Biznes

Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär
17.01.2026 15:15
2.7k+

Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär

Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar
Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy
17.01.2026 14:38
4k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär
Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi
16.01.2026 15:55
976

Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi

Microsoft Indigo Carbon bilen 2,85 million toprak uglerody üçin karz satyn almak barada şertnama baglaşdy. Reuters-iň degişli çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, bu bazar boýunça iň uly şertnamadyr. Karzlar ABŞ-da topragy dikeltmek maksatly oba hojalyk taslamalary bilen baglanyşyklydyr
Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi
15.01.2026 21:50
3.1k+

Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde smartfon üpjünçiligi ugrunda birinji orny eýeledi. Şunlukda, amerikan korporasiýasy 14 ýylyň içinde ilkinji gezek özüniň esasy bäsdeşi bolan Samsung-dan öňe geçmegi başardy
Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy
15.01.2026 21:26
2.9k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi
Maskyň xAI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýitgisi 1,46 mlrd dollara ýetdi
14.01.2026 11:19
3.4k+

Maskyň xAI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýitgisi 1,46 mlrd dollara ýetdi

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan we emeli aň gurşawynda işleýän xAI kompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini 1,46 mlrd dollar arassa ýitgi bilen tamamlady. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamalaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär
Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar
13.01.2026 23:25
3.5k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi
Bazarlardaky arzanlaşyk sebäpli lýuks brendleriň girdejisi görnetin peseldi
13.01.2026 16:29
5.2k+

Bazarlardaky arzanlaşyk sebäpli lýuks brendleriň girdejisi görnetin peseldi

«Bain» we «Altagamma» konsalting firmalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dowamynda dizaýnerçilik harytlarynyň 35%-den 40%-e çenlisi uly arzanladyşlar bilen satyldy. «Financial Times» gazeti bolsa, şu ýylda bu görkezijiniň ozalkydan, 5 göterim dagy ýokary bolmagyna garaşylýandygyny ýazýar
Google-yň esasy kompaniýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi
13.01.2026 14:38
1.6k+

Google-yň esasy kompaniýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi

Alphabet amerikan holdinginiň (Google-a eýelik edýän kompaniýa) bazar bahasy taryhda ilkinji gezek 4 trillion dollar görkezijiden geçdi. Kompaniýa dünýäde bu bazar gymmatyna ýeten dördünji korporasiýa boldy. Mundan öň şeýle derejä diňe Nvidia, Microsoft we Apple ýetipdi
Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi
13.01.2026 13:28
8.5k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi
Nvidia-da 33 ýylda ilkinji gezek baş marketolog işe alyndy, ol Google-yň öňki hünärmeni boldy
12.01.2026 11:12
1.7k+

Nvidia-da 33 ýylda ilkinji gezek baş marketolog işe alyndy, ol Google-yň öňki hünärmeni boldy

Nvidia kompaniýasy özüniň 33 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek marketing boýunça müdiri işe aldy. 2026-njy ýylyň fewralyndan başlap bu wezipäni Elison Wagonfeld eýelär we ol kompaniýanyň tutuş marketing hem korporatiw kommunikasiýalar ulgamyna jogap berer diýip, Tom’s Hardware habar berýär
Apple-iň baş direktorynyň girdejisi 2025-nji ýylda 74,3 mln dollar boldy
12.01.2026 11:03
3.4k+

Apple-iň baş direktorynyň girdejisi 2025-nji ýylda 74,3 mln dollar boldy

Apple-iň baş direktory Tim Kuk 2025-nji ýylda 74,3 mln dollar gazandy. Bu kompaniýanyň paýdarlar üçin ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar. Kukuň girdejisi birnäçe bölekden ybarat: $3 mln – 2016-njy ýyldan bäri üýtgemedik
Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär
08.01.2026 21:04
4.8k+

Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy
Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy
03.01.2026 11:24
14k+

Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy

Dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumy baýlygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli rekord derejede 2,2 trillion dollar artyp, 11,9 trillion dollara ýetdi. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan "Bloomberg" agentligi habar berýär
Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar
02.01.2026 12:14
5.2k+

Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da iPhone 18 smartfonlar toplumy üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär diýip, The Elec neşiri habar berýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki zawodynda CMOS şekil sensorlarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar
Electronic Arts 55 mlrd dollara Saud Arabystanyna satylýar: paýdarlar şertnamany tassyklady
25.12.2025 11:46
2.1k+

Electronic Arts 55 mlrd dollara Saud Arabystanyna satylýar: paýdarlar şertnamany tassyklady

