Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
19.12.2025 15:41
15k+
Leonardo Di Kaprio «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini aýtdy
Leonardo Di Kaprio baş keşbinde oýnan «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini boýun aldy. Bu barada aktýor Variety neşiri üçin söhbetdeşlikde aktrisa Jennifer Lourense aýtdy. Lourens aktýoryň tas otuz ýyl mundan ozal çykan filme gaýtadan tomaşa edýändigi ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy
19.12.2025 15:39
2.2k+
«Biz ýene bärde»: Amazon ABŞ-nyň Birinji hanymy barada dokumental filmiň treýlerini görkezdi
Amazon MGM Studios kinostudiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň aýaly Melaniýa Trampyň durmuşyna bagyşlanan «Melaniýa» dokumental filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Film onuň adamsynyň resmi Prezident wezipesine girişmek dabarasyndan öň ýigrimi günlük döwri öz içine alýar
19.12.2025 15:28
4.4k+
2029-njy ýyldan başlap «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy YouTube-da ýaýlyma berler
YouTube 2029-njy ýyldan 2033-nji ýyl aralygynda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk aldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy wideohosting bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi
19.12.2025 09:21
2.1k+
Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär
Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy
17.12.2025 15:52
3.1k+
«Köpüň biri» serialy Apple TV-de iň meşhur serial boldy
Täze «Köpüň biri» serialy (Pluribus) Apple TV striming platformasynda iň meşhur serial boldy. Taslama tomaşa sany boýunça platformanyň «Bölünişik», «Ted Lasso» we «Säher şüweleňi» ýaly meşhur taslamalaryndan öňe geçdi
17.12.2025 10:58
4.5k+
Režissýor Jeýms Kemeron dollar milliarderine öwrüldi
Forbes neşiri amerikaly režissýor Jeýms Kemerony resmi taýdan milliarder hökmünde ykrar etdi we onuň şahsy baýlygyny 1,1 milliard dollar möçberinde hasaplady. 1980-nji ýyllarda "Terminator" we "Gelmişekler" (Aliens) filmleri bilen karýerasyna başlan Kemeronyň döreden eserleri dünýäniň kassa ýygymynda jemi 9 milliard dollar toplady
15.12.2025 17:31
13k+
Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi
Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy
15.12.2025 16:57
1.8k+
"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy
Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär
15.12.2025 16:48
3.7k+
DC Milli Elkogyň baş rolda oýnamagynda "Supergyzyň" ilkinji treýlerini görkezdi
Warner Bros. we DC Studios 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilmegi meýilleşdirilýän "Supergyzyň" ("Supergirl") ilkinji treýlerini tanyşdyrdy. Film Tom Kingiň "Supergyz: Ertirki günüň zenany" atly komiksy esasynda düşürilýär
15.12.2025 15:14
2.4k+
Jorj Oruelliň powesti boýunça “Haýwanlar fermasy” multfilminiň treýleri çykdy
Angel YouTube kanalynda “Haýwanlar fermasy” (Скотный двор) multfilminiň treýleri hödürlendi. Animasion film Jorj Oruelliň adybir powestine esaslanýar. Taslamanyň režissýory bolup Endi Serkis (“Maugli”, “Wenom-2”) çykyş edýär
15.12.2025 15:03
4.9k+
Disney multfilmleriň nähili döredilýändigini görkezdi
Disney “Haýwanlar şäheri-2”, “Moana” we “Doňan ýürek” multfilmleriniň mysalynda studiýanyň animasion filmleriniň dörediliş prosesini görkezýän “Biz muny nädip edýäris” (What we Do) onlaýn-portalyny işe girizdi
15.12.2025 09:15
673
Berlinale-2026-nyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy kesgitlendi
Nemes režissýory Wim Wenders (“Berliniň asmany”, “Pariž, Tehas”) 76-njy Berlin halkara kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy hökmünde bellendi. Kinofestiwal 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler
15.12.2025 08:07
3.9k+
Detroýtda Robokopyň bürünç heýkeli açyldy
Detroýtda Robokopyň bürünçden heýkeli açyldy. Bu heýkeli bäş ýylyň dowamynda döretdiler we ony oturtmaga rugsat almak üçin ýene sekiz ýyl gerek boldy diýip, "The Guardian" habar berýär. Boýy takmynan 3,3 metr we agramy 1,6 tonna töweregi bolan lowurdaýan heýkel "Free Age" kinostudiýasynyň çäginde ýerleşýär
15.12.2025 07:50
2.5k+
