Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
08.06.2025 20:52
4.8k+
Hyundai emeli aňly, awtopilot funksiýaly we täze dizaýnly Sonata 2026-ny tanyşdyrar
Hyundai 2026-njy ýylda görkezilmegine garaşylýan Sonata sedanynyň restaýlingi baradaky jikme-jiklikleri mälim etdi. Esasy täzelikler - Pleos operasiýa ulgamy, kämilleşdirilen multimediýa we awtonom sürüliş funksiýalary
08.06.2025 20:49
5.3k+
Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy
Germaniýanyň Oşersleben ýaryş ýolunda «Mercedes-Benz eActros» elektrikli ýük ulagy ýarym tirkeg bilen yzlygyna 124,7 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «New Atlas» habar berýär. Ulagyň rulunda 50 ýaşly awtoýaryşçy Marko Hellgrewe otyrdy
08.06.2025 17:43
4.3k+
RAV4-üň premium görnüşi: Toyota Harrier 2027-nji ýylda täze dizaýn we turbomotor bilen çykar
Toyota Harrier krossoweri 2027-nji ýylda doly täzelenme alar. Ol täze hereketlendiriji we kupe görnüşli dizaýn bilen has uly, sessiz we tygşytly bolar. BestCarWeb ýapon neşiriniň habar bermegine görä, model ýörite gibrid we birikdirilýän gibrid ulgamlar üçin döredilen 1,5 litrlik dört silindrli turbo hereketlendirijisini alar
07.06.2025 18:49
11k+
Bahalar düşse-de, isleg ýokarlanmady: BYD öz başladan baha döwüşligi sebäpli $20 mlrd ýitirdi
Hytaýyň BYD elektomobil öndürijisi diňe iki hepdäniň dowamynda, öz başladan baha urşy sebäpli, bazardaky umumy gymmatyndan 20 mlrd dollar ýitirdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Maýadarlar kompaniýanyň 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan 5,5 mln awtoulag satmak maksadyna ýetip bilmezliginden howatyrlanýarlar
07.06.2025 12:04
4.5k+
Kia, Porsche we Toyota sürüjilere kömek ulgamlary boýunça Tesla-dan we Volvo-dan öňe geçdi
Euro NCAP 2025 model ýylynyň awtoulaglarynda sürüjilere kömek ulgamlarynyň synaglaryny geçirdi. Synagyň netijelerine görä, Kia EV3, Porsche Macan, Renault 5 we Toyota bZ4X “Örän gowy” diýen ýokary bahany aldy. Bu awtoulaglar ulgamynyň ygtybarly işleýändigini we sürüji bilen gowy gatnaşygy görkezdi
07.06.2025 12:01
2.9k+
Ford bir günde bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi: kä modeller ot alyp biler
Ford kompaniýasy bir günde ulaglaryň bäşisini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Olaryň käbiri ýangyn töwekgelçiligi bilen baglanyşykly, biri bolsa eýýäm abatlanan ulaglara degişli diýip, Carscoops ýazýar. 2020-nji ýyllaryň başynda öndürilen Lincoln Corsair, Ford Escape we Maverick krossower modelleriniň 1700 sürüjisine ulagy ulanmagy dessine bes etmek maslahat berildi
07.06.2025 11:56
3.1k+
Mercedes 792 km çenli ýol ätiýaçlygy bolan CLA-nyň önümçiligine başlady
Mercedes-Benz kompaniýasynyň Raştattdaky (Germaniýa) zawodlarynda täze nesil «CLA-nyň» önümçiligine başlandy. Ol brendiň elektrokarlar üçin ýörite döredilen «Mercedes Modular Architecture» (MMA) platformasynyň binýadyndaky ilkinji elektromobilidir
07.06.2025 11:55
2.6k+
Pininfarina brendiň taryhyndaky iň gazaply wersiýa bilen Battista-nyň önümçiligini soňlaýar
Pininfarina kompaniýasy Battista giperkarynyň önümçiligini çäkli nusgada çykarylan Novantacinque wersiýasy bilen soňlaýar. Kompaniýanyň 95 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen wersiýa öndürilen 150 sany Battista-nyň iň soňkusy bolar
07.06.2025 11:53
3.5k+
Volkswagen gümrük paçlarynyň peseldilmegine umyt baglap, ABŞ-daky zawodlaryna maýa goýmaga karar berdi
Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwer Blýume konserniň ABŞ-a uly möçberde maýa goýjakdygyny mälim etdi. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ädim bilen Prezident Donald Trampyň martda awtoulaglara girizilen 25 göterimlik gümrük paçlaryna täzeden seretmegine garaşýar
06.06.2025 09:13
18k+
Ýuwaş ummanynda Hytaýdan üç müň ulag getirýän gämi ýandy
Ýuwaş ummanynda Hytaýdan Meksika üç müň awtomobil alyp barýan Morning Midas ýük gämisi ýandy. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, bortda Chery Automobile Co. we Great Wall Motor ýaly hytaý awtoöndürijileriniň ulaglary bardy
06.06.2025 09:02
5.4k+
Toyota Fudosan 33 milliard dollara Toyota Industries-i satyn alar
Toyota konserni Toyota Industries-iň paýnamalaryny satyn alar. Olar konserniň başlygy Akio Toýodanyň ýolbaşçylygyndaky Toyota Fudosan bölümine geçiriler diýip, Reuters habar berýär. Satyn alyş bahasy 33 milliard dollar bolar
05.06.2025 15:45
8.3k+
Nissan 16,5 müň dollardan çarçuwaly pikap çykardy. Ýangyç sarp edişi - 100 km üçin 1,9 litr, kuwwaty – 435 a.g.
