Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hytaý
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hytaý
15.09.2025 11:52
4.4k+
Toyota bZ7-ni görkezdi: Huawei-iň , Xiaomi-niň we Momenta-nyň tehnologiýalaryny alan, Camry-den uzyn sedan
Toyota-GAC bileleşigi ýazda ilkinji gezek Şanhaý awtoulag sergisinde yglan edilen bZ7 elektrik sedanynyň resmi suratlaryny ýaýratdy. Şol bir wagtyň özünde modeliň ilkinji tehniki häsiýetnamasy yglan edildi. Satuwlar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlamaly
15.09.2025 09:54
5.6k+
Hytaý alymlary ilkinji gezek dinozawr ýumurtgalarynyň takyk ýaşyny kesgitledi
Hytaý alymlary ilkinji gezek ýurduň merkezi böleginde tapylan dinozawrlaryň ýumurtgalarynyň ýaşyny takyk kesgitlemegi başardy. Science XXI neşiriniň maglumatlaryna görä, täze çemeleşme hek döwrüniň klimatyny has çuň öwrenmäge mümkinçilik berer
15.09.2025 09:48
1.8k+
Hytaý alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen maýmynlaryň garramagyny haýallatdy
Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň geçiren ylmy gözlegleri adamyň genetiki taýdan güýçlendirilen sütün öýjükleriniň maýmynlarda garrama alamatlaryny haýalladyp biljekdigini görkezdi. Netijeler Cell žurnalynda neşir edildi
14.09.2025 23:25
3.7k+
Hytaýly biologlar 36 petabaýtlyk maglumaty saklamak üçin “DNK- kassetany” döredýärler
Guandunyň Günorta ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary sanly maglumatlary saklamagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar 1980-nji ýylyň äheňindäki ýüzüne dezoksiribonuklein kislotasynyň sintetiki molekulalary çap edilen plastik lentany öz içine alýan "DNK-kassetany" işläp taýýarladylar
14.09.2025 15:34
7.6k+
Hytaýda bir minutda iPhone 17-ni iPhone 16-nyň bir gündäki möçberinden hem köp sargyt etdiler
12-nji sentýabrda Hytaýyň uly onlaýn platformalarynda täze iPhone 17 smartfonlary üçin deslapky sargytlar başlandy. JD.com-yň maglumatlaryna görä, sargyt kabul edilip başlanandan soňky bir minutyň içinde iPhone 17-niň satuwy iPhone 16 hatarynyň ilkinji günündäki satuw möçberinden hem köp bolup, täze rekord goýdy
13.09.2025 13:07
4.6k+
Xiaomi Hytaýyň iň uly elektromobil öndürijileriniň onlugyna girdi
Hytaýyň ýeňil awtomobil öndürijileriniň assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň awgustynda Xiaomi Auto 36 396 awtomobil satdy. Bu bir aý ozalkydan 19,5% we geçen ýylyň awgust aýyndakydan 177,6% köpdür
11.09.2025 21:38
15k+
Toyota Hytaý bazary üçin täzelenen Corolla-nyň suratlaryny görkezdi
FAW-Toyota konserni Hytaý bazary üçin täzelenen Corolla sedan modelini taýýarlap başlady. Autohome neşiriniň habar bermegine görä, awtoulagyň ilkinji maglumatlary we suratlary Hytaýyň Senagat ministrliginiň katalogynda peýda boldy
09.09.2025 13:07
6.5k+
Hytaý asteroidi urup, planetany goramak tehnologiýasyny iş ýüzünde barlamak isleýär
Hytaý Ýeri kosmos howplaryndan goramak tehnologiýasynyň netijeliligini barlamak üçin, asteroidi urmak boýunça görkezme missiýasyny taýýarlaýar. Bu barada Hytaýyň Aý maksatnamasynyň baş inženeri Wu Weýžen çuň kosmos boýunça maslahatda aýtdy
07.09.2025 19:13
11k+
Dürli ýurtlarda her sagatda näçe çaga dogulýar? BMG-niň maglumatlaryna esaslanýan infografika
BMG-niň “Ýurtlaryň ilat sanynyň geljegi” baradaky hasabatyna görä, 2023-nji ýylda dünýäde 132 milliondan gowrak çaga dünýä indi, bu bolsa her sagatda 15 000 töweregi bäbegiň dünýä inendigini aňladýar. Hindistan täze doglan bäbekleriň sany boýunça dünýäde öňde barýar, bu ýurtda sagatda 2600-den gowrak çaga dogulýar
07.09.2025 18:59
3.8k+
Hytaýda kosmos üçin kir ýuwujy maşynyň taslamasyny işläp düzdüler
Orbitada hepdeläp işleýän kosmonawtlar üçin kir ýuwmak işi iň kyn meseleleriň biri bolmagynda galýar: suw üpjünçiliginiň çäkliligi we enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli, eşikler gaty hapa bolýança geýilýär we soň zyňylýar
07.09.2025 18:51
2k+
Hytaý alty aýda beýleki ýurtlara garanyňda, iň köp Gün elektrik stansiýasyny gurdy
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde umumy kuwwaty 380 gigawat bolan Gün elektrik stansiýalary işe girizildi. Bu görkeziji 232 gigawat bolan 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 64% köp diýip, Electrec ýazýar
