Nepalyň Rasuwa etrabyndaky Bhote-Koşi derýasynda duýdansyz gelen sil sebäpli 384 syýahatçy dereksiz ýiten hasaplanylýar. Nepalyň Syýahatçylyk geňeşiniň maglumatyna görä, olaryň 291-si daşary ýurtly, 93-si bolsa Nepalyň öz raýatydyr.
Sil awgust aýynyň 26-sy güni irden buz harsaňynyň süýşmegi netijesinde derýadaky suwuň derejesiniň birden ýokarlanmagy zerarly ýüze çykdy. Sil öz akymy bilen birnäçe ilatly nokatlary, ýollary we gidroenergetika desgalaryny weýran etdi. Iň köp ejir çeken — golaýda ýerleşýän Rasuwa etraby boldy.
Polisiýa salgylanýan BSS News gullugynyň maglumatynda azyndan sekiz adamyň pida bolandygy aýdylýar, Reuters bolsa dokuz adamyň heläk bolandygyny habar berýär. Halas ediş işleri dowam edýär.
Dereksiz ýiten daşary ýurtlularyň arasynda iň köpüsi Hindistanyň raýatlarydyr (105 adam). Ýene 37-si Hindistanda ýaşamaýan, ýöne asly şol ýerdendigi aýdylýar. Sanawda Awstraliýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Beýik Britaniýanyň we Günorta-Afrika Respublikasynyň raýatlary hem bar. Beýleki ýitenleriň raýatlygy indi anyklanylýar.


Tibet sebitiniň Girong jülgesine (Nepal bilen Hytaýyň serhedine) duýdansyz siliň gelşi. 26-njy awgust, 2026
Sosial torlarda ýaýran wideoýazgydan
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ýiten adamlary gözlemek hem-de halas etmek, howply zolakdaky adamlary göçürmek üçin zerur ähli tagallalary ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
Mundan öň hem Nepalda şeýle sil gelmeler uly adam pidalaryna getiripdi. 2024-nji ýylda bu tebigy apat 193 adamyň ömrüni kesdi, 2019-njy ýylda bolsa sil sebäpli 65 adam heläk boldy.