Biznes

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj dünýäniň ikinji iň baý adamy boldy
26.11.2025 11:29
5.7k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj dünýäniň ikinji iň baý adamy boldy

Google-yň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj emeli aň ulgamynyň täze wersiýasy Gemini 3 çykandan soň, şahsy baýlygy boýunça dünýäde ikinji adam boldy. Bu barada Forbes habar berýär. Geçen hepdede EA modeliniň çykmagy diňe bir hünärmenleri däl, eýsem kompaniýanyň esasy bäsdeşi OpenAI-i hem haýran galdyrdy
Eli Lilly 1 trln dollar bazar bahasyna ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy
25.11.2025 12:53
3k+

Eli Lilly 1 trln dollar bazar bahasyna ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy

Eli Lilly amerikan kompaniýasy 1 trln dollar bazar bahasyna ýetip, taryhda şeýle görkezijä ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy. Häzire çenli bazarda bu derejä, esasan, tehnologiýa kompaniýalary ýetipdi diýip, CNBC belleýär
Bezos täze «Project Prometheus» startapyny esaslandyrdy we 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady
23.11.2025 20:28
2.6k+

Bezos täze «Project Prometheus» startapyny esaslandyrdy we 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady

Milliarder Jeff Bezos emeli aň ulgamynda «Project Prometheus» atly başlangyjyny işe girizdi. The New York Times gazetiniň habaryna görä, kompaniýa eýýäm 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady we bu ony irki tapgyrdaky maliýeleşdirme boýunça dünýäde öňdebaryjy başlangyçlaryň birine öwürdi
Nvidia işgär başyna 4,4 mln dollar, Netflix birneme az gazanýar
22.11.2025 23:57
1.9k+

Nvidia işgär başyna 4,4 mln dollar, Netflix birneme az gazanýar

Nvidia, Netflix we Apple işgär başyna düşýän girdejiniň ululygy boýunça tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjylar boldy. Şeýle statistikany OnDeck kompaniýasy hödürledi. Işgär başyna girdeji (RPE) kompaniýanyň işiniň netijeliliginiň giňden ýaýran görkezijisi bolup, işçi güýjüniň öndürijiligine baha bermek üçin ulanylýar
Financial Times: Apple Tim Kugy çalyşmaga taýýarlygy işjeňleşdirdi
17.11.2025 09:56
2.4k+

Financial Times: Apple Tim Kugy çalyşmaga taýýarlygy işjeňleşdirdi

Apple-iň müdirler geňeşi we ýokary ýolbaşçylygy Tim Kuguň baş direktor wezipesinden gitmegine taýýarlygy işjeňleşdirdi. Bu barada kompaniýanyň içindäki gürrüňler bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) habar berýär
Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi
16.11.2025 20:46
2.5k+

Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi

Apple we OpenAI Ilon Maskyň kompaniýalarynyň (X Corp we xAI) antimonopoliýa arzasyny ýatyryp bilmediler. ABŞ-nyň okrug kazysy Mark Pitman (Mark Pittman) bu baradaky haýyşlary kanagatlandyrmady. Kazynyň bu karary X Corp we xAI kompaniýalaryna Apple we OpenAI-ny "bäsdeşlige garşy dilleşmekde" we bäsdeşler üçin päsgelçilik döretmekde aýyplaýan kazyýet işini dowam etmäge mümkinçilik berdi
L'Oréal we Alibaba gözellik pudagyna emeli aňy ornaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýär
14.11.2025 10:21
1.6k+

L'Oréal we Alibaba gözellik pudagyna emeli aňy ornaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýär

L'Oréal-yň Hytaýdaky bölümi sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin Alibaba Cloud bilen strategik ylalaşyga gol çekdi. Kompaniýalar gözellik pudagynda marketingiň, müşderi hyzmatlarynyň we gözlegleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin emeli aňa esaslanýan çözgütleri ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler
“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy
11.11.2025 14:30
8.5k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy
Rivian-yň ýolbaşçysy kompaniýa maksatlaryna ýeten ýagdaýynda $4,6 mlrd alar
10.11.2025 18:24
2.7k+

