Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
14.01.2026 11:16
4.3k+
Zoi Saldana filmleri has köp girdeji gazanan aktýorlaryň sanawynda Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi
2026-njy ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Zoi Saldana ähli döwürde filmleri has köp girdeji gazanan aktýor boldy. Ol bu reýtingde Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi. Saldana şeýle netijä «Awatar: Ot we kül» filmi çykandan soň ýetdi
14.01.2026 09:37
1.4k+
«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy
«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi
13.01.2026 23:25
3.5k+
Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar
Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi
13.01.2026 13:58
2.1k+
Netflix “Gara aýna” serialyny sekizinji möwsüme uzaltdy
Netflix platformasy meşhur “Gara aýna” (Black Mirror) antologiýa serialynyň sekizinji möwsüminiň düşüriljekdigini tassyklady. Bu barada taslamanyň döredijisi Çarli Bruker Netflix Tudum neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, Variety habar berýär
12.01.2026 23:03
3.4k+
Disney täze “Rapunsel” filmi üçin baş keşp aktýorlaryny tassyklady
Disney kompaniýasynyň “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa” (Tangled) multfilminiň janly-enjamlaşdyrylan (live-action) remeýkindäki baş keşpleri janlandyrjak aktýorlar resmi taýdan belli boldy. Deadline we The Hollywood
12.01.2026 13:03
3.6k+
«Bir söweşden soň beýleki» filmi dört «Altyn globus» baýragyny aldy
Los-Anjelesde «Altyn globus» baýragynyň 83-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl esasy baýrak eýesi «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) satiriki syýasy komediýasy boldy. Pol Tomas Andersonyň filmi dört baýraga, şol sanda «Iň gowy film – mýuzikl ýa-da komediýa», režissýorlyk, ssenariý we ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi (Teýýana Teýlor) kategoriýalarynda baýraklara mynasyp boldy
12.01.2026 11:17
2.8k+
«Godzilla: Minus bir» filminiň dowamy şu güýzde çykar
«Godzilla: Minus nol» filmi noýabrda prokata çykar. Ýaponiýada premýera 3-nji noýabra, ABŞ-da bolsa 6-njy noýabra meýilleşdirilýär diýip, Variety neşiri habar berýär. Täze film 2023-nji ýylda çykan we «Oskar» baýragyny alan «Godzilla: Minus bir» filminiň dowamy bolar
11.01.2026 18:20
6.2k+
PUBG Mobile mobil oýnunda "Kesgir gaşlar" teleserialynyň gahrymanlary peýda boldy
PUBG Mobile mobil oýny "Kesgir gaşlar" (“Острые козырьки”) teleserialy bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlygyň çäginde oýunçylar oýunda Tomasyň, Arturyň we Jon Şelbiniň keşbi esasynda döredilen temaly skinleri ulanyp bilerler
10.01.2026 19:00
2.2k+
Netflix «Garpyşyk» serialynyň ikinji möwsüminiň çykjak senesini aýtdy
Netflix striming hyzmaty «Garpyşyk» (Грызня) serial-antologiýasynyň ikinji möwsüminiň çykjak senesini aýtdy. Täze bölümleriň global premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde bolar diýip, Hypebeast habar berýär
10.01.2026 11:24
11k+
50 Cent jenaýatçylykly toparlaryň urşunyň arasynda
50 Cent lakamy bilen meşhur bolan amerikaly reper Kýortis Jekson «Bandalaryň urşy» («Gang Wars») atly seriala prodýuserlik eder diýip, diýip «Deadline» habar berýär. Bu serial Amerikadaky jenaýatçylykly toparlaryň arasynda bolup geçýän hakyky çekeleşikler hakyndaky tru-kraým-taslamasydyr
10.01.2026 11:04
7.5k+
«Dykyn wagty 4» Saud Arabystanynda we Afrikada düşüriler: býujet $100 mln bolar
«Dykyn wagty» (Час пик) komediýa-ekşen filminiň dördünji bölümi Saud Arabystanynda, Hytaýda, şeýle-de Afrika ýurtlarynyň birinde düşüriler. Sýužet brakonýerlik bilen bagly meseläni gozgar. Puck News neşiriniň ýazmagyna görä, filmiň üstünde şu ýylyň ýazynda ýa-da tomsunda işlenip başlanar
