Awtoulagdan agyr kädi ýa-da 77 kg agramly kabak gördüňizmi? Ine, geň-taň rekordlar

Düýn, 19:395,157
1 / 4

Britaniýaly daýhan Ien Paton agramy 1296 kilogram bolan kädini, amerikaly feldşer lukman Sara Witti bolsa agramy, takmynan, 77 kilogram bolan kabagy ýetişdirdi. Bu iki äpet gök önüm bagbançylygyň öňki rekordlaryny täzeledi.

Tonnadan agyr kädi

65 ýaşly Ien Paton öz kädisini 3-nji oktýabrda Angliýanyň Berkşir graflygynda geçirilen «Wargrave Nursery Giant Pumpkin Weigh-off» bäsleşiginde görkezdi. Töweregi alty metrden gowrak bolan önüme «Jeňňel kitabyndaky» panteranyň şanyna «Bagira» diýlip at berildi.

Täze netije daýhanyň geçen ýyl ekiz dogany Stýuart bilen bilelikde goýan rekordyndan hem geçdi: şonda olaryň kädisiniň agramy, takmynan, 1279 kilograma deň bolupdy.

Rekord derejedäki hasyl üçin Paton her gün ösümlige alty sagat töweregi wagt sarp etdi we jemi 600 litre golaý suw harçlady. Daýhan kädi sebäpli hatda aýalyny-da görmändigini degşip aýdýar. Netije tassyklanandan soň, ol begenjinden ýaňa hatda äpet kädisini öpenini bilmän galdy.

Häzirki wagtda «Bagira» Sauthemptondaky «Sunnyfields Farm» fermasynda ýerleşdirildi. Oktýabr aýynyň ahyryna çenli myhmanlar ony görmäge baryp biler, şondan soň kädini sygyrlara iým hökmünde bermek meýilleşdirilýär. Paton eýýäm öz öňünde täze maksat goýdy — agramy 1360 kilogramdan geçýän kädi ýetişdirmeli.

Men ştatyndan äpet kabak

Amerikanyň Men ştatynda ýaşaýan 38 ýaşly Sara Witti uzynlygy, takmynan, 120 santimetr we agramy 77,1 kilogram töweregi bolan kabagy ýetişdirdi. Maerrow sortly bu gök önüme meşhur çapuw atynyň şanyna «Sekretariat» diýlip at berildi.

Netije ABŞ-nyň öňki rekordyndan — takmynan, 69,2 kilogramdan — we Kanadada 73,9 kilogram derejesinde goýlan Demirgazyk Amerika rekordyndan hem geçdi.

Witti 2013-nji ýyldan bäri äpet gök-bakja önümlerinden ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Geçen ýyl onuň kabagynyň agramy, takmynan, 73,7 kilogram bolupdy, ýöne gabygyndaky jaýryk sebäpli ol bäsleşikden çykarylypdy. Bu möwsümde ýetişdirilýän üç miweden ikisi ýene-de çatlady. Soňkusy hem çabga ýagynlary sebäpli tas zyýan çekipdi: aşa çyglylyk kabagyň ösüşini çaltlandyrýar we jaýryklaryň emele gelmek töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Hasyly goramak üçin Witti ösümligiň üstüni örtgi bilen örtüp, onuň ösüşini haýallatdy.

Rekord tassyklananda, aýal şatlykdan ýaňa gözýaşlaryny saklap bilmedi. Indi ol geljek ýylda mundan hem uly kabak ýetişdirmek üçin «Sekretariatyň» tohumyny ýygnamagy meýilleşdirýär. Ol tohumlaryň bir bölegini özüne galdyrar, galanyny bolsa beýleki bagbanlara paýlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, muňa meňzeş äpet gök önümler käte bereketli türkmen topragynda-da hasaba alynýar. Mysal üçin, saýatly daýhan 2020-nji ýylda 27 kilogramlyk hyýar ýetişdiripdi.