Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
07.03.2026 11:53
3.8k+
Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi
Lexus kompaniýasy özüniň UX krossoweriniň elektrik görnüşiniň önümçiligini we satuwyny togtatdy. Bu barada "Auto Express" neşiri brendiň Britaniýadaky bölüminiň tassyklamagyna salgylanyp habar berdi. Şonuň bilen birlikde, agzalan model baradaky maglumatlar Lexus-yň Ýewropa we Ýaponiýa üçin niýetlenen resmi internet çeşmelerinden hem aýryldy
06.03.2026 18:08
8k+
Lexus Hytaýda Maybach-yň äheňinde ES sedanynyň hoşlaşyk ýörite görnüşini hödürledi
Lexus kompaniýasy Hytaý bazarynda ES sedanynyň «Moon Shadow» (Aý şuglasy) diýlip atlandyrylýan ýörite görnüşini tanyşdyrdy. Bu model, ilkinji nobatda, iki reňkdäki kuzowy bilen tapawutlanýar. Bu wersiýanyň çykarylmagy sedanyň häzirki nesliniň satuwynyň tamamlanmagy bilen baglanyşykly diýlip çaklanylýar
06.03.2026 11:57
1.3k+
Hyundai awtoulaglaryndaky nawigasiýa kartalarynyň täzelenmesini çaltlaşdyrar
Hyundai kompaniýasy awtoulaglardaky nawigasiýa kartalaryny ýüklemek ulgamyny döwrebaplaşdyrýar. Indi "Connected Car Navigation Cockpit" (ccNC) multimedia platformasy bolan awtoulaglar täzelenmeleri has çalt we awtomatiki usulda, sürüjiniň hiç hili gatnaşmagy gerekmezden alyp bilerler
05.03.2026 20:55
6.9k+
«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» (World Car of the Year) bäsleşiginiň emin agzalary her kategoriýa boýunça finala çykan modelleri mälim etdiler. Birnäçe ugurda ýeňiş gazanmaga esasanam BMW we Hyundai markalarynyň awtoulaglary dalaş edýärler
05.03.2026 12:11
2.5k+
BMW M2 ýaryş trassasy üçin täzelenme toplumyny aldy: ýeke özüniň bahasy 23,5 müň ýewro
BMW konserni M2 sportkary üçin zawodda gurnalan M Performance Track Kit-e sargytlaryň açylandygyny yglan etdi. Bu toplum awtoulagyň ýaryş trassasynda işleýşini gowulandyrmak üçin niýetlenen, şol bir wagtyň özünde kupe gurnalandan soň hem adaty ýollarda sürmek üçin ulanylmaga rugsat berlen ýagdaýda galmagyna mümkinçilik berýär
05.03.2026 10:01
2.3k+
Dodge güýçli sekiz silindrli Hellcat motory bilen enjamlaşdyrylan Charger modelini çykarar
Dodge kompaniýasy häzirki Charger modeliniň sekiz silindrli (V8) Hellcat hereketlendirijisi bilen üpjün edilen täze görnüşini işläp taýýarlaýar. «Mopar Insiders» neşiriniň çeşmelere salgylanyp berýän habaryna görä, awtoulagyň bu görnüşi modeliň meýilleşdirilen täzelenmesiniň çäginde peýda bolar
05.03.2026 09:41
2k+
Tesla-nyň awtopiloty 13,5 milliard kilometr aralygy geçdi
Tesla kompaniýasynyň gözegçilik astyndaky awtonom sürüş ulgamy (FSD) eýýäm umumylykda 13,5 milliard kilometrden ýoly geçdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň howpsuzlyga bagyşlanan resmi sahypasynda çap edildi. Kompaniýa uly göwrümli real maglumatlaryň awtonom sürüş üçin neýroulgam platformasyny kämilleşdirmäge kömek edýändigini belleýär
04.03.2026 18:41
2.6k+
SAIC we Huawei gyşky synaglaryň dowamynda täze Porsche Taycan görnüşli elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy
SAIC awtokonserni we Huawei tehnologiýa ägirdi tarapyndan döredilen bilelikdäki Shangjie hytaý brendi ikinji modeli bolan Z7 elektrik awtoulagynyň gyşky synagynyň wideosyny çap etdi. Wideoda awtoulagyň dizaýny ilkinji gezek doly görkezilýär
04.03.2026 16:34
4.3k+
Meşhur Jeep öndürijisi taryhyndaky ilkinji ýyllyk zyýanyny mälim etdi
