Biznes

Merkezi Aziýadaky ösüşiň hasabyna Coca-Cola-nyň çärýek girdejisi 58% ýokarlandy
24.07.2025 14:30
6.7k+

Merkezi Aziýadaky ösüşiň hasabyna Coca-Cola-nyň çärýek girdejisi 58% ýokarlandy

Coca-Cola 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi üçin maliýe netijeleri bilen paýlaşdy. Hödürlenen hasabata görä, kompaniýanyň arassa girdejisi 3,8 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58% ýokarydyr
TSMC bazar bahasy 1 trln dollardan geçen Aziýadan ilkinji kompaniýa boldy
23.07.2025 15:05
4.9k+

TSMC bazar bahasy 1 trln dollardan geçen Aziýadan ilkinji kompaniýa boldy

Dünýäde ýarymgeçirijileri öndüriji iň uly kompaniýalaryň biri bolan Taiwan Semiconductor Manufacturing Company-nyň (TSMC) bazar bahasy Taýwanyň fond biržasynda ilkinji gezek 1 trln dollardan geçdi. 18-nji iýulda geçen söwdanyň jemi boýunça kompaniýanyň bazar bahasy 29,82 trln Taýwan dollaryna (takmynan, $1,013 trln), paýnamalaryň bahasy bolsa 1150 Taýwan dollaryna (takmynan, $39,1) ýetdi
Apple bildirişden öň iOS 26-nyň dizaýnyny syzdyrandygy üçin belli blogeri kazyýete berýär
21.07.2025 13:57
7k+

Apple bildirişden öň iOS 26-nyň dizaýnyny syzdyrandygy üçin belli blogeri kazyýete berýär

Apple kompaniýasy bloger Jon Prosseriň üstünden iOS 26 ulgamy baradaky gizlin maglumatlary bikanun peýdalanmakda, “Kompýuter kezzapçylygy we ondan hyýanatçylykly peýdalanmak hakyndaky  kanuny” bozmakda we täjirçilik  syryny emele getirýän maglumatlary ýaýratmakda aýyplap, kazyýet arzasyny berdi
TSMC şu ýylyň ikinji çärýeginde rekord 13,5 milliard dollar girdeji gazandy
19.07.2025 17:54
4.5k+

TSMC şu ýylyň ikinji çärýeginde rekord 13,5 milliard dollar girdeji gazandy

Dünýäde iň iri ýarymgeçiriji öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasy 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde rekord girdeji gazanandygyny habar berdi. 17-nji iýulda çap edilen hasabata görä, onuň arassa girdejisi 398,3 milliard taýwan dollary (13,5 milliard amerikan dollary) boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri  bilen deňeşdirilende 60,7 göterim köpdür
ABŞ-dan Merck derman öndüriji ägirdi $10 mlrd-a Britaniýanyň Verona Pharma-syny satyn alýar
13.07.2025 18:32
6k+

ABŞ-dan Merck derman öndüriji ägirdi $10 mlrd-a Britaniýanyň Verona Pharma-syny satyn alýar

Amerikanyň Merck derman öndüriji kompaniýasy Britaniýanyň dem alyş ýollarynyň keselleriniň dermanlaryny öndüriji Verona Pharma-ny satyn alýar. Merkiň metbugat beýanatynda geleşigiň bahasynyň takmynan 10 milliard dollar töweregi boljakdygy habar berilýär
Baffetden hem baý: Nvidia-nyň ýolbaşçysy iň baý adamlaryň ilkinji ýediligine girdi
12.07.2025 19:02
4.5k+

Baffetden hem baý: Nvidia-nyň ýolbaşçysy iň baý adamlaryň ilkinji ýediligine girdi

Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji ýediligine girip, Uorren Baffetden we Stiw Balmerden öňe geçdi. Bu barada Fortune reýtingine salgylanyp, CNBC habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Huangyň baýlygy 143,6 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar
Dubaýdan startap gijeki görüşli aragatnaşyk linzalaryny işläp taýýarlamak  üçin 250 million dollar ýygnady
11.07.2025 19:26
8.3k+

Dubaýdan startap gijeki görüşli aragatnaşyk linzalaryny işläp taýýarlamak  üçin 250 million dollar ýygnady

