Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hadysalar
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hadysalar
31.01.2026 19:26
17k+
Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy
Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär
31.01.2026 13:38
4.6k+
Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar
Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär
30.01.2026 09:44
10k+
Şemalyň tizligi sagatda 178 km: Portugaliýada «Kristin» harasaty...
Duýdansyz gelen «Kristin» harasaty Portugaliýada suw joşgunlaryna, weýrançylyklara we elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine sebäp boldy. BBC gullugynyň habar bermegine görä, tupanda azyndan bäş adam heläk boldy
28.01.2026 11:12
13k+
«Ýer ala, ýurt ala» : Awstraliýada 50 graduslyk jöwza höküm sürýär
Awstraliýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Ýurtda 27-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň 50 gradusa golaýlandygy hasaba alyndy. Sky News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli meteorologlar Wiktoriýa ştatynyň birnäçe ilatly nokatlarynda termometrleriň 48,9 gradusa çenli ýokarlanandygyny mälim etdiler
27.01.2026 10:10
6.6k+
12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy
Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär
26.01.2026 23:22
10k+
ABŞ-daky gar boragany gaz çykarylyşyny azaldyp, bahalary 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä galdyrdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tebigy gazyň birža bahalary 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji gezek 1 million britan ýylylyk birligi (BTU) üçin 6 dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär
26.01.2026 15:29
7.6k+
Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?
2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar
26.01.2026 13:41
2.2k+
Meta kompaniýasy WhatsApp-daky hat alşyklary birugsat okamakda aýyplanýar
Halkara şikaýatçylar topary Meta Platforms kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdiler. Olar amerikan kompaniýasyny WhatsApp messenjeriniň gizlinligi we howpsuzlygy babatda ulanyjylary aldawa salmakda aýyplaýarlar
26.01.2026 12:27
10k+
ABŞ-da 200 milliona golaý adam güýçli gar boraganynyň täsiri astynda galdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna düşen güýçli gar boragany takmynan 200 million adama täsir etdi. Bu barada ABC amerikan teleýaýlymy habar berýär. Milli meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, güýçli gar ýagynlary Nýu-Meksiko ştatyndan başlap, ýurduň gündogaryndaky Täze Angliýa (New England) sebitine çenli ägirt uly meýdany gurşap aldy
25.01.2026 15:59
7.5k+
Aleks Honnold göni ýaýlymda Taýbeý 101 gökdirän bina ätiýaçsyz dyrmaşyp çykdy
Amerikaly gaýa dyrmaşyjy Aleks Honnold Netflix-iň göni ýaýlymdaky görkezilişiň çäginde Taýbeý 101 gökdiräne hiç hili ätiýaçlandyryş serişdelerini ulanmazdan erkin dyrmaşdy we binanyň depesinde selfi düşürdi. Variety neşiriniň ýazmagyna görä, beýikligi 508 metrlik, 101 gatly binaň gerşine ýetmek üçin oňa 95 minut wagt gerek boldy
25.01.2026 01:50
7.4k+
ABŞ-da boragan sebäpli 10 müňden gowrak uçuş ýatyryldy
ABŞ-da güýçli garly boragan sebäpli 10 müňden gowrak howa gatnawy ýatyryldy ýa-da saklandy. Bu barada «Fox News» telekanaly habar berýär. «Associated Press» agentliginiň maglumatyna görä, tupan ýurduň aglaba bölegini öz içine alar
24.01.2026 19:26
11k+
Ýaponiýa iň uly atom elektrostansiýadaky reaktory işe girizenden soň ony gysga wagtda togtatdy
Ýaponiýanyň Niigata prefekturasynda ýerleşýän we dünýäde iň uly hasaplanýan «Kasiwadzaki-Kariwa» atom elektrik stansiýasynyň reaktory gaýtadan işe girizilenden birnäçe sagat soň ýene-de wagtlaýyn togtadyldy. Bu barada BBC neşiri elektrik stansiýanyň operatory Tokyo Electric Power Company (TEPCO) kompaniýasyna salgylanyp habar berýär
24.01.2026 15:54
3.9k+
Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi
Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi
24.01.2026 10:23
7.7k+
Dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy suw ýetmezçiligini başdan geçirýär
Watershed Investigations we The Guardian gazetleriniň bilelikdäki gözlegine görä, dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy eýýäm suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Barlagçylar suw ýetmezçiligini öý hojalyklary we senagat üçin zerur bolan suwuň möçberiniň ätiýaçlykdaky mukdardan artyk bolýan ýagdaýy hökmünde kesgitleýärler
23.01.2026 11:30
11k+
Sahara çölüne gar ýagdy
Sahara çölüniň Alžiriň Aýn-Sefra şäheriniň golaýyndaky demirgazyk bölegine gar ýagdy. Bu dünýäniň iň yssy we iň gurak sebitleriniň biri üçin seýrek duş gelýän tebigy hadysadyr. Gar bu ýere 17-nji ýanwarda ýagyp başlady
22.01.2026 23:01
4.5k+
Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi
Russiýaly kosmonawt Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan düşürilen Ýeriň üstündäki seýrek gyzyl polýar şöhlelenmesiniň kadrlaryny görkezdi. Hadysa şu ýylda ilkinji iň ýokary X derejeli alawlamanyň we XXI asyr üçin rekord derejeli radiasiýa tupanynyň netijesi boldy
21.01.2026 13:22
12k+
BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi
500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi
21.01.2026 10:08
5.2k+
Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi
Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär
20.01.2026 23:00
3.5k+
Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady
Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
