Tutuş oba bir üçegiň astynda: gadymy hytaý gala-jaýlary nähili gurlupdyr?

22.09.2026, 22:228,702
1 / 9

Sowuk urşuň gyzgalaňly döwründe ABŞ-nyň hemra gözegçiligi Hytaýyň günorta-gündogaryndaky daglarda äpet halkalary görüp, olary raketa şahtalarydyr diýip güman edýär. Aslynda bolsa, amerikalylaryň şol wagtky syn eden desgalary, biraz soňra ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giriziljek gadymy tulou binalarydy.

Tulou – bu ýüzlerçe adamyň nesilme-nesil bir diwaryň içinde bile ýaşamagy üçin gurlan gadymy ýaşaýyş jaý-galalarydyr.

«Tulou» sözi «toprakdan gurlan bina» diýmegi aňladýar. Olar ilki Fujian welaýatynyň daglyk ýerlerinde peýda bolupdyr. Bu binalary hakkalar — hytaý halkynyň han toparyna degişli adamlar gurupdyr. Olaryň ata-babalary Tan nesilşalygy döwründen başlap, uruşlardan we gozgalaňlardan gaçyp, ýurduň demirgazygyndan günortasyna birnäçe tapgyrda göçüpdir. Täze ýere gelen ilat nätanyş tire-taýpalaryň geçmesi kyn daglaryň arasynda ýaşap başlapdyr. Şonuň üçin olara diňe bir öý däl, eýsem, gala hem-de uly maşgalany abat saklap biljek gaçybatalga ýer gerek bolupdyr.

Tulounyň esasy bölegini galyň toprak diwarlar emele getiripdir. Olary palçyk, çäge we hek garyndysyny agaç galyplaryň içine gatlaklaýyn ýerleşdirip berk dykyzlandyrmak arkaly gurupdyrlar. Garyndynyň içine ösümliklerden alnan serişdeler, käte bolsa tüwi suwy we goňur şeker hem goşulypdyr. Şeýle usul binalaryň ýertitremelere garşy durnukly bolmagyna ýardam edipdir. Olaryň köpüsi 500–700 ýyl geçenden soň hem saklanyp galypdyr. Binanyň depesini bolsa çerepisadan edilen gyralary ýaýbaň üçek gorapdyr.

Tegelek, dörtburç we süýnmek görnüşli tuloular, adatça, üç-dört gatdan ybarat bolupdyr. Ýaşaýyş otaglarynyň gapylary içki howla bakypdyr, binanyň içindäki ýerler bolsa bir taýpanyň birnäçe urugynyň arasynda bölünipdir. Aşaky gatlarda aşhanalar, ammarlar we hojalyk otaglary, ýokarky gatlarda bolsa ýatylýan otaglar ýerleşipdir. Ortada umumy guýuly howly we ybadathana ýerleşipdir.

Şeýle jaýlar goranyş üçin hem niýetlenipdir. Daşky diwarlaryň aşaky gatlarynda penjireler asla bolmandyr diýen ýaly. Girelge ýeri agyr derwezeler bilen goralypdyr, üçegiň aşagynda bolsa ýörite ok atylýan deşikler ýerleşdirilipdir. Hüjüm edilen ýagdaýynda ýaşaýjylar içeri girip, derwezeleri ýapyp, suwuň, azygyň we beýleki zerur zatlaryň gorlaryndan peýdalanyp, gabawyň gutarmagyna garaşyp bilipdir.

Tulounyň gurluş meýilnamasy «deňhukukly jemgyýet» ýörelgesine eýeripdir. Her bir maşgala aşhanadan başlap, ýokarky gatdaky ýatylýan otaglara çenli uzalyp gidýän birmeňzeş dilkaw bölek berlipdir. Mysal üçin, Çensilouda 400 otag bolup, öňler bu ýerde 600-den gowrak adam ýaşapdyr. Týanlokeng toplumy bolsa bäş binadan — bir dörtburç we dört tegelek binadan ybarat. Ýokardan seredilende bu binalar güle meňzeýär. Ol özüniň üýtgeşik görnüşi sebäpli syýahatçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň arasynda «dört mejime we çorba» diýibem atlandyrylýar.

Häzirki wagtda tuloularyň 46 toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär. Binalaryň käbiri muzeýlere we myhmanhanalara öwrüldi, käbirlerinde bolsa häzirlerem ýaşalýar. Şeýle-de bolsa, olaryň ýaşaýjylarynyň sany ep-esli azaldy. Täze nesil arzuwlarynyň yzyna düşüp, uzak şäherlere gidýär. Netijede, bir wagtlar ýüzlerçe adamyň ýaşaýan bu äpet binalary kem-kemden boşap barýar.

Şonuň üçin häzirki wagtda tuloularyň öňünde durýan esasy mesele duşmanlardan goranmak bolman, eýsem olaryň içindäki ýaşaýşy bolmalysy ýaly dowam etdirmekdir. Sebäbi tuloular owalbaşda diňe bir bina hökmünde däl-de, nesilleri birleşdirýän bir bitewi dünýä hökmünde gurlupdy.