05.09.2025 17:25
3.7k+
Nanotehnologiýa pudagyndaky patentleriniň sany boýunça Hytaý dünýäde birinji ýerde durýar
2000-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli dünýäde nanotehnologiýa pudagynda 1,07 milliondan gowrak patent hasaba alyndy. Şolaryň 464 müň sanysy Hytaýda hasaba alyndy. Şeýle maglumatlar Pekindäki Nanotehnologiýa forumynda neşir edilen “Hytaýyň nanotehnologiýa senagaty 2025” atly Ak kitapda getirilýär
05.09.2025 16:58
5.5k+
Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi
Pekin uniwersitetiniň barlagçylary adam bedeniniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän rezin materialy işläp taýýarladylar diýip, South China Morning Post habar berýär. Täze tehnologiýa termoelektrik ýörelgelerine esaslanýar: bedeniň (37° C töweregi) we daşky gurşawyň (20–30 ° C) arasyndaky temperatura tapawudy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär
05.09.2025 10:43
2.3k+
Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady
1-nji sentýabrdan Hytaýyň WeChat (Tencent Holdings) we Douyin (ByteDance) ýaly uly sosial ulgamlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen onlaýn kontentleriň ählisine bellik goýup başlady. Muny täze kanun talap edýär diýip, South China Morning Post habar berýär
03.09.2025 17:13
18k+
Hytaýda dünýäniň iň beýik asma köprüsini 96 sany ýük ulagy bilen synagdan geçirdiler
Hytaýda Guýçžou welaýatynyň Huaszýan Uly kanýonynyň üstünden geçýän täze asma köpriniň soňky synaglary tamamlandy. Gurluş 625 metr belentlikde ýerleşýär we uzynlygy 2980 metrdir. Bu köpri Lýuçži we Anlun etraplaryny birleşdirýär we kanýonyň üstünden geçmegiň wagtyny 1 sagat bolanlygyndan 1 minut 30 sekunda çenli gysgaldýar
03.09.2025 16:58
5.9k+
Hytaý dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny işe girizdi
Hytaýyň Dongfang Electric kompaniýasy 26 megawatt kuwwaty bolan dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny oturtdy. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär. Mundan ozal Daniýanyň kenarynda oturdylan kuwwaty 21,5 megawat bolan Siemens Gamesa turbinasy öňdeligi eýeleýärdi, emma Hytaýyň täze taslamasy bu görkezijiden ýokary boldy
03.09.2025 10:28
4k+
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy
03.09.2025 10:20
4.5k+
Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda täze ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamdowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
03.09.2025 10:14
4.6k+
Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Pekinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirildi
02.09.2025 13:25
6.2k+
Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi
1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. “ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler
01.09.2025 19:15
5.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Týanszinde ŞHG+ sammitinde çykyş etdi
Şu gün Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän port şäheri Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna Prezident Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär
01.09.2025 16:53
3.8k+
Hytaýda 50 GB faýly sanalgyja sekuntda ýükleýän 6G çibi döredildi
Hytaý dürli ýygylyk diapazonynda ýokary tizlikli interneti üpjün edýän dünýäde ilkinji “uniwersal” 6G çibini hödürledi. South China Morning Post-yň maglumatlaryna görä, bu çip bilen maglumatlary geçiriş tizligi “ABŞ-nyň oba ýerlerindäki” häzirki internetden 5 müň esse ýokary bolup biler
01.09.2025 16:33
8.4k+
Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Si Szinpin bilen duşuşdy
31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň ilkinji gününde “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler
01.09.2025 16:02
6.2k+
Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ýaşlar merkezine baryp gördi
Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili garşylady
01.09.2025 15:51
2.5k+
Türkmenistanyň we Hytaýyň haýyr-sahawat gaznalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi
01.09.2025 15:41
3.4k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaýa saparynyň çäklerinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi
01.09.2025 15:31
15k+
Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaýda bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy
01.09.2025 14:18
4.3k+
TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy
Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär
01.09.2025 12:58
4.2k+
“Ženmin Žibao” gazetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasy çap edildi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Ženmin Žibao” gazetinde makalasy çap edildi. "Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin
31.08.2025 19:50
7.7k+
Serdar Berdimuhamedow dört günlük iş sapary bilen Hytaýa bardy
Şu gün, 31-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin dört günlük iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin şäherine geldi
29.08.2025 19:56
13k+
Hytaýda soňky 30 ýylda ilkinji gezek dýugon göründi: bu jandar ýitip giden hasaplanypdy
Hytaýda Günorta-Hytaý deňziniň Nanşa arhipelagyndaky Ýunşu rifiniň töwereginde 2022-nji ýylda ýurtda resmi taýdan ýitip giden diýlip ykrar edilen suw süýdemdirijileriniň bir görnüşi – dýugon göründi. Bu barada China Daily habar berýär
28.08.2025 15:51
5.7k+
Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar
Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology Company kompaniýasy asman ýel elektrik stansiýasyny - turbinaly dirižably synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändigini yglan etdi. Geliý bilen doldurylan howa gämisi 1500 metr belentlige çykar, ol ýerde ýeliň tizligi Ýeriň ýüzündäkä garanyňda, takmynan, üç esse ýokarydyr diýip, South China Morning Post belleýär
28.08.2025 06:44
8.5k+
Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy
Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär
27.08.2025 15:55
4.9k+
Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy
2025-nji ýylda Afrika ýurtlary Hytaýdan geçen ýylkydan has köp Gün panellerini satyn aldylar. Diňe maý aýynda yklym umumy kuwwaty 1,57 GWt bolan panelleri import etdi, bu bolsa taryhy maksimum boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ösüş ýigrimi töweregi kiçi ýurt tarapyndan amala aşyryldy diýip, Wired habar berýär
27.08.2025 15:44
5.1k+
Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar
Hytaý emeli aň üçin dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurýar. Bu desga Şanhaýyň kenaryndan 10 km uzaklykda ýerleşip, golaýdaky deňiz ýel elektrostansiýasyndan energiýa alar diýip, Live Science habar berýär
26.08.2025 14:48
4.9k+
Türkmenistan we Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişdi
25-nji awgustda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
21.08.2025 16:21
1.8k+
Kosmosdaky ilkinji EA kömekçisi: Hytaý orbita “Ukun” ulgamyny çykardy
“Týangun” stansiýasyndaky hytaý astronawtlary ilkinji emeli aň kömekçisini aldylar. Ýerli açyk modeliň esasynda döredilen “Ukun” atly ulgam täze skafandrlar, miweler we beýleki ätiýaçlyklar bilen “Týançžou-9” ýük gämisi arkaly stansiýa eltildi
20.08.2025 14:19
11k+
Hytaýda robot balygyň kömegi bilen umman çuňluklary öwrenilip başlandy
Harbiniň inženerlik uniwersitetiniň (Hytaý) ylmy gözlegçileri ummanyň energiýasynyň hasabyna hereket edýän ýumşak robot balygy döretdi. Ol umman ýaşaýjylaryna zyýan ýetirmezden onuň çuňluklaryndaky ýaşaýşy öwrenmek üçin niýetlenýär
20.08.2025 08:48
14k+
Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika
Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtomobil öndürildi. Önümçiligiň esasy bölegini Hytaý, Ýaponiýa we ABŞ üpjün etdi – ýygnalan ähli ulaglaryň 54%-i bu ýurtlaryň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösýän bazarlaryň täsiri-de artýar
19.08.2025 19:02
5.6k+
Hytaýda depressiýa garşy göreşmek üçin syçanlara adam beýnisiniň öýjükleri oturdyldy
Hytaýly alymlar sütün öýjüklerinden adam beýnisiniň öýjüklerini döredip, depressiýadan ejir çekýän syçanlara oturtdylar. Synaglaryň netijesinde öýjükleriň transplantasiýasy haýwanlarda aladany, göwnüçökgünlik duýgusyny azaltdy we lezzet almak ukybyny güýçlendirdi diýip, South China Morning Post neşiri ýazýar
«
1
…
9
10
11
…
42
»
«
1
…
6
7
8
9
10
11
12
13
14
…
42
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.