Ýerli

Serdar Berdimuhamedow Ak tamda Donald Tramp bilen duşuşdy
08.11.2025 08:43
22k+

Serdar Berdimuhamedow Ak tamda Donald Tramp bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy
“KARAR kreslo”: Iş ýerinde rahatlyk netijeliligi ýokarlandyrar
07.11.2025 15:54
4.2k+

“KARAR kreslo”: Iş ýerinde rahatlyk netijeliligi ýokarlandyrar

Dolandyryş we psihologiýa boýunça geçirilýän barlaglaryň ortaça maglumatlaryna görä, kärhananyň ösüşinde ýolbaşçylaryň täsiri 40%, kollektiwiň täsiri 60% diýip hasaplanylýar. Bu nämäni aňladýar? Kärhananyň hakyky güýji - adamlardadyr
Türkmenistan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy
07.11.2025 15:32
17k+

Türkmenistan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy

6-njy noýabrda Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy
Raşid Meredow «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlige gatnaşdy
07.11.2025 10:45
10k+

Raşid Meredow «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlige gatnaşdy

5-nji noýabrda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Türkmenistanyň DIM
Gurbanguly Berdimuhamedow dekabrda boljak çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi
07.11.2025 10:42
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dekabrda boljak çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýäniň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi
07.11.2025 10:22
6k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýäniň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezidentiň Milli kitaphanasyna sowgat berildi. Dabaraly çäre 5-nji noýabrda Ankarada geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy
07.11.2025 10:18
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy

5-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryň ählisinde, şol sanda ykdysadyýet, ulag, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyň işjeň häsiýete eýedigini bellediler
Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
07.11.2025 10:14
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

5-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar
Türkmenistanyň binagärlik institutynyň talyplary Garabogaz aýlagyndaky täze köprüde tejribelik geçdiler
07.11.2025 10:10
9.6k+

Türkmenistanyň binagärlik institutynyň talyplary Garabogaz aýlagyndaky täze köprüde tejribelik geçdiler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsinde okuwa degişli tejribelik sapaklaryny geçirdiler. Türkmenistanyň
Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
07.11.2025 10:06
3.8k+

Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi M.Maşalow bu ýurduň DIM-niň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmianto ynanç hatlaryň nusgalary gowşurdy. Ilçi diplomatik işini Kuala-Lumpur şäherinde oturýan ýerinden alyp barar
Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi geçirilýär
07.11.2025 09:59
2k+

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi geçirilýär

3-nji noýabrda Stambuldaky Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda Türkiýe Respublikasyndaky Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň dabaraly açylyşy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäräni Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnadylar
15-nji noýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
06.11.2025 19:17
5.6k+

15-nji noýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

15-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar
06.11.2025 12:38
6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar

5-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratmak barada bellenip geçildi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy täzelendi we dolandyryş düzümi üýtgedildi
06.11.2025 12:32
8.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy täzelendi we dolandyryş düzümi üýtgedildi

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi
Arkadag şäherinde bedewleriň we söwda kerweniniň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgäh gurulýar
06.11.2025 12:10
6.1k+

Arkadag şäherinde bedewleriň we söwda kerweniniň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgäh gurulýar

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, “Arkadag” seýilgähine baryp gördi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
AFK-2 Çempionlar ligasynda «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» kluby bilen deňme-deň oýnady
06.11.2025 11:32
7.4k+

AFK-2 Çempionlar ligasynda «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» kluby bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Oýun çarşenbe güni Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi
IT NOKADY - IT öwrenmek isleýänler üçin okuwlara ýazylyşyk başlatdy
05.11.2025 13:47
7.2k+

IT NOKADY - IT öwrenmek isleýänler üçin okuwlara ýazylyşyk başlatdy

IT Education Academy okuw merkezi ähli okuw maksatnamalary üçin ýazylyşyk başlatdy. IT NOKADY iň zerur IT başarnyklaryny öwrenmäge we arzuwyňdaky işe tarap ädim ätmäge mümkinçilik berýär. IT Nokady (IT Education Academy) — Iş Nokady kompaniýasy tarapyndan döredilen okuw taslamasy bolup, sanly başarnyklary ösdürmek we IT ulgamynda hünär taýýarlygyny bermek maksady bilen işlenip düzüldi
Türkmenistanda BMG-niň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammitine gatnaşýar
05.11.2025 12:21
5.2k+

Türkmenistanda BMG-niň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammitine gatnaşýar

4 – 6-njy noýabr aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti geçirilýär. Sammite türkmen tarapyndan Türkmenistanyň zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri M
Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy
05.11.2025 12:16
14k+

Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly Owganystana duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada 4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir bilen duşuşygynda aýtdy
ÝUNESKO 15-nji dekabry Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä güni diýip yglan etdi
05.11.2025 11:19
4.1k+

ÝUNESKO 15-nji dekabry Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä güni diýip yglan etdi

Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahatynyň çäginde her ýylyň 15-nji dekabrynda Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä gününi belläp geçmek hakynda karar kabul edildi. Bu sene türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy birligini alamatlandyrar
Türkmen-owgan serhedindäki «Serhetabat» gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny 2,5 esse ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär
05.11.2025 11:08
15k+

Türkmen-owgan serhedindäki «Serhetabat» gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny 2,5 esse ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy türkmen-owgan döwlet serhedinde ýerleşýän «Serhetabat» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine girişýär. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär
Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümi jemlendi
05.11.2025 11:03
3.1k+

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümi jemlendi

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň jemleýji çapuwlary geçirildi. Bedewler dürli aralykdan on gezek çapuwa goşuldy diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Güýzki möwsümiň ýapylyşy mynasybetli guralan at çapyşyklary ikiýaşar atlaryň 1000 metr aralykdaky ýaryşy bilen badalga aldy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ykdysadyýet we filosofiýa boýunça halkara olimpiadalaryň ýeňijileri sylaglanyldy
05.11.2025 10:59
3.9k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ykdysadyýet we filosofiýa boýunça halkara olimpiadalaryň ýeňijileri sylaglanyldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi
05.11.2025 06:49
7.9k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi

4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan  "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy
Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi
04.11.2025 23:24
1.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi

zTürkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekiliýeti 30-31-nji oktýabrda Minsk şäherinde geçirilen "Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri" atly XXX Halkara ylmy-tehniki maslahatyna gatnaşdy
Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekdiler
04.11.2025 20:54
4.5k+

Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekdiler

Frankfurtda geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde türkmen we german kompaniýalary maslahat beriş, logistika, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler
Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar
04.11.2025 20:47
8.1k+

Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar

Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde tamamlanan «CAVA Cup for Men 2025» halkara woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda bir oýunda-da ýeňilmän, finalda Owganystanyň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär
CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi
04.11.2025 20:43
2.7k+

CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň çäklerinde B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy
Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri
04.11.2025 20:33
3.1k+

Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri

3-4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi
Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
04.11.2025 19:30
6.9k+

Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda deslapky tapgyrlarda Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan ýeňiji bolan bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy
04.11.2025 19:08
3.7k+

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň tehnologik özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň, talyp we okuwçy ýaşlarynyň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy
Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler
04.11.2025 19:00
1.6k+

Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Maliýe» dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny olimpiada gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy
04.11.2025 15:19
5.7k+

Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy

Türkmenistandan iki wekil Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “THE PLANET OF ART – 2025” Halkara ýaşlar sungat festiwalynyň ýeňijileri boldular.  Ylham Orazmämmedow instrumental ugur boýunça, Aýşat Rejepowa bolsa horeografiýa ugrunda ýeňiş gazandy
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
04.11.2025 14:46
11k+

Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady

Şu gün, 4-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky (C5+1) Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada TDH habar berýär. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
Türkmenistanyň birža söwdalarynyň jemi boýunça  8 million 517 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy
04.11.2025 13:15
1.9k+

Türkmenistanyň birža söwdalarynyň jemi boýunça 8 million 517 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan bolan geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt  puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň
Türkmenistan we ÝUNISEF türkiýeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalary goramak ulgamyny berkidýärler
03.11.2025 12:36
5.3k+

Türkmenistan we ÝUNISEF türkiýeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalary goramak ulgamyny berkidýärler

27–30 oktýabr aralygynda Aşgabatda çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan, ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan çäre, ýurdumyzda çagalary goramak boýunça milli ulgamy ösdürmekde we Türkiýäniň Adalatçynyň institutynyň tejribesini paýlaşmakda möhüm ädim boldy
Awazada Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň sergisi açyldy
03.11.2025 11:52
2.9k+

Awazada Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň sergisi açyldy

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän bu forum iki gün dowam eder
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
03.11.2025 11:37
4.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
03.11.2025 11:22
5.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Işewür Türkmenistanyň
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ahmet Çalygy kabul etdi
03.11.2025 11:16
9k+

Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ahmet Çalygy kabul etdi

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.