Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýer
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýer
29.03.2026 15:30
3.3k+
Kosmosdaky Solar Orbiter apparaty birnäçe günläp Günüň birbada iki tarapyny hem synlamaga mümkinçilik berer
Ýewropa kosmos agentligine degişli bolan "Solar Orbiter" kosmos apparaty Ýeriň garşysynda ýerleşýän orbitadaky nokadyny eýeledi. Bu ýagdaý Günüň hem Ýerden görünýän tarapyny, hem-de onuň arka tarapyny bir...
28.03.2026 15:20
17k+
Şu gün Ýer bir sagatlyk tümlüge bürener
Şu gün, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda bütin dünýäde millionlarça adamlar, müňlerçe şäherler we ýüzlerçe meşhur binalar taryhda iň köpçülikleýin ekologiýa aksiýasyna goşular. Olar planetamyzyň geljegi baradaky...
27.03.2026 11:04
2.7k+
“Çane-4” zondy Ýer bilen Aýyň arasynda radiasiýasy pes bolan zolagy ýüze çykardy
Alymlar Hytaýyň «Çane-4» zondunyň maglumatlarynyň kömegi bilen Ýer bilen Aýyň aralygynda radiasiýa derejesiniň pes bolan zolagyny tapdylar. Bu açyş geljekki missiýalar wagtynda astronawtlaryň üstüne düşýän...
26.03.2026 13:03
2.2k+
NASA Aýda hemişelik baza gurmagy meýilleşdirýär
NASA agentligi Aýda ýörite baza döretmek we Ýeriň hemrasynda adamyň hemişelik bolmagyny üpjün etmek bilen bagly meýilnamalaryny mälim etdi. Agentlik esasy ünsi Aýyň infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirýär we...
22.03.2026 16:34
4.4k+
Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar
2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar
22.03.2026 12:31
7.1k+
Bizden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş mümkinçilikli täze super Ýer tapyldy
Kosmos kartasynda, astronomik ölçegler boýunça örän golaýda täze bir gyzykly nokat peýda boldy. Ýerden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda alymlar adaty tapyndylardan düýbünden tapawutlanýan bir planetany ýüze çykardylar
21.03.2026 16:51
1.8k+
Blue Origin kompaniýasy Ýeri asteroidlerden goramagyň meýilnamasyny işläp düzýär
Blue Origin kompaniýasy NASA we ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlykda Ýeri howply asteroidlerden goramak üçin ulgam işläp düzýär. Taslama NEO Hunter diýlip atlandyrylýar. Ol dürli orbitalarda işläp bilýän we 4000 kg çenli enjamlary daşamaga ukyply modul hemra ulgamy bolan Blue Ring platformasyny ulanmaklyga esaslanýar
21.03.2026 11:26
5.7k+
Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»
20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije
17.03.2026 16:13
6.7k+
BMG dünýäniň sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşynyň kartasyny çap etdi
Birleşen Milletler Guramasynyň 2026-njy ýyla çenli demografiýa çaklamalaryna esaslanýan täze maglumatlary dünýäniň dürli sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşyny görkezýär. Bu görkeziji ilatyň ýarysynyň görkezilen ýaşdan uly, ýarysynyň bolsa has ýaşdygyny görkezýär
16.03.2026 16:46
8.4k+
Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar
Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar
16.03.2026 11:08
1.6k+
«Woýajerler» Gün ulgamyndan daşlaşýar, emma wagtlaýynça Ýer bilen ýakynlaşýar: Nädip?
1970-nji ýyllarda älem giňişligine uçurylan «Woýajer-1» we «Woýajer-2» planetara stansiýalary 40 ýyldan gowrak wagt bäri Gün ulgamyndan daşlaşyp gelýärler. «Woýajer-1» 2012-nji ýylda, «Woýajer-2» bolsa 2018-nji ýylda ýyldyzara giňişlige çykdy
14.03.2026 16:16
2.4k+
Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň döreýşini surata düşürdiler
Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň — örän güýçli magnit meýdany bolan neýtron ýyldyzynyň döreýşine tomaşa etdiler. Bu açyş magnetarlaryň aşa ýagty täze ýyldyzlary energiýa bilen üpjün edýändigi baradaky 16 ýyllyk teoriýany tassyklady
13.03.2026 16:54
5.2k+
Alymlar Ýer şarynyň çaklamalardan-da çalt gyzýandygyny aýdýarlar
«Geljekdäki Ýer», «Ýer-suw Ligasy» we «Howany öwrenmegiň Bütindünýä Maksatnamasy» halkara ylmy guramalary Ýer şarynyň klimat ulgamynyň ýagdaýy barada ýyllyk beýanyny çap etdiler. Resminama hemra gözegçilikleriniň maglumatlaryna we köpýyllyk ölçeglere esaslanýar
09.03.2026 00:37
3.5k+
Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapyndan ilkinji suratlary ugradyp başlady
Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapynyň — Ýerden synlap bolmaýan sebitiniň şekillerini ugradyp başlady. Suratlar alymlaryň apparatyň orbitasyna esaslanyp, öňünden çaklan möhletlerinde gelip gowuşdy. Häzirki wagtda görüş burçy heniz 180 gradusa ýetmedik hem bolsa, alnan şekilleriň sag tarapynyň takmynan üçden iki bölegi eýýäm Ýerdäki teleskoplardan gizlin duran Gün sebitini görkezýär
05.03.2026 07:02
5.3k+
2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?