10.01.2026 11:01
2.2k+
Netflix 2026-njy ýylda çykjak filmleri we seriallary gysgaça tanyşdyrýan tizeri hödürledi
Netflix 2026-njy ýylda platformada çykjak filmleri we seriallary görkezýän wideony hödürledi. Tizerde aktrisa we tansçy Teýýana Teýlor palçynyň obrazynda peýda bolýar. Taro kartlaryny ulanyp, ol wideonyň baş gahrymanyna Netflix-iň taslamalarynyň dürli dünýälerini görkezýär we ony bir wakadan beýlekisine geçirýär
10.01.2026 10:53
971
ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler belli boldy
ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy ozal SAG Awards diýlip atlandyrylan Actor Awards ýyllyk baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Ýeňijiler 1-nji martda Los-Anjelesde kesgitlener, dabara bolsa Netflix platformasynda görmek üçin elýeterli bolar
08.01.2026 14:40
3.6k+
A24 Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» trilleriniň treýlerini hödürledi
A24 kinokompaniýasy «Robin Guduň ölümi» (Смерть Робин Гуда) trilleriniň treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi Hýu Jekman ýerine ýetirdi. Filmiň çykmagy şu ýyla meýilleşdirilýär, ýöne premýeranyň takyk senesi entek habar berilmeýär
07.01.2026 10:31
3.7k+
Critics Choice Awards 2026 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: iň gowy filmler we seriallar
Pol Tomas Andersonyň Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki «Bir söweşden soň beýleki» filmi 31-nji Critics Choice Awards dabarasynda iň gowy film diýlip ykrar edildi. Film režissýorlyk we adaptirlenen ssenariý üçin hem baýrak aldy diýip, Variety neşiri habar berýär
05.01.2026 14:17
4k+
«Awatar 3» prokatda 1 milliard dollar sepgitden geçdi
«Awatar: Ot we kül» filmi dünýä prokatynda 1 milliard dollar girdeji görkezijisinden geçdi diýip, Collider neşiri habar berýär. Film 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ekrana çykdy we bary-ýogy iki hepdeden sähel gowrak wagtyň içinde bu görkezijä ýetdi
05.01.2026 08:28
2.3k+
«Jon Uik» franşizasy boýunça ýokary býujetli ekşen-oýun dörediler
«Lionsgate» kinokompaniýasy «Jon Uik» franşizasynyň sýužetlerine esaslanan, AAA-ekşen žanryndaky ýokary býujetli wideooýnuny işläp taýýarlamaga resmi taýdan girişdi. Bu taslama hakyna tutma ganhor baradaky hekaýanyň töwereginde multimediýa ekoulgamyny döretmek boýunça uzakmöhletleýin strategiýanyň bir bölegi bolar
03.01.2026 23:55
5.3k+
«Gaty geň zatlar» Netflix-iň taryhynda iň meşhur serial boldy
«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy 1,2 mlrd tomaşa görkezijisinden geçip, Netflix-iň taryhynda iň köp tomaşa edilen taslama boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 26-njy noýabrda görkezilip başlanan we 31-nji dekabrda tamamlanan bäşinji (jemleýji) möwsüm rekord netijeleri görkezdi
03.01.2026 11:07
1.9k+
Stiç 2025-nji ýylda Disney-iň iň şowly çykan gahrymany boldy
«Lilo we Stiç» franşizasynda başga planetadan gelen Stiç 2025-nji ýylda Disney-iň esasy maliýe üstünligi boldy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. «Lilo we Stiç» multfilminiň remeýki dünýä prokatynda 1,04 mlrd dollardan gowrak ýygnap, ýylyň iň köp girdeji gazanan taslamalarynyň biri boldy
02.01.2026 10:34
3.7k+
«Haýwanlar şäheri 2» taryhda iň köp girdeji gazanan multfilmleriň bäşligine girdi
«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис-2) dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollardan gowrak ýygnap, taryhda iň köp girdeji gazanan animasion filmleriň bäşligine girdi. Muny The Numbers portalynyň maglumatlary delillendirýär
31.12.2025 08:16
3k+
«Haýwanlar şäherini» döredijiler üçünji bölümiň üstünde işläp başlady