Stellantis awtoulag konserni öz taryhynda çeken ilkinji ýyllyk zyýany barada habar berdi. CNBC-niň habaryna görä, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça kompaniýa 26,3 milliard dollar zyýana galdy. Ýitginiň esasy sebäbi elektromobilleriň önümçiligine çalt depginde geçmek üçin gönükdirilen maýa goýumlarynyň hatardan çykmagy boldy
04.03.2026 15:04
3.9k+
Tikenleri pasla görä üýtgeýän tekerler bazara çykar
Finlýandiýanyň Nokian Tyres kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup tikenleriniň ýagdaýyny awtomat usulda üýtgedýän Hakkapeliitta 01 nusgaly awtomobi teker toplumyny hödürledi. Bu täzelik sürüjä dahylsyz öz-özünden dürli howa şertlerine görä uýgunlaşmak üçin niýetlenendir
04.03.2026 14:39
2.7k+
Xiaomi Barselonada Vision GT giperkarynyň nusgasyny görkezdi
Xiaomi kompaniýasy Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde özüniň täze konseptual elektrikli giperkaryny — Xiaomi Vision GT-ni tanyşdyrdy. Xiaomi Vision GT — bu «Gran Turismo 7» ýaryş oýny üçin ýörite döredilen doly göwrümli awtomobil nusgasydyr
04.03.2026 12:03
4.6k+
Bugatti bäş sany «tans edýän pil» bilen bezelen özboluşly W16 Mistral modelini görkezdi
Bugatti kompaniýasy ady agzalmadyk müşderiniň ýörite buýurmasy esasynda döredilen we «La Perle Rare» (seýrek dür dänesi) diýlip atlandyrylan unikal W16 Mistral rodsterini tanyşdyrdy. Bu awtomobil dür-ak we altynsow reňkleriň ajaýyp sazlaşygynda ýerine ýetirilip, bäş sany «tans edýän pil» şekili bilen bezelipdir
04.03.2026 09:17
6k+
Hyundai Elantra 2027 bütinleý täzelenip, sanly çözgütler bilen çykar
Hyundai Elantra sedanynyň sekizinji nesli 2027-nji ýylyň başynda bazara çykmaga taýýarlanýar. Bu model öz segmentinde iň ýokary tehnologiýaly we estetiki taýdan kämil awtomobilleriň biri bolmaga dalaş edýär. Ulagyň suratlaryny Carscoops neşiri paýlaşdy
03.03.2026 16:26
5.6k+
Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy
Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy
03.03.2026 14:29
2.9k+
Ford programma üpjünçiligindäki säwlik sebäpli 4,3 milliondan gowrak ulaglaryny yzyna çagyrýar
Ford konserni 4 380 609 awtomobili öz içine alýan giň gerimli hyzmat ediş kampaniýasyny yglan etdi. Yzyna çagyryş dürli modellerdäki pikaplary, wnedorožnikleri we furgonlary öz içine alýar. Mesele tirkeg çekilen wagty ýüze çykýan programma säwligi bilen baglanyşyklydyr
02.03.2026 22:02
1.8k+
Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar
General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar
02.03.2026 21:52
3.5k+
Mercedes ulagda çaýkanma keseliniň öňüni alýan ulgamy patentledi
Mercedes-Benz awtoulaglardaky çaýkanmanyň derejesini peseltmek üçin niýetlenen ulgamy patentledi. Bu tehnologiýada işjeň podweska ýa-da wibrokompensasiýa ýaly çylşyrymly tehniki çözgütlere derek, kompaniýa ýelejiretme ulgamyny we içki LED yşyklandyryşy ulanýar
02.03.2026 20:18
2.4k+
Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi
Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan
02.03.2026 14:31
3.2k+
Nissan Pathfinder modeli iki görnüşde çykarylar – hem krossower, hem wnedorožnik
Nissan kompaniýasy özüniň häzir krossower bolan Pathfinder modelini täze ramaly wnedorožnik (ýolsuz ýerler üçin niýetlenen) bilen bilelikde satuwda saklamagy meýilleşdirýär diýlip, Automotive News neşiri habar berýär
02.03.2026 14:15
2.6k+
BMW ýangyn howpy zerarly 59 müň awtomobilini yzyna ýygnaýar
BMW konserni klimat ulgamynyň simlerinde ýüze çykan kemçilik sebäpli Demirgazyk Amerikada 5-nji we 7-nji seriýaly awtomobillerini yzyna çagyrmak çäresini yglan etdi diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Milli administrasiýasy habar berýär
