Porsche Çikagoda aşpezlik şüweleňini gurnady: Cayenne hamyr ýaýylýan gapaga öwrüldi
08.09.2025 17:10
5.6k+

Porsche Çikagoda aşpezlik şüweleňini gurnady: Cayenne hamyr ýaýylýan gapaga öwrüldi

Çikagoda Porsche-niň diler merkezinde geçirilen tanyşdyrylyşda täze Cayenne krossoweriniň kapoty aş taýýarlamak üçin aşhana stoly hökmünde ulanyldy. Tre Dita restoranynyň aşpezi awtomobiliň kuzowyna un sepip, hamyr ýugurdy we ony oklaw bilen zerur ýukalyga çenli ýaýdy
Toyota Sienna 2026 çykdy. Başlangyç bahasy ýokarlandy, ýöne ýokarky wersiýalary arzanlady
07.09.2025 23:24
22k+

Toyota Sienna 2026 çykdy. Başlangyç bahasy ýokarlandy, ýöne ýokarky wersiýalary arzanlady

Toyota Hytaýda Sienna 2026 miniwenini görkezdi. Esasy üýtgeşmeler hataryň we nyrh syýasatynyň täzeden gözden geçirilmegi bilen baglanyşykly boldy. Kompaniýa iň elýeter wersiýany aýyrdy we ýokarky bezeg derejeleriniň bahasyny arzanlatdy
Täze Mercedes-Benz GLC brendiň taryhynda iň uly displeýe eýe boldy
06.09.2025 17:44
9.1k+

Täze Mercedes-Benz GLC brendiň taryhynda iň uly displeýe eýe boldy

Mercedes-Benz kompaniýasy täze nesil GLC krossoweriniň interýeri barada käbir maglumatlary berdi. Ulagyň esasy täzelikleriniň biri diagonaly 39,1 dýuým bolan Hyperscreen displeýi boldy – bu brendiň taryhynda iň uly displeýdir
Toyota Corolla, Yaris we RAV4 iň ygtybarly gibrid ulaglar boldy
06.09.2025 17:39
5.9k+

Toyota Corolla, Yaris we RAV4 iň ygtybarly gibrid ulaglar boldy

Beýik Britaniýada Warranty Solutions Group (WSG) tarapyndan geçirilen gözleg Toyota-nyň iň ygtybarly gibrid ulag öndürijisidigini görkezdi. Gözlegde soňky 12 aýda 20 sany ulanylan meşhur gibrid modeller alnyp, kepillik boýunça müňlerçe ýüz tutmalar seljerildi
Toyota Ýewropada täze elektromobil çykaryp başlar
06.09.2025 16:58
3.9k+

Toyota Ýewropada täze elektromobil çykaryp başlar

Toyota Motor Europe Çehiýanyň Kolin şäherindäki Toyota Motor Manufacturing Czech Republic (TMMCZ) zawodynda täze elektromobiliň yzygiderli önümçiligine başlanjakdygyny habar berdi. Bu markanyň Ýewropada çykarylýan ilkinji doly elektrik awtomobili bolar
BMW täze iX3 krossowerini  - Neue Klasse maşgalasyndaky ilkinji modeli görkezdi
06.09.2025 15:01
3.7k+

BMW täze iX3 krossowerini  - Neue Klasse maşgalasyndaky ilkinji modeli görkezdi

Mýunhen awtoulag sergisiniň öňüsyrasynda BMW Neue Klasse hataryndaky ilkinji model bolan iX3 elektrik krossoweriniň täze neslini görkezdi. Satuwlar 2026-njy ýylyň ýazynda başlar. Model täzelenen dizaýn, täze multimediýa mümkinçilikleri bolan salon gurluşyny we 805 km aralyga çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän batareýany aldy
Dünýäde elektrokarlaryň satuwy 2025-nji ýylda 29% ýokarlandy we 20 mln birlikden geçer
05.09.2025 10:42
2.7k+

Dünýäde elektrokarlaryň satuwy 2025-nji ýylda 29% ýokarlandy we 20 mln birlikden geçer

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde elektromobilleriň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29,4% ýokarlanyp, 9,29 mln birlige ýetdi. Esasy ösüşi Hytaý, Ýewropa we ABŞ üpjün etdi. 8,4 mln elektromobil ýa-da umumy möçberiň 90,4%-i bu bazarlaryň paýyna düşdi
BMW Toyota bilen bilelikde döredilen düýbünden täze wodorod hereketlendirijisini görkezdi
05.09.2025 10:41
7.5k+

