Hadysalar

14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer
13.02.2026 07:34
6.5k+

14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär
Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy
12.02.2026 21:08
7.2k+

Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy

Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy
Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy
12.02.2026 11:25
1.8k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir
ABŞ-da ýangyn söndüriji doňup galan kölüň üstündäki suguny bagryna basyp halas etdi
11.02.2026 16:16
12k+

ABŞ-da ýangyn söndüriji doňup galan kölüň üstündäki suguny bagryna basyp halas etdi

ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky doňan kölleriň birinde edil kinodaky dartgynly pursatlary ýatladýan waka bolup geçdi. Stiwens okrugynyň Lun-Leýk kölüniň ýuka buzunyň üstüne münen sugunyň aýaklary taýgançak ýere ýelmeşip galýar
Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi
11.02.2026 14:40
9.3k+

Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi

Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi
Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi
08.02.2026 13:12
10k+

Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy
136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy
06.02.2026 16:31
5.4k+

136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär
Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär
06.02.2026 15:41
18k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi
05.02.2026 18:47
9.1k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar
Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy
05.02.2026 02:54
10k+

Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy

Gyrgyzystanyň Ysykköl sebitinde agramy 180 tonnadan geçýän ägirt uly mineral daş syýahatçylar üçin resmi taýdan açyldy. Ol Jeti-Oguz etrabynda, Çon-Gyzyl-Suu obasyndan takmynan üç kilometr uzaklykda, öňler ýol-ýodasyz, barmasy kyn ýerde ýerleşýär
Kairde ýeriň aşak çökmegi sebäpli iki dükan ýer astyna gitdi
03.02.2026 20:40
9.2k+

Kairde ýeriň aşak çökmegi sebäpli iki dükan ýer astyna gitdi

Müsürde topragyň duýdansyz çökmegi netijesinde gül we konditer önümleriniň dükanlary ýeriň astyna gitdi. Bu barada Al Arabiya habar berýär. Waka Kairiň Et-Tagammoa sebitindäki awtoulag ýangyç bekediniň golaýynda bolup geçdi
Alymlar 7 müň ýyl ozal gülzarlyk bolan Saharada ýaşan nabelli adamlaryň yzlaryny tapdylar
03.02.2026 14:51
7.7k+

Alymlar 7 müň ýyl ozal gülzarlyk bolan Saharada ýaşan nabelli adamlaryň yzlaryny tapdylar

Halkara alymlar topary Saharanyň heniz otluk lälezar döwründe ýaşan adamlaryň doly genomyny açdylar. Genomlar Liwiýanyň günorta-günbataryndaky Takarkori gaýa penahanasynda galyndylary tapylan iki aýala degişlidir
Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy
31.01.2026 22:40
5.1k+

Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir
Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy
31.01.2026 19:26
17k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär
Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar
31.01.2026 13:38
4.8k+

Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar

Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär
Şemalyň tizligi sagatda 178 km: Portugaliýada «Kristin» harasaty...
30.01.2026 09:44
10k+

Şemalyň tizligi sagatda 178 km: Portugaliýada «Kristin» harasaty...

Duýdansyz gelen «Kristin» harasaty Portugaliýada suw joşgunlaryna, weýrançylyklara we elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine sebäp boldy. BBC gullugynyň habar bermegine görä, tupanda azyndan bäş adam heläk boldy
«Ýer ala, ýurt ala» : Awstraliýada 50 graduslyk jöwza höküm sürýär
28.01.2026 11:12
13k+

«Ýer ala, ýurt ala» : Awstraliýada 50 graduslyk jöwza höküm sürýär

Awstraliýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Ýurtda 27-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň 50 gradusa golaýlandygy hasaba alyndy. Sky News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli meteorologlar Wiktoriýa ştatynyň birnäçe ilatly nokatlarynda termometrleriň 48,9 gradusa çenli ýokarlanandygyny mälim etdiler
12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy
27.01.2026 10:10
6.7k+

12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär
ABŞ-daky gar boragany gaz çykarylyşyny azaldyp, bahalary 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä galdyrdy
26.01.2026 23:22
10k+

ABŞ-daky gar boragany gaz çykarylyşyny azaldyp, bahalary 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tebigy gazyň birža bahalary 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji gezek 1 million britan ýylylyk birligi (BTU) üçin 6 dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär
Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?
26.01.2026 15:29
7.7k+

Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar
Meta kompaniýasy WhatsApp-daky hat alşyklary birugsat okamakda aýyplanýar
26.01.2026 13:41
2.2k+

Meta kompaniýasy WhatsApp-daky hat alşyklary birugsat okamakda aýyplanýar

Halkara şikaýatçylar topary Meta Platforms kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdiler. Olar amerikan kompaniýasyny WhatsApp messenjeriniň gizlinligi we howpsuzlygy babatda ulanyjylary aldawa salmakda aýyplaýarlar
ABŞ-da 200 milliona golaý adam güýçli gar boraganynyň täsiri astynda galdy
26.01.2026 12:27
10k+

