Dünýäniň köp ýurtlarynda ýalňyzlyk jemgyýetde adaty bir zada öwrüldi, bu indi mesele hökmünde kabul edilmeýär. Adamlar barha aňly-düşünjeli ýagdaýda ýeke ýaşamagy saýlaýarlar, nika baglanyşmaga howlukmaýarlar we şahsy azatlygyna gadyr goýýarlar.
2018–2022-nji ýyllar üçin Our World in Data taslamasynyň statistiki maglumatlary planetanyň haýsy ýerinde ýalňyz adamlaryň has köp jemlenendigini aýan etdi. Bu romantiki manyda ýalňyz ýaşaýan adamlaryň sanyny däl-de, ýeke adamdan ybarat hojalyklaryň näderejede ýaýrandygyny görkezýär.
Norwegiýa 45,8% görkeziji bilen sanawyň başyny çekdi.
Bu şäherleşme, ýokary girdejiler we sosial şertler bilen baglanyşyklydyr. Ýurtda jynslaryň deňligi hakynda berk kanunlar hereket edýär, şonuň üçin hem adamlara maliýe howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gatnaşyklara girmegiň hajaty ýok. Şeýle hem norweg jemgyýetinde şahsy azatlygy we erkinligi ileri tutýan "friluftsliw" ("arassa howadaky durmuş") pelsepesi meşhurdyr.
Sanawda ikinji orny Daniýa (44,1%) eýeleýär. Bu ýerde ýaşlar "ýaşamak we her bir pursadyň hözirini görmek" ýörelgesine eýerip, ata-eneleriniň howandarlygyndan ir çykýarlar. Olar nika baglanyşmaga howlukmaýarlar we köplenç, gatnaşyklaryny 30 ýaşdan soň hasaba aldyrýarlar.
Üçünji orunda şahsy erkinligi gymmatly hasaplaýan ilatly Finlýandiýa (43,0%) durýar. Ýaş nesil sazlaşykly ýaşaýşy ýekelikde görýär we saýlamak hukugyny umumy kabul edilen kadalardan ýokarda goýýar.
Şwesiýada ilatyň 42,5%-i ýeke ýaşaýar. Maliýe garaşsyzlygy adamlara ýoldaşsyz ýaşamaga mümkinçilik berýär we şahsy giňişlik iň möhüm gymmatlyklaryň biri hasaplanýar. Stokgolmda görkeziji 60%-den hem geçýär — bu megaşäherleriň arasynda dünýä rekordydyr.
Müjerret ötenini kem görmeýän ilatly ýurtlaryň sanawynda ilkinji dört orny maliýe taýdan abadan Skandinawiýa ýurtlarynyň eýeleýändigi aýratyn ünsüňi çekýär.
Ilkinji bäşligi Germaniýa (41,7%) tamamlaýar. Berlin ýaly uly şäherlerde ýeke ýaşamak üstünligiň alamaty hasaplanýar. Mundan başga-da, bu ýurtda diňe ýaşlar däl, eýsem gartaşan adamlar hem ýeke ýaşamagy halaýarlar.
Niderlandlaryň Statistika (CBS) edarasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň başynda ýurtda uly ýaşly adamlaryň 5,7 milliony gatnaşyk saklamaýardy, şolardan 4,4 milliony ýeke ýaşaýardy. Bu adamlar, esasan, 25-den kiçi we 75-den ýokary ýaşdaky adamlardyr. 2013-nji ýyldan bäri Niderlandlarda ýeke ýaşaýan adamlaryň paýy 27%-den 30%-e çenli ýokarlandy.
European Statistical Monitor-iň 2024-nji ýyl üçin aýratyn barlagy tutuş ÝB-de ulularyň 20,5%-iniň ýeke ýaşaýandygyny görkezdi. Litwa, Estoniýa we Finlýandiýa bu görkezijide öňdebaryjylaryň hatarynda durýar.
Aziýa boýunça Ýaponiýa tapawutlanýar. Bu ýurtda 2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli 20-34 ýaş aralygyndaky ilatyň dörtden bir bölegi ýeke ýaşaýardy. Bu tendensiýa 80 ýaşdan ýokary ýaponiýalylarda hem duş gelýär. Ýöne şeýle ýaşaýşyň ýaramaz tarapy hem bar - "ýalňyzlykda jan berilýän" ýagdaýlaryň sany artyp, adamyň öleni uzak wagtlap bilinmän galýar.
Bu mysallar ýeke ýaşamagyň giňden ýaýramagynyň öz-özünden bagtlylygy ýa-da adamlardan üzňeligi aňlatmaýandygyny görkezýär. Şol bir statistika aňly-düşünjeli saýlawdan we maliýe garaşsyzlygyndan başlap, ilatyň garramagyna hem-de sosial gatnaşyklarynyň ýetmezçiligine çenli dürli faktorlar bilen baglanyşykly bolup biler.