Toyota öz awtomobillerinde hususy operasion ulgamyny ulanyp başlar
30.05.2025 17:02
9.3k+

Toyota öz awtomobillerinde hususy operasion ulgamyny ulanyp başlar

Toyota awtomobiller üçin öz Arene operasion ulgamynyň üstünde işleýär. Ony indiki ýylyň mart aýynda kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolan täze nesil RAV4 ulagyna ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Financial Times-yň habar bermegine görä, Arene-niň işlenip taýýarlanmagy ýedi ýyl bäri dowam edýär
Xiaomi arassa girdejisini 64% artdyryp, I çärýekde smartfon satuwlaryny ýokarlandyrdy
30.05.2025 16:50
1.9k+

Xiaomi arassa girdejisini 64% artdyryp, I çärýekde smartfon satuwlaryny ýokarlandyrdy

«Xiaomi» kompaniýasy birinji çärýek boýunça maliýe netijelerini çap etdi. Kompaniýanyň umumy girdejisi 111,3 mlrd ýuana (15,4 mlrd dollara) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 47% köpeldi. Arassa girdeji bolsa 64,5% ýokarlanyp, 1,48 mlrd dollara ýetdi
BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer
30.05.2025 13:09
8.6k+

BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer

BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer
Xiaomi her bir satylan ulagdan ýitgini ýedi esseden gowrak – 900 dollara çenli azaltdy
29.05.2025 18:52
5k+

Xiaomi her bir satylan ulagdan ýitgini ýedi esseden gowrak – 900 dollara çenli azaltdy

Xiaomi 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Üç aýda SU7 modelinden 75 869 elektromobil ýola goýuldy, bu modeliň umumy üpjünçiligi bolsa 258 000 birlikden geçdi. Şeýle-de, kompaniýa önümçilik kuwwatyny giňeltmek meýilnamalary barada habar berdi
BMW täze M5 modeliniň öňküsinden 540 kg has agyr bolmagynyň sebäbini düşündirdi
29.05.2025 18:23
8.6k+

BMW täze M5 modeliniň öňküsinden 540 kg has agyr bolmagynyň sebäbini düşündirdi

Täze «BMW M5» («G90» kuzowly) modeliniň agramynyň artmagy köp sanly jedelleri döretdi. Awtoulagyň Ýewropa bazary üçin niýetlenen wersiýasynyň agramy 2435 kg, bu bolsa öňki nesil «M5 Competition» («F90») bilen deňeşdirilende, 540 kg has agyr
Nýurburgringde täze Tesla Model Y Performance göründi: ol modeliň iň çalt wersiýasy bolar
28.05.2025 20:50
2.7k+

Nýurburgringde täze Tesla Model Y Performance göründi: ol modeliň iň çalt wersiýasy bolar

Tesla kompaniýasy «Model Y Performance-iň» täze wersiýasyny synag edýär. Prototip meşhur Nýurburgring ýaryş ýolunda görüldi. Bu model elektrokrossoweriň iň çalt we tehnologiki taýdan iň kämilleşdirilen wersiýasy bolar
20 seýrek «Lamborghini Centenario» rodsterinden biri rekord baha – 5,2 mln ýewro satuwa çykdy
28.05.2025 20:47
4.3k+

20 seýrek «Lamborghini Centenario» rodsterinden biri rekord baha – 5,2 mln ýewro satuwa çykdy

Iň seýrek superkarlaryň biri – «Lamborghini Centenario Roadster» Germaniýada satuwa çykdy. Awtoulagyň başlangyç bahasy 5,2 million ýewro. Deňeşdirmek üçin, gibrid hereketlendirijili we 1001 at güýji bolan täze «Lamborghini Revuelto-nyň» bahasy 600 müň dollardan başlaýar
«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar
28.05.2025 14:06
14k+

«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar

Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär
Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer
28.05.2025 14:04
15k+

Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar
Honda elektrokarlary ikinji hatara süýşürdi: üns merkezinde – gibridler we benzin ulaglary
28.05.2025 12:10
3k+

Honda elektrokarlary ikinji hatara süýşürdi: üns merkezinde – gibridler we benzin ulaglary

Honda trende eýerip, geljek on ýyl üçin ösüş strategiýasyny üýtgedýär. Kompaniýa öň wada berlişi ýaly diňe elektromobillere üns bermezlik kararyna geldi. Munuň deregine ol gibridlere we adaty benzin hereketlendirijili modellere ünsi gönükdirer
Toyota yzky çyrasynda ýüze çykan mesele boýunça 443 müň töweregi Tundra-ny yzyna çagyrýar
28.05.2025 11:38
5.9k+

Toyota yzky çyrasynda ýüze çykan mesele boýunça 443 müň töweregi Tundra-ny yzyna çagyrýar

Toyota 2022-2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen 443 000 töweregi Tundra pikabyny yzyna çagyrýar. CarBuzz neşiriniň habar bermegine görä, yzky çyralary näsazlyk tapyp biler, ýagny bloga aralaşyp biljek çyglylyk onuň poslamagyna we döwülmegine sebäp bolup biler
BYD 35%-e çenli arzanladyş yglan edip, hytaýly öndürijileriň paýnamalarynyň bahasyny pese gaçyrdy
28.05.2025 08:25
6.5k+

BYD 35%-e çenli arzanladyş yglan edip, hytaýly öndürijileriň paýnamalarynyň bahasyny pese gaçyrdy

BYD kompaniýasy islegi artdyrmak üçin elektromobilleriň bahasyna 35%-e çenli arzanladyş girizdi. «Bloomberg» agentliginiň ýazmagyna görä, bu ýagdaý hytaýly awtoöndürijileriň paýnamalarynyň bahasynyň aşaklamagyna sebäp boldy
Mansory atelýesi Lamborghini Revuelto-ny 1 million dollarlyk superkara öwürdi
27.05.2025 13:22
6.7k+

Mansory atelýesi Lamborghini Revuelto-ny 1 million dollarlyk superkara öwürdi

Lamborghini Revuelto 2025 ulagy Mansory studiýasynda işlenen ýörite wersiýa eýe boldy. Aventador-yň mirasdüşeri hasaplanýan superkar indi 1 074 600 dollar bahadan hödürlenýär. Model gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr
BMW strategiýany düzedip, benzin modellerini köp öndürmek kararyna geldi
27.05.2025 10:57
4.4k+

BMW strategiýany düzedip, benzin modellerini köp öndürmek kararyna geldi

BMW Hytaý bazary boýunça çaklamalaryna gaýtadan seretdi. Kompaniýa doly elektrik awtomobilleriň satuwy boýunça garaşýan görkezijilerini peseldip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modeller boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
Lamborghini we Balenciaga bilelikdäki kolleksiýany çykardy
26.05.2025 20:47
4.7k+

Lamborghini we Balenciaga bilelikdäki kolleksiýany çykardy

Lamborghini we Balenciaga moda öýi egin-eşikleriň we aksessuarlaryň bilelikdäki güýzki kolleksiýasyny hödürledi. Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ol sport awtomobilleriniň estetikasyny ýokary modanyň elementleri bilen utgaşdyrýar
Hyundai 2026-njy ýylda Sonata modeliniň nähili boljakdygyny görkezdi
26.05.2025 20:24
7k+

Hyundai 2026-njy ýylda Sonata modeliniň nähili boljakdygyny görkezdi

Hyundai 2026-njy ýylda görkezilmegine garaşylýan Sonata modeliniň täze neslini taýýarlaýar. Kompaniýa hatarda 1,6,  2,0 we 2,5 litrlik benzin hereketlendirijileriniň galjakdygyny tassyklady. Gibrid we gaz görnüşleri hem meýilleşdirilýär
General Motors süýşýän gurnama stoljykly goş gutusyny patentledi
26.05.2025 20:22
4.2k+

