Ýerli

Rimde Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelerine seredildi
06.09.2025 15:35
4.2k+

Rimde Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelerine seredildi

3-nji sentýabrda Italiýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi T.Kömekow Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda şu ýyl
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada söwda we dokma pudagy boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi
06.09.2025 15:18
2.4k+

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada söwda we dokma pudagy boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi

30-njy awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy
Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda ygtyýarly edara boldy
06.09.2025 13:29
4k+

Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda ygtyýarly edara boldy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hem-de elektron hökümetiň işi babatynda ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady
06.09.2025 13:22
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
06.09.2025 13:15
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi
Türkmenistanyň ugradan ynsanperwerlik kömegi Kabula bardy
06.09.2025 13:06
12k+

Türkmenistanyň ugradan ynsanperwerlik kömegi Kabula bardy

5-nji sentýabrda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.  “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi
Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi
06.09.2025 10:07
16k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
06.09.2025 09:59
5.3k+

Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi. Kadzuhiko Amakawa Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy
Türkmenistan Stambuldaky «Halal Expo 2025» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar
06.09.2025 09:55
3.6k+

Türkmenistan Stambuldaky «Halal Expo 2025» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä gatnaşar. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň açylyşyna taýýarlyk görülýär
06.09.2025 09:48
8.2k+

Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu barada 5-nji sentýabrda Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu desga bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge ukyply
10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar
06.09.2025 09:40
5.3k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçiriler
06.09.2025 09:36
5.6k+

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçiriler

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B
Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy
06.09.2025 09:30
5.2k+

Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi
Türkmenistan Owganystanda ýertitremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer
05.09.2025 10:20
11k+

Türkmenistan Owganystanda ýertitremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistan doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberer
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçiriljek ýeri Aşgabatdan Awaza geçirildi
04.09.2025 18:43
9.6k+

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçiriljek ýeri Aşgabatdan Awaza geçirildi

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny (TIF 2025) geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti çäräniň geçiriljek ýerini üýtgetdi. Forum 18–19-njy sentýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynyň maslahatlar merkezinde geçiriler
“Maraton” dükany 7 ýyllygy mynasybetli ähli aýakgaplaryna 40% - 50% arzanladyş aksiýasyny geçirýär
04.09.2025 13:11
56k+

“Maraton” dükany 7 ýyllygy mynasybetli ähli aýakgaplaryna 40% - 50% arzanladyş aksiýasyny geçirýär

Iş, sport, gündelik gezelençler, umuman, durmuşyň ähli pursatlary üçin dünýä belli brendleriň erkeklere, aýallara we çagalara niýetlenen aýakgaplaryny hödürleýän “Maraton” dükanyna 7 ýyl dolýar. Şu mynasybetli “Maraton” dükanlarynyň ählisinde aýakgaplara uly arzanladyş aksiýalary geçirilýär
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy
04.09.2025 11:06
4.4k+

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler
Türkmenistanly mekdep okuwçylary XCEL halkara olimpiadasyna gatnaşyp bilerler
03.09.2025 16:13
5.8k+

Türkmenistanly mekdep okuwçylary XCEL halkara olimpiadasyna gatnaşyp bilerler

3-nji synpdan 12-nji synpa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda XCEL halkara olimpiadalary yglan edildi. Bu olimpiadalar dünýä derejesinde özüňi tanatmak, bilimiňi we döredijiligiňi görkezmek hem-de gymmatly tejribe gazanmak üçin mümkinçilikdir
Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy
03.09.2025 16:06
5k+

Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew Erzurum welaýatynyň häkimi Mehmet Sekmen bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy
03.09.2025 15:53
2.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy

1–2-nji sentýabrda Sloweniýanyň Bled şäherinde Bled strategik forumy geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar
03.09.2025 11:06
4.4k+

Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar we täze sirk şüweleňlerine tomaşa etmäge çagyrýar. Tomaşaçylara Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly  sirk çykyşy hödürleniler
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
03.09.2025 10:28
4k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy
Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda täze ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
03.09.2025 10:20
4.5k+

Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda täze ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamdowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi
03.09.2025 10:14
4.6k+

Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Pekinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirildi
CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy
03.09.2025 09:47
14k+

CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy
Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar
02.09.2025 14:47
5.8k+

Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri S.Lisowenko we D.Arazow arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda üç görnüşli şypaly melhem taýýarlamak boýunça gözleg işlerini geçirdiler
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalary açyldy
02.09.2025 14:39
13k+

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalary açyldy

1-nji sentýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanda täze okuw ýyly mynasybetli täze mekdepler we çagalar baglary açyldy
02.09.2025 14:00
7.8k+

Türkmenistanda täze okuw ýyly mynasybetli täze mekdepler we çagalar baglary açyldy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew
Ilham Aliýew Aşgabatdaky foruma çakylygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi
02.09.2025 13:42
7.2k+

Ilham Aliýew Aşgabatdaky foruma çakylygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallygyny bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy bilen gutlady
02.09.2025 13:34
8k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi
02.09.2025 13:25
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi

1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. “ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler
Gurbanguly Berdimuhamedow hususy pudagyň gazananlary barada gürrüň berdi: sanlar
02.09.2025 12:34
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow hususy pudagyň gazananlary barada gürrüň berdi: sanlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň hususy pudagynyň ýeten sepgitleri barada belläp geçdi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar nähili görnüşde alnyp barlar
02.09.2025 12:19
14k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar nähili görnüşde alnyp barlar

1-nji sentýabrda Aşgabatda bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy üçin niýetlenen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy. Täze ýokary okuw mekdebinde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar
Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi açyldy
02.09.2025 12:08
16k+

Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi açyldy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi
Siz nähili kofe isleýärsiňiz? NesilCoffee islendik adamyň göwnünden turjak önümlerini hödürleýär
01.09.2025 19:16
12k+

Siz nähili kofe isleýärsiňiz? NesilCoffee islendik adamyň göwnünden turjak önümlerini hödürleýär

Dünýäde her günde millionlarça adam ertirini kofe bilen başlaýar. Haýsy hem bolsa bir işe täze güýç bilen başlamaly bolnanda, güýç we ylham beriji içgi hökmünde kofe içilýär. Kofe häzirki güne çenli taryhyň aýrylmaz bir bölegine öwrülipdir
Türkmenistanyň Prezidenti Týanszinde ŞHG+ sammitinde çykyş etdi
01.09.2025 19:15
5.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Týanszinde ŞHG+ sammitinde çykyş etdi

Şu gün Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän port şäheri Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna Prezident Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Si Szinpin bilen duşuşdy
01.09.2025 16:33
8.4k+

Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Si Szinpin bilen duşuşdy

31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň ilkinji gününde “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler
Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ýaşlar merkezine baryp gördi
01.09.2025 16:02
6.2k+

Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ýaşlar merkezine baryp gördi

Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili garşylady
Türkmenistanyň we Hytaýyň haýyr-sahawat gaznalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
01.09.2025 15:51
2.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň haýyr-sahawat gaznalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Türkmenistanyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi
01.09.2025 15:41
3.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaýa saparynyň çäklerinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.