01.03.2026 23:03
3.4k+
«Aždarha derisi»: täze ýubileý Škoda Octavia üçin reňki tutuş internet jemgyýeti saýlady
Škoda kompaniýasy Beýik Britaniýada Octavia modeli üçin açyk onlaýn ses berişliginde ýeňiji bolan täze altynsow-ýaşyl «Dragon Skin» (Aždarha derisi) reňkini görkezdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sosial ulgamlaryň ulanyjylary bu görnüşi «Storm Blue» we «Tangerine Orange» reňklerinden has makul bildi
01.03.2026 21:56
3.7k+
Volkswagen müşderilerine iki million elektromobil gowşurdy
Volkswagen jemi 2 million satylan elektromobil görkezijisine ýetdi. Ýubileý awtomobili Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawodda öndürilen we Drezden şäherindäki Gläserne Manufaktur merkezinde eýesine gowşurylan ID
01.03.2026 13:01
3.1k+
Subaru ýangyç bakynyň gapagy sebäpli 69 müňden gowrak krossoweri yzyna çagyrýar
Subaru kompaniýasy ABŞ-da 69 153 gibrid krossoweri yzyna çagyrýar. Yza çagyryş 2026-njy ýylyň Crosstrek Hybrid we 2025-nji ýylyň Forester Hybrid modellerine degişlidir. Yza çagyryş ýangyç bakynyň gapagyndan ýangyjyň syzmagynyň mümkindigi sebäpli geçirilýär
01.03.2026 12:12
6.3k+
Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan-y «prezident» limuzinine öwürdiler
Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan modelini alyp, ony hakyky «prezident» limuzinine öwürýärler. ABŞ-nyň iki kompaniýasy — premium awtomobiller hyzmaty bolan «PML Chauffeur Services» we «Platinum Motorsport» awtobezeg atelýesi Presidential diýlip atlandyrylan bilelikdäki taslamany yglan etdiler
28.02.2026 16:01
5.3k+
Ford kompaniýasy Mustang Mach-E-niň öňdäki bagažyny tölegli etdi
Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Mustang Mach-E elektrik krossoweriniň gurnama bölümini täzeledi. Şoňa görä, indi öňdäki goşhana standart enjamlaşdyrmanyň düzüminden aýryldy we tölegli bölege öwrüldi
27.02.2026 21:47
6.6k+
Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar
Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr
27.02.2026 12:21
1.7k+
Tesla pyýadalaryň yşaratyna düşünmäge ukyply FSD awtopilot ulgamyny görkezdi
Tesla kompaniýasy "Full Self Driving" (FSD) ulgamynyň täze nusgasynyň synaglaryndan wideogörünişleri paýlaşdy. Täzelenen ulgam v14.2.1 belgisi bilen belgilendi. "ITHome" portalynyň habar bermegine görä, ulgam indi awtomobiliň daşyndaky adamlaryň berýän el yşaratlaryny tanamagy öwrendi
27.02.2026 11:54
6.5k+
Nissan täzelenen Versa sedanynyň önümçiligine başlady: ine, ilkinji suratlary
Nissan kompaniýasynyň Meksikadaky zawodynda käbir bazarlarda Almera ady bilen tanalýan Versa sedanynyň täzelenen görnüşiniň önümçiligi başlandy. Modeliň daşky görnüşi düýpli üýtgedildi, emma awtomobiliň jikme-jik tehniki görkezijileri häzirlikçe mälim edilmedi
26.02.2026 18:49
9.6k+
Dünýäde täze awtoulaglaryň satuwy peseldi
2026-njy ýylyň ýanwarynda täze ýeňil awtoulaglaryň dünýä satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2% azaldy we 6,63 million birligi düzdi diýip, GlobalData statistikasyna salgylanýan MSN habar berýär
26.02.2026 18:43
3.4k+
Ýitgileriň artmagy sebäpli Aston Martin 20% işgärlerini azaltmaga mejbur bolýar
Britaniýanyň meşhur sport awtoulaglaryny öndürijisi Aston Martin çykdajylary tygşytlamak maksady bilen işgärleriniň sanyny 20%-e çenli azaltmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Häzirki wagtda kompaniýada takmynan 3000 adam zähmet çekýär