«Haýwanlar şäheri-2» multfilminiň režissýorlary Baýron Howard we Jared Buş animasion filmiň üçünji bölümi üçin pikir gözlegine çykdy. Olar multfilmiň önümçiliginiň dokuz ýyl töweregi wagt aljakdygyny aýdýar (birinji bilen ikinji bölümiň arasyndaky wagt hem şonça bolupdy)
30.12.2025 17:07
4.4k+
Disney 2025-nji ýylda iň girdejili we kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy
Disney 2025-nji ýylda iň girdejili kinostudiýa we bazarda kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy. Umumy girdejiniň 2,3 mlrd dollary ABŞ-nyň paýyna düşdi, 3,65 mlrd dollary bolsa halkara bazarlarda gazanylan girdejiler emele getirdi diýip, Deadline habar berýär
29.12.2025 11:11
3.5k+
«Çernobyly» düşüren Ýohan Renk Assassin's Creed serialyna režissýorlyk eder
«Emmi» baýragynyň eýesi, belli režissýor Ýohan Renk («Çernobyl», «Kosmonawt») meşhur Assassin’s Creed wideo oýnunyň esasynda düşüriljek täze serialyň režissýory bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Serial Netflix platformasynda görkeziler
28.12.2025 23:20
3.9k+
«Alaň 3» bilen «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmleri bir wagtda çykarylar
Warner Bros. we Disney kinostudiýalary «Alaň: Bölüm 3» we «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmlerini ABŞ-da prokata 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda bir wagtda çykarmagy meýilleşdirýär. Iki blokbasteriň reliz gününiň gabat gelmegi sosial ulgamlarda kinofilmleriň atlaryndan ýasalan «DunesDay» adalgasynyň peýda bolmagyna getirdi
25.12.2025 14:14
6.2k+
«Gaty geň zatlar» Netflix-iň iň meşhur serialy boldy, ol «Kalmar oýnundan» öňe geçdi
«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy umumy tomaşa sany boýunça Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslama boldy. Bäşinji möwsümiň jemleýji bölümleri çykmazdan öň, umumy tomaşa sany 1,2 milliarddan geçdi diýip, Variety habar berýär
25.12.2025 13:44
5.3k+
Variety neşiriniň tankytçylary 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny düzdi
Variety neşiri 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny hödürledi. Reýting kino tankytçylary Ouen Glaýberman we Piter DeBrýuž tarapyndan düzüldi. Olaryň hersi öz garaýyşlary boýunça iň şowsuz bolan relizleriň «bäşligini» taýýarlady
25.12.2025 13:08
885
Disney Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumynyň» premýerasyny tomsuň ahyryna geçirdi
Walt Disney Pictures studiýasy 2026-2027-nji ýyllar üçin relizleriň senenamasyna gaýtadan seredip, birnäçe uly taslamalaryň çykjak senelerini üýtgetdi diýip, The Hollywood Reporter ýazýar. Täze tertip boýunça, Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumy» (Созвездие Пса) atly ylmy-fantastik filmi ABŞ-da, ozal meýilleşdirilişi ýaly, 27-nji martda däl-de, 28-nji awgustda çykar
25.12.2025 11:00
3.4k+
«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» doly metražly filminiň tizeri çykdy
Netflix «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» («Острые козырьки: Бессмертный человек») doly metražly filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Ol adybir serialyň dowamy bolar. Platformada filmiň global premýerasy 2026-njy ýylyň 20-nji martyna meýilleşdirilýär, ýöne relizden birnäçe gün öň ABŞ-da çäkli kinoteatr prokaty başlar
25.12.2025 10:54
3.8k+
Marvel «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filminiň ilkinji tizerini çykardy
Internetde «Ar alyjylar: Kyýamat güni» (Мстители: Судный день) filminiň ilkinji tizeri peýda boldy. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda daşary ýurt prokatyna çykar. Wideo 90 sekunt töweregi dowam edýär. Onda «Ar alyjylar: Final» filminiň wakalaryndan soň Stiw Rojers/Kapitan Amerika başga wagt çyzygynda görkezilýär
24.12.2025 15:08
7.9k+
Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň ilkinji treýleri çykdy
Universal Pictures kinokompaniýasy režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» epiki filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Filmiň global premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. Film gadymy grek şahyry Gomeriň adybir poemasyna esaslanýar we Itakanyň şasy Odisseýiň syýahatyny gürrüň berýär
23.12.2025 18:19
4.8k+
MGM+ "Ajaýyp ýedilik" nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar
MGM+ striming hyzmaty 1960-njy ýyllaryň “Ajaýyp ýediligiň” (“Великолепная семерка”) nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär. Taslamany "Gahrymanlar" (Heroes) serialynyň döredijisi Tim Kring işläp düzer; ol ssenarini ýazar we ýerine ýetiriji prodýuser bolar
22.12.2025 16:30
5.6k+
«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy
«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy
22.12.2025 16:28
3.8k+
«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi
Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär
22.12.2025 15:49
1.4k+
Disney “Gözel we nägehan” ertekisinden täze film döredýär
Disney kompaniýasy “Gözel we nägehan” äleminde bolup geçýän täze doly metražly filminiň üstünde işläp başlady. Bu gezek filmiň baş gahrymany studiýanyň iň meşhur zalymlarynyň biri — öwünjeň Gaston bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär
21.12.2025 23:46
6.1k+
«Magtymguly Pyragy» «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragynda iň gowy film hökmünde yglan edildi
Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Özbegistanda geçirilen «Живая история» («Janly taryh») atly halkara kinoforumynda «Iň oňat film» diýen ýokary baha mynasyp boldy
21.12.2025 15:28
4.3k+
Hýu Jekman täze komediýada goýunlara detektiw okap berýär: "Goýun detektiwler" filminiň treýleri çykdy
Amazon MGM Studios özüniň YouTube kanalynda "The Sheep Detectives" (Goýun detektiwleri) atly komediýa filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Kinokartinanyň dünýä premýerasyna 2026-njy ýylyň maý aýynda garaşylýar
21.12.2025 13:28
2.4k+
“Wonka” we “Paddington” filmleriniň režissýory Labubu barada film döreder
Britaniýaly režissýor Pol King (“Paddingtonyň başdan geçirenleri”, “Wonka”) meşhur gahryman Labubu baradaky filmiň režissýory bolar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, bu taslamanyň üstünde Sony kinokompaniýasy işleýär
20.12.2025 22:16
4.6k+
«Awatar 3: Ot we kül» filminiň dünýä derejesinde görkezilişi boldy
Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» filminiň global premýerasy boldy. Film 18-nji dekabrda Ýewropanyň we GDA-nyň köp ýurtlarynda, şeýle-de Hytaý, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Ispaniýa, Hindistan, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Koreýa ýaly esasy bazarlarda prokata çykdy
20.12.2025 17:27
2.5k+
Prime Video Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň tizer-treýlerini görkezdi
Prime Video režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Şeýle-de, striming taslamanyň sekiz bölüminiň ählisiniň 4-nji martda elýeterli boljakdygyny habar berdi. Sýužet 1870-nji ýyllarda Oksfordda ýaýbaňlanýar we Şerlok Holmsyň durmuşynyň irki ýyllaryna bagyşlanýar
20.12.2025 16:49
2.7k+
Tom Kruz «Diri galan» filminiň režissýorynyň täze taslamasyna gatnaşdy
Warner Bros. we Legendary Entertainment studiýalary baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmeginde «Digger» («Gazyjy») filminiň ilkinji tizerini we posterini hödürledi. Filmiň režissýory bolup Alehandro Gonsales Inýarritu çykyş etdi diýip, Variety habar berýär
«
1
…
8
9
10
…
40
»
«
1
…
5
6
7
8
9
10
11
12
13
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.