Patyşa Karl III itler üçin tagamlaryň söwdasyny ýola goýdy
18.08.2025 15:36
3.4k+

Patyşa Karl III itler üçin tagamlaryň söwdasyny ýola goýdy

Britan patyşa maşgalasynyň Şotlandiýadaky rezidensiýasynda, Balmoral galasynyň web sahypasyndaky onlaýn dükanda önümleriň täze görnüşleri peýda boldy. Indi markaly çaý önümleri, deri önümleri, oýnawaçlar we çagalar üçin kitaplar bilen birlikde itler üçin hem dürli önümleri satyn alyp bolýar
Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy
18.08.2025 15:29
6.1k+

Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy

Meksikanyň Ýukatan ýarym adasyndaky gowakdaky stalagmit sebitde köp sanly gurakçylyklaryň bolandygyny, şol sanda olaryň biriniň 13 ýyl dowam edendigini ýüze çykardy. Bu gurakçylyk, takmynan, müň ýyl ozal Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagynda möhüm rol oýnap biler diýip, barlagyň awtorlary Science Advances žurnalynda habar berdiler
Google-e degişli kompaniýanyň lazerli interneti gury ýerde we deňizde 100 Gbit/sek geçmegi başardy
18.08.2025 15:27
4k+

Google-e degişli kompaniýanyň lazerli interneti gury ýerde we deňizde 100 Gbit/sek geçmegi başardy

Alphabet Loon ýapyk taslamasy esasynda 2022-nji ýylda döredilen Aalyria kompaniýasy maglumatlary geçirmegiň Tightbeam lazer ulgamyny üstünlikli synagdan geçirdi. Synaglaryň dowamynda tehnologiýa hakyky ýagdaýlara ýakyn şertlerde 100 Gbit / s tizlikde durnukly internet birikmesini üpjün etdi
“Google Terjime” Duolingo-nyň garşysyna çykýar: onda dil öwrenmek režimi peýda bolar
18.08.2025 15:23
2.4k+

“Google Terjime” Duolingo-nyň garşysyna çykýar: onda dil öwrenmek režimi peýda bolar

“Google Terjime” programmasy daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döredilen “Praktika” (Practice) atly täze funksiýany synagdan geçirýär diýip, Android Authority portaly habar berdi . Žurnalistler ony programmanyň iň soňky wersiýasynda işjeňleşdirmegi başardylar
Alymlar äpet penjeli guşa meňzeş dinozawryň täze görnüşini tapdylar
18.08.2025 15:21
4.7k+

Alymlar äpet penjeli guşa meňzeş dinozawryň täze görnüşini tapdylar

Mongoliýada uly dyrnakly, guşa meňzeş dinozawryň galyndylary tapyldy. Täze görnüş Shri rapax diýlip atlandyryldy we dromeozawrid maşgalasyna degişlidir. Bu açyş barada Historical Biology žurnalynda habar berildi
Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady
18.08.2025 10:26
4.1k+

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Astanada "Silk Way Star" bäsleşigine gatnaşar
18.08.2025 10:22
14k+

Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Astanada "Silk Way Star" bäsleşigine gatnaşar

Gazagystanyň paýtagty Astanada “Silk Way Star” atly birinji Aziýanyň wokal bäsleşigi badalga alýar, bu ýaryş Azerbaýjandan Günorta Koreýa çenli — 12 ýurtdan zehinleri birleşdirer. Türkmenistana wekilçilik etmek hormaty meşhur aýdymçy we kompozitor Döwran Şammyýewe miýesser etdi
DXOMark: Huawei Pura 80 Ultra dünýädäki iň gowy kamerofonlaryň sanawynda öňdäki orny eýeledi
18.08.2025 10:17
6.1k+

DXOMark: Huawei Pura 80 Ultra dünýädäki iň gowy kamerofonlaryň sanawynda öňdäki orny eýeledi

