Ýaponiýada zarýadsyz işleýän akylly ýüzük döredildi

Şu gün, 11:30231

Ýaponiýanyň WhiteLab kompaniýasy Gün şöhlesinden energiýa alýan we maglumatlary aşa giň zolakly «UWB» aragatnaşyk tehnologiýasy arkaly geçirýän Solar Ring UWB akylly ýüzügini görkezdi. Enjam bedeniň temperaturasyny ölçemäge ukyplydyr.

Täze işläp taýýarlama Ýaponiýada 13–16-njy oktýabr aralygynda geçirilýän CEATEC 2026 tehnologiýa sergisinde görkezildi. Taslamanyň esasy kynçylygy takyk ýerleşişi kesgitlemek ulgamlarynda, awtoulaglaryň elektron açarlarynda ulanylýan UWB tehnologiýasynyň dakynylýan enjamlarda giňden ýaýran Bluetooth Low Energy tehnologiýasyna garanyňda has köp energiýa talap etmeginde jemlenýär.

WhiteLab kompaniýasynyň inženerleri energiýa sarp edilişi çäkli bolan şertlerde işlemäge niýetlenen elektron zynjyryny işläp düzdüler. Taslama kompaniýanyň 2024-nji ýylda tanyşdyran Solar Ring tehnologiýasyna esaslanýar. Şol gezek özbaşdak energiýa bilen işleýän, bedeniň temperaturasyny ölçeýän datçikler hödürlenipdi. Täze nusgada bolsa UWB arkaly maglumat alyşmak tehnologiýasy ulanylýar.

Ýüzügiň ýene bir artykmaçlygy onuň üsti bilen galtaşmazdan töleg geçirip bolýandygydyr. Işläp düzüjiler smartfon ýa-da bank karty bolmazdan töleg amala aşyrmak mümkinçiligine hem seredýärler. Ýöne bu aýratynlygyň enjamda eýýäm doly taýýar ýagdaýda gurnalandygy hakda entek anyk aýdylanok.

WhiteLab sergide ölçegi, takmynan, 70 göterim kiçeldilen «Sensor Connect II» atly IoT şlýuzyny we Ýaponiýanyň 1 ýen teňňesiniň ululygyndaky, özbaşdak işleýän «Solar Seal» atly ýelmenýän temperatura datçigini görkezýär.

Edil häzir Solar Ring UWB synag nusgalygyna galýar. Kompaniýa enjamyň aragatnaşyk aralygy, ölçegleriň takyklygy, işlemegi üçin zerur bolan ýagtylygyň derejesi, bahasy we satuwa çykaryljak wagty barada heniz çürt-kesik maglumat berenok. Onuň akkumulýatorsyz UWB tehnologiýaly dünýäde ilkinji akylly ýüzükdigi baradaky maglumat hem häzirlikçe öndürijiniň diňe öz bahalandyrmasyna esaslanýar.