Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
emeli aň
Baş sahypa
/
Habarlar
/
emeli aň
11.06.2025 16:04
2.3k+
ChatGPT çat-boty OpenAI-e ýylda $10 mlrd girdeji getirip başlady
OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-boty işe girizilenden soň üç ýyldan az wagtyň içinde 10 mlrd dollar möçberde ýyllyk girdejä ýetdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berdi. Esasy
08.06.2025 17:38
1.8k+
Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi
Google I/O konferensiýasynda multimodal EA modeli Gemini 2.5-iň täzelenen görnüşi hödürlendi. Indi ol hakyky wagtda audio döretmegi we emosiýalary göz öňünde tutup gürrüňdeşligi alyp barmagy başarýar. Bu funksiýalar Google AI Studio we Vertex AI arkaly işläp düzüjiler üçin elýeterlidir
07.06.2025 19:49
1.5k+
ChatGPT indi bulut saklaýjylaryndaky korporatiw faýllary seljerip bilýär
«OpenAI» kompaniýasy ChatGPT üçin täze mümkinçilikleri goşdy. Indi işewür ulanyjylar çat-boty Google Drive, Dropbox, Box, SharePoint we OneDrive ýaly korporatiw bulut saklaýjylarynda ýerleşýän kompaniýanyň içerki maglumatlaryna baglap bilerler
07.06.2025 18:54
4.3k+
Öli deňziň golýazmalary alymlaryň pikir edişinden has gadymy bolup çykdy
Niderlandlardan, Daniýadan, Italiýadan we Belgiýadan alymlar topary emeli aňyň kömegi bilen Öli deňziň gadymy golýazmalarynyň ýaşyny has takyk kesgitlemegi başardy. Netijede, olar öň çak edilenden ep-esli gadymy bolup çykdy
06.06.2025 08:46
3.1k+
Amerikan attraksionlarynda emeli aň ornaşdyrylýar: tehnologiýalar dynç alşy nähili üýtgedýär?
Amerikan attraksion seýilgählerinde nobatlaryň azaldylmagy we myhmanlaryň wagtyny has ýakymly geçirmekleri üçin emeli aň tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Business Insider» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Legoland», «SeaWorld» we «Disney» ýaly iri senagat ägirtleri eýýämden «Vision AI-dan» başlap, emosiýaly robotlara çenli onlarça çözgütleri ulanyp başladylar
05.06.2025 15:57
3.6k+
Samsung kompaniýasy Galaxy S26-y üçin esasy AI kömekçi hökmünde Perplexity-ni saýlady
Apple ChatGPT-ni enjamlaryna birleşdirjekdigini yglan edeninden soň, bäsdeşler özleriniň AI strategiýalaryna täzeden garap başladylar. Samsung Kremniý jülgesiniň başlangyjy bolan Perplexity bilen hyzmatdaşlyga girmek bilen, mundan ilkinjileriň biri bolup täsirlendi
31.05.2025 11:08
3.2k+
Audi önümçiligi we logistikany kämilleşdirmek üçin EA-ny işjeň ulanyp başlady
Audi emeli aňy önümçilik we logistika işlerine işjeň ornaşdyryp başlady. Häzirki wagtda kompaniýa awtomobil ýygnamak işini tizleşdirmäge, hili ýokarlandyrmaga we wagty tygşytlamaga gönükdirilen 100-den gowrak taslamany durmuşa geçirýär
28.05.2025 20:26
3.3k+
ChatGPT Plus ilkinji bolup BAE-niň ýaşaýjylary üçin mugt elýeterli bolar
Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylary tiz wagtdan dünýäde ilkinji bolup ChatGPT Plus-a – OpenAI-iň çat-botunyň tölegli wersiýasyna mugt elýeterli bolar. Bu OpenAI bilen BAE-niň hökümetiniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlyk taslamasynyň bir bölegidir diýip, The Economic Times neşiri ýazýar
26.05.2025 17:07
3.6k+
Microsoft takyk howa çaklamalary üçin Aurora EA modelini hödürledi
Microsoft howany çaklamak üçin niýetlenen täze Aurora EA modelini hödürledi. Modeliň iş netijeleri bilen gözleg Nature žurnalynda neşir edildi. Fiziki deňlemelere esaslanýan adaty usullardan tapawutlylykda Aurora diňe arhiw maglumatlary bilen okadyldy
25.05.2025 23:15
2.8k+
Google aktýorsyz film döretmek üçin Flow EA guralyny hödürledi