BMW Toyota bilen bilelikde döredilen düýbünden täze wodorod hereketlendirijisini görkezdi

BMW awtoöndürijisi Toyota bilen bilelikde döredilen üçünji nesil täze wodorod hereketlendirijisiniň suratyny hödürledi. Onuň yzygiderli önümçiligine 2028-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. BMW-niň Mýunhendäki we Ştaýrdaky merkezleri eýýäm ilkinji prototipleri ýygnamaga girişdi
Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi
05.09.2025 10:38
4.3k+

Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi

Tesla kompaniýasynyň hindi bazaryna çykmagy garaşylan tamany ödemedi. Iýun aýynyň ortalarynda satuw başlany bäri kompaniýa bary-ýogy 600 sargyt kabul etdi, bu bolsa meýilnamadan ep-esli azdyr. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ilkibaşda Tesla ýyl üçin meýilleşdiren 2500 awtomobiliniň ählisini satmagy göz öňünde tutupdy
Doly agaçdan ýasalan Bentley Continental GT satuwa çykaryldy, onuň üçin $100 müň soralýar
04.09.2025 19:46
17k+

Doly agaçdan ýasalan Bentley Continental GT satuwa çykaryldy, onuň üçin $100 müň soralýar

eBay saýtynda Bentley Continental GT ulagynyň ähli bölekleri diýen ýaly agaçdan ýasalan doly göwrümli nusgasy satuwa çykaryldy. “Awtopilot” saýtynyň habar bermegine görä, ony döredijiler ulag üçin, takmynan, 100 müň dollar almak isleýär, bu bolsa hakyky Bentley-iň bahasyna golaýdyr
Audi geljekki modelleriň nähili boljakdygyny görkezýän täze Concept C-ni hödürledi
04.09.2025 19:31
7.4k+

Audi geljekki modelleriň nähili boljakdygyny görkezýän täze Concept C-ni hödürledi

Audi kompaniýasy Concept C ady bilen täze prototipini hödürledi. Bu, ilkinji nobatda, geljekki modelleriň firma stilini görkezmek üçin döredilen iki orunlyk elektrik rodsterdir. Kompaniýa geljekde bu konseptiň esasynda seriýaly modelleriň çykjakdygyny tassyklady
Consumer Reports awtoulag brendleriniň ygtybarlylygy bilen meşhurlygynyň arasyndaky boşlugy görkezdi
04.09.2025 19:10
4.4k+

Consumer Reports awtoulag brendleriniň ygtybarlylygy bilen meşhurlygynyň arasyndaky boşlugy görkezdi

Amerikanyň Consumer Reports telekeçilik däl guramasy tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleri awtoulag eýeleriniň kanagatlanma derejesi bilen ulaglaryň  hakyky ygtybarlylygynyň arasynda ep-esli boşlugyň bardygyny görkezdi
Toyota çekiçkelle akula äheňinde Aqua hetçbegini çykardy
03.09.2025 23:41
7.6k+

Toyota çekiçkelle akula äheňinde Aqua hetçbegini çykardy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada dört ýyl mundan ozal görkezilen Aqua hetçbeginiň ikinji nesliniň täzelenen görnüşini hödürledi. Awtoulag Yaris we Yaris Cross modelleri bilen umumy bolan TNGA-B platformasynda guruldy
Internetde Mýunhendäki premýerasyndan öň täze Audi kupesiniň ilkinji suraty peýda boldy
02.09.2025 22:14
4.1k+

Internetde Mýunhendäki premýerasyndan öň täze Audi kupesiniň ilkinji suraty peýda boldy

Audi kompaniýasy sentýabrda Mýunhendäki awtosalonda täze konseptual kupesini hödürlemäge taýýarlanýar. Ýöne onuň ilkinji suraty eýýäm möhletinden ir Internetde peýda boldy – ol az wagtlyk brendiň Kanadadaky bölümçesi tarapyndan sosial ulgamlarda ýerleşdirildi
Dünýäde 2025-nji ýyldaky iň güýçli awtoulaglaryň sanawy çap edildi
02.09.2025 20:03
8.2k+

Dünýäde 2025-nji ýyldaky iň güýçli awtoulaglaryň sanawy çap edildi

Dünýäde 2025-nji ýyldaky iň güýçli awtoulaglaryň sanawy düzüldi. Maglumatlar Motor1 neşiri tarapyndan taýýarlanyldy we infografika görnüşinde hödürlendi. Sanawa benzin, gibrid we doly elektrik gurluşly 20 awtoulag girdi
Kia Mýunhendäki  awtoulag sergisinde täze EV4-i, EV2-ni, EV5-i we PV5-i görkezer
01.09.2025 14:15
2.7k+

Kia Mýunhendäki  awtoulag sergisinde täze EV4-i, EV2-ni, EV5-i we PV5-i görkezer

Mýunhende geçiriljek IAA Mobility 2025 awtoulag sergisinde Kia birnäçe täze elektrik modelini hödürlär. Esasy waka ýylyň ahyryna çenli satuwa çykaryljak ykjam elektrikli EV4-iň Ýewropada ilkinji çykyşy bolar. Bu brendiň Ýewropada ýörite ýerli bazar üçin döredilen ilkinji modelidir
BYD seriýaly elektrokarlar üçin tizlik rekordyny goýdy: U9 472 km/sag çenli tizligini artdyrdy
31.08.2025 20:29
4.8k+

BYD seriýaly elektrokarlar üçin tizlik rekordyny goýdy: U9 472 km/sag çenli tizligini artdyrdy

BYD kompaniýasy dünýäde iň tiz seriýaly elektrik awtomobiliniň döredilendigini habar berdi. Rekord goýan giperkar U9 Track Edition diýlip atlandyrylýar we Yangwang kompaniýasy (BYD-yň lýuks subbrendi) tarapyndan işlenip taýýarlandy
Täzelenen Porsche Macan emeli aňa, sanly açara we oýun konsolyna eýe bolar
31.08.2025 20:21
3.1k+

Täzelenen Porsche Macan emeli aňa, sanly açara we oýun konsolyna eýe bolar

Porsche kompaniýasy 2026-njy ýylda Macan elektrik krossoweriniň täzelenen görnüşini çykarar. Esasy üýtgeşmeler programma üpjünçiligine we tehniki çözgütlere degişli bolar diýip, Carscoops habar berýär. Täzelikleriň biri sanly açar tehnologiýasy bolar
2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar
31.08.2025 08:54
6.6k+

2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar

BMW kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen X1 we iX1 krossowerlerini hödürledi. X1-iň benzin görnüşiniň bahasy takmynan 42 200 dollardan başlaýar, elektrik iX1 39 900 dollardan satylýar diýip, ITHome ýazýar
Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz
31.08.2025 08:52
7.5k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi
Tesla alty aýda Berlindäki zawodynda 100 müň sany täze Model Y ýygnady
31.08.2025 08:50
4.7k+

Tesla alty aýda Berlindäki zawodynda 100 müň sany täze Model Y ýygnady

Tesla Gigafactory Berlin zawodynda 100 000-nji täzelenen Model Y-nyň goýberilendigini yglan etdi. Zawod bu möhüm sepgide bary-ýogy alty aýyň içinde ýetdi - önümçilik 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda başlanypdy
Amerikalylar salgyt ýeňilligi gutarmanka elektromobilleri işjeň satyn alýar
28.08.2025 17:24
5.7k+

Amerikalylar salgyt ýeňilligi gutarmanka elektromobilleri işjeň satyn alýar

1-nji oktýabrdan ABŞ-da elektromobil satyn alýanlar üçin 7500 dollar möçberindäki salgyt ýeňilligi hereket etmegini bes eder. Şol sebäpli amerikalylaryň köpüsi elektrokarlary öňünden satyn almak kararyna geldi, netijede olaryň satuwy çalt ýokarlanyp başlady
2026-njy ýylyň Hyundai Tucson we Santa Fe-lerinde açara derek telefon ýa-da akylly sagat ulanyp bolar
28.08.2025 13:34
4.7k+

2026-njy ýylyň Hyundai Tucson we Santa Fe-lerinde açara derek telefon ýa-da akylly sagat ulanyp bolar

Hyundai kompaniýasy Awstraliýanyň bazary üçin täzelenen Tucson we Santa Fe 2026 krossowerlerini hödürledi. Iki ulaga hem adaty açara derek iPhone ýa-da Apple Watch ulanmaga mümkinçilik berýän Digital Key 2 sanly açar goşuldy
Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi
28.08.2025 12:01
8.3k+

Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi

Rolls-Royce kompaniýasy Inspired by Primavera (italýança primavera “bahar” diýlip terjime edilýär) ady bilen Spectre elektrik kupesiniň çäkli tapgyryny yglan etdi. Kolleksiýa dürli reňkli kuzowy, ýöne sakuranyň güllemegine bagyşlanan bir umumy çeper bezegi bolan üç awtomobil girdi
Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy
28.08.2025 07:15
8.2k+

Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy

18-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda Mercedes-AMG GT XX-iň prototipleri 7 gün, 13 sagat, 24 minut, 7 sekuntda Italiýanyň Nardo synag ýolunda 40 075 kilometr geçdi. Bu Ýeriň daşyndan bir aýlaw etmek bilen deňdir
Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady
28.08.2025 07:04
6.8k+

Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady

Nissan kompaniýasy R35 kuzowly GT-R modeliniň soňky nusgasynyň çykarylandygyny habar berdi. Bu wersiýa konweýerde 2007-nji ýylda peýda boldy, 18 ýylyň içinde bolsa 48 müň awtomobil ýygnaldy. Ahyrky awtomobil Midnight Purple goýy benewşe reňkine boýalan GT-R T-Spec boldy
Xiaomi 2026-njy ýylda SU7 ulagynyň uzaldylan görnüşini çykarmaga taýýarlanýar: ilkinji suratlar
27.08.2025 15:37
4.9k+

Xiaomi 2026-njy ýylda SU7 ulagynyň uzaldylan görnüşini çykarmaga taýýarlanýar: ilkinji suratlar

Xiaomi SU7 elektromobiliniň täze görnüşiniň ýol synaglaryna başlady. Nikaplanan nusganyň ilkinji suratlary Hytaýyň Weibo sosial ulgamynda peýda boldy. Car News China-nyň habaryna görä, bu modeliň uzaldylan görnüşi bolup, 2026-njy ýylda SU7 L ady bilen çykarylar
Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar
27.08.2025 15:21
7.4k+

Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar

Germaniýanyň Delta 4x4 atelýesi Toyota Land Cruiser Prado-nyň soňky nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Wnedorožnik döwrebaplaşdyrylan podweskany, kuzowyň goragyny we goşmaça esbaplary aldy. Bukjanyň bahasy entek mälim edilmedi
Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady
26.08.2025 21:31
23k+

Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady

Ozal Germaniýada taksi hökmünde ulanylan Mercedes-Benz E-Class 2,2 mln kilometrden gowrak ýol geçip, işe ukyply ýagdaýda galdy. Häzir awtomobil Finlýandiýada diýip, “Ilta-Sanomat” neşiri ýazýar. Ulagyň eýesi – ulanylan “Mersedesleri” satmak bilen meşgullanýan 36 ýaşly işewür Wille Rýaýsýanen
Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar
26.08.2025 16:15
9.1k+

Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar

Mercedes-Benz konserni Germaniýada köne awtomobilleri sökmek boýunça synag taslamasynyň işe girizilendigini habar berdi. Resmi maglumatlara görä, bu başlangyjyň maksady girdeji däl-de, daşky gurşawa ýetýän zyýanly täsiri azaltmakdyr: çig malyň bir bölegi gaýtadan işlenenden soň önümçilikde ulanylar
Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi
26.08.2025 13:44
6.1k+

Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi

Lexus Hytaýda 2026-njy model ýylynyň NX krossowerini hödürledi. Awtomobil 299,8 müň ýuandan 509,8 müň ýuana çenli (takmynan, 42 müň ABŞ dollaryndan 71 müň dollara çenli) baha bilen alty görnüşde çykarylar. Model uly radiator gözenegi we matrisa çyralary bilen markanyň firma dizaýnyny saklap galdy
Bugatti we Jacob&Co ýüzlerçe göwher bilen Tourbillon giperkarynyň stilinde sagat döretdi
25.08.2025 13:33
9.2k+

Bugatti we Jacob&Co ýüzlerçe göwher bilen Tourbillon giperkarynyň stilinde sagat döretdi

Bugatti kompaniýasy we onuň şweýsariýaly hyzmatdaşy Jacob&Co sagat öýi täze Tourbillon Baguette sagadyny hödürledi. Bu Tourbillon giperkarynyň stilinde döredilen ikinji modeldir. Bu sagatdan bary-ýogy 18 nusga çykarylar, olaryň her biri ýüzlerçe göwher bilen bezeler
Jeep has uly we gymmat bolan altynjy nesil Cherokee krossowerini hödürledi
25.08.2025 13:20
4.8k+