Gibrid ulgamly täze «Dongfeng-Nissan Z9» çarçuwaly pikap tanyşdyryldy. Bu barada «Autohome» habar berýär. «Z9» modeliniň PHEV wersiýasy 1,5 litrlik benzinli turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol generator hökmünde işleýär we iki sany elektromotor bilen bilelikde hereket edýär
04.06.2025 15:25
5.1k+
BMW kemçilikli howpsuzlyk ýassygy sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series-i yzyna çagyrýar
BMW Australia Takata-nyň kemçilikli howpsuzlyk ýassyklary sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series modellerini yzyna çagyrýar. Yza çagyryş PSDI-5 howpsuzlyk ýassygy, sport ruluny öz içine alýan goşmaça sport bukjaly 2947 sany ulaga degişli
04.06.2025 15:06
3.2k+
Toyota täze ultra-ykjam Aygo X krossowerini hödürledi
Toyota Ýewropa bazary üçin örän ykjam Aygo X krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Esasy üýtgeşme Yaris modeliniň gibrid güýç enjamyna geçmegi boldy. Öňki kuwwaty 72 at güýji bolan bir litrlik hereketlendirijiniň deregine indi awtomobilde jemi 116 at güýjüni berýän 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen gibrid ulanylýar
03.06.2025 21:11
4.7k+
Iň güýçli i4: BMW Ferrari-niň ýagty Rosso Corsa öwüşgünindäki M60 kupesini tanyşdyrdy
BMW elektrikli gran-kupäniň iň güýçli wersiýasy bolan i4 M60 modelini hödürledi. Täze model Maserati-niň we Ferrari-niň ýaryş awtoulaglaryndan ylham alnan ýagty Rosso Corsa reňkinde tanyşdyryldy. Täze model öňki i4 M50-niň ornuna geldi we birnäçe möhüm täzelikler bilen çykdy
03.06.2025 21:09
10k+
Hytaýyň Geely kompaniýasynyň akkumulýatory 36 tonnalyk tankyň basyşyna çydady
Hytaýyň Geely awtoulag öndürijisi «Galaxy E5» elektromobili üçin niýetlenen «Aegis Gold Brick» akkumulýatoryny adatdan daşary synagdan geçirdi. Akkumulýatoryň üstünden 36 tonnalyk «ZTZ-59D» tankynyň birnäçe gezek geçendigine garamazdan, oňa hiç hili zeper ýetmedi diýip, «Interesting Engineering» habar berýär
02.06.2025 13:34
5.5k+
Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy
Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy
01.06.2025 19:07
4.7k+
Ol ýeke-täk… Aston Martin eksklýuziw DB12 plýaž kabrioletini hödürledi
Aston Martin diňe bir nusgada döredilen, aýratyn «DB12 Volante Palm Beach Edition» atly kabrioletini hödürledi. Bu awtoulag ABŞ-nyň iň baý şäherleriniň biri bolan Palm-Biç üçin ýörite taýýarlandy. Bu model «Aston Martin Palm Beach» diler merkeziniň sargydy boýunça «Q» bölümi tarapyndan işlenip düzüldi
31.05.2025 17:38
5.2k+
Audi sport ulagynyň äheňindäki oýun oturgyçlaryny çykardy
Audi kompaniýasy Vertagear şereketi bilen bilelikde hem iş, hem-de kibersport üçin amatly ofis oturgyçlaryny çykardy. Täze önümler awtoulag öndürijisiniň sport ulaglarynyň oturgyçlary görnüşinde bezeldi. Bezegde markanyň awtoulaglarynyňka meňzeş ýa-da edil şonuň ýaly materiallar ulanylýar
31.05.2025 16:23
2.1k+
Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar
Kia kompaniýasy ykjam XCeed krossowerini ýygnamagy bes etmek kararyna geldi. Bu model üstümizdäki ýylda önümçilikden aýrylar. Munuň sebäbi, elektrik ulaglary segmentinde markanyň strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüljek täze Kia EV3 elektrik ulagyny satuwa çykarmak ugrundaky taýýarlyklar bilen baglanyşykly
31.05.2025 15:23
5.1k+
Land Rover Defender 2026 tanyşdyryldy: BMW-den V8 hereketlendiriji we 635 at güýji