Google teksti hakyky filmlere öwürýän täze Flow EA guralyny işe girizdi. Hyzmat aktýorlar, surata düşüriji topar, sahna bezegleri we adaty önümçilik bolmazdan kino döretmäge mümkinçilik berýär. Flow diňe ABŞ-da elýeterli
25.05.2025 19:53
2.4k+
OpenAI kompaniýasy 6,5 mlrd dollara emeli aň gajetlerini işläp düzýän startapy satyn aldy
«OpenAI» kompaniýasy emeli aň tehnologiýasyny ulanmak üçin enjamlary taýýarlaýan «io Products» startapyny satyn alandygyny habar berdi. Amerikan metbugat çeşmeleriniň ýazmagyna görä, geleşik 6,5 milliard dollara baglaşylypdyr, şeýle-de pul serişdeleri paýnama görnüşinde tölener
25.05.2025 19:41
1.4k+
Google emeli aň tarapyndan döredilen mazmunlary barlamak üçin ýörite gural döretdi
«Google I/O 2025» konferensiýasynda «Google» kompaniýasy «SynthID Detector» atly ýörite portaly hödürledi. Bu portal emeli aňyň kömegi bilen döredilen sanly mazmunlary barlamaga mümkinçilik berýär. «SynthID Detector» arkaly ýüklenen faýlyň «Google-yň» EA gurallary arkaly döredilip-döredilmändigini anyklap bolýar
23.05.2025 19:17
3.8k+
Ýapon alymlary emeli aňa ganyň lagtalanmagyny öňünden anyklamagy öwretdiler
Tokio uniwersitetiniň alymlary gan damarlarynda gan lagtalarynyň (tromblaryň) döremegini häzirki wagtda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän täze usuly hödürlediler. Bu tehnologiýa täze nesil mikroskop bilen emeli aňyň utgaşmasyna esaslanýar
23.05.2025 11:05
1.2k+
GPT-4 emeli aňy onlaýn çekişmelerde adamlaryň 64%-inden has ynandyryjy bolup çykdy
GPT-4 neýrotory onlaýn çekişmelerde, aýratyn-da, garşydaşyň şahsy maglumatlary ulanylanda adamlaryň özündenem has ynandyryjy bolup çykdy. Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki Federal politehniki mekdebiň mugallymy Robert Uestiň ýolbaşçylygynda, şweýsariýaly, italiýaly we amerikaly alymlar topary şeýle netijä geldiler
22.05.2025 20:30
1.4k+
Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi
Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder
22.05.2025 12:30
4.4k+
Google sesli wideo döredýän ilkinji EA modelini – Veo 3-i hödürledi
Sessiz EA wideolarynyň uzak bolmadyk taryhy soňlandy. I/O 2025 konferensiýasynda Google tekst arkaly sesli wideo döredýän generatiw emeli aňyň ilkinji wersiýasyny – Veo 3 modelini hödürledi. Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, model ses döretmek üçin goşmaça görkezmeleriň bolmagyny talap etmeýär: ol kadrlary seljerip, sesi awtomatik saýlaýar
20.05.2025 10:44
3.6k+
Bu eýýäm geň… Emeli aň aragatnaşyk kadalaryny we dili özbaşdak oýlap tapyp başlady
Uly dil modellerine (LLM) esaslanýan emeli aň modelleri sosial kadalary we dil düzgünlerini özbaşdak döretmäge ukyplydyr. Şeýle netijä Siti Sen-Jorj uniwersitetiniň (London) we Kopengageniň IT uniwersitetiniň alymlary geldi
20.05.2025 07:46
3k+
OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer
«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
20.05.2025 07:41
1.3k+
Autonomous ýerli ýagdaýda işleýän neýrotorlar üçin güýçli EA kompýuterini çykardy
«Autonomous Inc.» kompaniýasy «Brainy» atly täze iş stansiýasyny hödürledi. «Brainy» – bulut ulgamlaryna mätäç bolmazdan, emeli aň modellerini ýerli ýagdaýda işledip, türgenleşdirip bilýän kiçi ölçegli güýçli enjamdyr
19.05.2025 18:09
2.2k+
YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar
Google kompaniýasy YouTube üçin täze görnüşli mahabat formatyny girizýär diýip, Nýu-Ýorkdaky tanyşdyrylyşa salgylanyp, «TechCrunch» habar berýär. Täze tanyşdyrylan «Peak Points» tehnologiýasy wideolaryň iň gyzykly pursatlaryndan, ýagny tomaşaçylaryň ünsüni iň köp jemlän ýerlerinden soň mahabat görkezer