IMDb ýylyň jemini jemledi we iň meşhur filmleri hem seriallary saýlady
IMDb platformasy 2025-nji ýylyň iň meşhur filmleriniň, seriallarynyň we artistleriniň sanawyny hödürledi. Reýtingler ulanyjylaryň soňky aýlarda köp gözlän we gürrüňini eden taslamalaryny görkezýär. Doly metražly filmleriň arasynda birinji orny baş keşpde Dewid Korenswet bilen Jeýms Gannyň «Supermen» filmi eýeledi
14.12.2025 23:01
3.9k+
«Gara babyryň» muşdagy Marvel kolleksiýasy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Hýustonyň ýaşaýjysy (Tehas ştaty, ABŞ) Taýeşa Elam üç müňden gowrak Marvel predmetini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Olardan 2546 predmet resmi taýdan kolleksiýa üçin niýetlenen hasaplanýar – bu hem ony dünýäde «Gara babyra» (Черная пантера) bagyşlanan iň uly kolleksiýanyň eýesine öwürýär
14.12.2025 22:54
2.4k+
Paramount Street Fighter oýnunyň kino wersiýasynyň ilkinji tizerini çykardy
Paramount The Game Awards 2025 dabarasynda «Street Fighter» («Köçe söweşijisi») oýny boýunça düşürilen filmiň ilkinji tizerini görkezdi. Wideony filmde baş keşpleri ýerine ýetirýän aktýorlar hödürledi. Filmde wakalar 1993-nji ýylda bolup geçýär
14.12.2025 10:25
5k+
“Haýwanlar şäheri-2” 17 günde 1 mlrd dollar ýygnady. Bu Golliwud üçin täze rekord
“Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) animasion filmi dünýä prokatynyň bary-ýogy 17 gününde 1 mlrd ABŞ dollaryny ýygnamagy başardy. The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatlaryna görä, bu netije ähli golliwud multfilmleri, şeýle-de PG reýtingli islendik filmler üçin rekord boldy
12.12.2025 16:56
2.6k+
Billi Aýliş Jeýms Kemeronyň režissýorlygynda düşürýän dokumental 3D-filminiň treýlerini görkezdi
Billi Aýlişiň YouTube kanalynda «Hit Me Hard And Soft: The Tour (Live In 3D)» dokumental filminiň treýleri peýda boldy. Onuň kinoteatrlarda premýerasy 20-nji martda bolar. Film aýdymçynyň «Hit Me Hard And Soft» albomyny goldamak üçin dünýäniň dürli ýerlerinde beren konsertlerine bagyşlanýar
12.12.2025 14:34
1.3k+
Jonni Depp “Ussat we Margarita” romanynyň ekranlaşdyrmasyna prodýuserlik eder we gatnaşar
Amerikan aktýory Jonni Depp Mihail Bulgakowyň “Ussat we Margarita” (Мастер и Маргарита) romany boýunça iňlis dilinde düşüriljek filmiň prodýuseri bolar. Taslama barada Saud Arabystanynda geçirilen kinofestiwalda aýdyldy diýip, Variety habar berýär
12.12.2025 14:32
1.7k+
«Ýetginjeklik döwri» we «Andor»: Variety 2025-nji ýylyň iň gowy seriallaryny saýlady
Variety tankytçylar Aramid Tinubu we Elison Herman tarapyndan düzülen 2025-nji ýylyň iň gowy seriallarynyň reýtinglerini hödürledi. Sanawa jenaýat wakalaryndan başlap, tok-şoulara çenli dürli žanrdaky animasion we oýun taslamalary girdi
12.12.2025 12:14
4.2k+
Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialynyň ikinji möwsüminiň tizerini görkezdi
Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň ikinji möwsüminiň tizer-treýlerini hödürledi. Täze möwsüm 2026-njy ýylda platformada çykar. Taslama 2005-2008-nji ýyllaryň asyl multserialynyň aktýorlaryň oýnamagynda çykarylan wersiýasydyr
11.12.2025 09:40
2.5k+
Netflix Zoluşkanyň «rehimsiz» öweý uýalary barada multfilm düşürer
Netflix striming hyzmaty Zoluşkanyň öweý uýalarynyň hekaýasyny täze bir tarapdan görkezjek Steps animasion filminiň üstünde işleýändigini habar berdi. Sýužet boýunça, adatça, rehimsiz hasaplanýan gahrymanlar başga keşpde suratlandyrylar
10.12.2025 15:46
4.2k+
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň artisti adyny Di Kaprio berdi
Amerikan aktýory Leonardo Di Kaprio «Time» žurnaly tarapyndan 2025-nji ýylyň artisti diýlip ykrar edildi. Bu barada neşiriň resmi saýtynda habar berilýär. Žurnalyň wekilleri 30 ýyldan gowrak işiniň dowamynda Di Kaprionyň «köpleriň gözi gitjek ajaýyp karýerany» gurandygyny belleýär
10.12.2025 11:56
2.1k+
“Gara eşikli adamlar” franşizasynyň bäşinji filmi çykar
“Gara eşikli adamlar” (Men in Black) franşizasynyň dowamy çykar. Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, Sony Pictures kinokompaniýasy bäşinji filmiň eýýäm işjeň ýagdaýda işlenilip düzülýändigini resmi taýdan tassyklady
