NASA amerikan aerokosmos agentligi Artemis II uçarmanly missiýasynyň netijeleri boýunça toplanan arhiw materiallar toplumyny köpçülik üçin elýeterli etdi. Aprel aýynda dört kosmonawtdan ybarat ekipaž Aýyň daşyndan aýlanyp, Ýeriň hemrasy barada köp sanly peýdaly maglumatlary toplapdy.

Göwrümi 800 gigabaýtdan geçýän arhiwde PDF görnüşindäki hasabatlar we maglumatlar bilen işlemek boýunça gözükdirijiler, 11 000-den gowrak wideo we fotosuratlar, 8,5 sagatdan gowrak ses ýazgylary, şeýle hem ekipaž agzalarynyň gepleşikleri ýerleşdirildi. Olara missiýa gatnaşyjylar tarapyndan planşetiň kömegi bilen bellik edilen dürli hadysalaryň fotosuratlary-da goşulýar.

Mysal üçin, fotosuratlaryň birinde meteorit çaknyşmalary netijesinde Aýyň ýüzünde dörän ýagtylyk partlamalary tegelek bilen çyzylypdyr we belgilenipdir.

«Artemis II» missiýasynyň kosmonawtlary Aýyň ýüzünde, Ýerden synlananda adaty görnüşde görünýändigine garamazdan, reňkli tegmillere hem duş geldiler. Orion kosmos enjamynyň ekipažy illýuminatoryň aňyrsyndan Aýyň ýüzüni düşürmäge, takmynan, ýedi sagat wagt sarp etdi. Suratlarda Aý Günüň öňüni tutan mahaly has gowy görnen Mars, Saturn ýaly planetalary we Günüň täjini hem synlamak bolýar.

Mundan başga-da, fotomateriallaryň aýratyn toplumy Ýere hem-de onuň atmosfera aýratynlyklaryna bagyşlandy. Missiýanyň gatnaşyjylary Ýere mümkin boldugyndan ýakyn gelnen pursady Kongo derýasynyň basseýnindäki ýyldyrymlary, Saharanyň üstündäki çäge tozanlaryny, polýar şöhlelenmesini we uly ilatly nokatlaryň çyralaryny fotosuratlara hem-de wideoýazgylara geçirdi.
Kosmonawt Kristina Koh illýuminatoryň aňyrsyndan Ýeri öwrenip, gören gök we mawy reňkleriniň öwüşginlerini söz bilen beýan etmäge aýratyn üns berdi.

Neşir edilen bu maglumatlar alymlara Ýer we Aý barada täze bilimleri almaga hem-de adamlary Aýyň ýüzüne çykarmagy göz öňünde tutýan geljekki missiýalary taýýarlamaga ýardam eder. «Artemis II» missiýasy resmi taýdan aprelde tamamlanan hem bolsa, alymlar alnan maglumatlary gaýtadan işlemegi häzirem dowam etdirýär.