18.05.2025 21:56
2.9k+
Garwardda emeli aň başga planetalylary gözlemek üçin ulanylar
Garward uniwersiteti Ýerden daşary ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek üçin “Galileo” taslamasynyň çäklerinde emeli aňy ulanar. Bu barada Bloomberg ýazýar. Şeýle taslama doktor Lora Domine ýolbaşçylyk edýär. Ozal ol “tutmak” we ýazga almak mümkin däl diýen ýaly elementar bölejikler – neýtrino bilen meşgullandy
18.05.2025 16:44
1.3k+
«Hey, Copilot!»: Windows-da emeli aňy ses bilen işjeňleşdirmek mümkinçiligi synag edilýär
Microsoft korporasiýasy täze «Copilot Voice» atly ses bilen dolandyrylýan mümkinçiligi synag edip başlady. Bu aýratynlyk Windows 11 ulanyjylaryna diňe «Hey, Copilot!» diýmek arkaly emeli aň kömekçisi bilen söhbetdeşlige başlamaga mümkinçilik berer
17.05.2025 14:40
1.2k+
OpenAI programmistlere gönükdirilen GPT-4.1 modelini çykardy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT hyzmatynda GPT-4.1 we GPT-4.1 mini modellerini çykardy. Kompaniýa X sosial ulgamynda täze modelleriň ilkinji nobatda kod ýazmak we düzetmek boýunça gurallara zerurlygy bolan programmistlere gönükdirilendigini habar berdi
16.05.2025 18:27
3.4k+
Gemini emeli aňy indi sagatlarda, telewizorlarda we awtomobillerde peýda bolar
Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisini öz ekoulgamyna girizmegi meýilleşdirýär. Ýakyn aýlarda ol Google TV, Android Auto, Wear OS bolan gurluşlarda, şeýle-de Android XR esasly garyşyk hakykat garnituralarynda peýda bolar
16.05.2025 16:03
2k+
TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi
TikTok sosial ulgamynda emeli aňyň esasynda täze TikTok AI Alive guraly peýda boldy. Ol adaty suratlary owadan effektler bilen gysga hereketli wideolara öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm Stories bölüminde elýeterli bolup, platformanyň ulanyjylaryna öz döredijiligini görkezmek üçin täze mümkinçilikleri berýär
13.05.2025 14:16
3.4k+
Britan startapy kwant kompýuteriniň we EA-nyň kömegi bilen aýdym döretdi
Britaniýanyň Moth startapy Recurse atly özboluşly aýdymy çykardy. Ol generatiw EA-nyň we kwant kompýuteriniň kömegi bilen döredilen taryhda ilkinji aýdym boldy we eýýäm Spotify-da elýeterlidir. Bu aýdymyň üstünde elektron artist ILĀ işledi
11.05.2025 12:58
15k+
1941–1945-njy ýyllardaky gazet arhiwlerini gözlemek we sanlylaşdyrmak boýunça taslama işe girizildi
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Ýandeks” we Russiýanyň Milli elektron kitaphanasy (MEK) 1941-1945-nji ýyllaryň gazet arhiwlerini gözlemek we sanlaşdyrmak boýunça taslamany işe girizdi
10.05.2025 14:52
1.7k+
Sem Altman ChatGPT-niň ýolbaşçylygyndan çekilip, barlag işleri bilen meşgullanar
OpenAI kompaniýasy Instacart amerikan eltip berme hyzmatynyň häzirki baş direktory we Facebook App-yň öňki ýolbaşçysy Fiji Simonyň programma üpjünçiliginiň ösüş ugruna ýolbaşçy hökmünde bellenendigini habar berdi
10.05.2025 14:40
1.2k+
Apple emeli aň üçin Google bilen hyzmatdaşlygyny bes edip biler
Apple kompaniýasynyň hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Eddi Kýu gözleg tehnologiýalarynyň çalt üýtgeýändigini belläp, ýene 10 ýyldan iPhone-yň öz ähmiýetini hem ýitirmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol bu barada ABŞ-da Google kompaniýasyna garşy alnyp barylýan monopoliýa garşy iş boýunça kazyýet diňlenişiginde mälim etdi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
09.05.2025 12:24