26.02.2026 16:09
4.4k+
Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi
Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar
26.02.2026 09:08
3.2k+
Ford ABŞ-da tas 500 müň krossowerini tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna çagyrýar
Ford Motor kompaniýasy ABŞ-da 453 müňden gowrak awtomobilini ýüze çykarylan tehniki meseleler sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy habar berýär
25.02.2026 06:32
6.4k+
«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi
Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär
25.02.2026 06:12
4k+
Toyota RAV4-leri adam şekilli robotlar ýygnap başlady
Toyota kompaniýasynyň Kanadadaky zawodynda Agility Robotics tarapyndan işlenip düzülen ýedi sany Digit atly gumanoid (adam şekilli) roboty işe girizildi. Bir ýyllyk synag möhletinden soň, bu robotlar RAV4 krossowerleriniň ýygnalyş prosesine doly goşuldy diýip, TechCrunch neşiri habar berýär
24.02.2026 11:29
16k+
Maşyny 100 sagatlap öçürmän işletseň hereketlendirijä näme bolar? Nissan-yň inženerleri muny barladylar
Nissan kompaniýasy hereketlendirijiniň iň ýokary aýlawlarda (oborotlarda) 100 sagatlap yzygiderli işlemeginden soňky ýagdaýyny görkezýän wideo materiallary çap etdi. Ýapon awtoöndürijisiniň hünärmenleri güýç agregatlarynyň adatdan daşary agyrlyklara durnuklylygyny barlamak üçin birnäçe synaglary geçirdiler
23.02.2026 13:30
13k+
Toyota-nyň we Lexus-yň eýeleri 8 basgançakly «awtomat» karobkadaky meseleler sebäpli kazyýete arz etdiler
ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň federal kazyýetinde Toyota kompaniýasyna garşy nobatdaky köpçülikleýin arza berildi. Bu gezekki şikaýatyň sebäbi - UA80 seriýaly 8 basgançakly awtomatiki geçiriji karobkadyr. Arza berijileriň tassyklamagyna görä, bu transmissiýanyň dizaýnynda iki sany düýpli kemçilik bar
22.02.2026 01:47
5.7k+
Özbegistanda aşa çydamly kompozitlerden Magnus Aircraft uçarlary ýygnalyp başlanar
Özbegistan Wengriýanyň "Magnus Aircraft" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda kiçi awiasiýa önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu baradaky ylalaşyk Özbegistanyň ulag ministriniň orunbasarynyň uçar öndürijiniň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda gazanyldy
21.02.2026 20:42
2.3k+
Nissan hereketlendiriji bilen bagly meseleler sebäpli 600 müňden gowrak krossoweri yzyna ýygnaýar
Nissan awtokonserni 642 698 sany Rogue krossowerini öz içine alýan iki sany yzyna gaýtaryş kampaniýasyny yglan etdi. Muňa hereketlendirijide we transmissiýada bolup biljek näsazlyklar sebäp boldy, olar hereket wagtynda awtoulagyň kuwwatynyň ýitmegine getirip biler diýip, CBS habar berýär
21.02.2026 19:07
4.5k+
Toyota Polşada awtomobilleri gaýtadan işleýän zawod gurar
Toyota Motor Europe Polşanyň Walbžih şäherinde ulaglary gaýtadan işlemek boýunça täze Circular Factory kärhanasyny döreder. Toplumyň meýdany 25 000 inedördül metr bolar, onuň ýyllyk kuwwaty bolsa ulanylyş möhleti tamamlanan 20 000 töweregi awtomobili gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer
21.02.2026 17:40
4.9k+
Tesla Cybertruck-yň iň arzan görnüşini tanyşdyrdy
Tesla kompaniýasy özüniň meşhur Cybertruck elektrik pikapynyň täze, has arzan görnüşini hödürledi. Iki motorly we ähli tigirleri hereketlendiriji ulgamly bu model 60 müň dollar bahasy bilen häzirki wagtda hataryň iň elýeterli pikapy boldy
«
1
…
7
8
9
…
86
»
«
1
…
4
5
6
7
8
9
10
11
12
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.