General Motors süýşýän gurnama stoljykly goş gutusyny patentledi

General Motors süýşýän gurnama stoljykly kämilleşdirilen goş gutusyny patentlemek üçin arza berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne 2025-nji ýylyň maý aýynda neşir edildi. Oýlap tapyş iş stoljugy görnüşinde ulanmaga mümkinçilik berýän mehanizmli goş  gutusydyr
Samsung ýöreýiş ätiýaçlygy 965 km aralyga ýetjek batareýa döretdi. Ol 9 minutda zarýad alýar
26.05.2025 17:04
2.8k+

Samsung ýöreýiş ätiýaçlygy 965 km aralyga ýetjek batareýa döretdi. Ol 9 minutda zarýad alýar

Seulda geçirilen SNE Battery Day 2024 çäresinde Samsung gaty jisimli batareýanyň täze neslini görkezdi. Onuň häsiýetnamasy bir zarýadda 965 km aralygy geçmäge mümkinçilik berip, häzirki zaman litiý-ion analoglaryndan ep-esli ýokarydyr
Kia uzyn ekranly we VIP oturgyçly täze Carnival miniweniniň bahasyny yglan etdi
26.05.2025 17:02
7k+

Kia uzyn ekranly we VIP oturgyçly täze Carnival miniweniniň bahasyny yglan etdi

Kia 2026-njy model ýylynyň täzelenen Carnival miniweniniň baha sanawyny çap etdi. LX-iň öň tekerleri hereketli esasy wersiýasynyň bahasy 36 990 dollar. Iň gymmat wersiýasy bolan SX Prestige gibridiniň bahasy 53 090 dollar
BYD aprel aýynda Ýewropada ilkinji gezek elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
26.05.2025 15:02
5.3k+

BYD aprel aýynda Ýewropada ilkinji gezek elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

2025-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropada elektromobil satuwy boýunça ilkinji gezek Tesla-dan öňe geçdi. Muňa gümrük paçlary-da, transport çykdajylary-da päsgel bermedi diýip, Jato Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg ýazýar
Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi
26.05.2025 15:01
3.7k+

Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi

Hyundai Motor Group Günorta Koreýada elektromobil zarýady üçin awtomatik robotlar bilen programmany işe girizdi. Olar zarýad kabelini awtomobile özbaşdak birikdirmek üçin emeli aňy we 3D kamerany ulanýar. Zarýad portunyň ýerini kesgitlemekde ýalňyşlyk 10 mm-den hem azdyr
Honda elektrik ulagynyň önümçiligini kemeldip, gibridlere üns berer
25.05.2025 19:25
1.6k+

Honda elektrik ulagynyň önümçiligini kemeldip, gibridlere üns berer

Honda Motor strategiýasyny täzeden gözden geçirýändigini we elektrik ulaglarynyň önümçiligine maýa goýumlaryny azaldýandygyny yglan etdi. Kompaniýa 2030-njy maliýe ýylyna çenli elektrikli awtoulag satmak boýunça görkezijisini umumy satuwyň 30 göterimine çenli azaltdy diýip, kompaniýanyň baş direktory Tosihiro Mibeniň beren beýanatyna salgylanýan CarBuzz habar berýär
ABŞ-da 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iň köp ogurlanan awtoulaglar atlandyryldy
25.05.2025 18:58
9.4k+

ABŞ-da 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iň köp ogurlanan awtoulaglar atlandyryldy

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş instituty (IIHS) iň köp ogurlanýan awtoulaglaryň sanawyny düzmek üçin barlag geçirdi. Netijelere görä, 2020-2022-nji ýyllar aralygynda ogrular üçin iň özüne çekiji awtoulag - «Dodge Charger SRT Hellcat» bolupdyr
Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy
25.05.2025 10:43
11k+

Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Crown sedanynyň ýörite wersiýasy satylyp başlandy, ol modeliň 70 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu wersiýa Crown Special Edition Z «The 70th» adyny aldy. Model Mercedes-Maybach awtomobilini ýatladýan kuzowyň iki reňkli boýagy bilen tapawutlanýar: onuň üsti Precious Metal kümüşsöw reňkinde, aşaky bölegi bolsa ak ýa-da gara perlamutrda ýerine ýetirildi
BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi
25.05.2025 10:36
5.1k+

BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi

BMW täze Speedtop superkarynyň suratlaryny we ilkinji maglumatlary hödürledi. Şuting-breýk kuzowyna eýe bolan üç gapyly uniwersal awtoöndürijiniň geçen ýylky konseptine esaslanyp, Skytop modeli bilen bir platformada gurnaldy
Xiaomi 800 km çenli ýol geçýän ilkinji krossoweri YU 7-ni hödürledi
24.05.2025 13:15
4.8k+

Xiaomi 800 km çenli ýol geçýän ilkinji krossoweri YU 7-ni hödürledi

15 ýyllygy mynasybetli geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi özüniň ilkinji elektrik krossowerini – YU 7-ni hödürledi. Awtomobiliň tigir bazasy 300 sm, göwrümi – 499,9×199,6×160,8 sm. Gapy tutarlary awtomobiliň korpusyna ýygnanýar
Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi
24.05.2025 13:08
11k+

Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi

Ýewropada sekizinji nesil Lexus ES ulagynyň premýerasy boldy. Täze wersiýa ozal Demirgazyk Amerikada hödürlenen modelden tapawutlanýar. Ýewropa bazary üçin niýetlenen model gibrid we doly elektrik görnüşlerde elýeterli bolar
BYD 7000 awtoulag daşamaga ukyply täze rolkerini suwa goýberdi
23.05.2025 19:07
10k+

BYD 7000 awtoulag daşamaga ukyply täze rolkerini suwa goýberdi

«BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly rolkeri bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International» gämi gurluşyk zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär
Toyota we Lexus täze elektromobil hataryny anons etdi: krossowerler, sedanlar we flagmanlar
23.05.2025 12:11
5.5k+

Toyota we Lexus täze elektromobil hataryny anons etdi: krossowerler, sedanlar we flagmanlar

Toyota kompaniýasy we onuň Lexus premium-brendi elektromobil hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Kompaniýalar 2026-njy ýyla çenli täze sedanlary, krossowerleri we flagman konseptleri hödürlär. Jemi 10-a çenli täze modeli çykarmak meýilleşdirilýär
Honda täze gibrid güýç ulgamy bilen Toyota we Ford-a garşy çykýar
23.05.2025 11:49
2.7k+

Honda täze gibrid güýç ulgamy bilen Toyota we Ford-a garşy çykýar

Honda 2027-nji ýyldan başlap kämilleşdirilen güýç gurluşly 13 sany gibrid awtoulag modelini dünýä derejesinde satuwa çykarar. Täze ulgam ýokary çekijiligi we özüne düşýän gymmatynyň arzandygy bilen tapawutlanýar
Ferrari iýulda täze Amalfi sport ulagyny görkezer. Roma-nyň mirasdüşeri geň galdyrmagy wada berdi
23.05.2025 11:41
3.7k+

Ferrari iýulda täze Amalfi sport ulagyny görkezer. Roma-nyň mirasdüşeri geň galdyrmagy wada berdi

Ferrari täze sport awtoulagyny - Ferrari Amalfi çykarmaga taýynlanýar. Ol Ferrari Roma modeliniň mirasdüşeri bolar. Resmi tanyşdyryş çäresini 2025-nji ýylyň iýulynda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda awtoulag ýol synaglaryndan geçýär
Honda gibridler we elektrik ulaglary üçin täze logotip döretdi
23.05.2025 11:39
1.5k+