Amerikan wideooýun işläp düzüjisi Electronic Arts-yň paýdarlary kompaniýanyň Saud Arabystanynyň Jemgyýetçilik maýa goýum gaznasynyň (PIF) ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna 55 mlrd dollara satylmagyny tassyklady diýip, Bloomberg habar berýär
Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy
25.12.2025 11:05
3.1k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy
Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady
21.12.2025 20:28
12k+

Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi
Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar
20.12.2025 19:15
2.2k+

Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar

Huawei kompaniýasy şu ýylyň ilkinji üç çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda birinji orny eýeledi. IDC analitiki agentliginiň statistikasyna görä, korporasiýa hasabat döwründe 28,6 million enjam satyp, 18,6% bazar paýyny gazandy
Hindi kompaniýasynyň paýnamalary 20 aýda 55 000% ýokarlandy
20.12.2025 16:16
3.8k+

Hindi kompaniýasynyň paýnamalary 20 aýda 55 000% ýokarlandy

Hindistanyň kän bir bilinmeýän RRP Semiconductor Ltd. kompaniýasynyň paýnamalary oňyn girdejiniň ýokdugyna we bary-ýogy iki işgäriniň bardygyna garamazdan, soňky 20 aýda 55 000%-den gowrak gymmatlady. Paýnama bahalarynyň şeýle ösüşi Hindistanyň Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýasy tarapyndan barlagyň sebäbi boldy diýip, Bloomberg habar berýär
Tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary EA "köpürjigi" bilen bagly gorky sebäpli aşak düşdi
19.12.2025 17:58
3.7k+

Tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary EA "köpürjigi" bilen bagly gorky sebäpli aşak düşdi

ABŞ-nyň gazna bazarynda emeli aňa ýöriteleşýän tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň pese gaçyşy hasaba alyndy. Onuň esasy sebäbi Blue Owl Capital maýa goýum kompaniýasynyň Miçiganda Oracle-yň 10 mlrd dollarlyk maglumat merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirmekden boýun gaçyrmagy boldy diýip, Financial Times ýazýar
Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär
19.12.2025 09:21
2.2k+

Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär

Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy
Nvidia dolandyryş hili boýunça kompaniýalaryň reýtinginde Apple-den öňe geçdi
18.12.2025 13:21
1.9k+

Nvidia dolandyryş hili boýunça kompaniýalaryň reýtinginde Apple-den öňe geçdi

Grafiki çip öndürijisi Nvidia Corp. dolandyryş hili boýunça iň gowy amerikan kompaniýalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýting The Wall Street Journal neşiri üçin Klermont uniwersitetiniň Draker instituty tarapyndan düzüldi
Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes
16.12.2025 19:42
10k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy
Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar
15.12.2025 09:20
1.1k+

Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar

Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar
Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar
12.12.2025 18:15
6.6k+

Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar

Coca-Cola baş direktor Jeýms Kuinsiniň wezipeden gidýändigini habar berdi. Geljek ýylyň mart aýynyň ahyrynda onuň wezipe borçlary kompaniýanyň operasion müdiri Enrike Brauna geçiriler. Kuinsi Coca-Cola-da 1996-njy ýyldan bäri işleýär
Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär
12.12.2025 12:08
7.9k+

Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär

Dünýä baýlygynyň aglaba bölegi – 75%-i planetanyň has barly ilatynyň bary-ýogy 10%-iniň elinde jemlenýär. Şol bir wagtyň özünde, adamzadyň has garyp ýarysyna ähli baýlygyň diňe 2%-i degişli. Bu barada täze «Global deňsizlik 2026» hasabatynda aýdylýar
29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy
09.12.2025 21:31
13k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy
Maskyň SpaceX kompaniýasy rekord 800 mlrd dollarlyk paýnama satmak barada gepleşik geçirýär
09.12.2025 12:50
3.9k+

Maskyň SpaceX kompaniýasy rekord 800 mlrd dollarlyk paýnama satmak barada gepleşik geçirýär

Ilon Maskyň SpaceX amerikan aerokosmos kompaniýasy maýadarlar bilen kompaniýany 800 mlrd dollar bilen bahalandyryp biljek paýnamalary satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada gepleşikleriň gidişi bilen tanyş çeşmeler habar berdi diýip, The Financial Times ýazýar
Dünýädäki milliarderleriň sany 287 adam artdy: olaryň umumy baýlygy 15,8 trln dollara ýetdi
08.12.2025 18:26
9.5k+

Dünýädäki milliarderleriň sany 287 adam artdy: olaryň umumy baýlygy 15,8 trln dollara ýetdi

