.2025 10:04
3.5k+

«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy

«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi. Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar)
Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar
24.12.2025 09:58
5.9k+

Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar

Dohada 19-27-nji dekabr aralygynda geçirilýän Agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar kubogynda (Qatar Weightlifting Cup) türkmenistanly türgenler Bunýat Raşidow we Ogulşat Amanowa alty medal gazandylar. Bu barada Katar sport metbugat komiteti (The Qatar Sports Press Committee) habar berdi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň tertibini neşir etdi
24.12.2025 09:53
2.9k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň tertibini neşir etdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini neşir etdi. 10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 17–19 mart — Türkmenistanyň
"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady
24.12.2025 09:44
7.3k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady

Türkmenistanyň "Ahal" futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyny Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyna garşy myhmançylykda geçiren duşuşygy bilen tamamlady. 23-nji dekabrda Ammanyň Halkara stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy
«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi
23.12.2025 19:27
10k+

«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi

«Barselona» futbol kluby we «Barsa» gaznasy (Barca Foundation) agyr keselli çagalary we ýetginjekleri goldamaga gönükdirilen haýyr-sahawat Roždestwo kampaniýasyny geçirdi. Maksatnama bejergi döwründe çagalara we olaryň maşgalalaryna emosional goldawy bermäge gönükdirilýär we Polseres Blaugrana («Gök-gyzyl bilezikler») taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär
Ruldan eliňi aýryp sürmek: Hytaý 3-nji derejeli awtonom ulaglar üçin ýollary açdy
23.12.2025 18:57
5.9k+

Ruldan eliňi aýryp sürmek: Hytaý 3-nji derejeli awtonom ulaglar üçin ýollary açdy

Hytaý häkimiýetleri ilkinji gezek umumy ulanylýan ýollarda 3-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamly awtoulaglary ulanmaga rugsat berdiler. Bu ygtyýarnamany Changan konserniniň Deepal SL03 we BAIC kompaniýasynyň Arcfox Alpha S elektromobilleri aldy
Global internet trafigi 19% ösdi, onuň ep-esli bölegini botlar emele getirýär
23.12.2025 18:50
3k+

Global internet trafigi 19% ösdi, onuň ep-esli bölegini botlar emele getirýär

2025-nji ýylda global internet trafigi 19% ýokarlanyp, geçen ýylky 17% görkezijisinden geçdi. Şol bir wagtyň özünde, adamlar tarapyndan döredilýän trafigiň paýy 43,5%-e çenli peseldi. Cloudflare platformasynyň statistikasyna görä, emeli aň (EA) botlarynyň peýda bolmagy has göze ilýär
Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy
23.12.2025 18:27
5.9k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi
MGM+ "Ajaýyp ýedilik" nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar
23.12.2025 18:19
4.8k+

MGM+ "Ajaýyp ýedilik" nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar

MGM+ striming hyzmaty 1960-njy ýyllaryň “Ajaýyp ýediligiň” (“Великолепная семерка”) nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär. Taslamany "Gahrymanlar" (Heroes) serialynyň döredijisi Tim Kring işläp düzer; ol ssenarini ýazar we ýerine ýetiriji prodýuser bolar
Gadymy ösümlikler güller peýda bolmazdan millionlarça ýyl öň, mör-möjekleri özüne çekmek üçin gozalaryny gyzdyrypdyrlar
23.12.2025 18:00
5.2k+

Gadymy ösümlikler güller peýda bolmazdan millionlarça ýyl öň, mör-möjekleri özüne çekmek üçin gozalaryny gyzdyrypdyrlar

Biologlaryň halkara topary ösümlikleriň, güller peýda bolmazdan millionlarça ýyl öň, ýylylyk ýaýratma — "görünmeýän ýagtylyk" — arkaly mör-möjekleri özüne çekendigini anyklady. Bu açyş mezozoý eýýamynda agdyklyk eden, infragyzyl yşaratlara esaslanýan aragatnaşyk kanalynyň bolandygyny subut edýär
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady
23.12.2025 17:24
10k+

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi
Altynyň bahasy ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4500 dollardan geçdi: ol 50 gün bäri gymmatlaýar
23.12.2025 17:14
7.5k+

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4500 dollardan geçdi: ol 50 gün bäri gymmatlaýar

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 4500 dollardan geçip, taryhy iň ýokary netijäni görkezdi. Nýu-Ýorkuň haryt biržasyndaky (COMEX) söwdanyň dowamynda fewral fýuçersi üçin baha iň ýokary derejesinde 4502,4 dollar boldy
Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosa uçan ilkinji adam boldy
23.12.2025 13:31
7.2k+

Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosa uçan ilkinji adam boldy

Germaniýaly 33 ýaşly aerokosmos inženeri Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosda bolup gören ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Uçuş Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard suborbital kapsulasynda amala aşyryldy diýip, CNN habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
23.12.2025 13:13
3.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi

22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy
23.12.2025 12:54
14k+

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar
23.12.2025 11:56
7.8k+

Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar

Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär
Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
22.12.2025 22:51
11k+

Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi
22.12.2025 22:24
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi
Ýaponiýada Toyota RAV4 täze staýling-bukjalaryny aldy
22.12.2025 21:44
8.6k+

Ýaponiýada Toyota RAV4 täze staýling-bukjalaryny aldy

Täzelenen Toyota RAV4 Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Hytaýda hödürlenenden soň, Ýaponiýanyň bazaryna çykdy. Munuň bilen bir wagtda Toyota Modellista atelýesi bilen hyzmatdaşlykda krossoweriň daşky görnüşini üýtgedýän iki sany staýling-bukjasyny taýýarlady
Görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynda aradan çykdy
22.12.2025 21:07
19k+

Görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynda aradan çykdy

21-nji dekabrda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. Bu barada meşhur ýazyjynyň ýakynlary habar berdiler. Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gojuk obasynda dünýä indi
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy
22.12.2025 17:15
7.9k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy

13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy. Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy
Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi
22.12.2025 16:40
4.9k+

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy
«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy
22.12.2025 16:30
5.6k+

«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy

«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy
«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi
22.12.2025 16:28
3.8k+

«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi

Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär
Amerikan startapy dünýäniň iň ykjam emeli aň superkompýuterini hödürledi
22.12.2025 16:26
3.3k+

Amerikan startapy dünýäniň iň ykjam emeli aň superkompýuterini hödürledi

Amerikanyň Tiiny AI startapy, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan dünýäniň iň kiçi şahsy emeli aň (EA) superkompýuteri hökmünde ykrar edilen Tiiny AI Pocket Lab enjamyny tanyşdyrdy. Täze önüm barada Interesting Engineering neşiri habar berýär
Disney “Gözel we nägehan” ertekisinden täze film döredýär
22.12.2025 15:49
1.4k+

Disney “Gözel we nägehan” ertekisinden täze film döredýär

Disney kompaniýasy “Gözel we nägehan” äleminde bolup geçýän täze doly metražly filminiň üstünde işläp başlady. Bu gezek filmiň baş gahrymany studiýanyň iň meşhur zalymlarynyň biri — öwünjeň Gaston bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.