Huawei Pura 80 Ultra DXOMark-yň global kamerofonlarynyň sanawynda öňdäki orny eýeledi we umumy bal boýunça rekord goýdy. DXOMark-yň berýän maglumatlaryna görä, enjam dünýä sanawynda 175 bal gazanyp, ähli kategoriýalarda iň gowy netijeleri görkezdi
Tehasdaky Perl atly towuk dünýäniň iň garry towugy diýlip yglan edildi. Ol 14 ýaşynda
18.08.2025 10:15
14k+

Tehasdaky Perl atly towuk dünýäniň iň garry towugy diýlip yglan edildi. Ol 14 ýaşynda

Tehasdaky Perl atly towuk resmi taýdan dünýäniň ýaşap ýören iň garry towugy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Rekord hasaba alnan pursadynda, eýesi Sonýa Hallyň sözlerine görä, towuk 14 ýaş 69 günlük eken
Moskwada «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi
18.08.2025 10:13
3.4k+

Moskwada «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi

15-nji awgustda Moskwada Uly Nikitskaýa köçesiniň ugrunda ýerleşýän P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Katar Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
18.08.2025 10:08
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-nde Katar Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Katar Döwletiniň ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
18.08.2025 10:05
1.9k+

Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler
ABŞ-da düzgünleşdiriji dowamly öýken keselini bejermek üçin ilkinji derman serişdesini tassyklady
18.08.2025 10:02
2.6k+

ABŞ-da düzgünleşdiriji dowamly öýken keselini bejermek üçin ilkinji derman serişdesini tassyklady

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň hiline we derman serişdelerine gözegilik müdirligi (FDA) Insmed kompaniýasynyň mukowissidozsyz bronhoektazlary bejermek üçin niýetlenen Brinsupri dermanyny tassyklady. Bu dowamly öýken keseli dem alyş ýollarynyň öwezini dolup bolmajak zeperlenmesi, dowamly üsgülewük we nemiň  artykmaç bölünip çykmagy bilen utgaşýar diýip, Reuters ýazýar
Ýewropada rekord yssy sebäpli dörän tokaý ýangynlarynyň ýetiren zyýany 90% töweregi ýokarlandy
18.08.2025 10:00
8.5k+

Ýewropada rekord yssy sebäpli dörän tokaý ýangynlarynyň ýetiren zyýany 90% töweregi ýokarlandy

2025-nji ýylda Ýewropada aşa yssy howa tokaý ýangynlarynyň ýetirýän zyýanynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Ýokary temperatura ösümlikleri guradyp, ýangynyň ýaýramagyny aňsatlaşdyrdy. The Guardian gazetiniň berýän habaryna görä, şu ýyl Ýewropada 400 000 gektardan gowrak tokaý ýandy, bu bolsa soňky 20 ýyldaky ortaça görkezijiden 87% köpdür
OpenAI Neuralink-iň çägine girýär. Kompaniýa beýni çiplerini döretmäge maýa goýýar
18.08.2025 09:58
3.3k+

OpenAI Neuralink-iň çägine girýär. Kompaniýa beýni çiplerini döretmäge maýa goýýar

Amerikanyň OpenAI kompaniýasy we ony esaslandyryjy Sem Altman beýni implantlary üçin interfeýsleri döredýän Merge Labs başlangyjyna maýa goýmagy meýilleşdirýärler. Bu barada üç sany anonim çeşmä salgylanyp, Faýnansial Taýms habar berdi
Türkmen lukmanlary ilkinji gezek çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly operasiýany geçirdiler
18.08.2025 09:01
9.6k+

Türkmen lukmanlary ilkinji gezek çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly operasiýany geçirdiler

Türkmenistanyň hirurg lukmanlary Germaniýadan çagyrylan hünärmen bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji gezek selektiw dorsal rizotomiýa — çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly neýrohirurgiki operasiýany üstünlikli geçirdiler
Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
18.08.2025 08:54
7.5k+

Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

16-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherine baryp gördi
Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar
18.08.2025 08:47
3.4k+

Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar

“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady
Lexus garaşylmadyk ýagdaýda Montereýde täze superkarynyň konseptini tanyşdyrdy
18.08.2025 08:45
6.1k+

Lexus garaşylmadyk ýagdaýda Montereýde täze superkarynyň konseptini tanyşdyrdy

Montereýdäki Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Lexus kompaniýasy öňünden yglan etmezden Sport konsept superkaryny hödürledi. Model barada jikme-jik maglumat ýok. Ýöne konseptiň geljekde brendiň diňe bir sport däl, eýsem beýleki modellerinde öz beýanyny tapjak dizaýny görkezýän bolmagy gaty ähtimal
McLaren ýaryş topary heniz ýok awtomobilleri satýar
18.08.2025 08:42
2.8k+

McLaren ýaryş topary heniz ýok awtomobilleri satýar

Meşhur McLaren ýaryş topary üýtgeşik auksion barada yglan etdi: auksiona dürli ýaryşlar – “Formula-1”, Indycar we ulaglaryň çydamlylygy boýunça dünýä çempionaty (WEC) üçin niýetlenen üç ulag çykarylar. Ýöne bir nýuans bar: bu ulaglaryň hiç biri entek taýýar görnüşde ýok
Alymlar ertirki kofe üçin iň gowy wagty aýdyp, ony ýekelikde içmegi maslahat berdi
17.08.2025 23:41
10k+

Alymlar ertirki kofe üçin iň gowy wagty aýdyp, ony ýekelikde içmegi maslahat berdi

Kofe üçin iň gowy wagt oýananyňdan soň 2,5 sagatdan soň bolup, ony iň gowusy ýekelikde içmeli. Şeýle teklibi ýewropaly alymlar öňe sürýär. Olar kofe içmegiň wagtynyň we şertleriniň içgiden alynýan lezzete nähili täsir edýändigini öwrendi
Elektromobiller üçin täze batareýa adatdakydan has uzak hyzmat edip biler
17.08.2025 23:39
2.6k+

Elektromobiller üçin täze batareýa adatdakydan has uzak hyzmat edip biler

CATL kompaniýasy özüniň rekord derejede uzak hyzmat etjek täze Naxtra natriý batareýasynyň aýratynlyklaryny tassyklady. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, nazaryýetde ol 10 000 zarýad sikline çydamly bolup, sygymyň azyndan 85%-ini saklaýar
iOS 26-da animasiýalar çaltlaşdyryldy: köne iPhone “has janly” işlär
17.08.2025 23:37
3.3k+

iOS 26-da animasiýalar çaltlaşdyryldy: köne iPhone “has janly” işlär

Apple kompaniýasy iOS 26-ny synagdan geçirmegi dowam etdirýär, onuň durnukly wersiýasy indiki aýda iPhone 17 bilen bilelikde çykar. Häzir işläp düzüjiler iOS 26 beta 6-ny gurnap bilýär, onda birnäçe uly üýtgeşmeler peýda boldy
Jeep Cherokee tygşytly gibrid hökmünde gaýdyp gelýär: 100 km üçin 6,2 litr sarp eder
17.08.2025 23:36
2.9k+

Jeep Cherokee tygşytly gibrid hökmünde gaýdyp gelýär: 100 km üçin 6,2 litr sarp eder

Jeep kompaniýasy täze nesil Cherokee krossoweri barada maglumat berdi. Ol 2023-nji ýylyň fewralynda önümçilikden aýrylan modeli çalşyp, tygşytly gibrid bolar. Hatarda Trailhawk wersiýasy hem saklanar. Cherokee 1,6 litrlik turbo hereketlendirisiji bilen benzin-elektrik hereketlendirijisine eýe bolar
LEGO “Garri Potter” boýunça “Hogsmid obasy” kolleksiýa toplumyny çykarar
17.08.2025 23:34
2.4k+