ABŞ-da 200 milliona golaý adam güýçli gar boraganynyň täsiri astynda galdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna düşen güýçli gar boragany takmynan 200 million adama täsir etdi. Bu barada ABC amerikan teleýaýlymy habar berýär. Milli meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, güýçli gar ýagynlary Nýu-Meksiko ştatyndan başlap, ýurduň gündogaryndaky Täze Angliýa (New England) sebitine çenli ägirt uly meýdany gurşap aldy
Aleks Honnold göni ýaýlymda Taýbeý 101 gökdirän bina ätiýaçsyz dyrmaşyp çykdy
25.01.2026 15:59
7.6k+

Aleks Honnold göni ýaýlymda Taýbeý 101 gökdirän bina ätiýaçsyz dyrmaşyp çykdy

Amerikaly gaýa dyrmaşyjy Aleks Honnold Netflix-iň göni ýaýlymdaky görkezilişiň çäginde Taýbeý 101 gökdiräne hiç hili ätiýaçlandyryş serişdelerini ulanmazdan erkin dyrmaşdy we binanyň depesinde selfi düşürdi.  Variety neşiriniň ýazmagyna görä, beýikligi 508 metrlik, 101 gatly binaň gerşine ýetmek üçin oňa 95 minut wagt gerek boldy
ABŞ-da boragan sebäpli 10 müňden gowrak uçuş ýatyryldy
25.01.2026 01:50
7.5k+

ABŞ-da boragan sebäpli 10 müňden gowrak uçuş ýatyryldy

ABŞ-da güýçli garly boragan sebäpli 10 müňden gowrak howa gatnawy ýatyryldy ýa-da saklandy. Bu barada «Fox News» telekanaly habar berýär. «Associated Press» agentliginiň maglumatyna görä, tupan ýurduň aglaba bölegini öz içine alar
Ýaponiýa iň uly atom elektrostansiýadaky reaktory işe girizenden soň ony gysga wagtda togtatdy
24.01.2026 19:26
11k+

Ýaponiýa iň uly atom elektrostansiýadaky reaktory işe girizenden soň ony gysga wagtda togtatdy

Ýaponiýanyň Niigata prefekturasynda ýerleşýän we dünýäde iň uly hasaplanýan «Kasiwadzaki-Kariwa» atom elektrik stansiýasynyň reaktory gaýtadan işe girizilenden birnäçe sagat soň ýene-de wagtlaýyn togtadyldy. Bu barada BBC neşiri elektrik stansiýanyň operatory Tokyo Electric Power Company (TEPCO) kompaniýasyna salgylanyp habar berýär
Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi
24.01.2026 15:54
4k+

Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi

Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi
Dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy suw ýetmezçiligini başdan geçirýär
24.01.2026 10:23
7.8k+

Dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

Watershed Investigations we The Guardian gazetleriniň bilelikdäki gözlegine görä, dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy eýýäm suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Barlagçylar suw ýetmezçiligini öý hojalyklary we senagat üçin zerur bolan suwuň möçberiniň ätiýaçlykdaky mukdardan artyk bolýan ýagdaýy hökmünde kesgitleýärler
Sahara çölüne gar ýagdy
23.01.2026 11:30
11k+

Sahara çölüne gar ýagdy

Sahara çölüniň Alžiriň Aýn-Sefra şäheriniň golaýyndaky demirgazyk bölegine gar ýagdy. Bu dünýäniň iň yssy we iň gurak sebitleriniň biri üçin seýrek duş gelýän tebigy hadysadyr. Gar bu ýere 17-nji ýanwarda ýagyp başlady
Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi
22.01.2026 23:01
4.6k+

Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi

Russiýaly kosmonawt Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan düşürilen Ýeriň üstündäki seýrek gyzyl polýar şöhlelenmesiniň kadrlaryny görkezdi. Hadysa şu ýylda ilkinji iň ýokary X derejeli alawlamanyň we XXI asyr üçin rekord derejeli radiasiýa tupanynyň netijesi boldy
BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi
21.01.2026 13:22
13k+

BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi

500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi
Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi
21.01.2026 10:08
5.3k+

Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi

Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär
Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady
20.01.2026 23:00
3.6k+

Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady

Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy
20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär
20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar
19.01.2026 15:18
8.6k+

20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar

20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi
16.01.2026 09:05
3.1k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär
Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi
15.01.2026 15:32
5.8k+

Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi

2026-njy ýylyň ilkinji iki hepdesi üýtgeşik ýokary geomagnit işjeňligini görkezdi: ýylyň başyndan bäri geçen günleriň 62%-i Kp şkalasy boýunça «sary» we «gyzyl» derejede boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda şeýle günleriň paýy 46%-di
2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy
14.01.2026 11:03
2.9k+

2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy

2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär
NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar
09.01.2026 16:16
5.6k+

NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar

NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär
Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi
06.01.2026 23:08
11k+

Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi

5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi
05.01.2026 11:44
9.2k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža