Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
02.03.2026 15:28
6.7k+
Türkmenistanda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Bahar paslynyň ilkinji gününde Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
02.03.2026 14:51
3.9k+
Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy Warner Bros. bilen Paramount-yň birleşmeginiň öňüni almaga synanyşýar
Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy (WGA) Warner Bros. Discovery bilen Paramount kompaniýalarynyň birleşmegine garşy çykyş etdi. Gildiýa mümkin bolan birleşigi "ssenariçiler, tomaşaçylar we tutuş pudak üçin betbagtçylyk" diýip atlandyrdy
02.03.2026 12:43
8k+
Hytaýda ägirt eskalator ýaşaýjylary 240 metr belentlige çykarýar
Hytaýyň Çunsin şäherinde dünýäniň açyk asman astyndaky iň uly eskalator ulgamy synag tapgyrynda işe girizildi. China Daily neşiriniň habar bermegine görä, bu desga «Zenan hudaý Uşanyň eskalatory» diýen ady aldy
02.03.2026 11:41
4.6k+
Basym 38 ýaşaýar: Fensi lakamly baýtal dünýäde iň garry at hökmünde ykrar edildi
ABŞ-da atlaryň arasynda uzak ýaş rekordy resmi taýdan hasaba alyndy. Wirjiniýa ştatynda ýaşaýan Fensi lakamly baýtal dünýäde häzirki wagtda ýaşaýan atlaryň iň garrysy hökmünde ykrar edildi — 1-nji aprelde ol 38 ýaşaýar
02.03.2026 11:17
4.3k+
«Jeýn Eýr» esasynda düşüriljek täze serialda baş keşbi Eými Lu Wud ýerine ýetirer
Şarlotta Brontäniň «Jeýn Eýr» romanynyň esasynda surata düşüriljek täze teleserialda baş roly «Ak lotos» (The White Lotus) serialy arkaly tanalýan aktrisa Eými Lu Wud ýerine ýetirer. Bu barada Deadline neşiri Britaniýanyň Working Title studiýasyna salgylanyp habar berýär
02.03.2026 11:15
10k+
Seýrek ak kit çagasy bilen düşürilen surat awstraliýaly suratça WNPA 2026 bäsleşikde ýeňiş getirdi
«World Nature Photography Awards» (WNPA) halkara bäsleşiginiň guramaçylary 2026-njy ýylyň netijelerini yglan etdiler. «Tebigat dünýäsiniň ýylyň suratçysy» diýen ada we baş baýraga awstraliýaly Jono Allen mynasyp boldy
02.03.2026 10:35
1.7k+
EA kitap ogrusymy? Çat-botlaryň ýadynda awtorlyk hukugy bilen goralýan müňlerçe sahypalyk mazmun ýüze çykdy
Stenford we Ýell uniwersitetleriniň bilermenleri Gemini 2.5 algoritminiň Garri Poter baradaky birinji kitabyň tekstiniň 76,8%-ini, Grok 3 modeliniň bolsa, 70,3%-ini ýokary takyklyk bilen dikeldip bilýändigini görkezýän tejribe geçirdiler
02.03.2026 10:16
4.3k+
3-nji martda 2026-njy ýylyň ilkinji hem ýeke-täk doly Aý tutulmasy bolar
3-nji martda şu ýylyň ilkinji doly Aý tutulma hadysasy bolar, onuň dowamynda Ýeriň hemrasy 58 minudyň dowamynda gyrmyzy öwüşgin alar. Bu tebigy hadysanyň jikme-jikliklerini Perm politehniki uniwersitetiniň (RF) astronomiýa boýunça hünärmeni Ýewgeniý Burmistrow mälim etdi
01.03.2026 21:44
9.4k+
Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi
28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
01.03.2026 21:31
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Maslahat şäheri ösdürmegiň häzirki zaman meselelerine we öňde duran çärelere taýýarlyk görmäge bagyşlandy
01.03.2026 14:22
1.7k+
ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy
01.03.2026 11:37
5.3k+
«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»
Prodýuser Jerri Brukhaýmer Collider-e beren interwýusynda «Karib deňziniň garakçylarynyň» altynjy bölüminiň näme üçin gijigýändigini aýtdy. Brukhaýmeriň sözlerine görä, häzir onuň esasy ünsi Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky «Top Gan» filminiň üçünji seriýasyna gönükdirilen
28.02.2026 20:02
6.3k+
Multfilm diýjeksiň!: «Haýwanlar şäheri 2» 1,85 milliard dollar bilen «Minecraft kinoda» filminden öňe geçdi
ABŞ-da prokatyň takmynan üç aýynyň dowamynda «Haýwanlar şäheri 2» multfilmi 424,2 million dollar girdeji toplady we «Minecraft kinoda» ($424 million) filminden geçip, 2025-nji ýylda Amerikanyň kinoteatrlarynda iň köp girdeji getiren tomaşa boldy
28.02.2026 19:51
5.2k+
Twitter-i esaslandyryjy EA zerarly täze kompaniýasynyň işgärleriniň ýarysyny işden çykarar
