Amazon ysraýylly Decart startapyny satyn almak üçin rekord $7 mlrd bermäge taýýar

12.10.2026, 15:232,029

Amazon kompaniýasy emeli aň ulgamynda işleýän Decart startapyny satyn almak barada gepleşikler geçirýär. The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, geleşigiň bahasy, takmynan, 7 milliard dollara ýetip biler.

Neşirde, bardy-geldi, başga, has möhüm alyjy ýüze çykmasa, geleşigiň uzaklaşdyrylman baglaşyljakdygy aýdylýar.

Decart kompaniýasy 2023-nji ýylda ysraýylly üç inžener — doganlar Din we Orian Leýtersdorflar hem-de Moşe Şalew tarapyndan esaslandyryldy. Startap emeli aň üçin niýetlenen dürli çipleriň arasynda aňsat geçişi üpjün edýän maksatnamalary döredýär. Mundan başga-da, kompaniýa çyna berimsiz üç ölçegli (3D) dünýäleri döretmäge ukyply Lucy we Oasis atly emeli aň nusgalaryny işläp taýýarlaýar.

PitchBook neşiri öz maglumatlarynda taslamanyň iri gaznalardan eýýäm 400 million dollardan gowrak maýa goýumyny çekendigini belleýär. Şu ýylyň ýazynda kompaniýanyň bazar bahasy 4 milliard dollar diýlip kesgitlenipdi.

Bu geleşik Amazona özüniň Trainium3 emeli aň çipleriniň önümçiliginiň gerimini giňeltmäge we bazaryň öňdebaryjysy Nvidia bilen bäsleşmäge ýardam berer. Amazon-yň bulut hyzmatlaryny hödürleýän AWS bölümi Decart kompaniýasyna öň hem öz prosessorlaryny irki döwürde synagdan geçirmäge mümkinçilik beripdi.

Decart-y satyn almak Amazon-yň soňky ýyllardaky iň iri geleşikleriniň biri bolup biler. Mundan ozal kompaniýa MGM kinostudiýasyny 6,5 milliard dollara, Globalstar aragatnaşyk operatoryny bolsa 11 milliard dollara satyn alypdy.

Üns bermeli ýeri, emeli aň ulgamy bilen meşgullanýan Anthropic kompaniýasy hem öň Decart-y 6 milliard dollara satyn almaga synanyşypdy. Ýöne Anthropic barlag geçirenden soň, bu geleşikden ýüz öwürdi.