Valve kompaniýasynyň Steam platformasy bir wagtyň özünde onlaýn bolan ulanyjylaryň sany boýunça rekordy täzeledi. 2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 töweregi Steam-de bir wagtda 43,5 milliondan gowrak ulanyjy, has takygy, resmi statistika boýunça, 43 501 449 adam, SteamDB-niň maglumatlary boýunça, 43 505 724 adam onlaýndy.
Öňki rekord şu ýylyň 29-njy martynda goýlup, 42 686 616 adama deň bolupdy.
Munuň bilen birlikde, platforma bir wagtda oýunlaryň içinde bolan ulanyjylaryň sany boýunça hem rekordy täzeledi — bu görkeziji tas 14,5 million adama (14 464 385) ýetdi. Rekord görkezijilere ýetilmegini, esasan, «Counter-Strike 2» (11-nji oktýabrda bir wagtda 1,404 million oýunçy), «Dota 2» (1,0 million) we «PUBG: Battlegrounds» (0,71 million) ýaly meşhur oýunlar üpjün etdi.
Belläp geçsek, platforma durnukly ösüş dinamikasyny saklaýar: Steam bir wagtda 10 million ulanyjy görkezijisine 2015-nji ýylda, 20 milliona — 2020-nji ýylda, 30 milliona — 2023-nji ýylda, 40 millionlyk çäge bolsa 2025-nji ýylyň ýazynda ýetipdi.