Rivian-yň ýolbaşçysy kompaniýa maksatlaryna ýeten ýagdaýynda $4,6 mlrd alar

Elektromobil öndürýän Rivian amerikan kompaniýasy öz baş direktory Robert Skarinži sylaglamagyň täze ulgamyny tassyklady. Maksatnama on ýyla niýetlenýär we ähli şertler ýerine ýetirilen ýagdaýynda oňa, takmynan, 4,6 mlrd dollar getirip biler
Apple Google-nyň Gemini emeli aňyny ulanmak üçin ýylda 1 milliard dollar tölär
09.11.2025 21:03
2.1k+

Apple Google-nyň Gemini emeli aňyny ulanmak üçin ýylda 1 milliard dollar tölär

Apple özüne degişli Apple Intelligence platformasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Google Gemini emeli aňynyň ýöriteleşdirilen görnüşini ulanmagy meýilleşdirýär. Bloomberg žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple bu tehnologiýa elýeterlilik üçin Google-a ýylda takmynan 1 milliard dollar tölär
ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler
08.11.2025 09:37
5.7k+

ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi
Tesla-nyň paýdarlary Maska trillion dollar tölemäge razy boldy
08.11.2025 00:55
6.3k+

Tesla-nyň paýdarlary Maska trillion dollar tölemäge razy boldy

Tesla-nyň paýdarlary kompaniýanyň egindeş esaslandyryjysy we baş direktory bolan Ilon Maska 1 trln dollar tölemegi makullady. Ses bermegiň netijeleri Tehasdaky ýyllyk gurultaýda yglan edildi diýip, The Guardian habar berýär
Google we Epic Games bäş ýyllyk kazyýet jedelinden soň ylalaşyga geldiler
08.11.2025 00:11
1.2k+

Google we Epic Games bäş ýyllyk kazyýet jedelinden soň ylalaşyga geldiler

Google we Epic Games bäş ýyl dowam eden kazyýet jedellerinden soň, özara dawany soňlajak "ählitaraplaýyn ylalaşyk" gazanandyklaryny mälim etdiler. Bu resminamanyň indi kazyýet tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar
Häzire çenli işleýän iň gadymy bäş kompaniýa atlandyryldy
06.11.2025 22:58
6.4k+

Häzire çenli işleýän iň gadymy bäş kompaniýa atlandyryldy

Köp startaplaryň hatda on ýyl hem işlemän ýapylýan häzirkizaman işewürlik dünýäsinde ýüzlerçe ýyl bäri işleýän kärhanalar bar. Şeýle-de, nähili geň galdyryjy bolsa-da, dünýäde müňýyllyklary başdan geçirip, häzirem işlemegini dowam etdirýän kompaniýalar hem bar
OpenAI Amazon bilen 38 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
06.11.2025 10:57
1.1k+

OpenAI Amazon bilen 38 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

OpenAI “Amazon Web Services” (AWS) bilen ýedi ýyllyk 38 milliard dollarlyk strategik şertnama baglaşdy diýip, Bloomberg habar berýär. Şertnama laýyklykda, OpenAI Nvidia CORP.-yň ýüzlerçe müň grafiki prosessorlaryna (GPU) girmäge mümkinçilik alar
Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi
04.11.2025 19:35
7.5k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy
Apple çärýegi iPhone-yň we hyzmat ugrunyň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlady
03.11.2025 10:01
1.9k+

Apple çärýegi iPhone-yň we hyzmat ugrunyň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlady

Apple geçen çärýegi iPhone satuwynyň we hyzmat ugrunyň ösmeginiň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlandy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk umumy girdejiniň 8% ýokarlanyp, 102,5 mlrd dollar bolandygyny belledi
Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar
02.11.2025 20:05
2.7k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar
Intel iki ýylyň dowamynda 35 müňden gowrak işgärini işden boşatdy
01.11.2025 10:12
1.6k+

Intel iki ýylyň dowamynda 35 müňden gowrak işgärini işden boşatdy

Intel korporasiýasy täze baş direktor Lip-Bu Tanyň ýolbaşçylygynda ştaty optimizirlemek maksatnamasynyň çäklerinde soňky iki ýylyň dowamynda takmynan 35 500 işgärini işden boşatdy. Bu barada Tom’s Hardware portaly habar berýär
PepsiCo 25 ýyldan soň ilkinji gezek logotipini we şygaryny täzeledi
01.11.2025 10:06
1.9k+

