Italiýanyň Sardiniýa adasyndaky daglyk ýerde ýerleşýän Bolotana obasy uzak ýaşly ýaşaýjylarynyň köplügi bilen alymlaryň ünsüni çekdi. Frontiers in Aging žurnalynyň habar bermegine görä, bu obada ýaşaýan zenanlaryň 100 ýaşa çenli ýaşamak ähtimallygy, mysal üçin, ABŞ-daky zenanlaryňka garanyňda üç esse dagy ýokarydyr.
Ýüz ýyldan gowrak döwri öz içine alýan demografik maglumatlaryň seljermesi 1900–1925-nji ýyllar aralygynda bu obada dünýä inen 3 060 adamyň 38-siniň 100 ýaşdan geçendigini görkezdi. 2024-nji ýylda ilaty, takmynan, 2 300 adam bolan obada 100 ýaşdan geçen alty adam ýaşapdyr.

Barlagyň netijesine görä, bu ýerde esasan aýal maşgalalar uzak ýaşaýan eken. Ozal Sardiniýanyň uzak ýaşly ilaty bilen tanalýan sebitleri esasan erkekleriň uzak ýaşamagy bilen tapawutlanan bolsa, Bolotana obasynda zenanlaryň 13,8 göterimi 100 ýaşa çenli ýaşaýar. Deňeşdirmek üçin, Italiýa boýunça bu görkeziji ortaça 3,5 göterime deň.
Eger obanyň ýaşaýjysy 70 ýaşa ýeten bolsa, ol ortaça ýene 21 ýyla golaý ýaşaýar. Uzak ýaşamak boýunça dünýä görkezijilerinde Bolotana zenanlary diňe Gonkongyň zenanlaryndan yza galýar.
Alymlar Bolotana obasynyň uzak ýaşly ilaty bilen tapawutlanýan sebitlere berilýän «gök zolak» diýen adalga mynasyp bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Obanyň bu artykmaçlygynyň syry nämede?
- Fiziki işjeňlik. Oba daglyk ýerde ýerleşýär. Şonuň üçin ýaşaýjylar beýikli-pesli ýerlerden pyýada köp ýöreýär.
- Tebigy iýmit. Önümleriň köpüsi obanyň özünde ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň arasynda peýdaly ýaglara baý ýerli zeýtun ýagy hem bar.
- Jebis jemgyýetçilik gatnaşyklary. Bu ýerde maşgalalar, hossarlar biri-birine golaý ýaşaýar, şonuň üçin köpçülikden üzňe adam ýok diýen ýaly.
Alymlar uzak ýaşamakda maşgala goldawynyň we genetiki aýratynlyklaryň täsiriniň hem uludygyny beleýärler.