3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi
26.02.2026 16:54
5.7k+
Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy
23.02.2026 02:55
6k+
Alymlar Günüň ýüzünde tegmil tapanoklar: 2021-nji ýyldan bäri birinji gezek
Häzirki wagtda Günüň Ýere öwrülen tarapynda hiç hili tegmil görünmeýär diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy habar berdi. «Häzirki pursatda Günüň ýüzünde hatda iň kiçijik tegmil hem görünmeýär
18.02.2026 09:22
4.7k+
2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi
17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi
13.02.2026 07:34
6.4k+
14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer
Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär
11.02.2026 09:21
7.1k+
Gartaşýan dünýäde ilatyň azalmagy nähili töwekgelçilikleri döredýär?
Geçen aýda Hytaý 1949-njy ýyldan bäri iň pes dogluş derejesi barada habar beripdi. ABŞ-da bolsa ilatyň ösüşi, immigrasiýanyň azalmagy we dogluş derejesiniň dowamly peselmegi sebäpli, rekord derejede haýallady. Şuna meňzeş ýagdaýlar Hindistanda, Günorta Koreýada, Italiýada, Kolumbiýada we Meksikada hem hasaba alynýar
06.02.2026 09:06
2.5k+
Hytaý kosmos bilen Ýeriň arasynda maglumat alyşmakda täze rekord goýdy: sekuntda 120 gigabit
Hytaýly hünärmenler kosmos bilen Ýeriň arasynda lazer şöhlesi arkaly maglumat geçirmek boýunça nobatdaky synagy üstünlikli tamamladylar. Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Aerokosmos maglumatlary instituty (AIR) maglumat geçirmegiň tizliginiň sekuntda 120 gigabite (Gbps) ýetendigini mälim etdi
04.02.2026 11:00
6k+
Gün sowaşýar: onuň işjeňligi 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejesinden 2–3 esse peseldi
Günüň işjeňligi durnukly peselme tapgyryna geçdi. Häzirki işjeňlik döwrüniň iň ýokary nokady 2024-nji ýylda doly geçildi diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary instituty habar berýär. Berilýän maglumatlardan çen tutsaň, ýakyn ýyllarda görkezijiler geçilen ýokary derejelerine gaýdyp gelmez
31.01.2026 16:33
2.9k+
ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi
Brýusselde geçirilen Ýewropa kosmos maslahatynda Meteosat hemrasynyň üçünji nesline degişli bolan MTG-S (Sounder) hemrasyndan alnan ilkinji suratlar jemgyýetçilige hödürlendi. Bu suratlar missiýanyň atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnamak ukybyny subut edýär
31.01.2026 11:10
5.7k+
Ýerden 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş üçin ýaramly planeta tapyldy
Halkara astronomlar topary ýaşaýyş üçin ýaramly bolmagy mümkin bolan täze bir planetany ýüze çykardylar. Ol Ýer şaryndan takmynan 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bu açyş barada The Guardian neşiri Astrophysical Journal Letters žurnalynda çap edilen barlaga salgylanyp habar berýär
30.01.2026 20:13
4k+
Aýdan alnan topragyň seljermesi Ýerde suwuň gelip çykyşy baradaky düşünjeleri üýtgedýär
Aý topragynyň (regolitiň) seljermesi Ýerdäki suwuň esasy böleginiň daşarky kosmosdan gelmedik bolmagynyň mümkindigini görkezdi. Şeýle netijä takmynan 50 ýyl mundan ozal “Apollo” missiýalary tarapyndan getirilen nusgalary täzeden öwrenen amerikan alymlar geldiler
26.01.2026 15:29
7.6k+
Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?