Honda gibridler we elektrik ulaglary üçin täze logotip döretdi

2025-nji ýylyň konferensiýasynda Honda täze firma nyşanyny resmi taýdan hödürledi. Täzelenen "H" nyşany 2027-nji ýyldan başlap gibrid we doly elektrikli modellerde ulanylar. Täze logotip ýönekeýleşdirilen we “tekiz” stilde ýerine ýetirilen
Lexus atmosferaly V8 hereketlendirijili sedanynyň soňky wersiýasyny çykarar
23.05.2025 11:04
5k+

Lexus atmosferaly V8 hereketlendirijili sedanynyň soňky wersiýasyny çykarar

«Lexus» kompaniýasy brendiň atmosferaly V8 hereketlendirijili iň soňky modeli boljak «IS500 Ultimate Edition» sedanynyň çäkli nusgada çykaryljakdygyny mälim etdi. Ulag jemi 500 nusgada öndüriler we diňe Demirgazyk Amerikada satuwa çykarylar
2025-nji ýylyň aprel aýynda haýsy ýurtda awtomobil satuwy has ýokary boldy
23.05.2025 00:05
8.5k+

2025-nji ýylyň aprel aýynda haýsy ýurtda awtomobil satuwy has ýokary boldy

GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprel aýynda bütin dünýäde 7 324 712 ýolagçy awtomobili we ýeňil täjirçilik ulagy satyldy. Bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 6% köpdür
Elektrokarlardan lapykeç bolan Ford akkumulýator zawodynyň güýjüni Nissan-a berer
23.05.2025 00:03
4k+

Elektrokarlardan lapykeç bolan Ford akkumulýator zawodynyň güýjüni Nissan-a berer

Ford Motor elektromobil işläp taýýarlamak meýilnamasyna gaýtadan seredilendigini habar berdi. Awtoöndüriji Kentukkidäki (ABŞ) akkumulýator öndürýän zawodynyň önümçilik kuwwatynyň bir bölegini Nissan kompaniýasyna kärendesine bermek kararyna geldi
Toyota köne awtomobillerden alnan plastigi täze awtomobiller üçin gaýtadan ulanýar
22.05.2025 20:48
8.7k+

Toyota köne awtomobillerden alnan plastigi täze awtomobiller üçin gaýtadan ulanýar

Toyota Gosei kompaniýasy plastigi “kese gaýtadan işlemek” tehnologiýasyny işläp taýýarlady, bu täze komponentleri döretmek üçin hasapdan aýrylan awtomobillerden materiallary 50%-e çenli gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär
Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi
22.05.2025 20:44
7.4k+

Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi

Hyundai 2026-njy ýylyň täzelenen Grandeur sedanyny görkezdi. Model tehnologiýa taýdan has kämil bolup, giňeldilen mümkinçiliklere eýe boldy. Bu, aýratynam, Honors ýörite wersiýasyna degişlidir. Grandeur Honors modeli Hyundai SmartSense II howpsuzlyk ulgamy, Bose audioulgamy, Built-in Cam 2 kamerasy we kämilleşdirilen nawigasiýa bilen üpjün edildi
Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi
21.05.2025 16:44
7.9k+

Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi

Ýaponiýada «Toyota RAV4» modeliniň altynjy nesliniň dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy boldy. Täze krossoweriň ölçegleri öňküsi ýaly saklandy, emma modele uly tehniki we tehnologik täzelikler girizildi, şeýle hem dizaýnda düýpli üýtgeşmeler boldy
Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy
21.05.2025 15:57
3.1k+

Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy

Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy
Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy
21.05.2025 15:49
6.9k+

Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy

Hyundai IONIQ 6 elektrik sedanynyň Ýewropadaky bahasyny ep-esli arzanlatdy. Light-yň esasy komplektasiýadaky modeli indi maliýeleşdirilen ýagdaýynda 27 310 ýewro durýar. Bu öňküsinden 21 490 ýewro arzan we adaty benzinli C derejeli hetçbekleriň bahasyna laýyk gelýär