Jeep has uly we gymmat bolan altynjy nesil Cherokee krossowerini hödürledi

Jeep kompaniýasy ABŞ-da birnäçe ýyl çykarylmadyk täze, altynjy nesil Cherokee krossowerini resmi taýdan hödürledi. Ulag has uly we giň boldy hem-de täze daşky keşbe, salona eýe boldy. Ilkibaşda model üç hereketlendirijili gibrid ulgam bilen elýeterli bolar, ýöne kompaniýa geljekde başga görnüşleri hem çykarmagy wada berýär
Ford Explorer-yň täze wersiýasy 1720 dollar arzan çykdy
24.08.2025 17:54
8.2k+

Ford Explorer-yň täze wersiýasy 1720 dollar arzan çykdy

Ford 2026-njy ýylyň modeli üçin täze Active Base atly başlangyç wersiýany hödürläp, Explorer ulaglarynyň hataryny giňeltdi. Ol krossoweriň iň amatly bahaly görnüşi bolup, 38 330 dollardan satuwa çykarylar. Bu bolsa 2025-nji ýylyň Active komplektasiýasyndan 1 720 dollar arzan
Toyota RAV4 bilen bäsleşip biljek Nissan X-Trail 2026 hödürlendi
24.08.2025 16:54
3.7k+

Toyota RAV4 bilen bäsleşip biljek Nissan X-Trail 2026 hödürlendi

Nissan içerki ýapon bazarynda täzelenen X-Trail 2026 krossowerini görkezdi. Model çykmaga taýýarlanýan Toyota RAV4 (XA60) we Harrier ulaglarynyň bäsdeşi hökmünde görülýär. Täze ulag iki täze wersiýa – Rock Creek we NISMO eýe boldy
Nissan täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny görkezdi
24.08.2025 16:49
4.7k+

Nissan täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny görkezdi

Nissan kompaniýasy Hytaýda «Dongfeng» konserni bilen bilelikde öndürilýän täzelenen Teana sedanynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Täze model Teana Plus ady bilen çykarylar we şu ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykmagyna garaşylýar diýip, AutoHome habar berýär
Ford awtomobilleri yzyna çagyrmagyň sany boýunça antirekord goýdy
22.08.2025 13:20
4.4k+

Ford awtomobilleri yzyna çagyrmagyň sany boýunça antirekord goýdy

Amerikan awtoöndürijisi Ford dokuz aýda Demirgazyk Amerikanyň bazarynda ulaglary yzyna çagyryş boýunça 104 kampaniýa geçirdi. Bu görkeziji bäsdeşleriň arasynda iň ýokarysy boldy. Deňeşdirmek üçin, FCA konserni bu döwürde 21 gezek ulaglary yzyna gaýtardy, FCA, Volkswagen, GM, Mercedes, Honda we Hyundai öndürijileriniň umumy görkezijisi bolsa 77 kampaniýa boldy
Hennessey sargyt boýunça 2031 at güýçli taryhynda iň güýçli Venom F5-i çykardy
22.08.2025 07:54
4k+

Hennessey sargyt boýunça 2031 at güýçli taryhynda iň güýçli Venom F5-i çykardy

Hennessey amerikan kompaniýasy Montereý şäherindäki Awtoulag hepdeliginde taryhyndaky iň gymmat hem iň özboluşly awtoulagyny — Venom F5 Revolution LF giperkaryny tanyşdyrdy. Bu ulag, aýratyn sargytlar boýunça işleýän Maverick bölüminiň ilkinji taslamasy boldy
Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi
21.08.2025 16:12
9.5k+

Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi

Hindistanda 4,85 mln rupiýa (takmynan, 55,4 müň dollar) baha bilen täze Toyota Camry Sprint Edition hödürlendi. Bu görnüş Elegance wersiýasyna esaslanýar we goşmaça töleg talap etmeýär. Ulagyň tehniki taraplary öňküligine galdy, üýtgeşmeler diňe daşky görnüşe we interýeriň bezeg elementlerine degişlidir
Ford Transit 2000 at güýji bilen Nýurburgringde iň tiz furgon boldy
21.08.2025 16:09
3k+

Ford Transit 2000 at güýji bilen Nýurburgringde iň tiz furgon boldy

Ford kompaniýasy Nýurburgring ýolunda täze rekord goýlandygyny habar berdi. Kuwwaty 2000 at güýjüne barabar bolan Ford Transit SuperVan 4.2 elektrik furgony 20,8 kilometr uzynlykdaky aýlawy 6 minut 48,393 sekuntda geçdi