1.5k+
Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy. Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi
08.05.2025 16:49
3.2k+
OpenAI täjirçilik maksatly kompaniýa bolmak meýillerinden el çekdi
ChatGPT-ni döreden OpenAI amerikan kompaniýasy täjirçilik däl guramanyň dolandyryşynda galar. Muny kompaniýanyň baş direktory Sem Altman 5-nji maýda işgärlere ýazan hatynda resmi taýdan yglan etdi. Onuň sözlerine görä, OpenAI çäklendirilen jogapkärçilikli täjirçilik däl kompaniýa bolmagyndan jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek boýunça korporasiýa öwrüler
08.05.2025 16:38
1.8k+
Google Gemini "Pokémon Blue" oýnuny üstünlikli tamamlady
Google-yň Gemini 2.5 Pro emeli aňy 1996-njy ýylda çykan Pokémon Blue oýnuny üstünlikli tamamlady. Gemini Plays Pokémon atly taslamany Google bilen baglanyşykly bolmadyk programmist gurady. Görkezilen oýun kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda baş direktor Sundar Piçainiň ünsüni özüne çekdi, ol bu üstünligi sosial ulgamlarda örän täsirli diýip atlandyrdy
08.05.2025 12:16
1.5k+
ChatGPT-niň özüňe laýyk geljek modelini nädip saýlamaly? OpenAI düşündiriş berdi
OpenAI ChatGPT çat-botunyň her bir adamyň özüne laýyk gelýän wersiýasyny saýlamak boýunça gollanma hödürledi. Ol kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Häzirki günde ulanyjylar üçin dürli modeller elýeterli: GPT-4o, GPT-4
06.05.2025 21:07
3.5k+
BAE-de emeli aň çagalar bagyndan öwredilip başlanar
Täze okuw ýylyndan başlap, BAE-niň ähli döwlet mekdeplerinde çagalar emeli aňy öwrenip başlar. Bu ugurdan sapak çagalar bagyndan 12-nji synpa çenli berler diýip, Khaleej Times neşiri habar berýär. BAE-niň wise
06.05.2025 16:18
2.7k+
Ilon Maskyň Grok çat-boty indi gürleşip bilýär
xAI kompaniýasy Grok çat-botuny täzeläp, oňa ses aragatnaşygy funksiýasyny goşdy. Indi ulanyjylar ses arkaly sorag berip, audio jogaplary alyp bilýär. Funksiýa iOS gurluşlarynyň eýeleri üçin Grok programmasynda elýeterlidir
05.05.2025 16:12
3.1k+
Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar
Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär
04.05.2025 15:14
5.7k+
Google Gemini suratlary «fotoşoplamagy» öwrendi
Gemini çat-boty suratlary işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Google öz blogynda täze algoritmiň nämeler edip bilýändigi barada düşündirdi. Suratlary üýtgetmek üçin indi diňe çat-bot bilen adaty dilde gürleşmek ýeterlik
04.05.2025 14:29
1.3k+
Meta EA ses kömekçisi bilen aýratyn programma çykardy
Meta resmi taýdan özbaşdak Meta AI programmasyny işe girizdi. Ozal emeli aň Facebook, Instagram, WhatsApp we Messenger programmalarynda elýeterlidi, indi bolsa ony ýörite programmanyň üsti bilen ulanmak bolýar
04.05.2025 14:20
3.5k+
Emeli aň ýazyjylyk ussatlygy boýunça okuw sapaklaryny geçmegi üçi Agata Kristini “janlandyrar”
BBC Maestro platformasyndaky bilim taslamasyna gatnaşdyrmak üçin emeli aň arkaly Agata Kristini “janlandyrarlar”. Iňlis ýazyjysynyň sanly awatary ýazyjylyk ussatlygy boýunça sapak berer diýip, The Independent gazeti habar berdi
04.05.2025 02:20
2.2k+
Emeli aň Duolingo platformasyna 148 täze dil okuwyny döretmäge kömek etdi
Duolingo indi 148 sany täze dil okuwynyň bardygyny habar berdi. Olary çalt döretmek üçin kompaniýa generatiw emeli aňdan peýdalandy. Ozal şeýle okuwlary döretmek üçin birnäçe ýyl gerek bolýardy, indi bolsa muny EA-nyň kömegi bilen has tiz etmek bolýar
«
1
…
12
13
14
…
28
»
«
1
…
9
10
11
12
13
14
15
16
17
…
28
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.