Ýok, bu iPhone däl: Insaýder Galaxy S27 Ultra-nyň dizaýnyny görkezdi

25.08.2026, 21:158,032
1 / 3

Ice Universe lakamy bilen tanalýan insaýder «Samsung Galaxy S27 Ultra-nyň» soňky dizaýnynyň CAD-çyzgylaryny ele salandygyny nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, işläp taýýarlamagyň bu tapgyrynda smartfonyň daşky görnüşini düýpli üýtgetmek eýýäm giç, şol sebäpli hem neşir edilen maglumatlar flagman smartfonyň ahyrky dizaýnyny görkezip biler.

Çyzgylaryň esasynda insaýder neýroulgamyň kömegi bilen enjamyň çen-takmyn renderini döretdi. Onda iki sany tegelek obýektiw we ýanynda süýri moduly bolan uly gönüburçly kameralar blogy görünýär. Gurluşy boýunça ol Galaxy Ultra modellerindäki aýratyn obýektiwleriň adaty ýerleşişinden tapawutlanyp, has dogrusy, soňky nesil iPhone smartfonlarynyň kamera bloguny ýada salýar.

Samsung önümleri baradaky syzma maglumatlary bilen belli bolan Ice Universe «Samsung MX-iň» dizaýn bölüminiň ýolbaşçysy Hýubert Lige hem ýüzlendi. Insaýder smartfon çykandan soň, kompaniýanyň Galaxy hatarynyň taryhynda iň güýçli tankytlara duçar bolup biljekdigini duýdurdy.

Samsung entek Galaxy S27 Ultra-nyň dizaýny hakda resmi taýdan teswir bermedi.

Täze flagmanyň Galaxy S27 hatarynyň beýleki smartfonlary bilen bilelikde 2027-nji ýylyň başynda çykmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.