Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Biznes
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Biznes
21.03.2026 18:24
3.3k+
Honda 70 ýylyň içinde ilkinji gezek maliýe hasabaty döwrüni zyýan çekmek bilen tamamlaýar
Honda kompaniýasy şu maliýe ýylynyň 420 milliard ýenden 690 milliard ýen aralygynda (2,6 milliard dollardan 4,3 milliard dollara çenli) zyýan çekmeklik bilen tamamlanmagyna garaşýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär
20.03.2026 20:04
6.1k+
Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy
«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär
18.03.2026 21:49
2.9k+
xAI Grok ulgamyna maliýe pudagyny öwretmek üçin bankirleri işe alýar
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok neýroulgamyny kämilleşdirmek üçin maliýe bilermenlerini we bankirleri işe kabul edip başlady. Kompaniýanyň şeýle etmek bilen maksady bu çat-boty çylşyrymly maliýe amallaryny, şol sanda kärhanalaryň birleşdirilmegi we satyn alynmagy ýaly amallary seljerýän gurala öwürmekdir
18.03.2026 09:46
4.5k+
ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes
ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi
17.03.2026 18:15
2.8k+
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar
Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň
16.03.2026 15:56
1.9k+
Täze Pokémon oýny Nintendo-nyň bazar gymmatyny 14 mlrd dollar ýokarlandyrdy
Täze Pokémon Pokopia oýnunyň gazanan üstünligi netijesinde, Nintendo kompaniýasynyň bahasy bir hepdäniň içinde 14 milliard dollar artdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Tokio fond biržasyndaky söwdalarda kompaniýanyň paýnamalary soňky bir hepdäniň dowamynda takmynan 18% gymmatlady
13.03.2026 17:58
3.2k+
Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär
Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler
12.03.2026 15:40
1.5k+
Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar
«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär. Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär
12.03.2026 07:31
8.3k+
Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy
Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar
11.03.2026 15:08
3.5k+
Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi
Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady
08.03.2026 17:52
4.3k+
Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär
Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar
07.03.2026 18:05
3.4k+
Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy
Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar
07.03.2026 17:17
1.1k+
Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda futbolkalaryň kolleksiýasyny çykarar
Mart aýynyň ahyrynda ýapon brendi Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze geýim kolleksiýasyny çykarar. Hypebeast kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, kapsul setirinde ulular we çagalar üçin tematik suratly maýkalar bolar
07.03.2026 10:33
4.9k+
Samsung Galaxy S26 smartfonlaryny Hindistanda öndürer
Samsung-yň Hindistandaky iň uly zawodynda Galaxy S26 hatarynyň önümçiligi başlanar. Kompaniýa enjamlaryň Uttar-Pradeş ştatynyň Noýda şäherindäki kärhanasynda ýygnaljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Samsung-yň Günorta-Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Jeý Bi Pakyň bellemegine görä, bu kärhana dünýäde ykjam enjamlary öndürýän iň uly zawoddyr
06.03.2026 15:42
5.1k+
KitKat şokoladdan hakyky ölçegdäki «Formula-1» ulagyny ýasady
Silwerstoun awtodromynda öňki awtoýaryşçy Billi Monger şokoladdan hakyky ululykdaky ulagy tanyşdyrdy. Bu üýtgeşik taslama KitKat brendiniň «Formula-1» bilen resmi hyzmatdaşlygynyň başlamagyna, şeýle-de «KitKat Formula 1 Car» atly çäkli mukdardaky süýjülikleriň çykarylmagyna bagyşlanýar
06.03.2026 12:26
2.9k+
Resident Evil Requiem bir hepdeden hem az wagtda 5 million nusgada satyldy
Soňky hepdäniň dowamynda oýun dünýäsiniň iň esasy mowzugy Capcom kompaniýasynyň täze hödürlän Resident Evil Requiem atly horror oýny boldy. Bu oýun tankytçylar tarapyndan örän ýokary bahalandyryldy we oýunçylaryň hem gyzgyn garşylamagyna eýe boldy
05.03.2026 23:43
2.7k+
Lego rowaýata öwrülen Ford Model T konstruktoryny çykardy
Lego kompaniýasy awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik döwrüniň öňbaşçysy hasaplanýan Ford Model T-e bagyşlanan täze toplumyny çykaryp, Lego Icons seriýasyny giňeltdi. Toplumyň bahasy 129,99 dollar. Deňeşdirmek üçin: 1920-nji ýyllarda hakyky Model T-niň bahasy 250-den 290 dollara çenli bolupdyr
04.03.2026 14:13
1.4k+
Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler
Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler
03.03.2026 13:28
795
OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy
OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär
02.03.2026 18:32
4.1k+
Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär
Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi
02.03.2026 18:25
2.5k+
Maserati bir ýylda Porsche-niň 11 günde satanyndan hem az ulag satdy
Maserati kompaniýasy 2025-nji ýyly satuwlaryň düýpli pese düşmegi bilen tamamlady. Carscoops neşiriniň bellemegine görä, 12 aýyň dowamynda bütin dünýäde bary-ýogy 7,9 müň awtomobil satyldy. Bu mukdar Porsche-niň takmynan 11 günde satýan ulaglarynyň sanyna barabardyr
01.03.2026 11:55
4.7k+
Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär
Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar
01.03.2026 11:24
1.4k+
2025-nji ýylyň ahyryna Puma-nyň girdejisi 20%-den gowrak peseldi
Sport eşikleriniň meşhur brendi Puma 2025-nji ýyl üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýylyň jemleri boýunça kompaniýanyň söwda dolanyşygy 8,1% peselip, 2024-nji ýyldaky 8,39 milliard ýewro garanyňda 7,29 milliard ýewro pese düşdi
01.03.2026 10:42
9.7k+
Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär
Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi
28.02.2026 19:26
4.9k+
$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi
Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar
28.02.2026 15:20
1.2k+
Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer
Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär
27.02.2026 18:51
1.9k+
Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi
Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi
27.02.2026 12:03
1.6k+
Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady
2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär
25.02.2026 18:36
2.2k+
Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy
Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär
24.02.2026 20:32
5k+
Nestlé doňdurma bilen bagly önümçilikden sowaşdy
Şweýsariýanyň Nestlé kompaniýasy özüniň galan doňdurma önümçilik biznesini satmak we bu ugurdaky işlerini adaty usulda bes etmek niýetini mälim etdi. Bu karar korporasiýanyň global derejedäki gurluşyny üýtgetmek meýilnamasynyň bir bölegidir
23.02.2026 18:40
10k+
Ronaldu sport iýmitini öndürýän kompaniýa $7,5 mln maýa ýatyrym etdi
«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Herbalife kompaniýasynyň düzümindäki kärhananyň paýdary boldy. Futbolçy 2013-nji ýyldan bäri bu kärhananyň ilçisi bolup, sport iýmiti önümlerini mahabatlandyryp gelýärdi
22.02.2026 17:37
2.9k+
Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy
«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler
22.02.2026 17:17
2.6k+
OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar
Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy
21.02.2026 13:59
4.1k+
Samsung telewizorlar bazarynda birinjiligi elden berdi: indi TCL öňde
Counterpoint Research seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda TCL kompaniýasy Samsung-dan has köp telewizor satdy. Şunlukda, onlarça ýyllap telewizor bazarynyň lideri hasaplanan günorta koreýaly gigant birinjiligi elden gidirdi
21.02.2026 08:34
2k+
Samsung-yň bazar bahasy bir ýylda 358% ýokarlanyp, bir trillion dollara golaýlady
Samsung Electronics kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy bir ýylyň dowamynda 358% ýokarlanyp, 876,24 mlrd dollara ýetdi. Bir ýyl ozal kompaniýanyň umumy bahasy 244,51 mlrd dollara deňdi. Günorta koreýaly tehno-ägirdiň häzirki wagtda bir paýnamasynyň bahasy 130 dollardan geçýär
18.02.2026 18:23
3.1k+
Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi
Nestle kompaniýasynyň paýnamalary soňky sekiz ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine çenli peseldi. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ertir 19-njy fewralda ýyllyk hasabatyň çap edilýän güni maýadarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan satuwlary dikeltmegiň anyk meýilnamasyny talap etmegi maksat edinýärler
16.02.2026 20:41
3.2k+
Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar
Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar
13.02.2026 10:58
3.1k+
Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi
Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi
12.02.2026 14:20
2.2k+
Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen arany üzse, ýitgini Paramount öz üstüne alar
Paramount kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça täze şertleri hödürledi. Teklibe görä, Paramount kompaniýasy Warner Bros.-yň 82,7 milliard dollarlyk şertnamany bozan ýagdaýynda Netflix-e tölemeli boljak öwez tölegini öz üstüne almaga taýýar
12.02.2026 11:34
2.1k+
Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy
Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady
«
1
…
3
4
5
…
40
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.