20.01.2026 14:13
17k+
5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy
Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär
19.01.2026 15:18
8.5k+
20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar
20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
16.01.2026 09:05
3k+
2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi
2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär
15.01.2026 15:32
5.7k+
Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi
2026-njy ýylyň ilkinji iki hepdesi üýtgeşik ýokary geomagnit işjeňligini görkezdi: ýylyň başyndan bäri geçen günleriň 62%-i Kp şkalasy boýunça «sary» we «gyzyl» derejede boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda şeýle günleriň paýy 46%-di
14.01.2026 11:03
2.8k+
2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy
2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär
09.01.2026 16:16
5.5k+
NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar
NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär
06.01.2026 23:08
11k+
Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi
5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar
05.01.2026 11:44
9.1k+
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža
03.01.2026 21:36
17k+
Germaniýanyň taryhynda iň uly talaňçylyklaryň biri: bankdan 100 mln ýewrolyk gymmatly zatlar ogurlandy
Germaniýanyň Gelzenkirhen şäherindäki Sparkasse bankynyň ammaryndan 100 mln ýewrolyk gymmatly zatlar ogurlandy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bild habar berýär. Ogurlyk barada 29-njy dekabrda belli boldy. Bankyň şahamçasy şol gün Roždestwo baýramy sebäpli ýapykdy
31.12.2025 08:24
15k+
2025-nji ýylda iň gymmat düşen tebigy betbagtçylyklar belli boldy
Kaliforniýadaky tokaý ýangynlary 2025-nji ýylyň iň gymmat düşen klimat betbagtçylygy diýlip ykrar edildi. Onuň ýetiren ýitgisi 60 mlrd dollar diýlip hasaplandy, pida bolanlaryň sany bolsa 400 adama ýetdi. Şeýle maglumatlar Christian Aid haýyr-sahawat guramasynyň ýyllyk hasabatynda hödürlenýär
29.12.2025 16:15
9.4k+
91 ýaşynda fransuz kinosynyň ýyldyzy Brižit Bardo aradan çykdy
Meşhur fransiýaly aktrisa, aýdymçy, fotomodel we ýazyjy Brižit Bardo 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň esaslandyran haýwanlary goramak gaznasyna salgylanyp, AFP agentligi habar berdi. Ýaşlykda Brižit Bardo balet bilen meşgullandy
29.12.2025 10:44
10k+
ABŞ-da güýçli gar tupany sebäpli 16 müňden gowrak gatnaw ýatyryldy we gijikdirildi
ABŞ-a inen güýçli boragan howa gatnawlarynyň işinde uly bökdençligiň ýüze çykmagyna getirdi. Tutuş ýurt boýunça, şeýle-de Kanadanyň (Toronto, Monreal, Wankuwer) howa menzillerinde gatnawlar ýatyryldy we gijikdirildi
27.12.2025 20:51
4.5k+
2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany soňky on ýylda iň ýokary derejä ýetdi
2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň bolan günleriniň sany soňky on ýylda iň ýokary görkezijä, geomagnit-gozganma günleriniň umumy sany bolsa soňky ýigrimi ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
25.12.2025 12:25
4.2k+
Kosmosda ozal görünmedik täze partlama görnüşi hasaba alyndy
LIGO we Virgo kosmos detektorlary taryhda ilkinji gezek AT2025ulz diýlip atlandyrylýan astronomik hadysany hasaba aldylar. Bu hadysa "supernowa" (sper-täze ýyldyz) we "kilonowa" partlamalarynyň aýratynlyklaryny özünde jemleýän düýpgöter täze partlama görnüşiniň — "superkilonowanyň" ilkinji nusgasy bolup biler
22.12.2025 14:55
10k+
Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA
2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi
22.12.2025 13:53
5.9k+
Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar
Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler
18.12.2025 11:45
12k+
Türkiýäniň Mermer deňziniň suwy gysga wagtyň içinde kenardan 20 metr çekildi
Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi şäheriniň ýaşaýjylary Mermer deňziniň suwunyň kenarýakadan birden 20 metr çekilendigi barada habar berdiler. Netijede, 16-njy dekabrda kenarýakada çäge adajyklary emele geldi diýip, Haberturk teleýaýlymy habar berýär
17.12.2025 09:17
12k+
Braziliýada tupan wagty Azatlyk heýkeliniň birnäçe metrlik nusgasy ýykyldy
Braziliýanyň Guaýba şäherinde (Riu-Grandi-du-Sul ştaty) Havan uniwermagynyň öňünde oturdylan Azatlyk heýkeliniň 35 metrlik nusgasy ýykyldy. Waka 15-nji dekabrda güýçli tupan wagty bolup geçdi. G1 neşiriniň şäher häkimi Marselo Maranata salgylanyp habar bermegine görä, ýadygärligiň 24 metrlik ýokarky bölegi ýumruldy
16.12.2025 09:48
8.9k+
Aýa bir sagatda üç meteorit baryp urdy
15-nji dekabra geçilen gije Aýyň üstüne üç meteoritiň gaçyşy hasaba alyndy. Hadysa bir sagatdan az wagtyň içinde bolup geçdi. Seýrek çaknyşma seriýasy iň kuwwatly meteor akymlarynyň biri bolan Geminidiň iň ýokary işjeňligi bilen baglanyşyklydyr diýip, ýaponiýaly astronom-höwesjeň Daiçi Fuji habar berdi
15.12.2025 17:38
14k+
Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi
Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär
12.12.2025 18:06
10k+
Güýçli ýagyş ABŞ-nyň demirgazyk-günbatarynda uly suw joşgunlaryna sebäp boldy
Waşington amerikan ştaty 8-nji dekabrda başlan güýçli ygallar sebäpli uly suw joşgunlary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, tebigy betbagtçylyk soňky 35 ýylda iň güýçlüsi boldy diýip, New York Times we The Guardian habar berýär
«
1
…
3
4
5
…
34
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
…
34
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.