Peugeot 208 hetçbegi Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy
Peugeot 208 hetçbegi 2025-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada Dacia Sandero-dan öňe geçip, iň köp satylan awtomobil boldy. Bu barada JATO Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Çeşmelere görä, mart aýynda bu modelden 25 241 awtomobil satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7% köpdür