Tehnologiýa kompaniýasy Block emeli aň guralynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda işgärleriniň takmynan ýarysyny işden boşadar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy, Twitter-i esaslandyryjy Jek Dorsi X sosial ulgamynda habar berdi
28.02.2026 16:56
2.8k+
Aşgabatda «Zemin görki zenandyr» ady bilen suratkeş zenanlaryň bäsleşik-sergisi geçiriler
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zemin görki zenandyr» atly bäsleşik-sergi yglan edildi. Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnaýar
28.02.2026 15:47
2.3k+
«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy
Režissýor Karin Tardýonyň «Ysnyşyk» (L’Attachement) atly fransuz maşgala dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda baş «Sezar» baýragyny aldy. Baýragyň 51-nji gowşurylyş dabarasy 26-njy fewralda Parižde geçirildi diýip, Deadline habar berýär
28.02.2026 15:40
3.3k+
«Galkynyş» topary dabaraly ýörişini Mary welaýatynda dowam etdirdi
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurt boýunça dabaraly ýörişiniň çäginde Mary welaýatynda çykyş etdi. Mundan ozal döredijilik topary Arkadag şäherinde, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda boldy
28.02.2026 14:13
4.3k+
Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy
Amerikaly aktýor we komik Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin Fransiýanyň «Sezar» hormat kinobaýragy bilen sylaglandy. Sylag gowşurylyş dabarasy Parižde geçirildi. Baýragy aktýora «Arassa aňyň baky şuglasy» (Вечное сияние чистого разума) filminiň režissýory Mişel Gondri gowşurdy
28.02.2026 14:06
4.2k+
Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar
28.02.2026 12:54
13k+
Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar
Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Olaryň çäginde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar
28.02.2026 10:54
4.5k+
Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär
28.02.2026 10:20
2.1k+
Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi
Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar
27.02.2026 21:58
3.8k+
Uber-iň işgärleri başlyklarynyň emeli aň-ekiz taýyny döretdiler
Uber kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň baş direktorynyň keşbini gaýtalaýan, emeli aňa esaslanýan çat-bot döretdiler. Bu barada Uber-iň ýolbaşçysy Dara Hosrowşahi «The Diary of a CEO» podkastyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, «TechCrunch» portaly habar berýär
27.02.2026 20:51
3k+
Barlag: Ýaşlar ekranda supergahrymanlary däl-de, aladaçyl kakalary görmek isleýärler
10-24 ýaş aralygyndaky ýaş tomaşaçylar ekranda däp bolan «çydamly we dymmaga meýilli» gahrymanlary däl-de, eýsem mähirli kakalary we terbiýeçileri görmek isleýärler. Bu barada Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCLA) geçiren barlagynda aýdylýar
27.02.2026 19:22
1.4k+
App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi
Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi
27.02.2026 18:25
3.9k+
Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler
14-nji martda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär
27.02.2026 18:03
1.3k+
Türkmen medeniýeti Tbiliside görkezilen täze dokumental filmde öz beýanyny tapdy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Gruziýanyň paýtagtyndaky Kino öýünde «Medeniýet dünýäni halas eder» atly täze dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu kino eseri döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we halklaryň arasynda özara ynamy berkitmekde medeniýetiň tutýan ornuny görkezýär
27.02.2026 16:57
1.7k+
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Ylmy-medeni özara gatnaşyklar türkmen wekiliýetiniň Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda üns merkezinde duran esasy meseleleriň biri boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşdy
27.02.2026 15:17
2k+
Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy
Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi
27.02.2026 15:03