PepsiCo 25 ýyldan soň ilkinji gezek logotipini we şygaryny täzeledi

PepsiCo soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini we firma stilini täzeledi. Täze şygar hem-de dizaýn eýýäm kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Indi brendiň täze şygary şeýle ýaňlanýar: «Iýmit. Içgiler
Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi
31.10.2025 11:40
6.1k+

Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi

2024-nji ýylda dünýäde dollar milliarderleriniň sany 5,6% artyp, 3508 adama ýetdi – bu 2020-nji ýyldan bäri iň uly ösüş boldy. Olaryň umumy baýlygy 10,3% artyp, görlüp-eşidilmedik 13,4 trln dollara ýetdi. Şeýle maglumatlar Altrata gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Billionaire Census 2025 ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar
Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy
30.10.2025 15:36
1.9k+

Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar
Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy
30.10.2025 13:27
1.9k+

Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi
Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy
29.10.2025 13:32
4k+

Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy

Apple korporasiýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi, muňa Nasdaq biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu kompaniýany Nvidia bilen Microsoft-dan soň taryhda şeýle derejä ýetmegi başaran üçünji kompaniýa edýär
Microsoft täze şertnamanyň çäklerinde OpenAI-dan 27% paý aldy
29.10.2025 11:42
769

Microsoft täze şertnamanyň çäklerinde OpenAI-dan 27% paý aldy

Microsoft we OpenAI täze uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişendigini mälim etdiler. Ylalaşygyň çäginde Microsoft OpenAI-dan 27% paý alar. Bukjanyň bahasy 135 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar
YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi
28.10.2025 00:36
1.5k+

YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi

2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýuny aralygynda YouTube aýdym-saz pudagyna 8 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu maglumatlar wideohostingiň 23-nji oktýabrdaky hasabatyndan gelip çykýar. Kompaniýa munuň platforma üçin rekord mukdardygyny belledi: ýyllyk tölegler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 mlrd dollar artdy
Hytaýyň smartfon bazary 3% peseldi, birinji orny Vivo eýeledi
25.10.2025 11:40
3k+

Hytaýyň smartfon bazary 3% peseldi, birinji orny Vivo eýeledi

Hytaýyň smartfon bazary 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3% peseldi diýip, Omdia portalynyň analitikleri habar berýär. Şeýle-de bolsa, öňdebaryjy öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik güýçli bolup galýar we üpjünçilik möçberlerindäki tapawut kem-kemden azalýar
Warner Bros. Discovery biznesi satmagy ýa-da bölmegi göz öňünde tutýar
24.10.2025 16:40
1k+

Warner Bros. Discovery biznesi satmagy ýa-da bölmegi göz öňünde tutýar

Amerikan mediakompaniýasy Warner Bros. Discovery öz paýdarlary üçin bähbidi ýokarlandyrmak maksady bilen biznesi ösdürmegiň dürli ýollaryny öwrenýändigini habar berdi. Olaryň arasynda 2026-njy ýylyň ortasyna çenli iki kompaniýa bölünmek, tutuş biznesi satmak ýa-da bölekleýin satmak bar – Warnes
Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy
22.10.2025 17:53
15k+

Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask paýdarlar 1 trln dollar möçberde täze öwez bukjasyny tassyklamasa, kompaniýadan gitjekdigini ýaňzytdy. On ýyla niýetlenen täze töleg maksatnamasy üçin paýdarlar indiki aýyň başynda ses berer
Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola
20.10.2025 17:43
2.1k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir
Gucci-niň eýesi öz kosmetika bölümini L’Oreal-a 4 mlrd dollara satýar
20.10.2025 10:06
2.4k+

Gucci-niň eýesi öz kosmetika bölümini L’Oreal-a 4 mlrd dollara satýar

Gucci, Balenciaga, Yves Saint Laurent ýaly brendlere eýeçilik eýýän Kering kompaniýalar topary öz kosmetika bölümini L’Oreal kompaniýasyna satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi
Samsung täze Galaxy Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürýär. Satuwlar ýöremedi
18.10.2025 10:10
5.9k+

Samsung täze Galaxy Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürýär. Satuwlar ýöremedi

Samsung inçe we ýeňil Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Günorta Koreýanyň NewsPim neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa galan Galaxy S25 Edge smartfonlary satylandan soň önümçiligi bes eder
IT pudagynyň milliarderleri şu hepde ýene $60 mlrd baýady
17.10.2025 00:27
5.8k+