10.12.2025 11:30
3.5k+
Tom Holland bilen «Möý adam 4» filmi düşürilip tamamlandy
Piter Parkeriň başdangeçirmeleriniň nobatdaky bölümini – «Möý adam: Düýbünden täze gün» (Человек-паук: Совершенно новый день) kinokomiksini düşürmek işleri tamamlandy. Filmiň kinoteatrlarda premýerasy 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna meýilleşdirilýär diýip, Screen Rent neşiri habar berýär
10.12.2025 11:00
4.9k+
«Awataryň» üçünji bölümini döretmek üçin $400 mln sarp edildi
Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) filminiň önümçilik býujeti, bilermenleriň hasaplamalary boýunça, azyndan 400 million ABŞ dollaryna barabar. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şeýle mukdar blokbasteriň dowamynyň bahasy bilen deňleşýär
09.12.2025 21:25
2.4k+
Killian Mýorfi bilen doly metražly «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» filmi martda çykar
Meşhur serialyň dowamy boljak «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» (Острые козырьки. Бессмертный человек) filmi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda prokata çykar. Netflix resmi afişany we premýeranyň senesini sosial ulgamlarda paýlaşdy
09.12.2025 14:31
4k+
Paramount Warner Bros.-y Netflix-den kakyp almak üçin $108 mlrd teklip etdi
Paramount Skydance her paý üçin 30 dollar baha bilen Warner Bros. Discovery-ny 108 mlrd dollara satyn almak teklibi bilen çykyş etdi. Bu Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen şertnamany ylalaşandan birnäçe gün soň bolup geçdi diýip, Bloomberg habar berýär
09.12.2025 10:25
7.5k+
2026-njy ýylyň “Altyn globus” baýragyna dalaşgärler yglan edildi
“Altyn globus” baýragynyň guramaçylary 2026-njy ýylyň baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Dalaşgär görkezilmek boýunça Pol Tomas Andersonyň “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) filmi öňdebaryjy boldy
08.12.2025 13:21
3.5k+
«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar
«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer
08.12.2025 13:19
5.2k+
ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady
ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär
08.12.2025 11:33
3.4k+
Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar
Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar
07.12.2025 12:06
4.6k+
Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady
Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden
07.12.2025 12:02
2.5k+
Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady
Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär
05.12.2025 17:28
3.3k+
Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär
Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär
05.12.2025 12:00
3.6k+
“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy
“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar
05.12.2025 11:54
3.1k+
Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi
Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi
05.12.2025 09:07
3.3k+
Tarantino XXI asyryň iň gowy filmlerini aýtdy. Sanawyň başynda – «Gara gyrgy»
Režissýor Kwentin Tarantino XXI asyryň iň gowy ýigrimi filminden ybarat sanawyny hödürledi. Ol bu reýtingi bilen «The Bret Easton Ellis Podcast» podkastynda paýlaşdy. Häzirki döwrüň iň meşhur režissýorlarynyň biri özünde güýçli täsir galdyran filmleri sanap geçdi we olary saýlamagynyň sebäbini jikme-jik düşündirdi
04.12.2025 15:53
1.7k+
Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy
Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy
04.12.2025 15:43
2.8k+
Rolling Stone ýylyň iň gowy 20 filmini aýtdy: birinji orunda – «Bir söweşden soň beýleki»
Abraýly Rolling Stone neşiri 2025-nji ýylda prokata çykan iň gowy 20 filmiň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny režissýor Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) dramasy eýeledi. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio, Şon Penn, Çeýz Infiniti, Benisio del Toro we Teýýana Teýlor ýerine ýetirdi
«
1
…
9
10
11
…
40
»
«
1
…
6
7
8
9
10
11
12
13
14
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.