9.2k+
Göwün garramaýar... Ýaşy 100-den geçen 17 zenan wideojaň arkaly könäni ýatlaşdylar
Ispaniýanyň Maximiliana startapy 100 we ondan hem uly ýaşly adamlar üçin umumy wideoaragatnaşyk duşuşygyny gurnady. Bu täsin duşuşyga ýurduň her awtonom birleşiginden bir wekil – jemi 17 zenan gatnaşdy. Bu barada RTVE habar berýär
27.02.2026 14:43
5.2k+
Iň gowusy «Ýedi samuraý»: Collider taryhda iň gowy uruşly filmleri saýlady
Collider neşiri taryhyň iň gowy 20 sany söweşjeň filminiň sanawyny düzdi. Sanawyň birinji basgançagynda režissýor Akira Kurosawanyň 1954-nji ýylda surata düşüren «Ýedi samuraý» filmi ýerleşdi. Filmdäki wakalar XVI asyrdaky Ýaponiýada raýatlyk urşy döwründe bolup geçýär
27.02.2026 12:29
3.6k+
Warner Bros. «Mortal Kombat 2» filminiň treýlerini ýaýratdy
Warner Bros. kinokompaniýasy özüniň YouTube kanalynda «Mortal Kombat 2» filminiň täze treýlerini çap etdi. Filmiň dünýä premýerasy 8-nji maýa meýilleşdirilýär. Filmiň sýužeti 2021-nji ýyldaky birinji bölümiň dowamy bolup, ol Ýeriň çempionlary bilen onunjy ýaryş başlamazyndan ozal goragçylary ýok etmäge synanyşýan Şan Szunyň arasyndaky garşylygy görkezmäge gönükdirilendir
27.02.2026 11:23
2k+
Arheologlar Eýranyň Kuzaran jülgesinde 5000 ýyllyk «býurokratiýa» arhiwini tapdylar
Eýranyň günbatarynda ýaşy takmynan 5000 ýyla deň bolan, 7000-den gowrak möhür yzyndan, žetonlardan we toýun heýkeljiklerden ybarat bolan täsin toplum tapyldy. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, bu gymmatlyklar Kuzaran jülgesindäki Tape-Týaline ýadygärliginde geçirilen barlaglar wagtynda ýüze çykaryldy
27.02.2026 09:44
3.1k+
Günorta Koreýada çaga dogluş derejesi soňky 15 ýylda ilkinji gezek ýokarlandy
Günorta Koreýada soňky 15 ýylyň dowamynda ilkinji gezek täze doglan çagalaryň sanynyň artandygy hasaba alyndy. «The Guardian» neşiriniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda 254 500 çaga dünýä indi, bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden 6,8% köpdür
27.02.2026 00:08
9.7k+
Premýer-ministr Modi Instagram-da 100 milliondan gowrak agzasy bolan ilkinji syýasatçy boldy
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi dünýäde Instagram-da 100 million agza görkezijisinden geçen ilkinji syýasatçy boldy. «The Times of India» neşiriniň ýazmagyna görä, dünýä liderleriniň arasynda agzalarynyň sany boýunça ikinji orunda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp durýar
26.02.2026 19:01
9.5k+
Maltada dünýäniň iň uzyn şokolad otlusy guruldy: 55 metr
Maltada kakaonyň ysy gelýän, süýji-şeker dükanlarynyň witrinasy ýaly lowurdaýan we şol bir wagtyň özünde resmi taýdan dünýä rekordy hökmünde ykrar edilen otly peýda boldy. Gürrüň taryhdaky iň uzyn şokolad otlusy barada gidýär
26.02.2026 18:34
2.6k+
Riz Ahmed Şekspiriň häzirki zaman «Gamlet» dramasynda baş keşbi janlandyrdy
Universal kinokompaniýasy Uilýam Şekspiriň dünýä belli «Gamlet» pýesasynyň täze ekranlaşdyrylan nusgasynyň ilkinji treýlerini tanyşdyrdy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Filmde baş keşbi «Oskar» baýragynyň eýesi Riz Ahmed janlandyrdy
26.02.2026 18:22
9.1k+
Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar
2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça gündelik awtobus gatnawy işe girizilýär. Bu barada «Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti mälim etdi. Täze ugurlaryň açylmagy
26.02.2026 18:09
10k+
Aşgabat — Mary we Aşgabat — Baýramaly awtobus gatnawlary täze nokatdan ugrar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabatdan Mary we Baýramaly şäherlerine gatnaýan şäherara awtobus gatnawlarynyň ugraýan ýeriniň üýtgeýändigini habar berýär. Bu üýtgeşme 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan güýje girer
26.02.2026 16:20
2.2k+
Instagram Google TV-li telewizorlarda işläp başlady
Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy. Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär
«
1
…
30
31
32
…
276
»
«
1
…
27
28
29
30
31
32
33
34
35
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.