Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
30.01.2026 19:55
6.7k+
Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary gowşuryldy
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda döwlet sylaglarynyň gowşuryş dabarasy geçirildi. Gullugyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu çäre Watan goragçylarynyň güni mynasyberli geçirildi
30.01.2026 18:54
4.7k+
Türkmenistanda GDA ýurtlarynyň awtorlary üçin atçylyk barada tele-filmler bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanda atçylyga, bedewleriň medeniýetdäki ornuna we atçylyk sportunyň ösüşine bagyşlanan GDA ýurtlarynyň «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly döwletara tele-filmler bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşik Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirilýär
30.01.2026 18:19
5k+
Türkmenistanyň ilçisi Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
30.01.2026 18:15
1.2k+
Türkmenistanyň DIM-inde Gruziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy boldy
30.01.2026 18:11
1.6k+
Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi
29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy
30.01.2026 18:06
1.4k+
Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen duşuşygy boldy. Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady
30.01.2026 12:22
2.4k+
Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär
30.01.2026 11:52
6.9k+
Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi
Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Arzyman» filmi häzirki wagtda montaž tapgyryndan geçýär. Şahyryň ykbaly we mirasy baradaky täze kino eserini režissýor, ssenariçi hem-de «Mekanfilm» studiýasynyň esaslandyryjysy Çaryýar Seýidow düşürdi
30.01.2026 04:18
6.8k+
Türkmenbaşy şäherinde polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin täze jaýlar ulanmaga berildi
Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, her biri 24 maşgala niýetlenen iki sany dört gatly täze ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşy boldy
29.01.2026 16:03
4.5k+
Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy
29.01.2026 15:36
2.7k+
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy
28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy
29.01.2026 13:56
4.4k+
ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin täze Ýurt Maksatnamasyny işe girizýär
ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt Maksatnamasyny resmi taýdan işe girizdi. Bu ädim her bir çaganyň sagdyn bolmagyny, bilim almagyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir
29.01.2026 13:01
1.9k+
Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi
29.01.2026 12:40
7.2k+
Arkadag şäherinde «Galkynyş» toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligi bellenildi
Arkadag şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen
29.01.2026 12:32
2.7k+
Türkmen talyplary Seulda we Çhunçhonda «Feel Korea! with KNU» maksatnamasyna gatnaşýar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplary 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwary – 2-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynda gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýar
28.01.2026 16:18
2.1k+
TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
28.01.2026 15:31
8.9k+
Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 120 müňe golaý wiza berdi
2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlaryna, takmynan, 120 müň wiza berdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy diýip, «Ata Watan Media» neşiri habar berýär
28.01.2026 15:06
2k+
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy
28.01.2026 15:02
1.1k+
Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisi şäherinde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyk Ýunus Emre adyndaky institutyň binasynda boldy. Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem işgärleri gatnaşdy
28.01.2026 14:41
20k+
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara awtoulaglar sowgat berildi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralara Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap awtoulaglar sowgat berildi
28.01.2026 13:31
2.1k+
Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar
2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar
28.01.2026 06:19
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
28.01.2026 05:54
9k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy
27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol şäherde gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalaryň, şaýollaryň we köprüleriň gurluşyk-modernizasiýa işleriniň barşy bilen tanyşdy
27.01.2026 22:15
15k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar
25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar
27.01.2026 21:02
14k+
Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler
27.01.2026 15:32
3k+
Türkmenistan we Italiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
27.01.2026 14:48
5.6k+
Tejen etrabynda migrasiýa gullugynyň bölüminiň täze edara binasy açyldy
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň sargydy boýunça amala aşyrylan bu taslamany «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy gurdy
27.01.2026 11:29
2.4k+
Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi
Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli «Ýyldyz» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabu we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy
27.01.2026 09:02
6.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
27.01.2026 07:22
4.1k+
Türkmenistanyň Energetika instituty nazary mehanika boýunça V internet-olimpiadasyny geçirýär
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Nazary mehanika» dersi boýunça geçiriljek V açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär
27.01.2026 00:12
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň durnukly işini üpjün etmegi tabşyrdy
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01.2026 23:46
10k+
Esenguly etrabynda prokuraturanyň täze edara binasy açyldy
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çäre Watan goragçylarynyň gününe bagyşlandy. Iki gatly bina «Rysgally zähmet» kärhanasy tarapyndan gurlup, onda prokuratura işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertler döredildi
26.01.2026 22:32
10k+
Aşgabatda IIM-niň işgärleriniň maşgalalary üçin täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga berildi
Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda, Aşgabatda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýörite gurlan Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň täze tapgyry ulanmaga berildi. Bu barada THP habar berýär
26.01.2026 17:25
4.2k+
Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar
26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagtynda 45 döwletden wekiliýetleriň gatnaşmagynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Bu halkara sport çäresinde Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär
26.01.2026 17:22
4.7k+
Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi
Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşa çenli türgen gyzlaryň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi we dünýäniň 17 ýurdundan türgenleri jemledi
26.01.2026 12:25
4k+
Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy
Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy
26.01.2026 11:40
2.7k+
«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynda halkara şahadatnamalara mynasyp boldy
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary sirk sungatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Gowşurylyş dabarasy 16-25-nji ýanwar aralygynda Monte-Karlo şäherinde (Monako Knýazlygy) geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde boldy diýip, TDH habar berýär
26.01.2026 11:22
2.2k+
Ýaşlar öňe saýlanýar: Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň I ligasynyň netijeleri belli boldy
Aşgabatda 18-24-nji ýanwar aralygynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň ýaryşy geçirildi. Onuň netijesinde täze möwsümde Ýokary ligada çykyş etjek oýunçylar kesgitlendi. Bu ýaryş nesilleriň çalşygyny alamatlandyrdy: ýaş küştçüler tejribeli ussatlar bilen ynamly bäsleşip, öňdebaryjy orunlary eýeleýär
26.01.2026 11:06
4.5k+
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär
26.01.2026 10:21
1.6k+
Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar
«
1
…
13
14
15
…
160
»
«
1
…
10
11
12
13
14
15
16
17
18
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.