Land Rover 2026-njy ýyl üçin täzelenen Defender modelini tanyşdyrdy. Bu barada «Carscoops» habar berýär. Täze model täze görnüşli LED çyralar we garaldylan yzky yşyklar bilen enjamlaşdyrylan. Täze reňk görnüşleriniň goşulmagy bilen, ulagyň daşky görnüşi has-da özüne çekiji boldy: «Woolstone», «Borasco» we «Sargasso» ýaly täze öwüşginler goşuldy
31.05.2025 11:08
3.2k+
Audi önümçiligi we logistikany kämilleşdirmek üçin EA-ny işjeň ulanyp başlady
Audi emeli aňy önümçilik we logistika işlerine işjeň ornaşdyryp başlady. Häzirki wagtda kompaniýa awtomobil ýygnamak işini tizleşdirmäge, hili ýokarlandyrmaga we wagty tygşytlamaga gönükdirilen 100-den gowrak taslamany durmuşa geçirýär
30.05.2025 17:02
9.3k+
Toyota öz awtomobillerinde hususy operasion ulgamyny ulanyp başlar
Toyota awtomobiller üçin öz Arene operasion ulgamynyň üstünde işleýär. Ony indiki ýylyň mart aýynda kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolan täze nesil RAV4 ulagyna ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Financial Times-yň habar bermegine görä, Arene-niň işlenip taýýarlanmagy ýedi ýyl bäri dowam edýär
30.05.2025 16:50
1.8k+
Xiaomi arassa girdejisini 64% artdyryp, I çärýekde smartfon satuwlaryny ýokarlandyrdy
«Xiaomi» kompaniýasy birinji çärýek boýunça maliýe netijelerini çap etdi. Kompaniýanyň umumy girdejisi 111,3 mlrd ýuana (15,4 mlrd dollara) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 47% köpeldi. Arassa girdeji bolsa 64,5% ýokarlanyp, 1,48 mlrd dollara ýetdi
30.05.2025 13:09
8.4k+
BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer
BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer
29.05.2025 18:52
4.9k+
Xiaomi her bir satylan ulagdan ýitgini ýedi esseden gowrak – 900 dollara çenli azaltdy
Xiaomi 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Üç aýda SU7 modelinden 75 869 elektromobil ýola goýuldy, bu modeliň umumy üpjünçiligi bolsa 258 000 birlikden geçdi. Şeýle-de, kompaniýa önümçilik kuwwatyny giňeltmek meýilnamalary barada habar berdi
29.05.2025 18:23
8.5k+
BMW täze M5 modeliniň öňküsinden 540 kg has agyr bolmagynyň sebäbini düşündirdi
Täze «BMW M5» («G90» kuzowly) modeliniň agramynyň artmagy köp sanly jedelleri döretdi. Awtoulagyň Ýewropa bazary üçin niýetlenen wersiýasynyň agramy 2435 kg, bu bolsa öňki nesil «M5 Competition» («F90») bilen deňeşdirilende, 540 kg has agyr
28.05.2025 20:50
2.6k+
Nýurburgringde täze Tesla Model Y Performance göründi: ol modeliň iň çalt wersiýasy bolar
Tesla kompaniýasy «Model Y Performance-iň» täze wersiýasyny synag edýär. Prototip meşhur Nýurburgring ýaryş ýolunda görüldi. Bu model elektrokrossoweriň iň çalt we tehnologiki taýdan iň kämilleşdirilen wersiýasy bolar
28.05.2025 20:47
4.2k+
20 seýrek «Lamborghini Centenario» rodsterinden biri rekord baha – 5,2 mln ýewro satuwa çykdy
Iň seýrek superkarlaryň biri – «Lamborghini Centenario Roadster» Germaniýada satuwa çykdy. Awtoulagyň başlangyç bahasy 5,2 million ýewro. Deňeşdirmek üçin, gibrid hereketlendirijili we 1001 at güýji bolan täze «Lamborghini Revuelto-nyň» bahasy 600 müň dollardan başlaýar
28.05.2025 14:06
14k+
«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar
Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär
28.05.2025 14:04
15k+
Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer
Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar
28.05.2025 12:10
2.9k+
Honda elektrokarlary ikinji hatara süýşürdi: üns merkezinde – gibridler we benzin ulaglary
Honda trende eýerip, geljek on ýyl üçin ösüş strategiýasyny üýtgedýär. Kompaniýa öň wada berlişi ýaly diňe elektromobillere üns bermezlik kararyna geldi. Munuň deregine ol gibridlere we adaty benzin hereketlendirijili modellere ünsi gönükdirer
28.05.2025 11:38
5.8k+
Toyota yzky çyrasynda ýüze çykan mesele boýunça 443 müň töweregi Tundra-ny yzyna çagyrýar
Toyota 2022-2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen 443 000 töweregi Tundra pikabyny yzyna çagyrýar. CarBuzz neşiriniň habar bermegine görä, yzky çyralary näsazlyk tapyp biler, ýagny bloga aralaşyp biljek çyglylyk onuň poslamagyna we döwülmegine sebäp bolup biler
28.05.2025 08:25
6.4k+
BYD 35%-e çenli arzanladyş yglan edip, hytaýly öndürijileriň paýnamalarynyň bahasyny pese gaçyrdy
BYD kompaniýasy islegi artdyrmak üçin elektromobilleriň bahasyna 35%-e çenli arzanladyş girizdi. «Bloomberg» agentliginiň ýazmagyna görä, bu ýagdaý hytaýly awtoöndürijileriň paýnamalarynyň bahasynyň aşaklamagyna sebäp boldy
27.05.2025 13:22
6.6k+
Mansory atelýesi Lamborghini Revuelto-ny 1 million dollarlyk superkara öwürdi
Lamborghini Revuelto 2025 ulagy Mansory studiýasynda işlenen ýörite wersiýa eýe boldy. Aventador-yň mirasdüşeri hasaplanýan superkar indi 1 074 600 dollar bahadan hödürlenýär. Model gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr
27.05.2025 10:57
4.3k+
BMW strategiýany düzedip, benzin modellerini köp öndürmek kararyna geldi
BMW Hytaý bazary boýunça çaklamalaryna gaýtadan seretdi. Kompaniýa doly elektrik awtomobilleriň satuwy boýunça garaşýan görkezijilerini peseldip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modeller boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
26.05.2025 20:47
4.6k+
Lamborghini we Balenciaga bilelikdäki kolleksiýany çykardy
Lamborghini we Balenciaga moda öýi egin-eşikleriň we aksessuarlaryň bilelikdäki güýzki kolleksiýasyny hödürledi. Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ol sport awtomobilleriniň estetikasyny ýokary modanyň elementleri bilen utgaşdyrýar
26.05.2025 20:24
7k+
Hyundai 2026-njy ýylda Sonata modeliniň nähili boljakdygyny görkezdi
Hyundai 2026-njy ýylda görkezilmegine garaşylýan Sonata modeliniň täze neslini taýýarlaýar. Kompaniýa hatarda 1,6, 2,0 we 2,5 litrlik benzin hereketlendirijileriniň galjakdygyny tassyklady. Gibrid we gaz görnüşleri hem meýilleşdirilýär
26.05.2025 20:22
4.1k+
General Motors süýşýän gurnama stoljykly goş gutusyny patentledi
General Motors süýşýän gurnama stoljykly kämilleşdirilen goş gutusyny patentlemek üçin arza berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne 2025-nji ýylyň maý aýynda neşir edildi. Oýlap tapyş iş stoljugy görnüşinde ulanmaga mümkinçilik berýän mehanizmli goş gutusydyr
26.05.2025 17:04
2.7k+
Samsung ýöreýiş ätiýaçlygy 965 km aralyga ýetjek batareýa döretdi. Ol 9 minutda zarýad alýar
Seulda geçirilen SNE Battery Day 2024 çäresinde Samsung gaty jisimli batareýanyň täze neslini görkezdi. Onuň häsiýetnamasy bir zarýadda 965 km aralygy geçmäge mümkinçilik berip, häzirki zaman litiý-ion analoglaryndan ep-esli ýokarydyr
«
1
…
26
27
28
…
86
»
«
1
…
23
24
25
26
27
28
29
30
31
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.