Dubaýda ýerleşýän Xpanceo kompaniýasy A tapgyrda (düýbüni tutuş tapgyryndan soň gelýär) 1,35 milliard dollarlyk diýlip bahalandyrylan işe 250 million dollar toplady.  Bu tapgyra başlangyjy 40 million dollar düýbüni tutuş serişdesi bilen üpjün eden Gonkongyň Opportunity Venture wençura gaznasy ýolbaşçylyk etdi diýip, Bloomberg habar berýär
Apple kompaniýasyna täze operasion direktor bellendi
11.07.2025 01:39
3.5k+

Apple kompaniýasyna täze operasion direktor bellendi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler boldy: operasion direktor (COO) wezipesine kompaniýada 30 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän Sabih Han bellenildi. Ol kompaniýadan gidýän Jeff Uilýamsyň ýerine geldi
ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy
11.07.2025 01:30
4.5k+

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy

2025-nji ýylyň başyndan bäri amerikan tehnologiýa kompaniýalary emeli aň çözgütleriniň ornaşdyrylmagy sebäpli 94 000 töweregi işgäri işden çykardy. Resmi statistika maglumatlaryna görä, iş prosesleriniň awtomatizirlenmegi köpçülikleýin işden çykarmalaryň esasy sebäbi boldy
Samsung iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek girdejisiniň 56%peselmegine garaşýar
10.07.2025 23:45
2.7k+

Samsung iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek girdejisiniň 56%peselmegine garaşýar

Samsung Electronics 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi boýunça operasion girdejisiniň ep-esli azalmagyna garaşýar. Günorta Koreýanyň tehnoägirdiniň deslapky bahalandyrmasyna görä, bu döwürde operasion girdejisi 4,6 trln wona ($3,37 mlrd) deň bolar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56% azdyr
Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi
10.07.2025 23:31
2.1k+

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener
X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi
10.07.2025 14:01
4.5k+

X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň baş direktory Linda Ýakkarino kompaniýadan gidýändigini habar berdi. “Men iki ýyldan soň X-iň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna geldim. Haçan-da biz Ilon Mask bilen ilkinji gezek X-iň geljegi barada gürrüňdeş bolanymyzda, men munuň kompaniýanyň ajaýyp missiýasyny durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçilik boljakdygyna düşündim
Nvidia bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy
10.07.2025 10:35
2.8k+

Nvidia bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

9-njy iýulda Nvidia bazar bahasy 4 trln dollardan geçen taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy. Nasdaq söwdasynda amerikan mikroçip öndürijisiniň paýnamalary bir paý üçin 164,2 dollara ýetdi, bu hem kompaniýa öň ýetilmedik görkezijä ýetmäge mümkinçilik berdi
Xerox çap enjamlary bazarynda çökgünlikden halas bolmak üçin Lexmark kompaniýasyny $1,5 mlrd dollara satyn aldy
06.07.2025 14:56
2.2k+

Xerox çap enjamlary bazarynda çökgünlikden halas bolmak üçin Lexmark kompaniýasyny $1,5 mlrd dollara satyn aldy

Xerox kompaniýasy Lexmark kompaniýasyny 1,5 milliard dollara satyn alyp, ofis çap tehnologiýalary boýunça tanalýan iki brendi bir kompaniýanyň düzüminde birleşdirdi. Bu birleşme ulanyjylaryň sanly çözgütlere geçýändigi sebäpli, çap işlerine bolan islegiň peselen döwründe bolup geçdi
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi
05.07.2025 18:44
4.7k+

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawa iri tehnologiýa korporasiýalary bilen bir hatarda meşhurlyk gazanan uly bolmadyk startaplar hem girýär. Sanawdaky kompaniýalar dürli kategoriýalara bölünýär: «Täzelikçiler», «Destruktorlar», «Liderler», «Titanlar» we «Öňbaşçylar»
Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň
04.07.2025 11:51
2k+

Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň

Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir
Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi
03.07.2025 14:58
2.6k+

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder
Forbes üstünlige özbaşdak ýeten iň baý 50 zenanyň sanawyny hödürledi
01.07.2025 18:45
5.6k+