IT pudagynyň milliarderleri şu hepde ýene $60 mlrd baýady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň duýdansyz hereketleri gazna bazarynda üýtgemeleriň bolmagyna getirýär, ýöne ýagdaýyň sähel gowulaşmagy-da maýadarlara ummasyz pul gazanmaga mümkinçilik berýär. Şu hepdäniň başynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gepleşiklerinde öňegidişligiň alamatlary tehnologiýa pudagynyň on iri wekiliniň umumy baýlygynyň 60 mlrd dollar ýokarlanmagyna getirdi
Warner Bros. bahany arzan görüp, Paramount-yň satyn almak teklibinden ýüz öwürdi
15.10.2025 11:27
2.1k+

Warner Bros. bahany arzan görüp, Paramount-yň satyn almak teklibinden ýüz öwürdi

Warner Bros. Discovery mediakorporasiýasy öz bäsdeşi Paramount Scydance-iň satyn almak teklibini ret etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Warner Bros. teklip edilen bahany “has arzan” hasaplady. Ozal Paramount-yň her paý üçin 20 dollar töläp, Warner Bros
IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi
13.10.2025 09:29
1.8k+

IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi

IDC amerikan analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýä boýunça kompýuter üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% artdy we 75,8 million birlige ýetdi. Bu ösüş esasan Windows 11 operasion ulgamyna geçmek üçin köne kompýuterleriň çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr
Uçurymlaryndan iň baý adamlar çykan uniwersitetleriň reýtingi düzüldi
12.10.2025 22:34
10k+

Uçurymlaryndan iň baý adamlar çykan uniwersitetleriň reýtingi düzüldi

Visualcapitalist portaly iň köp milliarder uçurymly uniwersitetleriň täze infografikasyny hödürledi. Reýtinge görä, maliýe taýdan üstünlik gazanan uçurymlaryň aglabasy ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinden çykýar, ýöne Aziýanyň institutlarynyň ornunyň hem yzygiderli ýokarlanýandygy aýdyň görünýär
Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy
10.10.2025 09:23
5k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy
AMD-nyň paýnamalary OpenAI bilen köp milliardlyk şertnamadan soň 30% ýokarlandy
09.10.2025 16:02
1.2k+

AMD-nyň paýnamalary OpenAI bilen köp milliardlyk şertnamadan soň 30% ýokarlandy

AMD-nyň (Advanced Micro Devices) paýnamalary OpenAI bilen uly şertnama baglaşylandygy belli bolandan soň 30%-den gowrak gymmatlady. Sem Altmanyň startapy çip öndürijisiniň paýnamalarynyň 10%-ine çenli satyn almak hukugyna eýe boldy we bu oňa serwislerini ösdürmek üçin hasaplaýyş güýçleriniň ýetmezçilik etmek meselesini çözmäge kömek eder
Reuters: Mars 36 milliard dollara Pringles-iň öndürijisini  satyn alýar
09.10.2025 01:00
7.3k+

Reuters: Mars 36 milliard dollara Pringles-iň öndürijisini satyn alýar

Mars eýýäm Snickers, Milky Way, Twix, Bounty, M&M’s we Whiskas ýaly dünýäde tanalýan birnäçe brendleriň eýesi bolup durýar. Indi kompaniýa öz “gol astyna” Pringles-i hem almak kararyna geldi. Amerikan kompaniýasy Pringles, Pop-Tarts we Kellogg’s brendlerine eýelik edýän Kellanova kompaniýasyny satyn almak üçin Ýewropa Bileleşiginiň rugsadyny alar
OpenAI-iň ýolbaşçysy täze şertnamalary baglaşmak üçin dünýä syýahatyna ugrady
07.10.2025 15:56
3k+

OpenAI-iň ýolbaşçysy täze şertnamalary baglaşmak üçin dünýä syýahatyna ugrady

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman maýa goýumlary çekmek we kompaniýanyň taslamalaryny ösdürmek maksady bilen Günorta-Gündogar Aziýa we Ýakyn Gündogara syýahata ugrady. The Wall Street Journal-yň maglumatlaryna görä, Altman garaşsyz EA infrastrukturasyny döretmek boýunça hyzmatlary öňe sürüp, enjamlary we komponentleri öndürmek üçin täze hyzmatdaşlary gözleýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.