2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli ýagdaýa görä, dünýäde dollar milliarderleriniň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 287 adam artdy. Bu barada Şweýsariýanyň UBS bankynyň gözleginde aýdylýar. Bu, 2021-nji ýyly hasaba almanyňda, iň uly ösüş boldy
2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň infografikasy: IT ägirtleri öňde
07.12.2025 12:14
3.1k+

2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň infografikasy: IT ägirtleri öňde

2025-nji ýylda dünýäde iň uly girdejileri häzirem tehnologiýa, maliýe we energetika pudaklarynyň kompaniýalary gazanmagyny dowam etdirýär. Dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň reýtinginiň ýokary orunlaryny Alphabet, Apple we Microsoft tehnologiýa korporasiýalary eýeledi
Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär
05.12.2025 16:50
2k+

Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär

Apple-iň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý 31-nji dekabrda Meta kompaniýasyna işe geçer. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Soňra maglumaty Apple-iň wekili tassyklady. Meta-da Alan Daý dizaýn boýunça direktor wezipesini eýelär
Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär
05.12.2025 11:31
5.8k+

Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär

Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi
Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy
05.12.2025 08:59
5.9k+

Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy

Apple korporasiýasy maşyn bilimini we emeli aňy ösdürmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamaga jogap berýän Apple Intelligence bölümçesindäki üýtgeşmeler barada habar berdi. Muny The Guardian ýetirýär. Bölüme ýedi ýyl ýolbaşçylyk eden Jon Jannandrea işden çykaryldy
Prada kompaniýasy 1,4 mlrd dollara Versace-y satyn almak boýunça şertnamany ýapdy
04.12.2025 13:33
2.2k+

Prada kompaniýasy 1,4 mlrd dollara Versace-y satyn almak boýunça şertnamany ýapdy

Prada S.p.A ozal ylalaşylan 1,4 mlrd dollara Gianni Versace S.r.l-i satyn almak boýunça şertnamany resmi taýdan ýapdy. Mundan öň, 2019-njy ýyldan bäri brend Michael Kors Limited bilen ylalaşykdan soň ony satyn alan Capri Holdings Limited kompaniýasynyň düzümindedi
Apple 14 ýylda ilkinji gezek smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçer
29.11.2025 21:14
4.6k+

Apple 14 ýylda ilkinji gezek smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçer

Apple şu ýyl 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýyllyk smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçip biler. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň çaklamasyna salgylanyp, CNBC habar berýär. Analitikler şeýle ösüşi iPhone 17 hatarynyň üstünlikli bolmagy we pandemiýadan soň smartfonlaryň işjeň ýagdaýda täzelenmegi bilen baglanyşdyrýar
HP-de 6000 işgär emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli işini ýitirer
28.11.2025 11:00
2.1k+

HP-de 6000 işgär emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli işini ýitirer

HP kompaniýasy işleri has netijeli etmek we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde 2028-nji maliýe ýylyna çenli tutuş dünýä boýunça 4000-den 6000-e çenli iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň habarynda aýdylýar
LG Electronics ýolbaşçy düzüminiň üýtgeşmelerini yglan etdi
27.11.2025 23:29
2.8k+

LG Electronics ýolbaşçy düzüminiň üýtgeşmelerini yglan etdi

Günorta Koreýanyň LG Electronics kompaniýasy ýolbaşçy düzüminde uly üýtgeşmeleriň bolandygyny, şol sanda täze baş direktoryň bellenendigini mälim etdi. 1-nji dekabrdan başlap, bu wezipäni häzirki wagtda LG-niň Öý Tehnikasy we Çözgütleri bölümine ýolbaşçylyk edýän hem-de kompaniýanyň maglumatyna görä, amallaryň durnukly ösüşine ýeten Rýu Çže-çhol eýelär
Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi
27.11.2025 23:20
6.7k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi
Puma-nyň paýnamalary kompaniýanyň satylyp bilinjekdigi baradaky habardan soň 17% ýokarlandy
27.11.2025 23:12
4k+

Puma-nyň paýnamalary kompaniýanyň satylyp bilinjekdigi baradaky habardan soň 17% ýokarlandy

Puma-nyň paýnamalary kompaniýanyň Hytaýyň sport aýakgaplaryny, egin-eşikleri we esbaplary öndürijisi Anta Sport tarapyndan satyn alnyp bilinjekdigi baradaky habardan soň ýokarlandy. Mümkin bolan şertnama baradaky maglumat 27-nji noýabrda Frankfurt-na-Maýndaky XETRA biržasynda paýnamalaryň 17,4% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde 19,965 ýewro ýetmegine getirdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.