Forbes üstünlige özbaşdak ýeten iň baý 50 zenanyň sanawyny hödürledi

Forbes žurnaly karýerasyny özbaşdak guran dünýäniň iň baý 50 zenanynyň sanawyny hödürledi. Sanawa girmek üçin zenanlaryň baýlygy azyndan 2,1 mlrd dollar bolmalydy. Reýtingde birinji orny Şweýsariýadan 80 ýaşly Rafaela Aponte-Diamant eýeleýär
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi
28.06.2025 00:45
14k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi
27.06.2025 23:53
16k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi
Dünýäniň iň baý adamlary 10 ýylda 33,9 trillion dollar baýady, iň garyp adamlary bolsa bergä batdylar
27.06.2025 17:14
13k+

Dünýäniň iň baý adamlary 10 ýylda 33,9 trillion dollar baýady, iň garyp adamlary bolsa bergä batdylar

2015-nji ýyldan bäri dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy häzirki aňlatmada 33,9 trillion dollar artdy. Muňa Oxfam-yň BMG-nyň Sewilýada geçýän ösüşi maliýeleşdirmek baradaky konferensiýasynyň öňüsyrasynda ýaýradan täze hasabaty şaýatlyk edýär
Dünýäniň jemi baýlygynyň hasaby çykaryldy. Ol geçen ýyl 305 trillion dollara çenli artdy
26.06.2025 18:38
5.8k+

Dünýäniň jemi baýlygynyň hasaby çykaryldy. Ol geçen ýyl 305 trillion dollara çenli artdy

24-nji iýunda Boston Consulting Group (BCG) maslahat beriş kompaniýasy dünýäniň maddy hal-ýagdaýynyň dinamikasy (ähli aktiwleriň gymmaty) baradaky Global Wealth Report 2025  ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabata görä, 2024-nji ýylda dünýädäki umumy baýlyk, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4,4% artyp, 305 trillion dollara ýeter
Çeýe bolup bilmek: Apple eplenýän iPhone üçin displeýleri Samsung-dan alar
23.06.2025 13:46
4.5k+

Çeýe bolup bilmek: Apple eplenýän iPhone üçin displeýleri Samsung-dan alar

Apple 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji eplenýän iPhone smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär. Smartfonlar üçin çeýe displeýler bilen üpjün ediji Samsung Display bolar diýip, analitik Ming-Çi Ko salgylanyp, CNBC habar berýär
Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi
22.06.2025 11:33
4.9k+

Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi

Meşhur Labubu oýnawaçlaryny çykarýan Pop Mart kompaniýasynyň eýesi “Ženmin žibao” gazetindäki ýiti tankytdan soň tas 4 mlrd dollar ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary Gonkong biržasynda birden arzanlady diýip, South China Morning Post habar berýär
OpenAI-iň ýolbaşçysy Meta-nyň hünärmenleri $100 mln bonus bilen çekmek synanyşygy barada aýtdy
20.06.2025 19:06
3.7k+

OpenAI-iň ýolbaşçysy Meta-nyň hünärmenleri $100 mln bonus bilen çekmek synanyşygy barada aýtdy

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman Mark Sukerbergiň Meta korporasiýasynyň öz kompaniýasynyň işgärlerini özüne çekmek üçin 100 mln dollara çenli möçberde bonus hem-de has ýokary ýyllyk töleglerini hödürländigini aýtdy
Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar
20.06.2025 17:35
3.3k+

Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder
Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär
20.06.2025 17:28
2k+

Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär

Ilon Maskyň xAI startapy her aý 1 mlrd dollar sarp edýär, çünki ösen EA modellerini döretmek üçin çykdajylar kompaniýanyň girdejisinden ýokary bolýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Çykdajylary ýapmak üçin xAI karz we paýdarlar kapitaly görnüşinde 9,3 mlrd dollar çekmäge synanyşýar
Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar
20.06.2025 09:52
2.2k+

Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar

Intel iýul aýynda Intel Foundry önümçilik bölüminde işleýän işgärleriniň 15% - 20%-ni işden çykarmagy meýilleşdirýär, käbir çaklamalara görä, bu 10 müňden gowrak adam bolup biler. Bu baradaky maglumat önümçiligiň wise-prezidenti  Nagi Çandrasekaranyň adyndan täze içerki korporatiw ýaýradylan hatda berilýär diýip, OregonLive habar berýär
Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi
19.06.2025 17:01
4k+

Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi

Meta kompaniýasy Prada italýan moda brendi bilen hyzmatdaşlykda emeli aň funksiýalary bilen akylly äýnekleri işläp taýýarlaýar. Gurluşyň çykjak senesi heniz belli däl. Taslama Meta-nyň tehnologiýalary moda pudagyna ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir
Diňe Samsung I çärýekde smartfon önümçiligini ösdürip bildi
19.06.2025 11:17
3.2k+

Diňe Samsung I çärýekde smartfon önümçiligini ösdürip bildi

TrendForce analitikleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung kompaniýasynyň 64 mln smartfon çykarandygyny habar berdi – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% köpdür. Bu hem kompaniýa smartfon öndürijileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berdi
Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi
19.06.2025 09:53
10k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar
Tramp kriptowalýutadan we öz ady bolan harytlaryň satuwyndan millionlarça dollar gazandy
17.06.2025 14:18
9.2k+

Tramp kriptowalýutadan we öz ady bolan harytlaryň satuwyndan millionlarça dollar gazandy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kriptowalýutadan 57 million dollardan gowrak we öz ady bolan dürli harytlaryň satuwyndan ýene-de millionlarça dollar gazandy. Bu barada Ak tam tarapyndan hödürlenen maliýe deklarasiýasyna salgylanyp, Reuters habar berýär
Labubu oýnawaçlarynyň üstünligi Pop Mart-yň eýesini iň baý hytaýlylaryň birine öwürdi
16.06.2025 14:17
5.4k+

Labubu oýnawaçlarynyň üstünligi Pop Mart-yň eýesini iň baý hytaýlylaryň birine öwürdi

Labubu oýnawaçlarynyň meşhurlygy Pop Mart kompaniýasynyň eýesi Wan Nini Hytaýyň iň baý on adamynyň birine öwürdi. Forbes-iň maglumatlaryna görä, häzir onuň baýlygy 22,7 mlrd dollara barabar. Oýnawaçlara bolan isleg kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň 34 dollardan 270 dollara çenli ýokarlanmagyna getirdi
Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy ýene Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy boldy
15.06.2025 22:49
4.2k+

Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy ýene Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy boldy

Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy Germaniýanyň programma üpjünçiligini işläp düzüji kompaniýasy SAP SE-den öňe geçip, Ýewropanyň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy. Bu barada Bloomberg ýazýar
ChatGPT çat-boty OpenAI-e ýylda $10 mlrd girdeji getirip başlady
11.06.2025 16:04
2.3k+

ChatGPT çat-boty OpenAI-e ýylda $10 mlrd girdeji getirip başlady

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-boty işe girizilenden soň üç ýyldan az wagtyň içinde 10 mlrd dollar möçberde ýyllyk girdejä ýetdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berdi. Esasy
Warner Bros. Discovery iki kompaniýa bölünýär
10.06.2025 15:23
1.7k+

Warner Bros. Discovery iki kompaniýa bölünýär

Warner Bros. Discovery amerikan korporasiýasy iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölünýändigini habar berdi. Korporasiýanyň beýanynda bu çözgüdiň her bir iş ugrunyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendigi aýdylýar
Forbes dünýäniň iň baý zenanlarynyň reýtingini hödürledi
08.06.2025 21:03
10k+

Forbes dünýäniň iň baý zenanlarynyň reýtingini hödürledi

“Forbes” amerikan žurnaly dünýäniň iň baý zenanlarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny telekeçi Diana Hendriks – ABC Supply gurluşyk kompaniýasynyň eýesi eýeledi. Onuň baýlygy 22,3 mlrd dollar diýlip hasaplanýar
Tesla Maskyň Tramp bilen düşünişmezligi sebäpli bir günde $150 mlrd ýitirdi. Maskyň özi $34 mlrd ýitirdi
07.06.2025 23:11
19k+

Tesla Maskyň Tramp bilen düşünişmezligi sebäpli bir günde $150 mlrd ýitirdi. Maskyň özi $34 mlrd ýitirdi

Tesla-nyň bazar bahasy bir günde 150 mlrd dollar arzanlady. Elektrokar öndürijisiniň paýnama bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň öz baýlygy bir günde birbada 33,9 mlrd dollar azaldy diýip, Reuters habar berýär
Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy
04.06.2025 13:43
1.8k+

Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi. CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy
Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy
02.06.2025 14:02
5.7k+

Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.