2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar
22.01.2026 23:01
4.5k+
Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi
Russiýaly kosmonawt Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan düşürilen Ýeriň üstündäki seýrek gyzyl polýar şöhlelenmesiniň kadrlaryny görkezdi. Hadysa şu ýylda ilkinji iň ýokary X derejeli alawlamanyň we XXI asyr üçin rekord derejeli radiasiýa tupanynyň netijesi boldy
20.01.2026 23:00
3.5k+
Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady
Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
19.01.2026 15:18
8.5k+
20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar
20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
06.11.2025 18:59
8.6k+
Ýere Gün plazmasynyň zyňyndylary golaýlaýar: güýçli magnit tupany bolup biler
7-nji noýabrda Ýeri Gün plazmasynyň uly zyňyndysy gurşap alar. Ol 5-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 16:00 töweregi bolup geçen M7.4 derejeli alawlamadan soň ýüze çykdy. Bu barada Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
20.10.2025 17:30
10k+
Erkek adam öz garažynyň kölegesiniň kömegi bilen Ýeriň tekiz däldigini görkezdi
Dünýäde Ýeriň tekizdigine ynanýan adamlar häli-häzirem ýeterlik. Pikir soraşmalara görä, diňe ABŞ-nyň özünde 2022-nji ýylda ýaşaýjylaryň 11%-i şeýle pikirdedi. Reddit ulanyjylarynyň biri öz garažynyň wideo gözegçilik kamerasyny ulanyp, olaryň pikirini üýtgetmek kararyna geldi
07.10.2025 15:21
8.3k+
Bilermenler dünýä ýurtlarynyň ululyklaryny bir suratda görkezdiler
Dünýä ýurtlary ölçegi boýunça ägirt uly kontinental kuwwatly döwletlerden başlap, kiçijik ada döwletlerine çenli ululykda dürli-dürli bolýar. Visualcapitalist portalynyň täze taslamasy muny wizual görnüşde aýdyň görkezýär: diagrammada gury ýerleri we içerki suw desgalaryny - kölleri, derýalary we suw howdanlaryny göz öňünde tutmak bilen, her bir ýurt çäginiň ululygyna görä ýerleşdirilen
25.09.2025 20:00
8.1k+
Günden soň iň ýagty ýyldyz ýakyn wagtda Ýerden hatda gündiz hem görner
Astronomlar uzak wagt bäri sorag döredýän adaty bolmadyk ýyldyz ulgamynyň syryny açdylar. Gürrüň Betelgeýze — Günüň yzysüre asmandaky iň ýagty ýyldyz — we onuň ýaş egindeş ýyldyzy barada barýar. Alymlaryň pikirine görä, birnäçe ýyldan Betelgeýze supernowa hökmünde partlap biler we onuň ýalynyny Ýerden hatda gündiz hem görmek mümkin bolar
17.09.2025 23:21
9.7k+
Ýere şu ýylda iň uly asteroidleriň biri golaýlaşýar
2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ýeriň golaýyndan 2025 FA22 asteroidi uçup geçer. Ol Aý orbitasynyň diametrinden biraz uly aralykdan geçer diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
15.09.2025 17:55
4.5k+
Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy
Ýerdäki çöllerde tapylan Chroococcidiopsis görnüşli sianobakteriýalar Aý we Mars topragynda ýaşamaga ukyplydygyny görkezdiler. Italiýanyň kosmos gullugynyň (ASI) barlagçylary ReBUS taslamasynyň çäklerinde şeýle netijä geldiler
13.09.2025 13:03
5.6k+
Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar
13-14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde G2–G3 derejesindäki (bäş derejeli şkalada ikinji we üçünji dereje) magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasynyň Sibir bölüminiň institutynda habar berildi
08.09.2025 13:02
14k+
Doly Aý tutulmasy: dünýäniň dürli künjeklerinden suratlar
7-nji sentýabr gijesi bütin dünýäde şu ýylda eýýäm ikinji doly Aý tutulmasyna syn edildi. Hadysanyň doly fazasy üç sagatdan gowrak dowam etdi. Aý Aşgabat wagty bilen 22:31-den 23:53-e çenli Ýeriň kölegesine doly girdi, şondan soň kem-kemden ondan çykyp başlady
02.09.2025 16:30
5.8k+
Ýeri G2-G3 derejeli magnit tupanlary gurşap aldy. Olar azyndan bir gün dowam eder
Ýerde 2-nji sentýabra geçilen gije magnit tupanlary başlady. Olar azyndan bir gün dowam eder diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berýär
28.08.2025 07:15
8.1k+
Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy
18-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda Mercedes-AMG GT XX-iň prototipleri 7 gün, 13 sagat, 24 minut, 7 sekuntda Italiýanyň Nardo synag ýolunda 40 075 kilometr geçdi. Bu Ýeriň daşyndan bir aýlaw etmek bilen deňdir
25.08.2025 13:42
12k+
Aý Günüň golaýyndan geçdi: teleskoplar Gün tutulmasyna taýýarlygy düşürip ýetişdiler
23-nji awgustda Aý Günüň ýanyndan geçdi. Bu hadysany GOES-19 kosmos apparatyna ornaşdyrylan SUVI Gün teleskoplary ýazga aldy. Suratlar we wideo ýazgylar Aşgabat wagty bilen irden sagat 10 töwereginde, astronomik täze Aý döwründen takmynan bir sagat öň düşürildi
«
1
2
3
…
9
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.