LEGO “Garri Potter” boýunça “Hogsmid obasy” kolleksiýa toplumyny çykarar

LEGO kompaniýasy “Garri Potter” boýunça “Hogsmid obasy” ady bilen täze kolleksiýa toplumyny hödürledi. Ol 3 müňden gowrak bölekden ybarat bolup, 1-nji sentýabrda 379,99 ýewro (takmynan, 445 dollar) bahadan satuwa çykar
THR: Dedpul indiki “Ar alyjylarda” peýda bolar
17.08.2025 23:31
2.7k+

THR: Dedpul indiki “Ar alyjylarda” peýda bolar

Raýan Reýnolds indiki “Ar alyjylar. Kyýamat güni” (Мстители. Судный день) filminde ýene Dedpuly oýnar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiriniň çeşmeleri habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, gahryman filmde peýda bolar, ýöne supergahrymanlaryň toparynyň doly agzasy bolmaz
Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi
17.08.2025 23:29
4.8k+

Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi

Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi. Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi
Lamborghini ýollarda hereket edip bilýän dünýäde ýeke-täk Gallardo Concept S-i görkezdi
17.08.2025 23:20
4.7k+

Lamborghini ýollarda hereket edip bilýän dünýäde ýeke-täk Gallardo Concept S-i görkezdi

Lamborghini Montereýde geçirilen Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Gallardo modeliniň 20 ýyllygyny belledi. Ýubileý mynasybetli kompaniýa seýrek Gallardo Concept S-i hödürledi. Bu konsept ilkinji gezek 2005-nji ýylda Ženewa awtosalonynda görkezilipdi
“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy
17.08.2025 13:40
7.7k+

“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy

"Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Ştutgarty” 2:1 hasabynda utup, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Ştutgartda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn (18-nji minut) we Luis Dias (77) gol geçirdi
Täze çempion! Hamzat Çimaýew Dýu Plessiden üstün çykyp, orta agramda çempion guşagyny aldy
17.08.2025 13:33
21k+

Täze çempion! Hamzat Çimaýew Dýu Plessiden üstün çykyp, orta agramda çempion guşagyny aldy

16-njy awgustdan 17-nji awgusta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen irden) Çikagodaky United Center arenasynda UFC 319 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy günorta afrikaly Drikus dýu Plessi bilen BAE-niň wekili Hamzat Çimaýewiň arasynda orta agramda titul söweşi boldy
Gümrük paçlarynyň ýokarlanyp bilmegi Lenovo-nyň girdejisini iki esse artdyrdy
16.08.2025 23:40
6.3k+

Gümrük paçlarynyň ýokarlanyp bilmegi Lenovo-nyň girdejisini iki esse artdyrdy

Geçen çärýegiň jemi boýunça iň uly şahsy kompýuterleri öndürijileriň biri bolan Lenovo arassa girdejisini 108% - 505 mln dollara çenli ýokarlandyrdy. Görkezijiler analitikleriň 308 mln dollar çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy
EA-nyň ornaşdyrylmagy lukmanlaryň düwnük keselini anyklamak başarnygyny peseltdi – The Lancet
16.08.2025 23:38
4.4k+

EA-nyň ornaşdyrylmagy lukmanlaryň düwnük keselini anyklamak başarnygyny peseltdi – The Lancet

Lukmanlar ençeme aýlap emeli aň tehnologiýalary ulanylandan soň düwnük keselini özbaşdak anyklamak başarnygyny ýitirýär. The Lancet iňlis žurnalynda neşir edilen ylmy gözlegde alymlar şeýle netijä geldi.   Ylmy gözleg 2021-nji ýylyň ahyrynda – 2022-nji ýylyň başynda Polşada dört sany endoskopiýa merkezinde geçirildi
Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy
16.08.2025 23:34
13k+

Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy

Hytaýyň Heçi okrugynda (Guansi-Çžuan awtonom sebiti) 300 metrlik kert gaýada gurlan kitap dükany açyldy. Bu barada News-Asia neşiri ýazýar. Dükan 2025-nji ýylyň maýynda işläp başlady we birnäçe aýyň içinde 100 müňden gowrak myhmany özüne çekdi
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi onlaýn elýeterli boldy
16.08.2025 23:29
3.4k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filmi onlaýn elýeterli boldy

Jeýms Gannyň “Supermen” blokbasteri akym hyzmatlarynda peýda boldy we indi onlaýn tomaşa etmek üçin elýeterlidir. Film halkara prokatda 500 mln dollardan gowrak ýygnap, önümçilik we marketing çykdajylaryny doly ödedi
Toyota 36 990 ýewrodan 2025-nji ýylyň Corolla Cross ulagyny satyp başlady
16.08.2025 23:28
7.2k+

Toyota 36 990 ýewrodan 2025-nji ýylyň Corolla Cross ulagyny satyp başlady

Toyota 36 990 ýewro (43,2 müň dollar) baha bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Corolla Cross krossoweri üçin sargyt kabul edip başlady. Awtomobil üýtgedilen daşky görnüşe, kämilleşdirilen salona we täze GR Sport wersiýasyna eýe boldy
Dünýä döwletleri plastik hapalanmasyna garşy göreş boýunça şertnama barada ylalaşyp bilmedi
16.08.2025 23:26
8.4k+

Dünýä döwletleri plastik hapalanmasyna garşy göreş boýunça şertnama barada ylalaşyp bilmedi

Dünýäniň 184 ýurdunyň wekilleri Ženewada on gün dowam eden plastik hapalanmasyna garşy göreş boýunça gepleşikleri global şertnama gol çekmezden tamamlady. Bu barada Reuters agentligi habar berdi. Gepleşikleriň ýolbaşçysy, Ekwadoryň wekili Waýas Waldiwiýeso gatnaşyjylaryň tekliplerine esaslanan iki resminama taslamasyny hödürledi
Türkmenistanda soltan Jelaletdin barada täze kitap neşir edildi
16.08.2025 19:07
7.8k+

Türkmenistanda soltan Jelaletdin barada täze kitap neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Orazpolat Ekäýew bilen Rejep Jommyýewiň «Soltan Jelaletdin Menguberdi» atly kitabyny neşir etdi diýip,  «Türkmenistan» gazeti habar berýär
Türkmen tennisçileri Tailandda geçirilen ýaryşda üç altyn we bir bürünç medal gazandylar
16.08.2025 19:04
4.2k+

Türkmen tennisçileri Tailandda geçirilen ýaryşda üç altyn we bir bürünç medal gazandylar

Türkmen türgenleri 14 ýaşa çenli tennisçileriň halkara ýaryşynda üç altyn we bir bürünç medaly gazandylar. Ýaryşlar Tailandyň Nontaburi welaýatynda (Beýik Bankok) Aziýanyň Tennis Federasiýasynyň (ATF) guramagynda geçirildi
Türkmen talyplary Malaýziýada “Future is Now” tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar
16.08.2025 18:56
6k+

Türkmen talyplary Malaýziýada “Future is Now” tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden bir mugallym we bäş talyp 3–9-njy awgust aralygynda Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Malaýa uniwersitetinde «Future is Now» atly tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar
«Türkmenfilm» türkmen kinematografiýasynyň 100 ýyllygy mynasybetli film çykarar
16.08.2025 18:52
12k+

«Türkmenfilm» türkmen kinematografiýasynyň 100 ýyllygy mynasybetli film çykarar

2026-njy ýylda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi milli kinematografiýanyň 100 ýyllygyny bellär. Bu baýramçylyga taýýarlygyň çäginde “Keşplerde ýaşaýan ykballar” atly dokumental-publisistik film taýýarlanylýar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.